"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Merkezi Aziýa futbol syýahaty

«7/24. tm», № 47 (130), 20.11.2022 Syýahat etmek hemişe ýörgünli bolupdyr. Ozal barylmadyk ýerler bolsun, ýa öz ýaşaýan ýurduňdan belet künjekleriň bolsa-da, syýahat syýahat bolýar. Sport babatda welin ony «ýaryş sapary» diýip atlandyrsak, has ýerine düşse gerek. Merkezi Aziýa sebitiniň ýygyndylary üçin 2022-nji ýyl ýatdagalyjy ýyllaryň biri boldy. Taryhyň belli bir öwrüminde bitewi giňişlikde ýaşandygyna garamazdan, geçen asyryň ahyrynda olaryň aýry-aýry sport federasiýalaryna agza bolmaklary sport, şol sanda futbol babatdaky hyzmatdaşlygy çäklendirdi.

Senenamanyň 13-nji aýy

«7/24. tm», № 47 (130), 20.11.2022 Italýan banklarynyň biri Osmanly döwleti bilen bagly aýtgyny ulanyp, «Biziň ofislerimizde hiç haçan Gün batmaýar» diýen jümläni şygar edinipdir. Katarda başlanan futbol boýunça dünýä çempionaty hem janköýerleriň aňynda täze düşünje bilen orun aldy. Sebäbi indi bir aýlap janköýerler hatda italýan bankynda bolsalar hem (Italiýanyň häzirki dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmeýändigi janköýerlerde ýakymsyz duýgy oýarman durmaýar) Gün batanyny we Gün doganyny duýmasalar gerek.

Ýakyn Gündogar Dünýäni ýakynlaşdyrýar Katarda futbol boýunça dünýä çempionaty geçirilýär

«7/24. tm», № 47 (130), 20.11.2022 Katar — Ýakyn Gündogarda ýerleşýän döwlet (emirlik), Arap ýarym adasynyň demirgazyk-gündogaryndaky Katar ýarym adasynda ýerleşýär. Saud Arabystany bilen serhetleşýär. Beýleki taraplaryndan Pars aýlagy bilen ýuwulýar. Demirgazyk-günbatarynda Bahreýn adalary, günorta-gündogarynda Birleşen Arap Emirlikleri bilen deňiz serhedi bar. Bütindünýä walýuta gaznasynyň maglumatyna görä, Katar dünýäniň baý döwletleriniň biridir. Tutýan meýdanynyň ählisi diýen ýaly çöllükdir.

Türki Döwletleriň guramasynyň mejlisi

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilýän mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylynda berekediň hem-de bolçulygyň baýramy bolan Hasyl toýy bilen Türkmenistan Watanymyzda uly dabara bilen bellenilip gecildi. Gözel Diýarymyzda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilmegi biziň her birimizi çuňňur buýsanja besleýär. Çünki bu baýram türkmen halkynyň rysgal-berekediniň, saçaklarymyzyň dolulygynyň, bolçulygyň özboluşly dabaralanmasydyr.

Aşgabatda maglumat tehnologiýalary boýunça «TürkmenTel — 2022» halkara sergisi geçirildi

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 10-11-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Türkmen işläp düzüjileriniň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryndaky gazanan üstünliklerini görkezmek üçin geçirilýän bu forum Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar ageniginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde gurnaldy.

2024-nji ýyl: Magtymguly Pyragy ýyly hem-de Änew türki dünýäsiniň medeni paýtagty

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy duşuşygynda Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin türki dünýäsiniň paýtagty diýlip yglan edildi. Bu barada TÜRKSOÝ web sahypasynda çap edilen duşuşygyň jemleýji Jarnamasynda aýdylýar.

Okuw maslahaty

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Häzirki wagtda kärdeşler arkalaşyklary öz işlerini kämilleşdirýärler. Bu iş üstünlikli dowam Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içerki we daşary syýasatyny goldap, wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.

Bedenterbiýe mugallymlary bilen maslahat

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek maksady bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky bedenterbiýe mugallymlary bilen birnäçe maslahatlary geçirmegi meýilleşdirdi. Şeýle maslahatlaryň biri 4-nji noýabrda Aşgabat şäherinde, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň bedenterbiýe mugallymlary gatnaşdylar.

Tebigatym — tebip atam

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Köýtendag etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi, TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşi, Köýtendag etrap Merkezi kitaphanasy tarapyndan etrabyň Garnas oba medeniýet öýünde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň ХIV jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary, türgenleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň hünärmenleri, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Türkmen pälwanlary dünýä kubogyndan ýeňiş bilen dolandylar

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Türkmenistanly pälwanlar Kazanda tamamlanan guşakly göreş boýunça dünýä kubogynda üstünlikli çykyş etdiler. Ildeşlerimiz dünýä kubogy ugrundaky ýaryşyň netijesi boýunça jemi 12 (2 altyn, 2 kümüş we 8 bürünç) medal gazanmagy başardylar.

