"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine hem-de howanyň temperaturasynyň gijelerine +19... +24 gradusdan +23...+28 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +34... +39 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolmagyna garaşylýar.

Dört is­leg

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Gyş pas­ly baş­la­nyp­dy. Mit­ýa he­zil edip buz­da ta­ýyp oý­nap ýör­di. Bir­de­nem yl­gap ge­lip ka­ka­sy­na:

Günden goranalyň!

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidir.

Tebigat gözelligi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine Gadyrly okyjylar, žurnalymyzyň bu sanynda fotosuratçy Ilaman Çüriýewiň «Bathyz» döwlet goraghanasyndan düşüren ajaýyp suratlaryny size ýetirýäris. Suratlarda ata Watanymyzyň tebigy gözellikleri, haýwanat we ösümlik dünýäsi açylyp görkezilýär. Biz hem sizi zehinli fotosuratçynyň ajaýyp işlerini synlamaga çagyrýarys.

Tebigaty goramaga çagyrýan neşir

Gadyrly çagalar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän işler ertekini ýadyňa salýar. Sebäbi her bir baýramçylyga, şanly senä bagyşlanyp, zähmet üstünlikleri, belent ösüşler gazanylýar. 5-nji iýunda ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giň gerimde bellenilip geçildi. Şol güne gabatlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi. Mähriban çagalar, siz orta mekdepde «Tebigaty öwreniş», «Biologiýa» ýaly derslerde Gyzyl kitap hakynda kän eşidensiňiz, okansyňyz. Gyzyl kitap Türkmenistanyň özboluşly tebigatyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga, baýlaşdyrmaga gönükdirilen neşirdir. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Gyzyl kitaby 1985-nji, 1999-njy we 2011-nji ýyllarda neşir edildi. Bu ýyl bolsa olaryň üsti ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri elimize gelip gowuşdy.

Gözellik gorly «Gaplaňgyr»

«Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasy sebitde täsin, gyzykly, özüne çekiji ekologik ulgam hasaplanýar. Goraghana 1979-njy ýylyň 19-njy awgustynda ýurdumyzyň demirgazygynda ösümlik hem haýwanat dünýäsiniň ýitip barýan, görnüşleri az bolan tebigy nusgalaryny goramak hem-de geljekki nesiller üçin aýap saklamak maksady bilen döredilýär. Goraghana atmosfera ygallarynyň häsiýeti boýunça ýurdumyzyň gurak, ygalyň mukdary 100 millimetrden az bolýan meýdanlarynda ýerleşýär. Bu sebitiň käbir künjeklerinde toprakda bar bolan yzgarlaryň saklanyş derejesi aprel aýynda tamamlanmak tapgyryna gadam basýar. Bu goraghanada ösümlikleriň 900-e golaý görnüşi (olar 178 topary, 46 maşgalany öz içine alýar) duş gelip, olaryň 65 göterimden gowragyny selmeler, atanak güllüler, çylşyrymly güllüler, däneliler we kösükliler maşgalasyna degişli bolan kelte boýly ösümlikler hem-de çöl ekinleri eýeleýär. Goraghana degişli çäklerde ösümlikler dünýäsiniň seýrek we endemik görnüşleriniň 75-e golaý görnüşi duş gelýär. Umumy meýdany 282800 gektardan gowrak bolan goraghanada ýylyň dowamynda maýyl howa 195 — 220 güne çenli dowam edýär. Bu ýerde «Sarygamyş» (1980-nji ýylda döredildi) we «Şasenem» çäkli goraghanalary (1984-nji ýylda döredildi) bar. «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň ähli gymmatlygynyň 50 göterimini uzynlygy 125 kilometre, ini 90 kilometre, çuňlugy 35 metre deň bolan Sarygamyş köli we çöketligi em

Iolit daşy

Iolit gözelligi bilen özüne çekiji, maýyl ediji daş. Bu mineral gök bilen goýy benewşe reňklerde, käbir yşyklandyryş şertlerinde reňksiz, dury görnüşlerde bolýar. Iolit pleohroizm häsiýetli daşdyr. «Pleohroizm» grek sözi bolup, «dürli reňkli» diýen manyny berýär. Daş dürli reňklerde öwüsýänligi üçin, zergärçilik bezeglerinde uly islegden peýdalanýar. Bezeg işlerine-de iolit daşy ajaýyp öwüşgin goşýar. Bu daş ilkinji gezek 1813-nji ýylda fransuz mineralogisti Pýer Lui Antuana Kordýe tarapyndan öwrenilip, açylýar. Iolit daşyna Norwegiýada, Şri-Lankada, Hindistanda, şeýle-de Afrikanyň we Günorta Amerikanyň käbir ýerlerinde duş gelinýär. Taryhda wikingler ýagtylyk şöhlelerini polýarizirlemek ýaly özboluşly ukyba eýe bolanlygy sebäpli, iolit daşyny gämi gatnawlarynda nawigasiýa (kompos) guraly hökmünde ulanypdyrlar. Nawigator hökmünde Günüň ýagdaýyny kesgitläp, şoňa laýyklykda giň ummanda gäminiň ugruny sazlapdyrlar.

Gyzyl kitap: dördünji neşiriň aýratynlyklary

1985-nji ýylda neşir edilen Türkmenistan SSR-niň Gyzyl kitaby bir jiltden ybarat bolup, oňa oňurgaly haýwanlaryň 101, şol sanda balyklaryň 8, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 1, süýrenijileriň 30, guşlaryň 35 we süýdemdirijileriň 27 görnüşi girizilipdi. Bu neşire ýokary derejeli ösümlikleriň 52 görnüşi-de goşuldy, olaryň berk goraga mätäç bolan ýene 23 görnüşi goşmaça sanaw bilen girizildi. Döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra, 1999-njy ýylda ýurdumyzyň Gyzyl kitabynyň gaýtadan işlenen we üsti ýetirilen ikinji neşiri çap edildi. Ol iki jiltden ybarat bolup, birinjisi «Oňurgasyz we oňurgaly haýwanlar», ikinjisi «Ösümlikler» diýlip atlandyryldy. Neşiriň birinji jildine haýwanlaryň jemi 152 görnüşi girizilip, olaryň 45-si oňurgasyz, 107-si bolsa oňurgaly haýwanlara degişlidir.

TOMSUŇ TÄSIN GÖZELLIGI

Elbetde, türkmen tebigatynda gaýtalanmajak gözellik bar. Ol gözellik bolsa, hemişe göwünlere ylham, şadyýanlyk, ruhubelentlik paýlaýar. Eziz Watanymyzyň asuda säherlerini hiç bir zada çalşar ýaly däl. Olar şeýle bir jana şypaly, jana tenekar. Haçan-da al-asmanda göwünleri ýyladýan nurly Gün doganda älem-jahan ýagtylýar. Säheriň mymyjak şemaly assalyk hem näziklik bilen ýüzüňi ýelpäp geçýär. Guşlaryň şirin owazy sende ýakymly täsir galdyrýar. Säher bile sülmüreşip oýanýan güller dünýä gözellik çaýýar. Al-elwan gülleriň ysy burk urýar. Bütin barlyk ajaýyp keşbe girýär. Aslyýetinde her paslyň dünýämizde öz orny bar welin, arly tomsuň täsinligem başgaça... Howlymyzyň bagynda ýetişen erikdir almalar şahalarda özüni güjeňläp otyrlar. Şol ir-iýmişlere hyrydar kebelekler, balarylary gara başagaý bolup, agaçlaryň daşynda aýlanýar. Baglaryň düýbünden akyp geçýän suwly ýabyň boýunda oturyp, bu täsinligi lezzet bilen synlaýaryn. Tebigatyň täsinligini diýsene, hatar gurap agaçlara çykyp barýan garynjalar esgerleriň nyzamly ýörişini ýadyňa salýar. Ýap boýundaky gurbagalaryň «warryk-warryk» seslerine düşünmesem hem, olaryň bir zada şatlanýandyklaryny aňlamak kyn däl.

SEÝILBAGLARYŇ ŞÄHERI

Günorta-günbatarynda gojaman Köpetdag, demirgazyk-gündogarynda bolsa Garagum derýasy ýerleşen Aşgabat şäheriniň örän amatly tebigy şertleriniň, hoştap howasynyň, hasylly topragynyň bolmagy mermer şäherimizi bagy-bossanlyga öwürmäge mümkinçilik döredýär. Paýtagt şäherimizde köp ýyl ýaşan taryhy baglaryň bolmagy onuň ekologiýa taýdan amatly ýerleşýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şäherimiziň taryhy ýerlerinde 100 ýaşdan geçen baglaryň ençemesi hasaba alnandyr. Köp ýyl ýaşan baglaryň arasynda çynar agajyny, tut agajyny, glediçiýany, ýapon saforasyny, dagdan we arça agaçlaryny görkezmek bolar. Ýüz ýyl ýaşan baglar botaniki ýadygärlikleriň  sanawynda durýar.

Gum ýylagy

Güneşli ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi bar. Sähra ýerlerinde ösýän ösümlikler hem özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Diýarymyzda bitýän täsin ösümlikleriň biri-de gum ýylagydyr. Gum ýylagy topalaklar maşgalasyna degişli bolan efemer, ýagny ösüş döwri gysga bolan ösümlikdir. Ýaşaýyş şekili boýunça porrukly köpýyllyk ösümlikleriň hataryna girýär. Gum ýylagynyň köp şahajykly ýaýraň kök ulgamy bolup, esasy köki gögereninden 2-3 aý geçensoň guraýar. Onuň dik ösýän silindr şekilli inçe baldaklary bolup, 7 santimetrden 30 santimetre çenli ösmäge ukyplydyr. Ösümligiň açyk ýaşyl reňkli gynýapraklary bardyr. Gum ýylagynyň gyralary ýiti digirlenen çalymtyl öwüsýän ýaşyl reňkli göni ýapraklary bolup, olaryň ölçegleri ösüş döwürlerine baglylykda üýtgeýär. Gülleýän döwründe ýapraklary uzyn bolup, güllän wagty örän owadan görnüşe gelýär. Miwelände ýapraklarynyň uzynlygy baldaklarynyňkydan tas iki esse dagy gysgalýar. Bu ösümligiň gül degresi bolmaýar. Bir sünbülde 3-den 6-a çenli erkek jynsly gülleri dykyz birleşendir. Bu güller ýumurtga şekiline eýe bolup, ölçegleri 1,5-2,5 santimetr aralygynda bolup bilýär. Gum ýylagy mart aýynda gülläp, maý aýynda miwe getirýär hem-de çägesöw toprakda gowy ösýär. Şeýle-de gum ýylagy şol bir ýerde 4 ýyla çenli ýaşamaga çydamlylygy bilen tapawutlanýar.

Ýaşyl ýaýlanyň ýaraşygy

Gözýetmez giňişliklere uzalyp gidýän Garaguma bezeg berip, janly-jandarlara iýmit, ynsana melhemlik ösümlikleriň biri-de sözendir. Tellerini adaja öwüsýän şemala ykjadyp, sülmüräp oturan bu gyrymsy agaçlar sahawatly sähralarymyza ýaraşyk berýärler. Kösükliler maşgalasyna degişli bolan bu ösümlikler süýşýän, ürgün çägeli ýerlerde ösmäge uýgunlaşandyrlar. Munuň üçin boýy 2 metrden gowrak bolýan bu agaçlar töwerekligine bir metre, dikligine bolsa 30 metrden hem gowrak çuňluga uzaýan kuwwatly köklerine daýanýarlar. Şeýle häsiýetli aýratynlyklary sebäpli sözenler çägäniň süýşmek howpunyň öňüni almakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler. Olaryň ýapraklary towşanlardan başlap, ownuk mallar we düýeler üçin iýmit çeşmesi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda sözeniň şahalarynyň, ýapraklarynyň we tohumlarynyň dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýändigi, onuň tohumynyň bolsa halk lukmançylygynda böwrek kesellerini bejermekde ulanylýandygy bellenilýär.

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ördekleriň görnüşleri

Ýurdumyzda ördekleriň birnäçe görnüşi duş gelip, olar daşky keşbi bilen tapawutlanýarlar. Guşlar maşgalasynyň ählisinde bolşy ýaly, ördekleriň horazlary hem has köp reňkli perleri bilen tapawutlanýarlar. Derýa ördekleri uly we orta ölçegdäki suwda ýüzýän guşlardyr. Boýny we aýaklary gysgadyr. Ördekler kölleriň, derýalaryň golaýyndaky agaç köwüklerinde, höwürtgelerde ýaşaýarlar. Iýmitlenende, suwa doly çümmeýärler, olar suwa kellesini çümdürende, guýrugyny dik ýokarlygyna tutup saklanýarlar. Olar ösümlik tohumy, suw we suwýaka ösümlikleriň baldagy, bir topary bolsa suw oňurgasyzlary bilen iýmitlenýärler. Ekinçi ördek öý ördeginden gabarasynyň kiçiligi bilen tapawutlanýar. Olaryň çal, gara öwüşginli perleriniň, goňur aýaklarynyň, arka we gapdal tarapynyň bolsa ýagty tegelek tegmilli çyparrak-çal reňklere utgaşmagyndan «mermer» nagyşlar emele gelýär. Etrek derýasynyň aşaky akymynda, Garagum, Amyderýa, Murgap we Tejen derýalarynda ýaşaýarlar. Türkmenistandan daşarda bolsa Günbatar we Günorta Aziýada, Müsüriň günortasynda, Hindistanyň demirgazyk-günbatarynda, Pakistanda we Eýranda gyşlaýarlar. Gyrmançaly süýji suwly ýalpak köllerde, suw üpjünçiligi ýeterlik bolan çöllük we ýarymçöllüklerde, oba hojalyk ýerleriniň golaýynda ýaşaýarlar. Olar aprel aýynyň ahyrynda uçup gelip, noýabrda uçup gidýärler. Ösümlikler we ownuk oňurgasyzlar bilen iýmitlenýärler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna 2

Mejnun tal, leýlisaç

Bereketli topragymyzda agaçlaryň dürli görnüşi ösýär. Olar howany arassalamak, topragy tebigatyň zyýanly täsirlerinden goramak bilen birlikde daş-töweregimize gaýtalanmajak gözelligi hem bagyşlaýarlar. Şeýle agaçlaryň arasynda söwütler maşgalasyna degişli bolan leýlisaç hem bar. Bu täsin agaçlar özleriniň owadanlygy, özboluşly keşbi bilen beýleki ak söwüt, tal, gara söwüt ýaly agaçlardan düýpli tapawutlanýarlar. Leýlisaçlaryň şahalary aşaklygyna ösüp, suw akymyny ýadyňa salýar. Olar ir baharda gülleýärler. Ýapraklary ellips şekilli, süýnmegräk, gyralary diş-diş şekilli bolup, uzynlygy 10 santimetre ýetýär. Olar, ortaça, 30 — 40 ýyl ýaşaýarlar.

Uçmaýan guşlar

Düýeguşlar häzirki wagtda Afrikanyň tokaýlarynda, Saharanyň günortasyndaky sähralarda ýaşaýarlar. Düýeguşlar ikaýaklylaryň arasynda iň ýyndamlarydyr. Olaryň aňrybaş tizligi sagatda 70 kilometre ýetýär. Özleri-de sagatda 50 kilometre golaý tizlik bilen 16 kilometr aralygy dynman geçip bilýärler. Düýeguşlaryň agramy, ortaça, 145 kilograma, boýy 3 metre ýetýär. Boýunyň agramly bölegi uzyn we güýçli aýaklaryna degişlidir.

Tebigat — biziň baýlygymyz ony ýangyndan goramak hemmeleriň borjudyr

Welaýatymyzyň baý we özboluşly tebigaty bar. Onuň ägirt uly giňişliklerinde ösümlikleriň dürli görnüşleri ösýär, haýwanlardyr mör-möjekleriň ýüzlerçe görnüşi ýaşaýar. Janly tebigat üçin ýangyn iň howply hadysadyr. Şonuň üçinem ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini pugta berjaý etmek, onuň öňüni almak we ýangyn dörän halatynda tiz söndürmek möhümdir. Elbetde, bu ugurda geçirilýän çäreleriň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmekde ähmiýeti uludyr. Şonuň bilen bir hatarda, adamlarda, ylaýta-da, ýaşlarda ýangynyň öňüni almagyň zerurlygy baradaky düşünjäni kemala getirmek wajyp wezipe bolup durýar. Tebigata söýgi döretmek, ýangyn we onuň öňüni almak baradaky düşünje körpeler heniz çagalar bagyna gatnaýarkalar, olaryň aňyna guýlup başlanmalydyr. Munuň üçin ýönekeýje usullary peýdalanmak bolar. Çagalar bagynyň meýdançasyna çykaryp ýa-da dag-düze gezelenje äkidip, çagalara tämiz asman, her dürli ösümlikler, mör-möjekler, haýwanlar, bagda saýrap oturan guşjagazlar barada gürrüň berip, olaryň adamzadyň ýaşaýşy üçin uly ähmiýetiniň bardygyny ýönekeýje sözler bilen düşündirmeli. Janly tebigata ýangynyň nähili zyýan ýetirýändigini suratlar arkaly çaganyň aňyna ýetirmeli.

