"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Ýurdumyzyň kuwwatly pudagy

Eziz Watanymyzyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri gaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak bolup durýar. Ýurdumyzda ýokary goşmaça bahaly dürli görnüşli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürýän, nebiti, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikler döredilýär. Türkmenistan bu ugurda iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlykda täze taslamalary durmuşa geçirýär. Uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen ägirt uly döwrebap kärhanalaryň hatarynda polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini öndürýän, «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «LG International Corp.» we «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalary tarapyndan «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polimer zawody, «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen gurlan Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawody görkezmek bolar.

Täze belentliklere tarap

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde soňky ýyllarda amala aşyrylýan işler has-da görnüklidir. Geljegi uly bolan Uzynada baýlyklar känini özleşdirmekligi hem bu kärhana başarnykly ýola goýýar. Diňe soňky gysga wagtyň dowamynda bu ýatakda burawlanan has çuň gatlakly guýulardan häzir «gara altynyň» bol akymy alynýar. Täze guýulary gazmak işleriniň yzygiderli dowam etdirilmegi bu baýry kärhananyň hünärmenlerini has belent sepgitlere ruhlandyrýar.

«Gazawat» senagat meýdançasynda

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň işçi-hünärmenleri hakynda gürrüň edilende, müdirligiň dolandyryş edara binasyna golaý ýerde ýerleşýän «Gazawat» senagat meýdançasynyň gazçylarynyň halkymyzy tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde durmuşa geçirýän wajyp işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. urdumyzyň günortasynda ýerleşýän iri gaz ýataklarynyň biri hasaplanylýan Döwletabat gaz käninden gözbaş alýan «Döwletabat-Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Gazawat» senagat meýdançasynyň düzüminde ýigrimiden gowrak iri gaz sazlaýjy we paýlaýjy desgalar bolup, olarda sazlaşykly zähmet gaýnap joşýar. Munuň şeýledigini bu ýerde bolup, senagat meýdançasynyň gazçylarynyň alyp barýan wajyp işleri bilen ýakyndan tanyş bolanyňda, her ädimde we her pursatda duýmak bolýar.

KPMG Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň terminallaryny ynançly dolandyryşa gyzyklanma bildirýär

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri bilen «KPMG Tax and Advisory LLC» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Agentligiň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň wekilleri alyp barýan işleriniň esasy ugurlary we halkara derejesindäki tejribeleri bilen tanyşdyrdylar.

Ýanwar-fewral 2023: Türkmenistan-Hytaý ulaglar akaly söwda dolanyşygy 10,1% ýokarlandy

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar akaly özara söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 1,73 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,1 göterim ýokarydyr. Bu barada Hytaý gümrük gullugynyň çap eden maglumatlarynda habar berilýär. Diňe 2023-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanşygy 786,8 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Russiýa Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazarýaka aýlaw ýoluny gurar

Russiýa Federasiýasy maý aýynda geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» maslahatynyň çäklerinde Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazaryň kenarýakasynda aýlaw ýoluny gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnulliniň sözlerine salgylanyp, «RIA Nowosti» habar berýär. Habar berlişi ýaly, maý aýynda «KazanForum»-yň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň netijesinde Hazar deňziniň ýakasy bilen uzap gidýän awtoulag ýoluny gurmak boýunça Ylalaşyga gol çekilip bilner.

Ösüşiň esasy ugurlary

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary milli ykdysadyýeti okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli we düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşyklydyr. Şeýle özgertmeleriň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şu ýylyň 10-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde tassyklanylan 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy halk hojalygynyň pudaklarynyň öňünde jogapkärli wezipeleri kesgitleýär. Şol wezipelere, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini we ýylyň dowamynda makroykdysady görkezijileriň durnuklylygyny üpjün etmek, pudaklara döwrebap tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurduň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, oňaýly işewürlik gurşawyny emele getirmek, döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk hem goldamak, sebitleri sazlaşykly ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş goraglylygyny berkitmek hem-de ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak degişlidir.

Türkmenistan we Eýran “Howdan-Bajgyran” serhet geçelgesinde ýük awtoulaglaryň geçirilişini dikeltdi

Türkmen-eýran serhedindäki “Howdan- Bajgyran” gözegçilik-geçiriş nokadyndan ýük awtoulaglarynyň geçirilişi gaýtadan dikeldildi. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Horasan sebitindäki wekili Mohammad Beheştiniň sözlerine salgylanyp, IRNA agentligi geçen hepdäniň penşenbe güni habar berdi. Mohammad Beheştiniň aýtmagyna görä, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen, türkmen tarapy Eýranyň 10 sany ýük awtoulagyna “Howdan- Bajgyran” serhet gözegçilik-geçiriş nokadyndan geçmäge rugsat berdi. Bütin dünýäde dörän COVID-19 çäklendirmeleri sebäpli, “Howdan-Bajgyran” serhet gözegçilik-geçiriş nokady ýük awtoulaglary üçin üç ýylyň dowamynda wagtlaýyn ýapyk boldy. Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-eýran serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlary arkaly ýükleri daşap bolýar.

Mynasyp goşant

Türkmenabadyň tejribe-abatlaýyş kärhanasynyň işi oba hojalygy, aýratyn-da suw hojalygy bilen berk baglanyşykly. Bu ýerde Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň garamagynda suw hojalyk önümçilik birleşiklerine degişli tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň käbir görnüşleri öndürilýär, käbir bölekleri dikeldilýär, şonuň ýaly-da abatlaýyş işleri geçirilýär. Bu işleriň özeninde ýokary derejeli hünärmenleriň onlarçasynyň sazlaşykly zähmeti jemlenýär. Önümleriň her biri taýýarlanylýança, hünärmenleriň ençemesiniň elinden geçýär. Mysal üçin, polat erediji arkaly çig mal suwuklyk derejesine getirileninden soň ol galyplaýja geçirilýär. Hünärmen ergin polady ýa-da çoýny galyba guýup, gerekli şaýyň görnüşini alýar. Ondan soň ol ýonujynyň, ýylmaýjynyň, diş kesiji ussanyň elinden geçýär. Bu işe kebşirleýji hem goşulýar. Kärhananyň hünärmenleriniň hiç biriniň hem umumy işden çetde durmaýandygyny bellemek gerek. Olaryň biri ýerine ýetirilmeli wezipeleri meýilleşdirse, beýlekisi ýasalmaly şaýyň çyzgysyny taýýarlaýar, ýene biri gerekli serişdeler we çig mal bilen üpjün edýär.

Ýerli çig malyň hasabyna

Ýurdumyzyň halk hojalygyny toplumlaýyn senagatlaşdyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanylan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän düýpli işler senagat pudagynda ösüşleri berkidýär. Senagat pudagynyň ösüp başlamagy bilen milli harytlarymyzyň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge, diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşarky bazarlarda hem olaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen amatly şertler döreýär. Bu ugurda eýýäm ägirt uly işler berjaý edildi, aýdyň netijeler gazanyldy. Innowasion ugurly gaýtadan işleýän kärhanalarda, şol sanda bilelikdäki kärhanalarda ýerli çig malyň esasynda bäsleşige ukyply harytlaryň önümçiliginiň giňden ýola goýulmagy hem ykdysady peýdanyň artmagyna getirýär. Ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda biziň welaýatymyzda hem ýerli çig mal binýatly zawoddyr fabrikleriň, önümçilik desgalarynyň onlarçasy guruldy. Bu bolsa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň ýol açdy.

Täze tehnologiýalar — ösüşe kuwwat

Garaşsyz Watanymyzda milli ykdysadyýetimizi düýpli diwersifikasiýalaşdyrmak we ýokary tehnologiýaly önümçilik ulgamyny döretmek işi netijeli ösdürilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi bu babatda giň mümkinçilikleri açýar. Ylmyň we tehnologiýalaryň barha rowaçlanýan döwründe ykdysadyýetde innowasiýalaryň orny örän uludyr. Häzirki zaman ykdysadyýetine tizlik, ygtybarlylyk, tygşytlylyk we döwrebaplyk ýaly häsiýetler mahsus bolup, milli ykdysadyýetimizde bu görkezijileri gazanmak maksady bilen, döwrüň talabyna laýyk kanunçylyk binýady döredilýär we kämilleşdirilýär. Şeýle hem ykdysadyýete we önümçilik pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda ähli zerur mümkinçilikler we şertler döredilýär. Sanly ykdysadyýetiň ähmiýeti ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagynda, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagynda has äşgär duýulýar.

Bank ulgamy — kuwwatly ykdysadyýetiň möhüm düzüm bölegi

Berkarar ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň durnukly häsiýete eýe bolýan döwründe ýurdumyzyň bank ulgamynyň işi hem döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bank ulgamynyň durnukly işlemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygynyň gazanylmagy hem-de dünýä ykdysady giňişligine goşulmagy üçin möhüm bolup durýar. Ýurdumyzda badalga berlen düzümleýin, sebitleýin, pudagara özgertmeler özüniň ykdysady taýdan bähbitlidigini iş ýüzünde doly subut edýär. Güneşli Diýarymyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek ugrundaky işler dowam etdirilýär, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Arkadagly Serdarymyzyň halkymyz barada edýän aladalary netijesinde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ykdysadyýetiň önümçilik we eksporta gönükdirilen pudaklaryna maliýe taýdan goldaw bermäge, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, ulgamyň işine iň täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Ykdysady ösüşiň ýoly

Başarjaňlaryň bähbitli tagallalary Ýurdumyzyň gaz senagaty pudagy milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy we iri pudaklarynyň biri. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bu pudagy ösdürmekdäki taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşy ýylsaýyn ýokarlandyrylýar. Täze gaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmekde, alynýan tebigy gazy gaýtadan işlemekde uly işler amala aşyrylýar. Kuwwatly gaz geçirijileriň bökdençsiz işi üpjün edilýär. Şeýle tutumly işler Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna, iri pudak bolan gaz senagatynyň durnukly ösdürilmegine saldamly goşant bolýar.

Türkmen-özbek ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $59,6 milliona deň boldy

Özbegistanyň Türkmenistan bilen ulaglar arkaly daşary söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 59,6 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň anna güni çap eden hasabatynda maglumat berildi. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 40,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Şol bir wagtyň özünde ýurduň Türkmenistana eksporty 19,3 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 3,6 esse ýokarlandy

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,6 esse ýokarlanyp, 105,1 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň ilkinji iki aýynda 29,1 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada "Trend" agentligi Azerbaýjanyň Döwlet gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, şenbe güni habar berdi. Türkmenistanyň Azerbaýjana eksporty 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 89,5 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,9 esse ýokarydyr (22,6 million ABŞ dollary).

Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmakda möhüm ädimler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiz ählitaraplaýyn ösdürilýär. Şeýle beýik ösüşlerde sanly ulgamyň ähmiýeti has-da uludyr. Bu babatda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanmak baş ugur bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde elektron senagatynyň ösdürilýändigi bellärliklidir. Sebäbi innowasion, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň ýola goýulmagy sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlarydyr. Munuň özi durmuşa geçirilýän işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolýandygyny, sanly ykdysadyýetiň berk binýadynyň goýulýandygyny aýdyň görkezýär. Sanly ykdysadyýete geçmek bilen kompýuter tehnologiýasyny giňişleýin peýdalanmakda we döwrebap aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmekde ýurdumyzda oňyn öňegidişlikler gazanyldy. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ähli pudaklar sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Şunda sanly ulgamyň giň mümkinçilikleriniň netijesinde ykdysady ösüş belent derejelere çykdy. Milli ykdysadyýeti mundan beýläk hem ösdürmek, ösüşiň täze belentliklerine ýetirmek maksady bilen milli maksatnamalar esasynda netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistan giň göwrümli we aýdyň maksatly oňyn özgertmeleriň ýoly bilen öňe barýar. Eziz Watanymyz gülläp ösýän döwlete öwrüldi. Ykdysady ösüşiň batly depginleri Tü

Şerepli gaz ýatagynda ýene-de bir guýy önüm berdi

«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan düzülen maksatnamalaýyn meýilnama laýyklykda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary häzir Mary welaýatynyň çägindäki Şerepli, Kelleli, Garabil gaz ýataklarynda guýulary burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Burawlaýjylar täzelikde Şerepli gaz ýatagynyň 02 belgili ulanyş — baha beriş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gaz akymyny aldylar. Müdirligiň burawlaýjylary şu gaz guýusynda gaýratly hem tutanýerli zähmet çekip, guýynyň burawlaýyş işlerini iki müň üç ýüz otuz üç metr çuňluga ýetirdiler. Olar özlerine döwletimiz tarapyndan berilýän bimöçber kömek-goldawlar hem-de guýulary burawlamakda toplanylan baý tejribe arkaly iki müň iki ýüz togsan ýedi — iki müň iki ýüz togsan bir metr aralykdan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gaz akymyny aldylar. Munuň özi buraw ussasy Gurbangylyç Amangylyjowyň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylar toparynyň bäş aýyň dowamynda agzybirlikli, egin-egne berip çeken päk zähmetiniň miwesidir.

Ösüşleriň ýolunda

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy ýurdumyzda giňden bellenilip geçildi. Telekeçilik ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenabat şäherinde 2017-nji ýylda gurlup, ulanylmaga berlen «Lebap» işewürlik hem-de söwda we dynç alyş merkeziniň işi hem telekeçiligiň rowaçlyk ýoluna düşendiginden habar berýär. Döwrebap binalar toplumynda ilata edilýän söwda hyzmaty nusgalyk derejesi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ulularyň we çagalaryň dynç almaklary üçin hem amatly şertler bar. Merkezde dürli dabaralar, toýlar geçirilýär. «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň şu binalar toplumynda ýerleşen şahamçasy bolsa merkeziň açylan gününden başlap telekeçileri ýeňillikli karzlar we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri bilen üpjün edýär.

Türkmen telekeçileriniň köpugurly sergisi

Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda öz işine başlan türkmen işewürleriniň köpugurly sergisi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlandy. Ýubileý sene mynasybetli geçirilýän sergä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem baryp gördi. Arkadagly Serdarymyz  sergi bilen tanyşlygynyň dowamynda ýokary hilli önümleri bilen ýurdumyzda we daşary döwletlerde abraý gazanan «Täze aý», «Hasar», «Balşeker», «Duýgy», «Doganlar ýyldyzy», «Ak gar» haryt nyşanly süýji-köke öndürýän we beýleki ugurlar bilen meşgullanýan telekeçileriň sergide görkezýän önümleriniň görnüşleri bilen gyzyklandy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Nebiti gaýtadan işleýän senagatyň önümleri ýokary islegden peýdalanýar. Şeýlelikde, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Maltanyň we beýleki döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri suwuklandyrylan gazy, dizel ýangyjyny, awtobenzini, ýangyç mazudyny we uçar kerosinini satyn aldylar.