"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Tebigatym — tebip atam

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Köýtendag etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi, TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşi, Köýtendag etrap Merkezi kitaphanasy tarapyndan etrabyň Garnas oba medeniýet öýünde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň ХIV jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary, türgenleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň hünärmenleri, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Türkmen pälwanlary dünýä kubogyndan ýeňiş bilen dolandylar

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Türkmenistanly pälwanlar Kazanda tamamlanan guşakly göreş boýunça dünýä kubogynda üstünlikli çykyş etdiler. Ildeşlerimiz dünýä kubogy ugrundaky ýaryşyň netijesi boýunça jemi 12 (2 altyn, 2 kümüş we 8 bürünç) medal gazanmagy başardylar.

Türkmen küştçüleriniň Aziýa çempionatyndaky üstünligi

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Türk­men küşt­çü­le­ri Sa­par­my­rat Ata­ba­ýew bi­len Azat Nur­mäm­me­dow Hin­dis­ta­nyň Nýu-De­li şä­he­rin­de ge­çi­ri­len küşt bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da hal­ka­ra ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­di­ler.

Dost-doganlyk ýollar uzar alysa

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Dün­ýä­de şeý­le aja­ýyp ýurt bar, ol ýurt edil er­te­ki­ler­dä­ki ýa­ly hem­me ar­zuw­la­ryň ha­syl bol­ýan ýur­dy ha­sap­lan­ýar, ol ýurt bi­ziň eziz me­ka­ny­myz Türk­me­nis­tandyr. Hä­zir­ki wagt­da ata Wa­ta­ny­myz dost-do­gan­ly­gyň me­ka­ny­na öw­rül­di. Onuň şeý­le­di­gi­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let äh­mi­ýet­li tut­ýan tu­tum­ly iş­le­rin­de aý­dyň gör­mek bol­ýar.

Sport habarlary

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Türk­me­nis­ta­nyň ýet­gin­jek­ler (U14) ýy­gyn­dy­sy Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty­na gat­naş­dy. Tä­ji­gis­ta­nyň paý­tag­ty Du­şen­be şä­he­rin­de gu­ra­lan bu bäs­le­şik 2022-nji ýy­lyň 11-nji no­ýab­ryn­da baş­lan­dy. Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň fut­bol a­sso­sia­si­ýa­sy­nyň (CAFA) gu­ra­ma­gyn­da geçirilýän bu bäs­le­şi­giň to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ry­nyň il­kin­ji oýun­la­ry ge­çi­ril­di. Bu ba­ra­da CAFA-nyň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.

Saglyk we gözellik ýaşaýşyň altyn açarydyr!

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Gözellik we saglyk – ýaşlygyň esasy aýratynlygydyr. Bu iki baýlygymyzy gorap saklamak hemişe öz elimizde. Elektron goşundymyzda täze ýola goýulýan bu rubrika arkaly size gözellik we saglyk babatynda peýdaly maslahatlary, käbir syrlary paýlaşmagy makul bildik. Rubrikada ýerleşdiriljek maglumatlaryň üsti bilen sagdyn we gözel bolmagyňyza öz goşandymyzy goşup bilýändigimize begenýäris!

Türkmenistanly samboçylar dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde sambo boýunça dünýä çempionatyna badalga berildi. Halkara sambo federasiýasy (FIAS) tarapyndan guralýan bu bäsleşikler 13-nji noýabra çenli dowam etdi.

Çüwen bagtyň kelamy sen, Aşgabat!

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimiziň ýüregi Aşgabat şäherimiz günsaýyn gözelliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýylyň dört paslynda älemgoşar öwüşginli gülleri, ajaýyp seýilgähleri bilen göwünleri ganatlandyrýan merjen şäherimiz halkymyzyň ak bagtynyň beýany bolup durýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň at-owazasy bütin dünýä ýaň salyp, görenleri haýrana goýýar.

Futbolyň peýdasy

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 Tä­ze ja­ýa gö­çüp ge­len­le­ri­ne kän wagt geç­me­di­gem bol­sa, Mer­gen eý­ýäm tö­we­re­giň og­lan­la­ry­nyň bir­nä­çe­si bi­len edil dost­laş­ma­sa-da, ta­n­şyp ýe­ti­şip­di. Dost­la­şyp gi­di­ber­me­ýä­ni­niň se­bä­bi – Mer­ge­niň hä­si­ýe­ti gö­deg­räk. Üs­te­si­ne-de, ju­da öwün­jeň. Öwnen­de-de ýa­pa de­g­re­nok. Ça­la ta­n­şyp, bir za­dyň gür­rü­ňi edi­lip ug­ral­ýar we­lin, ol hem «Aý, ony men ga­ty go­wy bil­ýän», «Ony men bi­reý­ýäm gör­düm», «Men­de olar ýa­ly zat kän, is­le­se­ňiz, gör­ke­zi­bem bil­jek» di­ýen ýa­ly söz­le­ri­ne bir­ba­da ça­ga­jyk­la­ryň kö­pü­si yna­nar­dy­lar. Ýö­ne so­ňy yzar­la­ny­ber­se, aýd­ýan­la­ry­nyň aňyr­sy­nyň boş­du­gy aýan bo­lup du­ran­soň, so­ňaba­ka oňa üns ber­ýän­le­riň sa­ny azal­dy.

Dostlukly gatnaşyklar pugtalanýar

«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapary amala aşyrdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Okuw sapagy

 «7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022 Türkmenistanda geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär

Ykdysady durnuklylygyň nyşany

«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022 1993-nji ýylyň 1-nji noýabry — milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi Türkmenistanyň ýylýazgysyna döredijilikli özgertmeler eýýamynda Watanymyzyň täze ykbalyna taryhy gün hökmünde girdi. Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi. Şu ýyllaryň dowamynda ykdysady syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň maliýe-karz, býujet, salgyt, maliýe, baha ugruny emele getirýän we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bazar gatnaşyklaryna geçmegiň milli usuly işlenip taýýarlanyldy.

Melhemli tebigatymyz bar

«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly  Berdimuhamedowyň köp ýyllyk

Güýzki bag ekmek möwsümi

«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022 Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek boýunça dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar

Boks boýunça Aziýanyň çempionaty dowam edýär

«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022 Türkmenistanyň boks boýunça milli ýygyndysy Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilýän Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar. 32-nji gezek geçirilýän yklym çempionaty 12-nji noýabra çenli dowam eder.

1000 söz

«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022 Söz hak­da ýaz­ýan ma­ha­lyň sö­zi bol­şun­dan be­ter keş­de­le­jek bol­ma­ga, me­ge­rem, ze­rur­lyk ýok­dur?! Ol söz ahy­ry. Şol bir dur­kun­da agyz­dan çy­kyp, şol dur­ky bi­le­nem gu­la­ga däl, ýü­re­ge ýet­ýär. Yn­san gu­la­gy bi­len diň­le­se-de, ýü­re­gi bi­len ka­bul ed­ýär. Ýü­rek­de orun alan söz bol­sa yn­sa­ny as­man şa­ly­gy­na sol­tan eder. Se­bä­bi owal-ahyr­da bu bar­ly­gyň özi SÖZ­DEN ýa­ra­dy­lan­dyr.

XII Uniwersiada: ýaryşlar dowam edýär

«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022 Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Uniwersiada dowam edýär. Bu sport bäsleşikleriniň maksatnamasyna girýän sportuň görnüşleri boýunça bäsleşikler ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär.

Sport barada aýdylanlar

«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022 Yzy­gi­der­li fi­zi­ki he­re­ket­siz­lik ýa­ly ada­my ys­gyn­syz we gow­şad­ýan zat ýok­dur. Ýa­şa­ýyş he­re­ket­li­li­gi ta­lap ed­ýär.

Okuwçy. Türgen. Çempion

«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022 Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Mohaddes Abbasowa sportuň ýaý atmak görnüşi bilen meşgullanyp, deň-duşlaryndan öňe saýlandy. Soňra ol şäherdir ýurt derejesindäki ýaryşlarda bäsdeşlerinden saýlanmagy maksat edindi. Elbetde, sporty hemra edinen her bir türgeniň erjelligi, tutanýerliligi hemmelere düşnüklidir. Bu ýerde hem Mohaddes ýaý atmak boýunça ençeme gezek Türkmenistanyň çempiony bolan doganlary Köwsar bilen Maedeniň göreldesine eýerip, milli birinjiliklerde medal yzyna medal gazanyp başlady.

Dubaýda VI fitnes marafon geçirilýär

«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022 Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň wi­se pre­zi­den­ti, Prem­ýer-mi­nist­ri, Du­ba­ýyň hä­ki­mi Mu­ham­med bin Ra­şid Al-Mak­tu­myň baş­lan­gy­jy bi­len ýo­la goý­lan VI fit­nes ma­ra­fo­ny­na 29-njy oktýabr­da ba­da­lga be­ril­di.