Bol suwly kärizler
Bäherden etraby diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem ýurdumyz boýunça hem kärizlere baý etraplaryň biridir. Etrabyň diňe Durun obasynyň ilersindäki kärizleriň sany 13-e ýetýär. Käriz suwy içimlik üçin-de, mal ýakmak, galyberse-de, ekinleri suwarmak üçin-de diýseň ýaramly. Häzir etrapda gadymy kärizleri abatlap, ulanyşa girizmekde, ata-babalarymyzdan miras galan bu gadymy suw desgalaryna ikinji ömür bermekde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda etrabyň «Bäherdenagyzsuw» müdirliginde ýörite kärizler bölümi hereket edýär. Bölümiň işgärleriniň tagallasy bilen arassalanyp, abatlanyp, ikinji ömür berlen kärizlerden Çopan, Döw, Hüntüş, Garaja, Garasuw, Janabat, Han, Köne Börme, Bamy ata ýaly kärizler bol suwuny eçilip, ekerançylyk meýdanlarynyň teşneligini gandyrýar. — Bir kilogram däne ýa-da gök önümlerini ýetişdirmek üçin ençeme ýüz litr suwuň gerekdigini ene topraga alyn derini siňdirip ýören zähmetsöýer daýhanlarymyz has-da oňat düşünýärler. Hakykatdan hem, suwuň her bir damjasy altyn, zer. Şonuň üçin-de ekerançylyk meýdanlaryny suwarmakda kärizleriň ähmiýeti uludyr. Etrabymyzda ulanyşdan galan kärizleri abatlap, olara ikinji ömür bermekde bu işde baý terjribe toplan ussatlar bar. Biz her bir işde hormatly Prezidentimiziň halkymyzda her bir damjasy altyna deňelýän suwdan ýerlikli peýdanlanmak baradaky görkezmelerinden ugur alýarys. Nesip bolsa, ynamly gadam goýan Arkadag