Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

HALKYMYZYŇ MILLI MIRASY DÜNÝÄDE DABARALANÝAR

2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy.Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler bilen didarlaşyp, gezelenç etdi hem-de “Irden turda, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen paýhasly jümlä eýerip, täze athana toplumynda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.Soňra Gahryman Arkadagymyz Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny habar berdi. 2024-nji ýylyň 15 — 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda ýeňiji bolan itleriň sylaglanyş dabarasynyň geçirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýeňijileriň arassa ganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby we beýleki häsiýetnamalar boýunça saýlanandygyny aýtdy. 2021-nji ýylda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy. Ol birinji sylaga şu ýylyň 15-nji ýanwarynda arassa ganlylygy we owadanlygy üçin mynasyp bol

TOPLUMDA JEMLEÝJI TAPGYR

2023-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ählihalk baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Olar bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň ajaýyp jemlemesine öwrüldi. Baýramçylygyň çäklerinde sergiler, maslahatlar, alabaýlaryň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly çykyşlar, beýleki medeni çäreler geçirildi. Şol gün Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda geçirilen esasy dabaralara köpsanly ildeşlerimiz we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar. Toplumyň çäginde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly hem-de heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişleriniň jemleriniň jemlenilmegi ynsanyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy. Syn ediş meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Emin agzalaryna we tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar mälim edildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan alabaýlar

HALKYMYZYŇ MILLI GYMMATLYGY

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär.  Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli 2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň 28-ne S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi we sungaty» atly III halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ugurdaş mazmunly sergini synladylar. «Milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpa» diýlip atlandyrylýan bu sergide milli gymmatlyklarymyza uly orun berildi. Soňra «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi taryhy, medeniýeti we sungaty» atly III halkara ylmy maslahaty Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, alymlar, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, hususy itşynaslar çykyşlaryny dowam edip, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrüle

HALKARA «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ» III MEJLISI GEÇIRILDI

Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, 2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli itşynaslyk däbimiz täze ösüşe we uly şöhrata eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli itşynaslyk sungatymyzyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Özüniň mertligi, hüşgärligi, wepalylygy, düşbüligi bilen halkymyzyň ýakyn dostuna öwrülip, milli miraslarymyzyň hatarynda mynasyp orun alan türkmen alabaýlarymyzyň şöhraty bu günki gün bütin dünýä ýaň salýar. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen III mejlise Hökümet agzalary, ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Forum başlamazyndan ozal, ýygnananlar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşir önümleriniň, fotosuratlaryň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar. Soňra III mejlisiň gün t

ALABAÝYŇ WASPY SUNGATDA

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen türkmen alabaýlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi açyldy. Sergä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungaty öwrenijiler, itşynaslar şeýle hem türkmen alabaýlarynyň çyn muşdaklary gatnaşdylar. Hüşgärligi, çydamlylygy, wepalylygy, duýgurlygy, bilen tapawutlanýan türkmen alabaýlary bu gün milli gymmatlygymyz derejesinde sarpalanýar. Türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikler bolsa olaryň aýratynlyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Wepadarlygy bilen ynsanlaryň hemişelik hemrasyna öwrülen türkmen alabaýynyň hormatyna ýurdumyzda bellenilýän şanly sene mynasybetli geçirilýän bäsleşige hödürlenen işler çeperçiligi, nepisligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Halylarda häzirki wagtda haly gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy, alabaýlaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýändigini suratlandyrýar. Sergi eserlerinden görnüşi ýaly,

Halkara Bäsleşigiň II tapgyry

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap binalar toplumynda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry guramaçylykly geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrynda emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolan,  Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky, şeýle-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen alabaýy» merkezlerinde ösdürilip ýetişdirilen alabaýlaryň 20-si gatnaşdyryldy. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, emin agzalary alabaýlaryň daşky syn-sypatyna, meýdançada özüni alyp barşyna, eýesi tarapyndan berilýän buýruklary erkin we takyk ýerine ýetirişine, şeýle hem bellenilen ugur boýunça päsgelçiliklerden geçip bilmek ukybyna, işjeňligine baha berdiler. Şeýlelikde, jemleýji tapgyra 10 sany türkmen alabaýy seçilip alyndy. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen hormatly ady hem-de göçme kubogy almak ugrundaky jemleýji bäsleşik 29-njy oktýabrda, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli esasy dabaralaryň guralýan ýeri bolan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Toplumynda geçiriler.

BÄSLEŞIGIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY

Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan itşynaslygyň şöhratly milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Türkmenleriň wepaly dostlaryna bagyşlanan esasy baýramçylyk çäreleriniň hatarynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşik aýratyn orny eýeleýär. Bu köpöwüşginli bäsleşigiň maksady türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamak, dünýäde wagyz etmek bilen baglanyşykly işleriň ylmy esasda kämilleşdirilmegine, milletiň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen itleriň bu tohumyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilendir. Bäsleşige gatnaşyjylaryň 20-sinden jemleýji tapgyra 10-sy gatnaşmaga hukuk gazandy. Şu gün olar «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyna mynasyp bolmak ugrunda bäsleşdiler.  Beden gurluşy, daşky keşbi bilen haýran galdyrýan türkmen alabaýlary yzly-yzyna syn ediş meýdançasyna çykyp,eminler we tomaşaçylar üçin alabaýlaryň ady, ýaşy, nesil ugry baradaky maglumatlar aýdylýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan alabaýlar belli bir nesil ugurlaryna degişlidir, olary synlan köp sanly janköýerler alabaýlara mahsus bolan aýratynlyklara baha bermäge mümkinçilik aldylar. It eýeleri uly buýsanç bilen öz wepaly hemralarynyň aýratynlyklaryny görkezdiler. Alabaýlaryň beden gurluşy kämil

Halkara Bäsleşigiň II tapgyry geçirildi

Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaýlary özleriniň aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýar hem-de tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramçylygy mynasybetli türkmen alabaýlarynyň arasynda halkara bäsleşikler, tapgyrlaýyn esasda geçirilýär. Oktýabr aýynyň 26-na Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşan 70-e golaý alabaýdan duýgurlygy, düşbüligi, daşky görnüşi, hüşgärligi şeýle hem bellenen päsgelçiliklerden birkemsiz geçip tapawutlananlaryň 20-si gatnaşdy. Halkara bäsleşige badalga berilmezden ozal, oňa gatnaşýan türkmen alabaýlary gözden geçirilip, weterinar lukmanlar tarapyndan saglyk ýagdaýlary barlanyp, olara kepilnamalar hem-de ýörite san belgileri berildi. Şol belgiler bilen hem türkmen alabaýlary bäsleşik meýdançasyna çykdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, türkmen alabaýlary tomaşaçylaryň öňünden geçip, öňde duran dürli päsgelçiliklerden — geçmekleri boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Eminleriň gelen gutarnykly netijeleri halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş etjek türkmen alabaýlaryň 10 sanysy bell

HALKARA «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ» II MEJLISI GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasyna, naýbaşy gymmatlyklaryna sarpa günsaýyn artýar. Pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda ösdürip, terbiýeläp kemala getiren milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmen alabaýlarydyr. Özüniň mertligi, hüşgärligi, wepalylygy, düşbüligi bilen halkymyzyň ýakyn dostuna öwrülip, milli miraslarymyzyň hatarynda mynasyp orun alan türkmen alabaýlarymyzyň şöhraty bu günki gün bütin dünýä ýaň salýar. Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenilmegi hem bu wepaly jandara goýulýan belent sarpanyň nyşany bolup äleme dolýar. Baýramçylygyň çäklerinde däp bolşy ýaly 29-njy oktýabrda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ikinji mejlisi geçirildi.     Foruma ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Halkara assosiasiýanyň agzalary sanly ulgam arkaly mejlise gatnaşyp, alabaýlaryň tohumynyň häzirki ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamagyň we alyşmagyň, olary gorap saklamak, sanyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtadylar.

TÜRKMEN ALABAÝYNA BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär. Birnäçe gün bäri bolsa Türkmen alabaýynyň baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäreler maslahatlaryň geçirilmegi dowam edýär. Şeýle maslahatlaryň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi we sungaty» atly II halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahata  gatnaşyjylar ilki bilen ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ugurdaş mazmunly sergini synladylar. «Milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpa» diýlip atlandyrylýan bu sergide milli gymmatlyklarymyza uly orun berildi. Soňra «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi taryhy, medeniýeti we sungaty» atly II halkara ylmy maslahaty Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, alymlar, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, hususy itşynaslar çykyş edip, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaýlarynyň öz aýratynlyklary boýunça dünýäde giň

MILLILIGIŇ WASPY SUNGATDA

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen alabaý itleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi açyldy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungaty öwrenijiler gatnaşdylar. Hüşgärligi, çydamlylygy, wepalylygy, duýgurlygy, bilen tapawutlanýan türkmen alabaýlary bu gün milli gymmatlygymyz derejesinde sarpalanýar. Türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikler bolsa olaryň aýratynlyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Wepadarlygy bilen ynsanlaryň hemişelik hemrasyna öwrülen türkmen alabaýynyň hormatyna ýurdumyzda bellenilýän şanly sene mynasybetli geçirilýän bäsleşige hödürlenen işler çeperçiligi, nepisligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Halylarda häzirki  wagtda haly  gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy, alabaýlaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýändigini suratlandyrýar. Sergi eserlerinden görnüşi ýaly, awtorlar milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň dürl

DÜNÝÄ ÝAŇ SALAN NAGYŞLAR

2022-nji ýylyň 26–28-nji ýanwary aralygynda paýtagtymyzda «Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gym-matlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy amaly maslahat we onuň bilen ugurdaşlykda guralan sergi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Forumyň açylyş dabarasy milli taryhy-medeni mirasymyza, arheologik tapyndylara hem-de «tazy guýruk», «it ýatak», «güjük yzy» ýaly gadymy   göllere bagyşlanan wideoşekilleriň görkezilmegi bilen badalga aldy. Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň etnografik ekspozisiýalary, dürli döredijilik mekdepleriniň çeperçilik ugruny  aýdyňlygy bilen açyp görkezýän  küýzegärçilik sungatynyň nusgalaryny, kilimler, haly we haly önümlerini, zergärçilik şaý-sepleri öz içine alýan amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Guramaçylykly sergide Arkadag Prezidentimiziň kitaplaryna aýratyn orun berildi. Ýörite meýdançalarda saýlama türkmen alabaý itleriniň görkezilmegi çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Alabaýlaryň görkezme çykyşlarydabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olar öz türgenleriniň gulluk buýruklaryny ýerine ýetirmekde ajaýyp taýýarlyklaryny görkezdiler.

«BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ WASPY» ATLY HOŞALLYK MASLAHATY

2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Arkadag Prezidentimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy we ol ýerde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary  tarapyndan  Zaman atly taýçanak bilen bir günde dünýä inen  türkmen  alabaýyna at dakyp bermek Arkadag Prezidentimizden haýyş edildi. Arkadag Prezidentimiz täze doglan alabaýy synlap, alabaýlaryň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan behişdi ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Olar  türkmeniň sazlaşyk, gözellik,  maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkymyzyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini emele getirýär.    Arkadag Prezidentimiz ýakynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde maslahatlaşylyp kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa Eýýam diýip at goýdy. Arkadag   Prezidentimiz «Goý,   bu   alabaý   ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň  täze  eýýamynyň  batly gadamlarynyň, halkymyzyň belent ruhunyň nyşanyny özünde jemläp, edermenligiň, wepadarlygyň ajaýyp nusgasyny görkezsin!» diýip, ýagşy arzuw

Milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi

2021-nji «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde milli Liderimiziň Türkmenistanyň  Ministrler   Kabinetiniň we Döwlet  howpsuzlyk  Geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde türkmen alabaýynyň we onuň durmuşymyzda eýeleýän ornunyň ähmiýeti barada ýörite durup geçmek bilen, «Ata-babalarymyz bedewlerimizde öz arzuw isleglerinidir maksatlaryny, milli seçginiň ajaýyp netijesi bolan alabaýlarda    bolsa    bagtyýarlygyny görendigini, şoňa görä-de, halkymyzyň «It geldi – gut (bagt) geldi»  nakylyny   döredendigini  nygtamagy   ähli   halkymyzy buýsandyrdy. Çünki milli Liderimiziň hem belleýşi ýaly, türkmen alabaýlary halkymyzyň esasy ynsanlyk kadalaryny – batyrlygy, mertligi, wepalylygy we sabyrlylygy aňladýar.Şeýle-de  döwlet  Baştutanymyzyň adamyň dünýä inende, ony gurşap alan dürli närseleriň arasynda itleriň ynsanda hoşniýetli duýgulary döredendigi baradaky gadymy rowaýaty gürrüň bermegi, şeýle hem rowaýatlaryň tötänden döremeýändigine ünsi çekmegi, wepaly mert alabaýlaryň ynsanyň iň ýakyn dostuna öwrülmeginiň kökleriniň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyny aýan etdi. Mundan başga-da, milli Liderimiziň alabaýlaryň milli buýsanjymyzdygyny, baý mirasymyzyň aýrylmaz bölegidigini, ata-babalarymyzyň döreden milli baýlygydygyny, şoňa g

Türkmen aw tazysy

Hormatly Prezidentimiziň düýpli aladalarynyň netijesinde milli baýlyklarymyzy öwrenmekde halkara derejesinde durmuşa geçirilýän döwletli işleriň ähmiýetliligi ýokarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» eseri adamzadyň itşynaslyk babatda müňýyllyklar içre toplan gymmatly durmuş tejribesiniň pähim-paýhas känine has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär. Gadymyýetden şu güne ýetirilen milli gymmatlyklaryň esasyndaky durmuşyň wajyp ýörelgeleriniň özboluşly beýanyny özünde jemleýän bu kitapda türkmen tazysy barada iňňän gymmatly maglumatlar berlip, ol biziň milli awçylyk ýörelgelerimizi öwrenmekde juda gymmatly çeşmedir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly çuňňur mazmunly ylmy-pelsepewi kitabynyň 220-nji sahypasynda keremli topragymyzda aw tazysynyň sap ganly tohumyny döretmek üçin parasatly atalarymyzyň irginsiz yhlas-zehiniň siňdirendigini tekrarlap şeýle ýazýar: «Birnäçe asyrlaryň dowamynda türkmenler sakçy itleriň, ýagny goýun itleriň hem-de çalasyndan algyr aw tazylarynyň ajaýyp tohumlaryny kemala getiripdirler. Türkmen itleriniň asla gaýtalanmajak ajaýyplyklaryny türkmen arwanasy hem-de meşhur ahalteke atlary bilen ýaýdanman bir hatarda goýsa bolar». Biziň ýurdumyzda gadymy awçy tazylaryň tohumy edil türkmen alabaýynyň sap ganlylygynyň goralyşy ýaly aýratyn üns berlip saklanypdyr. Olaryň awçylyk, yz çalmak, çalasyn hereket etmek endiklerini kämilleş

Jeýtun medeniýetiniň itşynaslyk mirasy

Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli goldaw-hema ýaty bilen milletimiziň mertebesine deňelýän milli mirasymyz, şolaryň hatarynda umumadamzat medeniýetiniň ajaýyp nusgalarynyň biri bolan türkmen itşynaslyk sungatynyň taryhyny arheologiýa we etnografiýa taýdan çuň öwrenmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işiň barha rowaçlanmagy üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan esaslandyrylan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň edýän tagallalary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, biziň günlerimize ýönekeý depe görnüşine gelip ýeten ýadygärlikleriň galyndylary dabarasy daglar aşan uly şäherleriň, söwdanyň we medeniýetiň ösen iri merkezleriň taryhy yzlarydyr. Arheologlaryň, etnograflaryň belent diwarly binagärlikleriň galyndylarynda, gadymy diňlerde, üstünden müňýyllyklary geçiren kümmetlerde, galalarda hem-de olaryň töwereginde ýaýylyp gidýän köne ýaşaýyş mähellelerinde geçirýän ylmy gözlegleri netijesinde henize çenli mälim bolmadyk syrly maglumatlaryň ençemesi ýüze çykarylyp, olar taryhymyzyň şan-şöhratly sahypalarynyň ýazylmagyna ygtybarly esas bolýar. Şundan ugur alsak, arheologiýa tapyndylar, etnografiýa gymmatlyklar iňňäniň ujy ýaly kiçijik hem bolsa, ylmy taýdan ägirt  uly ähmiýete eýedir. Sebäbi, şol gymmatlyklar tutuş adamzadyň medeni ösüşini äşgär edýär. Şonuň bilen birlikde şol gymmatly tapyndylar dünýäniň taryhyny öwrenmekde mälim däl tä

GARAGÖZÜŇ WEPADARLYGY

Güýz aýynyň gelmegi bilen howa üýtgäpdi, duýdansyz ýagyş ýagyp, göz açyp ýumasy salymda obany suw-sil etdi. Şol günüň öň ýany bolsa uly halynyň erşi ýüwürdilipdi. Bägül haly dokaşmaga gelen daýzasynyň gyzy Almagüle uly jaý bilen berkidilen bassyrmanyň aşagyna ilerki kömekçi jaýdaky täze uly keçäni ýazmagy tabşyrdy. Şol wagt garaşylmadyk waka boldy. Bägül agaç sekiden aşak düşüp, ýaňy bir ädim ädenem şoldy welin, ýarym metr çemesi dik galyp, hyşşyldap duran uzyn kepjebaşy görüp, «Waý, ýylan bar!» diýip, çirkin gygyryp goýberdi. Edil daşky işigiň golaýynda öňki iki aýagyna ýassanyp ýatan Garagöz bu duýdansyz çykan sese ýerinden çalasyn galyp, uly gara ýylana tarap üýrüp, ýylan bilen çynlakaý garpyşyp başlady. Iki taraplaýyn söweş aldym-berdimlidi. Ýylanyň janhowluna agzyny giňden açyp, Garagöze tarap topulyşy aýylgançdy. Garagözem çemini tapyp, ýylanyň boýnuna agyz urmaga synanyşýardy. Bu ahwalaty görüp duran Bägül: «Eje, aý eje!» diýip, gygyrsa-da, içki jaýda aýakly maşynda köýnek tikip oturan ejesi bilen uly gyz dogany onuň sesini eşitmediler. Bägül duldegşir goňşulary Gurban daýysynyň öýüne tarap ylgady. Bägülüň, «Daýy, aý, Gurban daýy!» diýip, gygyrýan howsalaly sesine Gurban daýysy dessine daşary çykdy. Ýegeniniň öýlerine tarap elini uzadyp: «Garagöz, Garagöz ýylan bilen garpyşýar kömege ýetişiň!» diýip, daljygyp gepleýşini gören daýysy oňa sowuk suw içirip, köşeşdirdi. Asma

Kärine ussat halypa

Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmeniň wepaly alabaýydyr. Türkmeniň gapysyny onuň ahalteke bedewinden, arwana düýesinden, türkmen alabaýyndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Biz hem türkmen alabaýlary hakynda giňişleýin gürrüň etmegi, makalanyň sözbaşysynda aýdylyşy ýaly kärine ussat halypa, hususy itşynas Döwletmyrat Kürrükow bilen söhbetdeşligimizi taýýarlamagy makul bildik. – Döwletmyrat, söhbetdeşligimiziň başynda ýurdumyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işleri hakynda durup geçäýsek... – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde ata-babalarymyzyň bize miras goýan gymmatlyklary, dünýä medeniýetini ösdürmekde, ylmy esasda düýpli öwrenmekde we şu günki hem-de geljekki nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başlangyjy bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi türkmen itşynaslarynyň ýeten belent derejesini bu gün dünýä ýüzüne mälim edýär.Geçen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda türkmen alabaýlarynyň tohum ugurlary, olary saklamagyň, idetmegiň hemde itlere baş öwretmegiň inçe syrlary hakynda bilimleri, ylmy we halk tejri besini geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen 2020-nji ýylyň maý aýynda Türkmen alabaý itleri assosi

Buýsanjymyzyň çägi ýok

– Halkymyz bedew aty ýaly, alabaý itini hem iň ýakyn, wepaly dosty hasaplaýar. Men köp ýyllar bäri alabaýlary ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýärin. Türkmen alabaýlaryna höwes mende okuwçy wagtym döredi, şol wagtlar köp gatly ýaşaýyş jaýynda ýaşaýandygyma garamazdan, obadan alabaý güjüklerini alyp gelerdim, olar üçin ýörite ýatak ýasardym. Mendäki bu höwesi aňan kakam olary iýmitlendirmekde, gezdirmekde kömek bererdi. Indi meniň ogullarym – iň ýakyn kömekçilerim. Olar kesbimi dowam etdirmäge höwesli. Türkmen alabaýlarynyň baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň birnäçe itşynaslaryna hormatly atlaryň dakylmagy itşynaslaryň buýsançly başyny göge ýetirdi. Şolaryň hatarynda menem «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ada mynasyp boldum. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Türkmen itşynaslary hakynda taýsyz tagallalary edýän milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde mundane beýläk-de rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýärin.

Buýsanjymyzyň çägi ýok

– Türkmen alabaýlarynyň hormatyna baýramçylyk döredilip, onuň hem ilkinji gezek şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilmegi buýsançly wakadyr. Şu baýramçylyk günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Permanyna laýyklykda maňa «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyň eýesi bolmak bagty nesip etdi. Çekýän ujypsyzja zähmetimize ýokary baha berip, hormatly ady dakan milli Liderimize ähli itşynaslaryň adyndan köp sagbolsun aýdýarys. Men alabaýy çagalykdan bäri saklaýaryn, olary söýýärin. Häzir hem özümiň birnäçe alabaýlarym bar. Olar juda edermen, wepaly, düşbi hem çydamly jandarlardyr. Gahryman Arkadagymyzyň alabaýlar hakyndaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýän «Türkmen alabaýy» atly kitaby biz – itşynaslar üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr. Türkmeniň wepaly alabaýyny sarpalamak, gorap saklamak, geljek nesillere ýetirmek babatda biz – itşynaslara ähli mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!