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy: sazlaşygyň beýany

Ýurdumyzyň iň täsin meýdanly döwlet goraghanalarynyň biri hem Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasydyr. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň sentýabrynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistanyň we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan-Garagum geçelgesi», Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» köptaraplaýyn hödürnamalary, şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli döwlet tebigy goraghanasyny çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüdi biragyzdan kabul edildi. Bu begençli hem buýsançly habar ata Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir gezek beýgeltmek bilen ýurdumyzyň medeni hyzmatdaşlygyny giňeltdi. Hawa şeýle sanawa girizilen bu goraghananyň çägindäki biodürlülik özboluşlydyr. Bu ýeriň howasy özge ýerlere seredende ýowuzlygy hem-de çalt üýtgeýändigi bilen tapawutlanýar. Üstýurt bilen Sarygamşyň aralygyna ýaýylyp gidýän Gaplaňgyr düzlügi çöl-sähra landşafty, uzaboýuna keserip ýatan gyrlygyň endigan, daşly hem eňňit meýdanlary, kert çüňkler, gury hanalar, aňňat-aňňat gum depeleri bilen özboluşly täsinlige eýedir.

Garagum gözel tebigatyň örki

Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň BaşlygyGurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Garagum sährasy durşy bilen keramat, bu künjege zyýarata gelmek we ata-babalarymyzy penalan mukaddes sähramyza tagzym etmek bolsa parz işdir. Ene toprak goýnunda müňlerçe hazynalary saklaýar. Watanymyzyň merkezinde ýerleşýän Garagum sährasy hem deňi-taýy bolmadyk bir ajap mekandyr. Garagum sähralygynyň ýerüsti we ýerasty tebigy baýlyklaryny gorap saklap, geljekki nesillere öz tebigy görnüşinde ýetirmek maksady bilen, 2013-nji ýylyň 18-nji iýulynda «Bereketli Garagum» atly döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Goraghananyň umumy meýdany 87500 gektara deňdir.

Da­gyň ete­gin­dä­ki gud­rat

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Gud­rat gör­seň dag­la­ra bar» diý­le­ni... Bel­ki, bu jüm­le­de «gud­rat» diý­lip, te­bi­ga­tyň ýa­ra­dan peş­ge­şi göz öňün­de tu­tu­lan bol­ma­gy-da ah­mal. Ýö­ne şeý­le gud­rat­la­ryň bi­ri Gahryman Arkadagymyzyň, hormat­ly Prezidentimiziň ta­gal­la­la­ry bi­len Kö­pet­da­gyň ete­gin­de el bi­len hem dö­re­dil­di. Ol — Gün­do­ga­ryň da­na­sy, akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň heý­ke­li. Türk­me­nis­ta­nyň halk nak­ga­şy, heý­kel­ta­raş Sa­ragt Ba­ba­ýe­wiň elin­den çy­kan bu ne­pis iş yn­san keş­bi­ni onuň duý­gu­dyr oý-hy­ýal­la­ry bi­len açyp görkezmäge ukyp­ly bo­lan, bu ugur­da kän tej­ri­be top­lan us­sat se­net­kä­riň eý­ýäm bu gü­ne çen­li sun­gat­da uzak ýo­ly ge­çen­di­gi­ni me­sa­ňa gör­kez­ýär.

Te­bi­gat – äh­li adam­la­ryň umu­my öýi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Te­bi­gat – bi­ziň öýü­miz. Ol ýer ýü­zün­dä­ki äh­li adam­la­ryň umu­my öýü­dir. Her bir adam üçin şah­sy öýü­niň eziz, mäh­rem bol­şy ýa­ly, te­bi­ga­ta hem şeý­le göz bi­len se­re­dip, ony söý­mek bi­ziň yn­san­per­wer­lik mer­te­bä­miz­dir.