Türkmen obasynyň waspçylary
Golaýda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: türkmen obasynyň täze keşbi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli yglan edilen bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan dürli ýaşdaky, dürli kärdäki raýatlar gatnaşdylar. Oňa hödürlenilen eserler makala, oçerk žanrlarynda bolup, bäsleşigiň jemlenýän gününe çenli 35-e golaý awtordan gelen 70 iş hasaba alyndy. Olaryň ençemesi «Türkmenistan» gazetinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: türkmen obasynyň täze keşbi» atly rubrika astynda çap edildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, eminler topary hödürlenen işleriň içinden iň mynasyplaryny saýlap-seçdiler. Baýrakly orunlara mynasyp görlen makalalarda türkmen obasynyň günsaýyn özgerýän keşbi, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak, täze, döwrebap obalary gurmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işler öz beýany