Arkadag şäheri — şöhratly ýoluň dowamaty
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Köpetdagyň gözel künjeginde täze, döwrebap şäher — Arkadag şäheri kemala gelýär. Bu şäheriň aýratynlyklary, onda döredilýän şertler dogrusynda entek kän-kän söhbet ediler. Ýöne şunda Ahal welaýatynyň täze merkezine berlen adyň örän ýerine düşen çözgütdigini welin, hökman nygtamaly. Onda halkymyzyň köňül islegi öz beýanyny tapdy. Çünki bu şäher döwrümiziň beýik Şahsyýeti Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasynyň, hemişelik üns-aladasynyň ajaýyp miwesidir. Ahal welaýatynyň döwrebap edara merkeziniň guruljak ýeriniň gadymy Yzgant obasyna golaý çäklerden saýlanyp alynmagynda hem uly many bar. Muňa hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Yzgant obasynyň adyny gadymy oguz dilinden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň türkmen diline geçirsek, mähriban halkymyza eziz we örän ýakymly bu adyň «Oguzlaryň şäheri», «Oguz şäheri» (Oguz hanyň şäheri) diýen manyny berýändigi öz-özünden düşnükli bolýar. Yzgant orta asyrlarda hem tutuş bir welaýatyň merkezi hökmünde belli bolupdyr» diýen sözleri-de güwä geçýär. Diýmek, Arkadag şäheri öz taryhy ýerinde — Ahal sebitiniň gadymy merkezinde bina edilen şäherdir.