Dil öwrenmek täze bir dünýäni öwrenmek
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdary bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Hut şunuň özi hem Arkadagly Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz uly üstünliklere beslenýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ylym-bilim babatda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizi begendirýär, buýsandyrýar. Ýurdumyzda halkara dili hasaplanýan iňlis dilini ylym-bilim ulgamynda öwre