"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Fes­ti­wal halk­la­ry dost­laş­dyr­ýar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dün­ýä döw­let­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na, şol san­da ýur­du­my­zyň kö­pu­gur­ly we top­lum­la­ýyn da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn uly üns ber­ýär. Şu jäht­den, ýur­du­myz öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk hem ös­dür­mek ba­ba­tyn­da anyk ädim­le­ri äd­ýär, iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len Türk­me­nis­tanyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ylym-bi­lim pu­da­gyn­da, me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da has ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Ýa­ňy ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ryn­dan dü­zü­len we­ki­li­ýe­tiň Omsk şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Rus­si­ýa­nyň we Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň ýaş­la­ry­nyň dö­re­di­ji­lik fes­ti­wa­ly­na gat­naş­ma­gy bu aý­dy­lan­la­ry do­ly aý­dyň­ly­gy bi­len tas­syk­la­ýar. Türk­men ýaş­la­ryn­dan dü­zü­len we­ki­li­ýe­tiň dü­zü­mi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň we­kil­le­ri, Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň we Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ýaş mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp­la­ry gat­naş­dy­lar. Iýu

Ýa­şa­jyk fut­bol­çy­la­ry­ň üs­tün­li­gi

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Ýa­şa­jyk türk­men fut­bol­çy­la­ry Daş­kent şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «AFL Kids Cup — 2024» at­ly hal­ka­ra ýa­ryş­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, iki al­tyn, bir bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar.

Türk­me­nis­tan­ly sü­rü­ji­ler hor­mat mün­be­ri­ne çykdylar

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 5 — 15-nji iýul ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len «Ýü­pek ýo­ly — 2024» ral­li-reý­di­ne mil­li tür­gen­le­ri­miz hem gat­naş­dy­lar. 14-nji ge­zek ge­çi­ri­len «Ýü­pek ýo­ly» hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da baş­la­nyp, Mon­go­li­ýa­nyň Ulan-Ba­tor şä­he­rin­de ta­mam­lan­dy. 13 döw­let­den 100-e go­laý to­pa­ryň gat­naş­ma­gyn­da 11 gün­läp do­wam eden ýa­ryş­da oňa gat­na­şy­jy­lar Al­taý dag­la­ry­nyň we Go­bi çö­lü­niň çar­kan­dak­ly ýol­la­ryn­dan geç­di­ler.

Çagalara datly sowgat

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Köpetdagyň etegindäki ajaýyp Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara edermen gallaçy daýhanlarymyzyň zähmet ýeňşi mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Häzirki wagtda bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hem tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şatlykly geçirýärler.

Türk­men hü­när­me­ni Pa­riž Olim­pia­da­syn­da emin­lik eder

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça hal­ka­ra de­re­je­li emin, Türk­me­nis­ta­nyň Agyr at­le­ti­ka mil­li fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş kä­ti­bi Ça­ry­gel­di Mäm­me­do­wyň ady köp­le­re ta­nyş­dyr. Ol ýur­du­my­zyň çem­pio­nat­la­ryn­da, şeý­le-de, hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň bir­nä­çe­sin­de emin­lik et­di. Ýa­dy­ňyz­da bol­sa, ol To­kio Olim­pia­da­syn­da emin­lik edip, bi­ler­men­le­riň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­nasyp bol­dy. Bu gün­ki gün bol­sa Ça­ry­gel­di Mäm­me­dow Pa­riž­de gu­ral­jak oýun­la­ra gat­naş­ma­ga taý­ýar­lan­ýar. Biz mil­li ýy­gyn­dy­my­zyň Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na ug­ra­dy­lyş da­ba­ra­sy­nyň öňü­sy­ra­syn­da Ça­ry­gel­di Mäm­me­dow bi­len söh­bet­deş bol­duk.

