«Mergen aganyň kitaby»
Türkmen aýdym-sazynyň taryhy barada metbugatda birnäçe makalalar çap edildi. Milli aýdym-sazlarymyz hakyndaky makalalaryň käbirinde, hususan-da Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Ş. Çaryýewiň «Aýdym-sazlarymyzyň Ýewropada öwrenilişi» atly makalasynda (Serediň: «Medeniýet» žurnaly, 2019, №. 3. 64—66 sah.) degişli çeşmelere salgylanmak esasynda 1818-nji ýyldan başlap, 1834-nji, 1842-nji ýyllarda we ondan soňky döwürde türkmen halk aýdymynyň sazlaryna we sözlerine bagyşlanylyp, Russiýada, Beýik Britaniýada we Günbataryň beýleki ýurtlarynda ýerine ýetirilen işler hakynda gymmatly maglumatlar getirilýär. Emma şu makalada we bu ugra degişli bize belli bolan beýleki derňewlerde aşakda gürrüňini ediljek aýdymlar barada hiç hili maglumat berilmändir. Çünki olary özünde jemlän kitap baryp 1893-nji ýylda Aşgabatda çap edilip, öz döwründe elden-ele geçip okalan-da bolsa, soňra dürli sebäplere görä, bärde doly ýok edilipdir. Ýöne biziň bagtymyza, Russiýanyň merkezi kitaphanalarynyň birinde ýekeje nusgada saklanyp galypdyr. Bu seýrek neşiriň zerur sahypalaryny we baplaryny Moskwadaky rus alym tanyşlarymyzyň ýakyndan kömegi bilen bize gola salmak başartdy. «Türkmenlere rus dilini öwretmek üçin gollanma» atly bu kitabyň möçberi 160 sahypadan gowrak bolup, ony Aşgabadyň golaýyndaky şol wagtky Köşi obasynda ýerleşen Türkmen atly diwizionynyň kiçi serkerdeleri, gelip çy