"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Magtymguly sözlär hakyň sungatyn

Adamzadyň taryhy bir kitap bolsa, onuň şanly sahypalary beýik şahsyýetleriň çuňňur pelsepeleri netijesinde altyn syýa bilen ýazylýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle şahsyýetleriň biridir. Onuň belent mertebesini Arkadagly Gahryman Serdarymyz şeýle beýan edýär: «Dünýä içre ýene bir ajaýyp dünýä bar, oňa Magtymguly Pyragynyň dünýäsi diýilýär. Dünýä kartasyndaky ummanlardan başga, adamzat aňynda ýene bir umman bar, oňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýilýär». ADYŇ BENDE BOLSA, EÝÄŇI TANY

Duýguly dünýä

ÖMRÜM Goşulýar ömrüme ýene-de bir ýyl,Ýene çagalygym düşýär ýadyma.Hamrak ejem bilen janserek kakamJan sözüni goşup «Jemal» adyma Dileg ederdiler ýollaň agyny,Ýaşyň uzagyny, bagtyň çür başyn.Iň gymmatly sowgatlarym — jigilemBöküp-bökjekleşip, alardy daşym.

Depder sahypasynyň gyralaryndaky ýazgylar (Dostluk köprüsi)

ÖTGÜR HAŞIMOW (1941 — 2013),Özbegistanyň halk ýazyjysy. ÇUKUR GAZAN...

Şygryýet bossany

ADYŇ BAR SENIŇ Müň ýyl mundan öň goýberenÝalňyşlamda adyň bar seň.Jan-dilimden eziz görenAlkyşlamda adyň bar seň.

Şygryýet çemeni

RAHATLYK Boş bu içim, zat galmady aýdara,Aýyrdym çaň basan goş-golamymy.Örtenere ýeke sebäp goýmadym:Gülli bukja salyp, ýolladym saňaHemme goşgularymy...

Ylham ýaýlasy

Beýik döwür eziz Arkadaglydyr Görmäge göz gerek, dünýe haýrany,Doýmarsyň eýleseň näçe seýrany,Beýik ymaratlaň köpelýär sany,Howasy tenekar, Güni çogludyr,

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»

Asmanymyz münewwer, Zemin çümdi ýaşyla,«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».Çar ýandan myhman gelýär gutlap üç ýüz ýaşyňy,«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy». Geldi ajap zamana — çoh garaşan eýýamyň,Gül Watanym, gör, bu gün nazarynda hemmäniň.Syryn açýar her sözüň asyrlaryň, heňňamyň,«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».

Şygryýet

Joş sen, Bahry-Hazarym! Gül Zeminiň güller öwsen mawy ýüpek öýmesi,Balyklar, guşlar, gämiler — gül öýmäniň gaýmasy.Gözellige maýyl gözleň bolmaz bakyp doýmasy,Gül-gülüstanym meniň, waspyňa dessan-gazalym,Hak salmyş mährin-nazaryn,joş sen, bahry-Hazarym!

Sapak bolan duşuşyk (Gülküli kyssa)

Ýaňy bir ýaş ýazyjy hökmünde okyjylaryň gözüne ilip başlan uçurlarym bir mekdebe duşuşyga çagyrdylar. Menem oňa barmankam uly höwes bilen taýýarlandym. Ýazyjylardan soralaýjak zatlary kellämde aýlap çykdym. Hatda halypalaryň duşuşyklarda aýdan jaýdar sözlerindenem öwrendim. Bireýýäm tanymal bolan şahyrlaryň her bir okyjynyň göwnüne jüňk bolaýjak goşgularyndanam käsini ýat bekledim. Okyjy, onda-da mekdep okuwçysy bir zat soranda jogap berip bilmän durmak ýazyjy adyňa gelişjek zat däl-dä. Barmaly wagtym mekdebiň gapysyndan ätledim. Mugallymlaram, okuwçylaram gara gadyr bolşup garşyladylar. Duşuşygyň geçýän ýeriniň — dabaralar jaýynyň içi edil muzeý ýaly-da. Her sapaga degişli görkezme esbaplaryny, tejribe enjamlaryny gowy edip goýuşdyrypdyrlar. Olary görüp mekdep döwrüm ýadyma düşüberdi.