Tür­gen­le­ri­mi­ziň ýü­rek buý­sanç­la­ry

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len, döw­le­ti­mi­ziň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň bar­ha ro­waç­lan­ýan hä­zir­ki döw­rün­de mil­li tür­gen­le­ri­miz iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şyp, ýe­ňiş­li orun­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar. Yn­ha, şu şan­ly gün­le­ri­miz­de hem mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­mak üçin ak pa­ta bi­len ýo­la düş­ýär­ler.

Okyjylarymyz ýazýarlar

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 TMÝG-niň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­rap Ge­ňe­şi­niň gur­a­ma­gyn­da Gy­zy­lar­bat et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän «Dür­dä­ne» ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­ke­zin­de, bu ýe­re to­mus­ky dynç alyş möw­sü­min­de dynç al­ma­ga ge­len ça­ga­la­ryň ara­syn­da daş­ky gur­şa­wyň gym­ma­ty­ny, te­bi­ga­ty­my­zyň gö­zel­li­gi­ni ola­ra ýa­kyn­dan ta­nat­mak, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek mak­sa­dy bilen, «Te­bi­gat — bi­ziň öýü­miz» at­ly ge­ze­lenç du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. TMÝG-niň Gy­zy­lar­bat et­rap Ge­ňe­şi­niň hü­när­men­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da te­bi­ga­ty­my­zyň gö­zel­li­gi­ni aýaw­ly sak­la­mak ba­ra­da ça­ga­lar bi­len gür­rüň­deş­lik ge­çi­ril­di.

Bedenterbiýe we sport

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024

Sag­dyn­lyk — bag­ty­ýar­lyk

Ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak, di­kelt­mek hem be­jer­mek ug­run­da taý­syz ta­gal­la­lar edil­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň sa­ýa­syn­da be­ýik iş­ler giň ge­rim­de al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­men hal­ky he­mi­şe yn­san sag­ly­gy­na, sag­dyn dur­mu­şa uly üns be­rip ge­lip­dir. «Sag­ly­gym — baý­ly­gym», «Sag­ly­gyň gad­ryny bil­gil has­sa bol­maz­dan bu­run» di­ýen pä­him­ler hem mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Esa­sy Ka­nu­ny­myz­da «Adam döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň iň gym­mat­ly ha­zy­na­sy­dyr» diý­lip yk­rar edi­len Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da adam­la­ryň sag­ly­gy, bag­ty­ýar dur­mu­şy döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Ýur­du­myz­da «Il sag­ly­gy — ýurt baý­ly­gy» di­ýen pä­him­den ugur al­nyp, jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan ada­myň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da we ola­ry ýok et­mek­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty pu­da­gy­ny dün­ýä de­re­je­sin­de ös­dür­mek­de ta­la­ba­la­ýyk iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ene­le­riň we ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Bu ugur­da yl­my-bar­lag iş­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ça­ga­lar­da köp

Sag­ly­gym bar — baý­ly­gym bar

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Sag­lyk yn­sa­nyň ze­min ýa­şaý­şy­nyň äh­li üs­tün­lik­le­ri­niň göz­ba­şy­dyr. Ýö­ne ýer­den ata-ba­ba­la­ry­myz: «Sag­ly­gym — baş baý­ly­gym» ýa-da «Baý­ly­gyň sa­ka­sy — sag­lyk» diý­män­dir. El­bet­de, ke­sel­le­me­ýän adam bol­maz, esa­sy me­se­le her bir der­diň der­ma­ny­nyň bol­ma­gyn­da­dyr. Gün­do­gar dün­ýä­sin­de nyg­ta­ly­şy ýa­ly, sag­ly­gyň ga­dy­ry­ny has­sa bol­maz­dan öňin­çä bil­me­giň ze­rur. Mu­nuň üçin adam öz sag­ly­gy ba­ra­da gün­de­lik ala­da edip gez­me­li, yn­sa­nyň sag­ly­gy­nyň onuň uzak ömür sür­mek­li­gi­niň ke­pi­li bo­lup dur­ýan­dy­gy­na dü­şün­me­li. Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy şu ba­bat­da şeý­le aýd­ýar: «Jan sag­ly­gyň bol­maz hiç de­ňi-ta­ýy, ag­şam ýa­typ, er­tir şük­rün kyl ýag­şy».

