"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Bildirişler

Şabat etrap häkiminiň 2022-nji ýylyň 22-nji noýabryndaky N 1129 belgili karary esasynda, S.A.Nyýazow adyndaky etrap salgyt bölüminiň ady üýtgedilip, Şabat etrap salgyt bölümi diýlip atlandyrylandygy habar berilýär. * * *

Hormatly okyjylar!

2022-nji ýylyň ikinji ýarymýyllygy üçin «Adalat» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini ýatladýarys. Gazetiň 6 aýlyk ýazylyşygynyň bahasy 8 manat 10 teňňe. Gazetiň belgisi 69426. Abuna ýazylyşygy «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerinde geçirilýär. 2022-nji ýylyň ikinji ýarymýyllygy üçin gazetiň elektron görnüşine abuna ýazylyşyk möwsüminiň dowam edýändigini habar berýäris. «Adalat» gazetiniň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasyndaky hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyndaky Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri bukjasynyň üsti bilen ýazylyp bilersiňiz.

Üns beriň!

Döredijilik duşuşygy geçirilýär Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleri, amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri, ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynda şanly wakalara beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, şeýle hem baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde döredijilik duşuşygyny guraýar. Duşuşyk şu ýylyň 5-nji dekabrynda sagat 10:00-da welaýat kitaphanasynda geçiriler. Döredijilik duşuşygyna isleg bildirýänleriň ählisi gatnaşyp bilerler

Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Köpetdag etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda, sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär. Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Bildiriş

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda kabul eden 517-VI belgili Karary, Akdepe etrap häkimliginiň 2022-nji ýylyň 23-nji noýabryndaky 247 belgili karary esasynda Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky geňeşliginiň ady üýtgedilip, Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky şäherçe diýlip atlandyrylýandygy habar berilýär. * * *

Jemgyýetçilik kabul edişlikleri

2022-nji ýylyň 9-njy we 23-nji dekabrynda Ahal welaýat adalat bölüminiň, Ahal welaýat prokuraturasynyň, Ahal welaýat kazyýetiniň, Ahal welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleriniň we Ahal welaýat adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişlikleri geçirilýär. Kabul edişlikleriň Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň Watan köçesiniň 1-nji jaýynda, Ak bugdaý etrap häkimliginiň binasynda sagat 09:00-dan 13:00-a çenli geçirilýändigini habar berýäris.

Gadyrly okyjylar!

2023-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Bereketli toprak» gazetine elektron görnüşde abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini size habar berýäris. «Bereketli toprak» gazetiniň elektron neşirine 2023-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygyna «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda we onuň «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen, «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukja arkaly ýazylyp bolýandygyny ýatladýarys. «Bereketli toprak» gazetiniň elektron neşirine abuna ýazylmak arkaly, şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini, has dogrusy, ýene-de birnäçe neşiri okap bolýar. Şeýle-de, şol neşirleriň ählisini «PDF» nusgasynda ýükläp alyp bilersiňiz.

Bildiriş

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda kabul eden 517-VI belgili Kararyna, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky 113-iş belgili buýrugyna laýyklykda, Gubadag etrabynyň pensiýa gaznasynyň bölüminiň adynyň üýtgedilip, Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň pensiýa gaznasynyň bölümi diýip atlandyrylýandygy habar berilýär. * * *

Bildiriş

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň garamagyndaky Gubadag etrap bölümi ýatyrylyp, Boldumsaz etrap bölümine, Gurbansoltan eje adyndaky etrap bölümi ýatyrylyp, Akdepe etrap bölümine, Köneürgenç şäher bölümi ýatyrylyp, Köneürgenç etrap bölümine birigýändigi hem-de  S.A.Nyýazow adyndaky etrap bölüminiň adynyň üýtgedilip, Şabat etrap zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi diýlip atlandyrylýandygy habar berilýär.

Bildiriş

Daşoguz welaýat adalat bölümi, Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryndaky № 47-iş belgili buýrugyna laýyklykda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap döwlet notarial edarasy ýatyrylandygyny habar berýär. * * *

Türkmenabat halkara howa menzili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili sanawda görkezilen hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça açyk bäsleşik yglan edýär 1. Türkmenabat Halkara howa menziliniň edara binalarynda ýerleşýän liftlerine we eskalatorlaryna tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek;

Jemgyýetçilik kabul edişligi

2022-nji ýylyň 3-nji we17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Adalat  ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 09:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär.

Hormatly okyjylar!

Abuna ýazylyşygy «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerinde geçirilýär. 2022-nji ýylyň ikinji ýarymýyllygy üçin gazetiň elektron görnüşine abuna ýazylyşyk möwsüminiň dowam edýändigini habar berýäris. «Adalat» gazetiniň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasyndaky hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyndaky Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri bukjasynyň üsti bilen ýazylyp bilersiňiz.   2022-nji ýylyň ikinji ýarymýyllygy üçin «Adalat» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini ýatladýarys.Gazetiň 6 aýlyk ýazylyşygynyň bahasy 8 manat 10 teňňe. Gazetiň belgisi 69426.  

Hormatly okyjylar!

2023-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygy üçin «Aşgabat» gazetiniň çap görnüşine abuna ýazylyşyk möwsüminiň dowam edýändigini habar berýäris. «Aşgabat» gazetiniň çap görnüşiniň alty aýlygynyň bahasy 7 manat 80 teňňe. Gazetimiziň belgisi 69490.

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Hormatly işewürler!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky sizi hasaplaryňyzy döwrebap we ýönekeý usulda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «Menzilara bank hyzmaty» ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar. Bu hyzmat ulgamy size ýurdumyzyň islendik künjeginden internete birikdirilen enjam arkaly tölegleriňizi geçirmäge, hasaplaryňyzyň galyndysyny barlamaga we olaryň göçürmesini almaga, karzlaryň we depozitleriň töleg tertibini hem görmäge mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, siz özbaşdak karz serişdelerine gözegçilik edip, bank bilen onlaýn tertipde habarlaşyp hem-de dürli görnüşli bank amallaryny ýerine ýetirip bilersiňiz.

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Sarahs etrap şahamçasy ýurdumyzyň raýatlaryna erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýerleşdirmek üçin Türkmenistanyň milli manadynyň dolanyşyga girizilen güni mynasybetli «Manadym — milli buýsanjym» atly täze möhletli goýumyny hödürleýär. «Manadym — milli buýsanjym» möhletli goýumy ýyllyk 11% bilen 1 (bir) ýyl möhlete açylýar, şeýle hem goýuma pul serişdeleri nagt we «Altyn asyr» bank kartynyň hasabyndan nagt däl görnüşinde geçirilen ýagdaýynda kabul edilip bilner. Goýumyň iň az möçberi 1000 (bir müň) manatdan başlap, 500 000 (bäş ýüz müň) manat möçbere çenli kabul edilýär.

Gadyrly okyjylar!

2023-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Bereketli toprak» gazetine elektron görnüşde abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini size habar berýäris. «Bereketli toprak» gazetiniň elektron neşirine 2023-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygyna «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda we onuň «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen, «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukja arkaly ýazylyp bolýandygyny ýatladýarys. «Bereketli toprak» gazetiniň elektron neşirine abuna ýazylmak arkaly, şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini, has dogrusy, ýene-de birnäçe neşiri okap bolýar. Şeýle-de, şol neşirleriň ählisini «PDF» nusgasynda ýükläp alyp bilersiňiz.

Bildiriş

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Daşoguz welaýat müdirligi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryndaky № 48-iş buýrugyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň ýatyrylyp, onuň dolandyryş çäginiň ýerleriniň hem-de dolandyryş-çäk birlikleriniň Boldumsaz etrabynyň düzümine geçirilmegi sebäpli gullugyň Daşoguz welaýat müdirliginiň Gubadag etrap bölüminiň ýuridik şahs hökmünde hereketini bes edip, Gubadag etrabyndaky öňki salgysynda Boldumsaz etrap bölüminiň Gubadag şäher şahamçasynyň açylýandygyny,  Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň ýatyrylyp, onuň dolandyryş çäginiň ýerleriniň hem-de dolandyryş-çäk birlikleriniň Akdepe etrabynyň düzümine geçirilip, Akdepe etrabynyň döredilýändigi sebäpli gullugyň Daşoguz welaýat müdirliginiň Gurbansoltan eje adyndaky we Akdepe etrap bölümleriniň ýuridik şahs hökmünde hereketlerini bes edip, täze Akdepe etrap bölüminiň döredilýändigini hem-de onuň Andalyp (öňki Gurbansoltan eje adyndaky şäher) şäherinde ýerleşýändigini, Akdepe etrabyndaky öňki salgysynda Akdepe etrap bölüminiň Akdepe şäher şahamçasynyň açylýandygyny habar berýär.

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ tehniki enjamlary satyn almak boýunça bäsleşigiň möhletini uzaldýar

“Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek hem-de milli hemra aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlaryny giňeltmek maksady bilen, görkezilen tehniki enjamlary satyn almak boýunça bäsleşigiň möhletini uzaldýar №1 - VSAT hemra aragatnaşyk stansiýalary (toplum):