"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Ne­sil­le­re nus­ga­lyk yn­san

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Har­by gul­luk­çy­lar we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri Wa­ta­ny­my-zyň we hal­ky­my­zyň öňün­dä­ki mu­kad­des bor­ju­ny my­na­syp ýe­ri­ne ýe­tirmek bi­len, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gah­ry­man­çy­lyk­ly däp­le­ri­ni do­wam et­dirýär­ler. Türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy, Wa­ta­ny­my­zyň şöh­rat­ly ogul­la­ry­nyň çäk­siz eder­men­lik­le­ri­niň hem-de gaý­duw­syz­lyk­la­ry­nyň my­sal­la­ry­na baýdyr. Ola­ryň ha­ta­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­sy Berdimu­ha­met An­na­ýew hem bar. Mu­gal­lym we es­ger, öz top­ra­gy­nyň wa­tan­çy­sy bol-mak bi­len, ol Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da gaý­duw­syz sö­weş­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ata­sy, mu­gal­lym, es­ger, il­ha­lar yn­san Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň ýo­ka­ry nus­ga­lyk gö­rel­de­si bü­tin hal­ky­myz üçin edep-ter­bi­ýä­niň, wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, yn­san­per­wer­li­giň mek­de­bi­dir. Berdimuhamet aga­nyň Wa­ta­ny go­ra­mak­da, ýaş­la­ra bi­lim ber­mek­de bi­ti­ren iş­le­ri, maş­ga­la, per­zent ter­bi­ýe­si ba­ba­tyn­da kä­mil ýö­rel­ge­si, ýo­ka­ry adam­kär­çi­li­gi kal­by­myz­da yn­san­per­wer­lik, zäh­met­sö­ýer­lik, wa­tan­çy­lyk duý­gu­la­ryny ös­dür­ýär.

Mil­li oýun­lar wa­gyz edil­ýär

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Hal­ky­myz dün­ýä jemgyýetçiliginiň ta­ry­hyn­da uly yz gal­dy­ryp­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­myz ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ne gö­rä, mil­li ýö­rel­ge­le­ri, däp-des­sur­la­ry, edim-gy­lym­la­ry bi­len bir­lik­de dür­li oýun­la­ry-da dö­re­dip, soň­ky ne­sil­le­re mi­ras go­ýup­dyr­lar. Ne­sil ter­bi­ýe­sin­de mil­li oýun­la­ra uly äh­mi­ýet be­rilýär. Türk­me­niň mil­li oýun­la­ry ýaş­lar­da we ça­ga­lar­da berk be­den­li­li­gi, sag­dyn­ly­gy, ça­la­syn­ly­gy ter­bi­ýe­läp­dir. Olar ýaş­la­ra dur­muş­da özü­ňi ýer­lik­li alyp bar­ma­gy, her hi­li päs­gel­çi­lik­den baş alyp çyk­ma­gy öw­re­dip­dir. Hut şol se­bäp­li mil­li oýun­lar ýaş­lar üçin ter­bi­ýe mek­de­bi ha­sap­la­nyp­dyr. Türk­men mil­li oýun­la­ry­nyň hem-de sport güý­men­je­le­ri­niň aý­ry-aý­ry gör­nüş­le­ri hä­zir­ki gün­ler­de res­mi sport gör­nüş­le­ri­niň de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Şo­lar bo­ýun­ça mil­li ýa­ryş­lar hem-de hal­ka­ra çem­pio­nat­lar ge­çi­ril­ýär.

