Ýaşlaryň sözi — geljegiň ýaňy
«7/24. tm» № 44 (179) 30.10.2023 Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň neşir edilip başlanmagy türkmen ýaşlary, hususan-da, ýaş žurnalistler üçin ajaýyp sowgat boldy. Aýda bir gezek neşir edilýän žurnal ilkinji sanyndan okyjylarynyň söýgüsini gazandy, onuň her bir täze sanyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Gazetlerde sünnälenen gazet dilini, žurnallarda publisistik dili, ýazyjylaryň eserlerinde şireli çeper halk dilini görmek isleýärsiň» diýip belleýşi ýaly, «Arkadagly Ýaşlaryň» öz «ýüzi» kemala gelip, onuň dilinde ýaş žurnalistleriň gazet-žurnallaryň dili, publisistik stil, dil medeniýeti bilen bagly taýýarlygynyň ýokarydygy görünýär.