Ýyldyzly asman (Hekaýa)

Suraty çeken Ogulmaral Çarýarowa,Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby. * * *

Çopan şahyr

«Bäjän şahyr». Amangeldi Hydyrowyň çeken suraty. * * *

Dana dünýäli neşirler

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň taýýarlamagynda, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy — paýhas çeşmesi» atly ylmy makalalar ýygyndysy, «Bagtyýar ýaşlarymyzyň kalplarynyň şygary, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgular ýygyndysy we «Ylym» neşirýaty tarapyndan şu institutyň uly mugallymy Jahan Saparowanyň «Поэзия Махтумкули Фраги: лингвокультурологический и лингвопоэтический аспекты» atly monografiýasy neşir edildi. «Magtymguly Pyragy — paýhas çeşmesi» atly makalalar ýygyndysynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň akyl gämisinde pikir derýasyny gulaçlan dana Pyragynyň edebi mirasyna — dünýewi garaýyşlaryna, filosofik pikirlerine, Watan gymmatlyklaryna bagyşlap ýazan ylmy makalalary girizilipdir.

Magtymgulynyň syýahatlary

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak, ony doganlyk halklaryň arasynda wagyz etmek işleri ýokary gerime eýe boldy. Akyldar şahyrymyzyň syýahatlary, gezen ýurtlary barada biziň günlerimize çenli taryhy ýa-da golýazma maglumatlary saklanyp galmandyr. Magtymgulynyň gezen ýurtlary babatda D.Amanekow bilen K.Weýisowyň «Magtymgulynyň syýahatlary» atly makalasynda: «Magtymgulynyň eserlerinde daglaryň, sähralaryň, şäherleriň, ýurtlaryň, derýa we deňizleriň atlarynyň duş gelmegi, dogrudan-da, şu syýahatlaryň netijesidir» diýip bellemegi, ylmy nazaryýetden seredeniňde, örän ýerlikli çykarylan netijedir. Dana şahyrymyzyň Eýran, Turan, Owganystan, Hindistan, Demirgazyk Kawkaz, Astrahan ýaly dürli ýurtlara, şäherlere syýahat etmegi, şol ýerlerde ýaşaýan halklaryň ýaşaýyş durmuşy bilen tanyşmagy, olaryň gözel tebigatyna bolan çäksiz guwanjy onuň dünýägaraýşyny giňeldip, döredijiligine öz täsirini ýetiripdir. Bu syýahatlarda dörän eserler şahyry millilik çäginden çykaryp, umumadamzat söýgüsine mynasyp edipdir. Eýsem, şahyryň gadymy Hindistana syýahat etmek baradaky arzuwlary nähili döredikä? Ýa-da olar Abu Reýhan Biruniniň «Hindileriň taryhy», «Hindistanyň görnüşleri» atly kitaplaryny okanyndan soňky täsirlermikä? Bu garaýşymyz ylmy taýdan takyk bolmasa-da, dana şahyrymyzyň hemi

Pyragyda däp-dessurlar

Türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda adamzadyň müdimi gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen, olaryň many-mazmunyny şygryýete salyp, nesillere miras galdyrypdyr. Şahyryň döredijiliginde watançylyk, söýgi, öwüt-nesihat, dünýä, jemgyýetçilik gatnaşyklary baradaky meseleler bilen bir hatarda, XVIII asyrda Etrek, Gürgen sebitlerinde ýaşan türkmenleriň ruhy we maddy medeniýetine degişli gymmatly maglumatlar hem berilýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda türkmen halkynyň myhmansöýerlik, köpçülikde özüňi alyp barmagyň kadalary, toý we ýas däp-dessurlary, ynançlary öz beýanyny tapýar. Şahyryň «Söwüş bile» goşgusynyň:

Rabindranat Tagor

Paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky dünýä edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň arasynda görnükli hindi ýazyjysy, şahyry, kompozitory, suratkeşi, jemgyýetçilik işgäri Rabindranat Tagoryň hem heýkeli bar. Rabindranat Tagor 1861-nji ýylyň 7-nji maýynda Kalkuttada dünýä inýär. Bäş ýaşynda Gündogar seminariýasyna okuwa berlen Rabindranat sekiz ýaşynda goşgy ýazyp başlaýar. On alty ýaşynda nowellalarydyr drama eserlerini döredip ugraýar, Bhanusimha (Gün ýolbarsy) edebi tahallusy bilen ilkinji şygyrlaryny çap etdirýär.

Çeper edebiýatyň terbiýeçilik ähmiýeti

Gahryman Arkadagymyz häzirki ajaýyp zamanamyzda terbiýeçilik işinde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen kämil milli ýörelgelerimizden ugur alyp, dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerini durmuşa ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýratyn nygtaýar. Taryhda ata-babalarymyz mukaddes Watanyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy milli ýörelgä öwrüpdirler. Şonuň üçin hem Watany söýýän, oňa buýsanýan, ýaşlary terbiýelemekde adamzat ýaşaýşyny öwrenýän ylymlar örän uly orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada aýratyn belläp geçmek ýerlikli bolаr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň bu eserleri her bir terbiýeçi üçin gymmatly gollanmadyr. Mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet aganyň görüm-göreldesi hemişe, hatda iň soňky demiňde-de halkyň aladasy bilen bolmagy ündeýär. Anna agadyr Berdimuhamet mugallymyň, Mälikguly Berdimuhamedowyň keşplerinde «Watan» diýen düşünjä bolan kämil gatnaşyk örän ussatlyk bilen  beýan edilýär. Muňa «Döwlet guşy» romanynda Mälikguly aganyň Watana bolan söýgüsiniň, synmaz yhlasynyň çeper beýan edilişinden hem görmek bolýar.

Täze terjime

Ötgür HAŞYMOW,özbek ýazyjysy. «Enä bagyşlanan nowellalar» toplumyndan

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

...Her bir halkda özboluşly myhman kabul etmek dessurlary bar. Myhman garşy alnanda, oňa ilki bilen duz-çöregiň hödür edilmegi şol däpleriň iň gadymysydyr. Myhman kabul etmegiň gadymy däpleri halk döredijilik eserlerimizde hem öz beýanyny tapypdyr. Eserlerde myhmançylyk däplerine ýygy-ýygydan duş gelinýär. Halkymyzyň toý däp-dessurlary myhmansöýerlik, açykgöwünlilik, sahawatlylyk ýörelgelerini dabaralandyrýar, rysgally-döwletli ýaşaýşyň binýadynyň hut şol häsiýetlerdedigini açyp görkezýär. Orta asyr danalarynyň ýazgylaryndaky: «Myhman Allanyň ynsana ugradan sowgadydyr. Kim myhmany sylasa, onuň-da nygmatlary köp bolar» diýen sözler halkymyzda «Myhman öz rysgaly bilen gelermiş» diýen görnüşde beýan edilýär. Gorkut atanyň: «Myhman gelmeýen öýüň bolanyndan bolmadygy ýeg», Magtymguly akyldaryň: It gözlemez, pişik bakmaz,Supra ýazylmagan ýerde —

Akyldaryň şygyrlarynda mertligiň waspy

Gahryman Arkadagymyz «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmany» atly kitabynda: «Magtymguly, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň milli şahyrydyr. Akyldar bütin adamzada söýgi bilen sereden hem bolsa, onuň öz halkyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar» diýip, jaýdar belleýär. Magtymguly döredijiliginiň bütin dowamynda halkyna ruhy-ahlak sypatlary, merdi-merdanalygy ündäp gelipdir. Şeýlelikde, dana akyldar şahyryň galamyndan çykan setirler nesilleri ene topragyny, Watanyny jany-teni bilen söýmäge ruhlandyrypdyr. Mysal hökmünde akyldaryň «Başy gerekdir» goşgusyna ýüzleneliň! Bu goşguda şahyr merdana ýigitlere ýedi jandaryň häsiýetiniň mahsus bolmalydygyny ündäpdir: Gaplaň kimin arlap girse meýdana,Tilki kimin bazy berse her ýana,Duranda gaýa dek durup merdana,Alar ýerden at salyşy gerekdir.

Paýhas çeşmesinden

■ Hödür edilse, suwam bolsa iç. ■ Hödürsiz tagam iýme, idegsiz toýa barma.