Awaza hakyndaky şygyrlaryň mazmun taýdan çeperçiligi

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen eserler diňe bir täze temalar bilen baýlaşman, eýsem, şygyrlar mazmun taýdan hem baýlaşdy, forma taýdan täze görnüşe eýe boldy. Edebiýatyň taryhynda mazmun we formanyň haýsynyň has möhümligi hakynda köp jedeller, edebi çekişmeler boldy. Bularyň hersiniň öz gezeginde edebi ösüş, edebi täzelikler üçin möhümdigi ylmy we edebi çekişmäniň nazary garaýyşlarynda anyk deliller bilen esaslandyryldy. Aýry-aýry edebiýatçy alymlaryň pikiriçe bolsa mazmun we forma biri-birinden aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýazyjy-şahyrlar hem Garaşsyzlyk ýyllarynyň şygyrlarynda täze mazmun we forma eýe bolan şygyrlary döretdiler. Ak goşgy formasynda ýazylan eserleriň, şeýle-de nusgawy şygyr düzüş formasynda ýazylan eserleriň hem täze mazmun bilen baýlaşmagy häzirki Garaşsyzlyk döwründe şahyrlaryň ösüşli we aýratynlykly taraplarynyň biridir.

Egsilmeýän hazyna

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow: «Magtymguly, seniň bilen, iň bolmanda, bir pursat didarlaşsam dünýe malyndan geçerdim. Bu minut maňa dünýäniň geçmişi, şu günki we geljegi bilen duşuşmaga mümkinçilik bererdi. Bakylygyň ýanynda bir pursat durup görmege deň geljek bagt barmyka?» diýýär. Kerim şahyr Pyragynyň adyny göterýän baýraga mynasyp bolmagyny ömrüniň iň uly netijesi, iň beýik baýragy hasaplapdyr. Munuň özi soňraky ussatlaryň ählisiniň-de Magtymguly Pyragyny öz ruhy howandary, gaýybana halypasy hasaplandygy baradaky beýik hakykatdyr. Diýmek, Pyragynyň edebi mekdebi ol dünýäden ötenden soňam ýaşap gelýär. Ol mekdepden beýik-beýik şahyrlar uçurym bolup çykýar. Nesip bolsa, bu geljekde-de şeýle bolmagyny dowam eder. Sebäbi Magtymguly Pyragy halkymyzyň ýüreginde ýaşaýar. Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem şygryýeti Watan edinen her bir döredijilik ynsanynyň ýüreginde Magtymguly bar.

Günüň günden parhy bar

Bir ge­zek okuw­çy: — Mu­gal­lym, aýt­sa­na, tä­ze işiň ba­şy­ny tut­mak üçin has dü­şüm­li gün bo­lup bil­ýär­mi?

Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk we gahrymançylyk

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Aja­ýyp şy­gyr­la­ry bi­len türk­men hal­ky­nyň dün­ýä­ga­raý­şy­ny, wa­tan­çy­lyk ha­kyn­da­ky dü­şün­je­le­ri­ni baý­laş­dy­ran Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi kä­mil bilimli ne­sil­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Akyl­dar şa­hyr ýi­git­le­ri Wa­tan go­ra­gy­na aýa­ga gal­ma­ga, türk­men ýi­git­le­rin­de har­by-gah­ry­man­çy­lyk, wa­tan­çy­lyk, mert­lik, har­by us­sat­lyk häsiýetlerini ter­bi­ýe­le­mä­ge çal­şyp­dyr.

Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça mer­ke­zi to­pa­ryň mej­li­si

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 7-nji iýul­da mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­re — aý­ry-aý­ry saý­law ok­rug­la­ry bo­ýun­ça Mej­li­siň möh­le­tin­den öň çy­kyp gi­den de­pu­tat­la­ry­nyň ýe­ri­ne saý­law­lar ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça mer­ke­zi to­pa­ryň mej­li­sin­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 1-nji «Ga­raş­syz­lyk», 2-nji «Bi­ta­rap­lyk» we 6-njy «Kö­pet­dag» saý­law ok­rug­la­ry bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň möh­le­tin­den öň çy­kyp gi­den de­pu­tat­la­ry­nyň ýe­ri­ne 7-nji iýul­da ge­çi­ri­len saý­law­la­ryň ahyr­ky ne­ti­je­le­ri jem­le­nil­di.

Medeniýetim — buýsanjym

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Ýur­du­myz­da her ýyl­da Me­de­ni­ýet we sungat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gryýet baý­ram­çy­ly­gy giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu ýyl bu şan­ly se­ne mynasybetli geçirilýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi tä­ze Ar­ka­dag şä­he­ri­miz­de gu­ral­dy.

Sport sy­ýa­sa­ty da­ba­ra­lan­ýar

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ri­len we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän sport sy­ýa­sa­ty oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Türk­men tür­gen­le­ri hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, Wa­ta­ny­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dyr­ýar­lar. Ýaş­la­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len köp­çü­lik­le­ýin meş­gul­lan­mak­la­ry bol­sa ýur­du­myz­da sport sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň nyşanydyr. Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýän wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ryn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­giň hem-de sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin dü­şün­di­ril­ýär. Spor­ty, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni, mil­li­li­gi, däp-des­sur­la­ry­my­zy wa­gyz et­mek­de ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň aja­ýyp ne­ti­je ber­ýän­di­gi buý­san­dy­ry­jy ýag­daý­dyr.

Dynç alyş möw­sü­mi do­wam ed­ýär

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Ça­ga­la­ryň şat­ly­gy — dün­ýäň şat­ly­gy, ça­ga­la­ryň gül­kü­si — asu­da­ly­gyň be­ýa­ny. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ke­ma­la gel­ýän ýaş ne­sil sö­züň do­ly ma­ny­syn­da­ky bagt­ly ça­ga­lar­dyr. Häzirki wagtda ata Wa­ta­ny­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de ça­ga­la­ryň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi do­wam ed­ýär. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän Arkadagly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy­na, dynç al­şy­nyň go­wy şert­ler­de gu­ral­ma­gy­na äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Taryhy şöhratly şäheriň waspy

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri özü­niň «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ki­ta­byn­da: «Ki­tap hiç wagt ba­ha­sy eg­sil­me­ýän, gym­ma­ty gaç­ma­ýan gym­mat­lyk­dyr» di­ýip bel­läp geç­ýär. Ha­ky­kat­da­nam, ki­tap yn­sa­na ru­hy taý­dan gol­da­wy, sag­dyn pi­kir­len­me­gi, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bol­ma­gy ba­gyş ed­ýär. Gah­ry­man Arkadagymy­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­ziden­ti­mi­ziň dö­re­den eser­le­ri­ni alyp oka­ny­myz­da hem bu ha­ky­ka­ta ýe­ne bir ýo­la göz ýe­tir­ýä­ris.

Awaza — hazaryň merjeni

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ha­za­ryň gö­zel ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy ok­gun­ly gül­läp ös­ýär, öz­ger­ýär. Gün-gün­den öz­ger­ýän Wa­ta­ny­my­zyň aja­ýyp kün­jek­le­ri, şol san­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy hä­zir­ki wagt­da di­ňe bir il­deş­le­ri­mi­ziň däl, dün­ýä ja­han­keş­de­le­ri­niň hem ge­lim-gi­dim­li ýe­ri­ne öw­rül­di.