Päkligiň öýi
«7/24. tm», № 05 (140), 30.01.2023 Özüniň baý medeni, ruhy gymmatlyklary bilen dünýä ýaň salýan halkymyz bu günki gün ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ähli ugurlary babatdaky ösüşlerini Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlarynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilmegi netijesinde gazanýar. Köklerini taryhyň gadymy jümmüşinden alyp gaýdýan milli däp-dessurlarymyz, ynam-ygtykatlarymyz, urp-adatlarymyz özüniň çuň pähim-paýhasa ýugrulanlygy, asylly ahlak gymmatlyklaryny, kalp tämizliklerini saklaýandygy bilen beýleki halklaryň ünsüni özüne çekýär. Häzirki ösen maglumatlar jemgyýetinde, tehnologiýalar eýýamynda milli gymmatlyklarymyzyň döwrebaplaşdyrylmagy, döwrüň täze gazananlary bilen utgaşdyrylmagy asylly däplerimiziň şu günki we geljekki gündelik durmuşymyzda berk orun almagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň sahawatlylygy bilen ýurdumyzdaky Balkan, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde baş metjitleriň gurlup ulanylmaga berilmegi ýol salmak, jemgyýetçilik ähmiýetli bina, köpri gurmak ýaly mukaddes işleriň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.