HALKARA «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ» II MEJLISI GEÇIRILDI

29 Oktýabr 2022
98

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasyna, naýbaşy gymmatlyklaryna sarpa günsaýyn artýar. Pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda ösdürip, terbiýeläp kemala getiren milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmen alabaýlarydyr. Özüniň mertligi, hüşgärligi, wepalylygy, düşbüligi bilen halkymyzyň ýakyn dostuna öwrülip, milli miraslarymyzyň hatarynda mynasyp orun alan türkmen alabaýlarymyzyň şöhraty bu günki gün bütin dünýä ýaň salýar. Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenilmegi hem bu wepaly jandara goýulýan belent sarpanyň nyşany bolup äleme dolýar. Baýramçylygyň çäklerinde däp bolşy ýaly 29-njy oktýabrda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ikinji mejlisi geçirildi.

    Foruma ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Halkara assosiasiýanyň agzalary sanly ulgam arkaly mejlise gatnaşyp, alabaýlaryň tohumynyň häzirki ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamagyň we alyşmagyň, olary gorap saklamak, sanyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtadylar.