"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

GDA ýurtlarynyň II oýunlary şu gün tamamlanar

«7/24 tm» № 33 (168) 14.08.2023 Be­la­rus Res­pub­li­ka­syn­da GDA ýurt­la­ry­nyň II oýun­la­ry ge­çi­ril­ýär. 2023-nji ýy­lyň 14-nji aw­gus­tyn­da ta­mam­lan­ýan bu hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne türk­men tür­gen­le­ri spor­tuň 13 gör­nü­şi bo­ýun­ça gat­naş­ýar­lar. Be­la­ru­s Res­pub­li­ka­sy­nyň 11 şä­he­ri­niň sport meý­dan­ça­la­ryn­da gu­ra­lan ýa­ryş­lar­da spor­tuň 20 gör­nü­şi bo­ýun­ça me­dal­la­ryň eýe­le­ri bel­li edil­ýär. Bu ýa­ryş­la­ra GDA-nyň gi­ňiş­li­gin­dä­ki döw­let­ler bi­len bir ha­tar­da Azi­ýa we Af­ri­ka we­kil­çi­lik ed­ýän tür­gen­le­riň hem gat­naş­ýan­dy­gy oňa bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­ýar.

Türkmen gyzy Bütindünýä Uniwersiadanyň medalyny gazandy

«7/24 tm» № 33 (168) 14.08.2023 Türkmen gyzy Hytaý Halk Respublikasynyň Çendu şäherinde geçirilen tomusky Bütindünýä Uniwersiadada hormat münberine çykmagy başardy. Şol ýaryşlara ildeşlerimiz sportuň 4 görnüşi boýunça gatnaşdylar.

Düz­züm bo­ýun­ça Aş­ga­bat şä­he­ri­niň açyk çem­pio­na­ty

«7/24 tm» № 33 (168) 14.08.2023 Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk sport top­lu­myn­da düz­züm bo­ýun­ça Aş­ga­bat şä­he­ri­niň açyk çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Ýa­ry­şa 20 ýa­şa çen­li og­lan-gyz­la­ryň on­lar­ça­sy gat­na­şyp, ola­ryň her bi­ri­ne 20 mi­nut wagt be­ril­di.

Uzak ýa­şa­ma­gyň sy­ry

«7/24 tm» № 33 (168) 14.08.2023 Türk­men hal­ky di­leg eden­de: «Uzak ýa­şa!», «Öm­rüň uzak bol­sun!», «Gö­rog­ly­nyň ýa­şy­ny ýa­şa» di­ýäý­me­si bar­dyr. Bu di­leg-ar­zuw — her ki­miň eşit­mek is­le­ýän ke­la­my, jüm­le­si. Se­bä­bi uzak ýa­şa­ma­gy ar­zuw et­me­ýän yn­san ýok­dur. As­lyn­da, öm­rüň uzak­ly­gy sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ata Wa­ta­ny­myz­da sport hem be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­la­nyp, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän il­deş­le­ri­miz şol di­leg­ler­dä­ki ýag­şy ar­zuw-is­leg­le­re öz­le­ri eýe bol­ýar­lar: uzak ýa­şa­ýar­lar, sag­dyn hem bag­ty­ýar dur­muş­da döw­ran sür­ýär­ler. Ine, sag­dyn­ly­gyň hem bag­ty­ýar­ly­gyň me­ka­ny ha­sap­la­nyl­ýan Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de er­ka­na ýa­şa­ýan uzak ýaş­ly ata-ene­le­ri­mi­zi diň­lä­ni­miz­de, uzak ýa­şa­ma­gyň sy­ry­nyň bag­ty­ýar­lyk­da, zäh­met­de, yzy­gi­der­li he­re­ket­de, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni berk ber­jaý et­mek­de jem­len­ýän­di­gi­ni gür­rüň ber­ýär­ler. Bi­zem 60 ýyl bäri mugallymçylyk edip gelýän Te­jen et­ra­byn­da­ky 5-nji or­ta mek­de­biň 87 ýaş­ly mu­gal­ly­my Gow­şut Ese­no­wyň uzak ýa­şa­ma­gyň sy­ry ba­ra­da­ky be­ren gy­zyk­ly gür­rüň­le­ri­ni okyjylar bi­len paý­laş­ma­gy ma­kul bil­dik:

Ýaş­la­ryň aga­sy, ýa­şu­lu­la­ryň ini­si

«7/24 tm» № 33 (168) 14.08.2023 «Wa­tan» ga­ze­ti­niň  fo­to­ha­bar­çy­sy Mak­sat Gy­ly­jow bizde

Baýrakly orunlar ugrunda göreş gyzyşýar

«7/24 tm» № 33 (168) 14.08.2023 Türkmenistanyň milli çempionatynyň ikinji aýlawynyň ilkinji tapgyrlarynyň netijeleri bilen tanyşdyrýarys 

Suwda ýüzmegiň adam saglygyna peýdasy

«7/24 tm» № 33 (168) 14.08.2023 Suw­da ýüz­mek di­ňe bir spor­tuň bir gör­nü­şi bol­mak bi­len çäk­len­män, mö­hüm we peý­da­ly en­dik­dir. Bu he­re­ke­ti yzy­gi­der­li ama­la aşyr­mak ar­ka­ly tu­tuş be­de­niň, il­kin­ji no­bat­da, ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň sag­dyn­ly­gy­ny ga­zan­mak müm­kin­dir.

Gündelikde galan ýatlamalar

«7/24 tm» № 33 (168) 14.08.2023 Hä­zir mek­dep­de il­kin­ji su­rat sa­pa­gy­ny ge­çi­şi­miz ýa­dy­ma düş­ýär. Mu­gal­lym şon­da bi­ze ýa­nyn ýa­tan iki sa­ny çy­zyk çyz­ma­gy buý­rup­dy. Mu­ňa ma­te­ma­ti­kada deň­dir ala­ma­ty di­ýil­ýär. Bi­zem eli­mi­ze ga­lam alyp, mu­gal­ly­myň buý­ran ýum­şu­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rip­dik. Soň­ra mu­gal­ly­my­myz nä­çe çy­zyk çy­zan­ly­gy­my­zy so­ra­dy. Äh­li­miz hor bo­lup, «iki» di­ýip jo­gap ber­dik. Çy­zyk­la­ry gön­je çy­zan çaga­lar bäş­lik al­dylar, beý­le­ki­ler dört­lük­dir üç­lük ba­ha bi­len my­dar et­me­li bol­dular. In­di ol ýyl­la­ryň ýü­zi so­lup gi­den­soň aky­ly­ma gel­ýär. Ol gün çy­zan çy­zy­gy­my­zyň sa­ny iki däl-de, üç­di ahy­ryn. Ga­ra ga­lam bi­len iki çy­zyk he­mem eli­mi­zi de­gir­män şol ga­ra çy­zyk­la­ryň ara­syn­dan ýe­ne-de bir ýo­gyn ak çy­zyk çy­zyp­dyk. Ar­man, mön­je ça­ga­ly­gy­myz se­bäp­li ol wagt ara­lyk­da­ky ak çy­zy­gy gö­rüp bil­män­di­ris. Men ýa­zy­jy­la­ryň eser­le­ri bi­ri-bi­ri­niň­kä nä­dä­ýe­niň­de-de meň­zär di­ýe­nim­de bi­rin­ji synp­da çy­zan şol iki çyz­gy­my­zy göz öňü­ne tut­ýa­ryn. Ara­lyk­da­ky ýo­gyn ak çy­zy­gyň gö­rün­me­gi üçin hök­man onuň aşa­gyn­dan hem ýo­kar­syn­dan ga­lam bi­len çy­zyk çek­me­li bol­ýar. Ýe­ne-de ýat­la­ýan, ma­te­ma­ti­ka­da ol ga­ra çy­zyk­la­ra deň­dir ala­ma­ty di­ýil­ýär. Ýa­zy­jy­la­ryň bi­ri-bi­rin­

Ogulabat ejäniň döreden täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalary Döwlet muzeýine sowgat berildi

«7/24 tm» № 32 (167) 07.08.2023 Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Ogulgerek Berdimuhamedowa, ilki bilen, özüniň mähriban gaýynenesiniň zenan mertebesine aýratyn ähmiýet berendigi, şunda el hünäriniň gelin-gyzlar üçin asylly ýörelgä öwrülmelidigi barada aýdan paýhasly sargytlary barada gürrüň berdi. Ogulabat eje alaja taýýarlamakda ulanylýan guralyň güjüm agajyndan edilýändigi, şunda güjümiň öserine zeper ýetirmän, onuň şahasyndan almalydygy barada çowlugy Kerimgula gürrüň berer eken. Bularyň ählisi durmuş ýoly görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň tebigata örän aýawly çemeleşmek barada gymmatly maslahatlary berendigini görkezýär.

GDA ýurt­la­ry­nyň II oýun­la­ry

«7/24 tm» № 32 (167) 07.08.2023 2023-nji ýy­lyň 4-nji aw­gus­tyn­da GDA ýurt­la­ry­nyň II oýun­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Minsk şä­he­rin­de gu­ra­lan açy­lyş da­ba­ra­sy­na Türk­me­nis­ta­na we­kil­çi­lik ed­ýän tür­gen­ler we tä­lim­çi­ler hem gat­naş­dy­lar.

Türk­men de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň mil­li nus­ga­sy

«7/24 tm» № 32 (167) 07.08.2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­kymyzyň ag­zy­bir­li­gi­ni pugtalandyrýan, jem­gy­ýe­ti do­lan­dyr­ma­gyň möhüm äh­mi­ýet­li gu­ra­ly ha­sap­lan­ylýan Halk Mas­la­ha­ty ata-ba­ba­la­ry­my­zyň döw­let gur­lu­şyn­da top­lan baý tej­ri­be­si­ne da­ýan­ýar.

Mek­dep ba­zar­la­ry

«7/24 tm» № 32 (167) 07.08.2023 To­mus möw­sü­mi­niň ahyr­la­ma­gy bi­len mek­dep ba­zar­la­ry iş­läp baş­la­ýar. Mek­dep ba­zar­la­ryn­da aly­jy­la­ra hö­dür­le­nil­ýän ha­ryt­la­ryň köp­gör­nüş­li­li­gi ün­sü­ňi özü­ne çek­ýär. Ha­ryt­la­ryň bol­çu­ly­gy, ýo­ka­ry hil­li­li­gi, şo­nuň bi­len bir­lik­de-de el­ýe­ter­li­li­gi ba­zar­la­ryň köp adam­ly bol­ma­gy­ny, aly­jy­la­ryň is­leg­le­ri­niň bar­ha art­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da sa­tuw iş­le­ri ýo­la goý­lan mek­dep ba­zar­la­ry­na, göç­me söw­da no­kat­la­ry­na aý­la­nyp gö­re­niň­de-de, mu­ňa do­ly göz ýe­tir­ýär­siň.

Kä­mil sun­gat ese­ri

«7/24 tm» № 32 (167) 07.08.2023 Ýur­du­my­zyň düýp­li öz­ger­dil­me­gi ug­run­da uly ta­gal­la­lar ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len «akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da gurlan döw­re­bap şä­her peý­da bol­dy. Hormat­ly Pre­zi­den­ti­miziň ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da san­ly ul­ga­my or­na­şdyr­mak bo­ýun­ça kes­git­län we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, Ar­ka­dag şä­he­rin­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa hyz­mat­la­ry ýo­la go­ýul­dy. Bu bol­sa mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ar­ka­ly ýa­şaý­jy­la­ryň dur­mu­şy­nyň has-da ýe­ňil­leş­di­ril­me­gi­ni, howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni aň­lad­ýar.

Öň­de be­lent sep­git­ler bar

«7/24 tm» № 32 (167) 07.08.2023 Şan­ly ösüş­ler bi­len öňe bar­ýan ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de sy­ýa­sat­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş­da, me­de­ni­ýet­de we sport­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar.

Мастер класс по Kурашу

«7/24 tm» № 32 (167) 07.08.2023 В Ашхабадской Школе по подготовке юных олимпийцев национальная сборная Туркменистана по курашу продемонстрировала своё спортивное мастерство в показательных выступлениях. В последние годы борьба кураш пользуется большой популярностью в нашей стране. Мас­тера-кураша из Туркменистана не раз завоёвывали медали на различных крупных международных соревнованиях, в том числе и на Азиатских играх.

Мagtymguly diýip adym tutsalar...

«7/24 tm» № 32 (167) 07.08.2023 To­kio­da ýy­lyň şy­ga­ry hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li du­şu­şyk ge­çi­ril­di

Fut­bo­ly saý­lap - se­çen gyz

«7/24 tm» № 32 (167) 07.08.2023 Me­ni rus gy­zy­nyň türk­men­ dilinde su­wa­ra gür­leý­şi özü­ne çek­di. Em­ma Ha­za­ryň ke­na­ry­na syg­ma­ýan tol­kun­la­ry­ny syr­daş edi­nen gyz kän bir gür­rüň­çil däl eken. Şon­da-da me­niň köp­räk pi­kir alyş­mak is­le­gim onuň «asu­da­ly­gy­ny» boz­dy. Türk­men ça­ga­la­ry­nyň ara­syn­da eje­si­ne-ka­ka­sy­na «ma­ma, pa­pa» di­ýip ýö­ren­le­riň ga­bat gel­ýän­di­gi üçin onuň: «In­di­ki aý­da nä­nem bi­len Aş­ga­ba­da git­jek», «Me­ni bi­rin­ji ge­zek dä­dem fut­bo­la äkit­di» di­ýen jüm­le­le­ri has-da özü­ne kö­ker­di. Şeý­di­bem, fut­bo­ly saý­lap se­çen rus gy­zy An­na Babakowa bi­len ta­nyş­ly­gy­myz baş­la­ndy.

Тürkmen türgenleriniň üstünlikleri

«7/24 tm» № 32 (167) 07.08.2023 Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy Öz­be­gis­tan­da ge­çen Azi­ýa­nyň açyk ku­bo­gy­nyň 4 me­da­ly­ny ga­zan­dy

Тürkmen türgenleriniň üstünlikleri

«7/24 tm» № 32 (167) 07.08.2023 Agyr at­le­ti­ka­çy­lar Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler

Успехов вам, Курбан Бекиевич в новой команде!

«7/24 tm» № 32 (167) 07.08.2023 С самого первого выхода Вашего издания, я внимательно знакомлюсь со всеми представленными материалами. Скажу Вам честно, некоторые статьи можно было бы сделать более интересными, более привлекательными, в том числе и в отношении публикуемых фотографий. Но, в целом журнал мне нравится, охватываете многие виды спорта. Спасибо!