Sylag–hormatdan peýdalanýan weteran

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Uruş we­te­ra­ny Ata Tut­ly­kow et­ra­by­my­zyň uly sy­lag-hor­mat­dan peý­da­lan­ýan bag­ty­ýar ýa­şaý­jy­sy­dyr. Ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi wa­tan­çy­lyk, gah­ry­man­çy­lyk, mert­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de we hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni ber­kit­mek­de ola­ryň alyp bar­ýan iş­le­ri aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. Bu gün dur­mu­şy­my­zyň be­ze­gi bo­lup ýa­şa­ýan Ata aga-da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de uly üns-ala­da bi­len gur­şal­ýar. Et­ra­byň Goz­gan oba­syn­da ýa­şa­ýan Ata Tut­ly­ko­wy aja­ýyp se­ne my­na­sy­bet­li gut­la­mak hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ry­ny gow­şur­mak üçin ola­ryň döw­let­li ojak­la­ryn­da et­rap hä­kim­li­gi, şeý­le-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri myh­man­çy­lyk­da bol­du­lar. Olar go­ja es­ge­re döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň sow­gat­la­ry­ny da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şur­mak bi­len, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. Ata aga­nyň sö­weş we dur­muş ýo­ly ha­kyn­da be­ren tä­sir­li gür­rüň­le­ri bu du­şu­şy­ga baý ma­ny goş­dy. Toý gü­nün­dä­ki du­şu­şyk­lar ýa­kym­ly duý­gu­la­ra bes­len­di. Uruş we­te­ra­ny Ata Tut­ly­kow sow­gat­la­ry üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na ýü­rek­den çyk­ýan al­kyş söz­le­ri­ni be­ýan et­di. Ýe­ri ge­len­de, döw­let­li ojak­l

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li sport oýun­la­ry mer­ke­zi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gur­na­mak­la­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de er­kek­le­riň, aýal-gyz­la­ryň we ýaş­la­ryň ara­syn­da düz­züm bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Çem­pio­na­ta ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na gö­rä, uly ýaş­ly er­kek we ze­nan, ýaş og­lan we gyz tür­gen­ler gat­naş­dylar.

Ar­ka­da­gy­my­zyň eser­le­ri ruh­lan­dyr­ýar ne­sil­le­ri

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri: «Ki­tap adam­za­dyň kö­ňül nag­şy­dyr, ol me­de­ni gym­mat­lyk hök­mün­de ru­hy baý­ly­ga öw­rü­lip, adam­la­ryň ýü­rek­le­ri­ne ýol sa­lyp bil­ýär» di­ýip bel­le­mek bi­len, ki­ta­ba mu­kad­des­lik hök­mün­de ga­ra­ýar. Ki­tap hiç wagt hem gym­ma­ty­ny ga­çyr­ma­ýan ru­hy baý­lyk­dyr. On­da çäk­siz gud­rat, güýç bar. Ol geç­miş bi­len gel­je­giň, halk­lar bi­len ýü­rek­le­riň ara­syn­da­ky köp­ri. Kalp­la­ra bar­ýan ýol göz­ba­şy­ny ki­tap­dan alyp gaýd­ýar. Çün­ki «Ýü­rek­den çy­kan söz ýü­re­ge ba­rar» diý­li­şi ýa­ly, ki­tap­da kal­byň owa­zy ýaň­lan­ýar. Oky­jy ki­ta­by özü­ne ýol­daş edi­nip, dö­wür­le­re, älem-ja­ha­na sy­ýa­hat ed­ýär.

«Ýa­şa­syn, pa­ra­hat dur­muş!»

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Türk­men hal­ky bu gün­ki gün be­ýik Py­ra­gy­nyň ar­zuw­lan Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň sa­ýa­syn­da asu­da as­ma­nyň, pa­ra­hat ze­mi­niň üs­tün­de ýa­şa­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da biz 1941 — 1945-nji ýyl­lar­da­ky Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan be­ýik Ýe­ň­şiň 79 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýä­ris.

Magtymguly, sözüm bilene sözdür...

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gin­de to­po­nim­ler

Ga­dy­my Äne­wiň mü­di­mi yk­ba­ly

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 TÜRK­SOÝ ta­ra­pyn­dan Änew şä­he­ri­niň «Tür­ki dün­ýä­siniň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek da­ba­ra­la­ra ba­dal­ga be­ril­ýän gün­ler­de hor­mat­ly Prezidentimiziň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň çap­dan çyk­ma­gy hem­me­le­ri be­gen­dir­di. Bu aja­ýyp ki­ta­byň üç dil­de — türk­men, iň­lis, rus dil­le­rin­de ýa­zyl­ma­gy bol­sa onuň iň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da myh­man bo­lup, türk­men ta­ry­hy we me­de­ni­ýe­ti bi­len gy­zyk­lan­ýan da­şa­ry ýurt­ly alym­lar­dyr me­de­ni­ýet-sun­gat we­kil­le­ri­niň hem ki­tap bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­gy­na uly ýar­dam ed­ýär.

Gel­jek­ki ýe­ňiş­le­re ba­dal­ga

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da mil­li sport ul­ga­my­myz her ta­rap­la­ýyn tä­ze ösüş­le­re eýe bolýar. Şol san­da Gahryman Arka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len ýo­la goý­lan mil­li hok­keý spor­tu­myz dö­re­di­le­ni­ne köp wagt geç­män­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, eý­ýäm özü­niň buý­sanç­ly üs­tün­lik­le­ri, ynam­ly ýe­ňiş­le­ri bi­len gö­wün­le­ri­mi­zi gal­kyn­dyr­ýar.

Kämillige ýol salýan halypa

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 «Goş­gy» diý­len söz aý­dy­lan­da, Oraz­gu­ly An­na­ýew göz öňü­miz­de jan­lan­ýar. Ha­ma­la, ýa­zy­jy­nyň keş­bi goş­gy­nyň nyşanyna öw­rü­len ýa­ly. Mu­nuň özi en­tek mek­dep okuw­çy­sy wag­tym ka­ka­myň gö­rüp otu­ran ki­no­my­zy öçü­rip: «Peý­da­ly za­da to­ma­şa ediň!» di­ýip, «Bag­ty­ýar­lyk yl­ha­my» gep­le­şi­gi­ni açyp ber­me­gin­den göz­baş al­ýar, me­ge­rem. Göw­nü­me bol­ma­sa, eli­mi­ze ga­lam al­dy­ra­nam şol gep­le­şi­giň tä­si­ri, bu gün­ki goş­gu­la­ry­myz bol­sa şol gep­le­şi­giň kal­by­my­za se­pen yl­ham dä­ne­le­rin­den bi­ten na­hal­lar. Bir­wagt eli­ne ga­la­my do­gum bi­len alan­la­ram ha­ly­pa­nyň kä­mil­lik mek­de­bin­den ge­çip, «şa­hyr» ady­na eýe bol­du­lar.

Okuw­çy­la­ry hü­nä­re ug­ruk­dyr­mak

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hor­mat­ly Prezidentimiziň öň­den­gö­rü­ji sy­ýa­sa­ty esa­syn­da ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­ga­my uly üs­tün­li­ge bes­len­ýär. Hor­mat­ly Prezidentimiz: «Ylym­ly ýaş­lar döw­le­ti­mi­ziň kuw­wat­ly güý­jü­dir, hal­ky­my­zyň be­lent mak­sat­la­ra ýug­ru­lan nu­ra­na gel­je­gi­dir» di­ýip bel­le­mek bi­len, ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ýär. Döw­re­bap okuw bi­na­la­ry yzy­gi­der­li gurlup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Ýaş­la­ryň gel­jek­de ök­de hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin or­ta mek­dep­ler­den baş­lap, ola­ry hü­nä­re ug­ruk­dyr­mak ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ösüp gel­ýän ýaş nes­li zäh­me­te we hü­när saý­la­ma­ga taý­ýar­la­mak döw­le­tiň esa­sy we­zi­pe­si­niň bi­ridir.

Türkmen radiosynyň ussat diktory

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Özü­niň dö­re­di­ji­lik zäh­me­ti bi­len türk­men ra­dio­sy­nyň ta­ry­hyn­da yz gal­dy­ran Ogul­ja­han Mä­mi­ko­wa 1929-njy ýy­lyň 26-njy few­ra­lyn­da Bä­her­den et­ra­by­nyň ozal­ky Ke­le­te oba­syn­da dün­ýä in­ýär. Ýo­ka­ry bi­li­mi 1946 — 1950-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Daş­ken­diň Hu­kuk ins­ti­tu­ty­nyň Aş­ga­bat­da­ky bö­lü­min­de al­ýar we 1950-nji ýyl­da Türk­men ra­dio­syn­da alyp­ba­ry­jy bo­lup işe baş­la­ýar. Ol özü­niň yh­las­ly zäh­me­ti­niň ne­ti­je­sin­de hü­nä­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­li eýe­si bo­lup ýe­tiş­ýär hem-de türk­men ra­dio­sy­nyň il­kin­ji ha­ly­pa dik­tor­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. Ýig­ri­min­ji asy­ryň el­lin­ji ýyl­la­ryn­da us­sat dik­tor Ogul­ja­han Mä­mi­ko­wa türk­men ra­dio­syn­da 3 sa­ny ha­ly­pa dik­tor­lar bi­len bi­le­lik­de zäh­met çek­di. Olar Gel­di Döw­le­tow, Baý­ram Gel­di­my­ra­dow, Wa­len­ti­na An­ti­po­wa da­gy­lar­dyr.

Dün­ýä­niň iň uzyn aw­to­ulagy

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Dün­ýä tä­sin­lik­le­re we ösüş­le­re baý. Çeş­me­le­re ýüz­le­ne­niň­de, «dün­ýä­de iň uly, iň be­ýik, iň uzyn» di­ýen ýa­ly de­re­je­le­re eýe bo­lan te­bi­gy we yn­san eli bi­len dö­re­di­len tä­sin­lik­le­re duş gel­mek müm­kin.

Fut­bol klu­by oý­nuň ha­ty­ra­sy­na iki gün­läp har­by gä­mi­de ýüz­di

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Iki gün­läp har­by gä­mi­de — Ýu­waş um­ma­nyň goý­nun­da tür­gen­le­şik, Şeý­le-de, Çi­li­dä­ki Ku­bok wag­tyn­da­ky baş­dan ge­çir­me­ler

Beýik ýeňiş hakynda şygyrlar

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 9-njy maý

Baş saglygym — baýlygym

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Sag­ly­gy go­ra­mak, be­den­ter­bi­ýe we sport hä­zir­ki türk­men jem­gy­ýe­ti­niň dur­mu­şy­nyň mö­hüm ul­gam­la­ry bo­lup dur­ýar. Çün­ki yn­san­la­ryň be­den taý­dan sag­dyn bol­ma­gy ýur­duň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ös­me­gi­niň, adam­la­ryň bag­ty­ýar we aba­dan ýa­şaý­şy­nyň mö­hüm şer­ti­dir. Hut şo­ňa gö­rä-de, Türk­me­nis­tan­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da ile­ri tu­tul­ýan döw­let we­zi­pe­le­ri­niň de­re­je­si­ne çy­ka­ryl­dy. Soň­ky ýyl­lar­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mil­li nus­ga­sy­nyň dö­re­dil­me­gi bu we­zi­pä­niň üs­tün­lik­li çö­zül­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Geliň, tymsal okalyň!

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 AKYL­LY­NYŇ AK­MAK­DAN TA­PA­WU­DY

Pasyllar hakynda goşgy

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Dört pa­sy­lyň ara­syn­da

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Şu gün ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly senäniň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Be­ýik geç­mi­şi­mi­ziň wasp­na­ma­sy

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň şan­ly wa­ka­sy­na öw­rü­len çuň ma­ny­ly pi­kir­le­re hem-de gym­mat­ly yl­my tag­ly­mat­la­ra ýug­ru­lan, dö­wür­le­riň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny şöh­le­len­dir­ýän «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň türk­men, iň­lis, rus dil­le­rin­de ne­şir edil­me­gi­niň uly ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi­ne ba­gyş­la­nan hem-de her bir oky­jy­nyň kal­by­nyň tö­rün­de mü­di­mi­lik orun al­jak bu aja­ýyp sow­gat buý­san­jy­my­zy has-da be­len­de gö­ter­di.