Türkmen küştçüleriniň Aziýa çempionatyndaky üstünligi

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Türk­men küşt­çü­le­ri Sa­par­my­rat Ata­ba­ýew bi­len Azat Nur­mäm­me­dow Hin­dis­ta­nyň Nýu-De­li şä­he­rin­de ge­çi­ri­len küşt bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da hal­ka­ra ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­di­ler.

Dost-doganlyk ýollar uzar alysa

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Dün­ýä­de şeý­le aja­ýyp ýurt bar, ol ýurt edil er­te­ki­ler­dä­ki ýa­ly hem­me ar­zuw­la­ryň ha­syl bol­ýan ýur­dy ha­sap­lan­ýar, ol ýurt bi­ziň eziz me­ka­ny­myz Türk­me­nis­tandyr. Hä­zir­ki wagt­da ata Wa­ta­ny­myz dost-do­gan­ly­gyň me­ka­ny­na öw­rül­di. Onuň şeý­le­di­gi­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let äh­mi­ýet­li tut­ýan tu­tum­ly iş­le­rin­de aý­dyň gör­mek bol­ýar.

Sport habarlary

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Türk­me­nis­ta­nyň ýet­gin­jek­ler (U14) ýy­gyn­dy­sy Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty­na gat­naş­dy. Tä­ji­gis­ta­nyň paý­tag­ty Du­şen­be şä­he­rin­de gu­ra­lan bu bäs­le­şik 2022-nji ýy­lyň 11-nji no­ýab­ryn­da baş­lan­dy. Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň fut­bol a­sso­sia­si­ýa­sy­nyň (CAFA) gu­ra­ma­gyn­da geçirilýän bu bäs­le­şi­giň to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ry­nyň il­kin­ji oýun­la­ry ge­çi­ril­di. Bu ba­ra­da CAFA-nyň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.

Saglyk we gözellik ýaşaýşyň altyn açarydyr!

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Gözellik we saglyk – ýaşlygyň esasy aýratynlygydyr. Bu iki baýlygymyzy gorap saklamak hemişe öz elimizde. Elektron goşundymyzda täze ýola goýulýan bu rubrika arkaly size gözellik we saglyk babatynda peýdaly maslahatlary, käbir syrlary paýlaşmagy makul bildik. Rubrikada ýerleşdiriljek maglumatlaryň üsti bilen sagdyn we gözel bolmagyňyza öz goşandymyzy goşup bilýändigimize begenýäris!

Türkmenistanly samboçylar dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde sambo boýunça dünýä çempionatyna badalga berildi. Halkara sambo federasiýasy (FIAS) tarapyndan guralýan bu bäsleşikler 13-nji noýabra çenli dowam etdi.

Çüwen bagtyň kelamy sen, Aşgabat!

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimiziň ýüregi Aşgabat şäherimiz günsaýyn gözelliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýylyň dört paslynda älemgoşar öwüşginli gülleri, ajaýyp seýilgähleri bilen göwünleri ganatlandyrýan merjen şäherimiz halkymyzyň ak bagtynyň beýany bolup durýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň at-owazasy bütin dünýä ýaň salyp, görenleri haýrana goýýar.

Futbolyň peýdasy

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Tä­ze ja­ýa gö­çüp ge­len­le­ri­ne kän wagt geç­me­di­gem bol­sa, Mer­gen eý­ýäm tö­we­re­giň og­lan­la­ry­nyň bir­nä­çe­si bi­len edil dost­laş­ma­sa-da, ta­n­şyp ýe­ti­şip­di. Dost­la­şyp gi­di­ber­me­ýä­ni­niň se­bä­bi – Mer­ge­niň hä­si­ýe­ti gö­deg­räk. Üs­te­si­ne-de, ju­da öwün­jeň. Öwnen­de-de ýa­pa de­g­re­nok. Ça­la ta­n­şyp, bir za­dyň gür­rü­ňi edi­lip ug­ral­ýar we­lin, ol hem «Aý, ony men ga­ty go­wy bil­ýän», «Ony men bi­reý­ýäm gör­düm», «Men­de olar ýa­ly zat kän, is­le­se­ňiz, gör­ke­zi­bem bil­jek» di­ýen ýa­ly söz­le­ri­ne bir­ba­da ça­ga­jyk­la­ryň kö­pü­si yna­nar­dy­lar. Ýö­ne so­ňy yzar­la­ny­ber­se, aýd­ýan­la­ry­nyň aňyr­sy­nyň boş­du­gy aýan bo­lup du­ran­soň, so­ňaba­ka oňa üns ber­ýän­le­riň sa­ny azal­dy.

Dostlukly gatnaşyklar pugtalanýar

«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapary amala aşyrdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Okuw sapagy

 «7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022 Türkmenistanda geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär