Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Minaralar — binagärligiň göwher täji

Milli Liderimiziň tagallalary bilen Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň ýaşulularynyň gatnaşmagynda sähetli anna güni gurluşygyna badalga berlen welaýatyň baş metjidiniň taslamasynda minaralaryň dördüsiniň göz öňünde tutulmagy bagtyýar watandaşlarymyzyň kalplaryna aýratyn buýsanç çaýdy. Täze metjidiň boýy 114 metre ýetýän minaralary binagärlik sungatynyň bu ugurdaky naýbaşy nusgalarynyň biri bolar. Bu minaralarda ýokary tizlikli liftleriň, dürli dolandyryş, şol sanda ýörite duşuşyklarydyr gepleşikleri geçirmäge niýetlenen otaglaryň, olaryň biriniň 97 metr belentliginde syn ediş meýdançasynyň bolmagy bu täsin desganyň sebitde ilkinji gezek gurulýan «akylly» şäheriň ruhy nyşanyna öwrülmegine esas berer. Ylmy maglumatlarda minaranyň iň irki nusgasynyň Muhammet pygamberiň howlusynyň mukaddes Käbe tarapyndaky burçunda beýikligi haýatdan biraz ýokary çykýan, basgançakly inedördül desga görnüşinde belli azançy Bilal Hebeşi tarapyndan gurlandygy ýazylýar. Yslamyň taryhynda ilkinji azançy bolan Bilalyň minaradan çar ýana ýaýran, ýakymly hem akgynly owaza ulaşyp ýaň salýan sesiniň başga dine uýýanlaryň hem yslamy kabul etmegine çagyryş bolandygy aýandyr. Şu jähetden, «minara» sözüniň arapçadan terjime edilende, «çar ýana ýaýraýan nur» diýilmegine-de ähmiýet bermegimiz zerur. Bu barada XI asyrda ýaşan beýik türkmen etnog

Ismim düşdi ilden-ile...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda edebi mirasy dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini, pelsepewi, ahlak pikirlerini, şahyrana çeperçilik ussatlygyny öwrenmekde düýpli işler alnyp barylýar. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň Ýewropa neşirlerine aralaşmagyna ilkinji bolup badalga beren polýak alymy Aleksandr Leonardowiç Hodzko-Boreýko hasap edilýär. 1804 — 1891-nji ýyllarda ýaşap geçen bu meşhur magtymgulyşynas alym Horasan, Hazar etraplarynda 1830 — 1837-nji ýyllarda rus diplomatiýasynda işlän döwründe Magtymguly Pyragy, türkmen medeniýeti, halklaryň durmuş etnografiýasy, Gündogar edebiýaty barada köpsanly taryhy gymmatlyklary toplaýar we olar 1842-nji ýylda Londonda iňlis dilinde «Meşhur şygryýetden parçalar» ady bilen kitap görnüşinde neşir edilýär. Professor Aleksandr Leonardowiç Hodzko-Boreýko bu kitabynda Magtymguly Pyragynyň 3 sany şygrynyň terjimesini, terjimehalyny, ykbaly baradaky halk kyssalary ýerleşdirmek bilen, ilkinji bolup Ýewropa okyjylaryny türkmen şahyry bilen tanyşdyrýar.

Žül Werniň gahrymanlary türkmen topragynda

Fransuz ýazyjysy Žül Werniň (1828-1905) baryp mundan ýüz otuz ýyldan gowrak öň türkmen halkynyň durmuşy bilen bagly maglumatlary fransuz we beýleki günbatar halklarynyň okyjylaryna tanyşdyrmakdaky hyzmatlary türkmen-fransuz edebi gatnaşyklarynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Fransuz edebiýatynda başdangeçirmeler we hyýaly romanlaryň esasyny goýan ussat Žül Werniň «Klodius Bombarnak» romany fantastiki, ýagny hyýaly mazmuna eýe bolup, onda «XIX asyr» gazetiniň žurnalisti Klodius Bombarnagyň Hazar deňziniň kenaryndaky Uzynadadan başlanýan we türkmen topragynyň çäginden geçýän Zakaspi demir ýoly boýunça syýahaty suratlandyrylýar.

Bö­ten­dag — ro­wa­ýat­la­ryň mes­ge­ni

Sa­ry­ga­myş kö­lün­den 20 ki­lo­metr çe­me­si gün­do­gar­da Bö­ten­dag be­lent­li­gi se­leň­läp otyr. Gü­nor­ta­dan se­re­de­niň­de Bö­ten­dag Üst­ýurt gy­ry bi­len bir ul­ga­ma bir­leş­ýän hem bol­sa, ol öz­ba­şy­na dag be­lent­li­gi bo­lup dur­ýar. Uzak­dan se­ret­seň, Bö­ten­dag be­lent­li­gi­ni tu­tuş­ly­gy­na syn­la­mak müm­kin. Onuň gü­nor­ta burçy has be­lent bo­lup, ol uzak­lar­dan se­leň­läp gö­rün­ýär. Bir­ne­me go­laý­la­nyň­dan soň­ra onuň be­lent burçundaky ýa­dy­gär­lik­ler hem me­se-mä­lim saý­gard­ýar. Onuň üs­tün­de Yb­ra­ýym Ed­hem ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my ýer­leş­ýär. Bö­ten­da­gyň edil gap­da­lyn­dan Amy­der­ýa­nyň Sa­ry­ga­m­şa gu­ýan bir şa­ha­sy bo­lan Der­ýa­ly­gyň kö­ne ha­na­sy geç­ýär. Der­ýa­lyk Bö­ten­da­gyň de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­dan ge­lip, onuň gü­nor­ta­syn­dan Sa­ry­ga­m­şa ta­rap ugur al­ýar. Bö­ten­dag be­lent­li­gi­niň tö­we­re­gin­de ga­dy­my ýa­şaý­şyň yz­la­ry sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Giň düz­lük­de ga­dy­my atyz-çil­le­riň, ýap­la­ryň yz­la­ry hä­zi­rem bil­dir­ýär. Ýer­li ilat ta­ra­pyn­dan Ak­ga­la diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan, yl­my çeş­me­ler­de Adak ady bi­len gel­ýän ga­dy­my ga­la­nyň ha­ra­ba­sy Bö­ten­da­gyň ete­gin­de ýer­leş­ýär. Bö­ten­da­gyň gün­do­gar gar­şy­syn­da, Der­ýa­ly­gyň çep ke­na­ryn­da ýe­ne bir ga­la bo­lup, ýer­li ilat ony hem Ak­ga­la di­ýip at­lan­dyr­ýar.

Mert ýigidiň medetkäri

Türkmen halky birä atyny, birde ýaragyny hiç bir kesekä ynanmandyr. Bir wagtlar duşmanlardan goranmak üçin ýasalan ýaraglar bu günki gün türkmeniň taryhda ýeňil bolmadyk ýaşaýşynyň subutnamasy hökmünde öýojaklarymyzda apalanyp saklanýar. Üstünden müňýyllyklaryň aşandygyna garamazdan adam eliniň döreden bu ajaýyplyklarynyň arzysy hiç wagt kemelmeýär. Baglar ondan alar taglym, leşgeri sapsap durarHer salanda zülpükaryn, artar ýigidiniň höwesi

Ga­dy­my Kö­şi oba­sy­nyň ta­ry­hy

Köpetdagy etekläp oturan gadymy Köşi obasynyň döreýiş taryhy alyslardan gözbaş alýar. Bu obanyň dörän wagty anyk belli bolmasa-da, il arasynda obanyň döreýşi we onuň ilkinji ýaşaýjylary bilen bagly birnäçe gyzykly gürrüňler häli-häzirler hem aýdylyp gelinýär. Köşi obasynyň adynyň näme many aňladýandygy, nähili gelip çykandygy hakynda ylymda birnäçe çaklamalar bar. Muňa garamazdan, dilçi alym S.Atanyýazowyň toponimik sözlüginde taryhçy alym M.Ý. Massona salgylanmak bilen, Köşiniň etimalogiýasynyň heniz doly anyklanmandygyny belläp geçýär.

Taryhy wakalar

Türkmenistan döwletimiziň her bir ýyly uludan-uly şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösüşini berkitmek, dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmak üçin ähli tagallalar edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan işler hem muňa aýdyň subutnama bolup durýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen diňe içerki däl, eýsem, daşary syýasat babatynda hem uly işler alnyp baryldy. Türkmenistan tarapyndan ýurdumyzda we daşary ýurtlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýän möhüm syýasy gepleşikler, işewürlik duşuşyklary, forumlardyr giň gerimli medeni çäreler, sergiler, maslahatlar dabaraly ýagdaýda geçirildi. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde «Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda» ady bilen geçirilen ylmy duşuşykda taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak hem-de wagyz

Baky ýaşaýar ady

Arkadag şäherini gözel görke besleýän, dünýä ülňülerine gabat gelýän kaşaň-kaşaň ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap edara binalaryny, medeni, sport desgalaryny synlanyňda, göz öňüňde çagalyk ýyllarynyň gyzykly ertekileri, ýetginjeklik döwrüniň arzuw-hyýallary biygtyýar ör-boýuna galýar. Kalbyňy telwaslandyrýan bu pursatlar adaty ýagdaý. Sebäbi bu Tükmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesiniň hakyky keşbi. Bu ýerde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen tanşanyňda bolsa: «Bä-ä, şüý-ä tüýs ýerine düşdi» diýeniňi duýman galýarsyň. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Ahal welaýat kitaphanasy, Sahy Jepbarow adyndaky Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Ahal welaýat çagalar sungat mekdebi, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi... Bu şahsyýetler türkmen halkynyň guwanjy. Olaryň atlaryny ebedileşdirip, tirsegine galdyrmak sogap işleriň biri. Ö züniň gysga ömründe bitiren janaýamazakly işleri bilen halkyň ýüreginde ýe

Taryhda çüýşe önümçiligi

Türkmenistanyň çäklerinde çüýşe önümçiligi we çüýşe işläp bejermek has gadymy döwürlerde ýüze çykypdyr. Muny arheologiýa ylmynyň tapyndylary subut edýär. Ýurdumyzyň çäklerinde has irki çüýşe önümleri «tutuksy» monjuklar diýlip atlandyrylýar. R.Pampelliniň topary tarapyndan Änewden agymtyl-ýaşyl çüýşeden taýýarlanan monjuk, Nusaýdan b.e.öňki II-I müňýyllyga degişli monjuklar tapyldy. Türkmenistanyň demirgazygynda Tümmekkiçijik gonamçylygyndan, Guýsaý ýadygärliginden tutuksy çüýşeden ýasalan monjuklaryň tapylmagy çüýşe önümçiligi öz gözbaşyny müňýyllyklaryň dowamyndan alyp gaýdýar diýmäge esas berýär. Köneürgenjiň çäginden we onuň töwereginden başga ýerlerde örän seýrek duş gelýän çüýşe önümleriniň görnüşleri tapyldy. Şeýle-de arheolog Hemra Ýusupow tarapyndan Kyrkmolla galasyndan küýzejik görnüşli gapjagaz tapyldy. Bu gapjagazyň parfýumer we derman serişdeleri saklanýan gap-gaçlaryň hataryna girýändigini alym öz işlerinde belleýär.

Metjit — mukaddes öý

Pähim-parasatly halkymyz metjit, geçit, içit gurmagy iň sogaply iş hasaplaýar. Gahryman Arkadagymyzyň sahawatlylygy bilen Mary, Daşoguz, Lebap, Balkan welaýatlarynyň merkezlerinde baş metjitleriň gurlup ulanmaga berilmegi bu mukaddes işiň eziz Watanymyzda giňden dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Döwrüň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen, täsin binagärlik gurluşly şeýle metjitleriň biri Aşgabatda hem guruldy. Ahal topragynyň merkezi — Arkadag şäherinde welaýatyň baş metjidiniň gurmak baradaky tagallalar ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» şygarly durmuş ugurly döwlet syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň binýady bolup, bagtyýar watandaşlarymyzyň kalplarynda çuňňur hoşallyk döretdi. Ýurdumyzda irki döwürlerden bäri metjit gurmagyň özboluşly däp-dessurynyň döredilendigini hem-de baý binagärlik tejribeleriniň toplanandygyny bellemelidir. Asyrlaryň jümmüşinde tutuş yslam dünýäsinde diňe biziň ýurdumyzda metjitleriň üç görnüşiniň: «Namazga metjidiniň», «Juma metjidiniň» we «Mähelle metjidiniň» ulanylyp gelnendigi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Tebigat — biziň öýümiz

Hormatly Prezidentimiziň uzak möhletleýin ekologiýa syýasaty eziz Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan aýawly we rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly durnukly ösüşi ilerledýär. Islendik jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşi onuň kämil hukuk binýady, gatnaşyklary sazlaşdyrýan kadalar bilen amala aşyrylýar. Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýan ýurdumyzyň ekologiýa babatdaky milli hukuk binýady Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bu ugurda möhüm ädim boldy.

Gadymy Margiananyň sungat eserleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Olar baradaky gyzykly maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen yzygiderli halka ýetirilýär. Şeýle gymmatlyklarymyzyň biri gadymy Marguşdan tapylan sungat eserleridir. Gadymy Margiananyň sungat eserlerinde şekillendirilen belgiler, ösümlikler dünýäsi, hakyky hem hyýaly haýwanlar — şol sungatyň çygryny, nagyşlar bolsa zehiniň ýüze çykmasyny, halkyň ruhy durmuşyny kesgitläpdir. Olar ýöne bir bezeg bolman, eýsem  aňyrsynda  türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň durmuşynyň möhüm hajatlary, olaryň tebigata hem adama bolan garaýyşlary gizlenip ýatan syrly «hata» meňzeýär.

Osty galasy

Gojaman Jeýhunyň sag we çep kenarlarynda geçmişden miras galan taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar. Şolaryň biri hem Çärjew etrabyndaky Osty galasydyr. Ol Çärjew etrabynyň Farap şäherinden 40 kilometr çemesi demirgazykda, uly ýoluň ugrunda ýerleşýär. Biziň döwrümize çenli saklanyp galan gadymy ýadygärlikleriň biri bolan bu galanyň diwarlary dikligine ýonulyp gurlupdyr. Galanyň medeni gatlagynyň galyňlygy bäş metrdir we onuň üstüne çykmak üçin diňe ýekeje ýoly bolup, ol gyryň günorta-gündogar tarapynda biraz açyk galdyrylan bölegidir. Häzirki döwürde bu galany ýerli ilat «Goçgarata» diýip atlandyrýar. Mirasy öwrenijileriň pikirine görä, galanyň bir burçunda goçuň heýkeliniň bolmagy onuň şeýle atlandyrylmagyna sebäp bolupdyr. Bu galanyň gadymy ady mälim däl. Şol sebäpli-de ony ýerleşýän obasynyň ady bilen bagly atlandyrypdyrlar. Osty galasynyň ady «üst» sözi bilen baglanyşykly bolup, oňa ir döwürde «Üstgala» diýlipdir. Soňra bu söz şol ýerde ýerleşýän obanyň adyna geçýär. Ilkinji gezek 1939-njy ýylda arheolog we etnograf S. P. Tolstow bu ýerde ylmy-barlag işlerini geçirip, galanyň dörän döwri biziň eýýamymyzdan öň IV asyr we biziň eýýamymyzyň I asyryna degişli diýip kesgitleýär hem-de çyzgysyny çyzýar. Ol bu ýerde irki döwürde ilatyň ýaşandygyny subut edýän arheologik tapyndylary tapýar. 1966—1968-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ş. Batyrow

Medreseler — kämil bilim ojaklary

Gahryman Arkadagymyzyň 15-nji ýanwarda Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça degişli ýolbaşçylar bilen geçiren maslahatynda, Arkadag şäherinde bina ediljek metjidiň gurluşygyna dahylly taslamalardyr çyzgylary synlap, metjidiň ýanynda okuw medresesiniň hem gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtmagy bagtyýar watandaşlarymyzyň köňül guşuny ganatlandyrdy. Nygtalyşy ýaly, medreseler türkmen halkynyň öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny asyrlarboýy saklap we gorap gelmeginde, halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan yslam dinini hem-de dünýewi bilimleri öwrenmekde aýratyn orun eýeläpdir. Geçmişde Watanymyzda ýiti zehinli, meşhur şahsyýetleriň döremegine we kemala gelmegine oba-şäherlerdäki köp sanly ylym, medeni aň-bilim edaralarynyň — medreseleriň, hanakalaryň, kitaphanalaryň we obserwatoriýanyň oňaýly täsir edendigini taryh sahypalary subut edýär. Ýokary bilim berýän okuw mekdebi bolan medreseler türkmen topragynda irki döwürlerden bäri meşhurdyr. Taryhy jähetden, medreseler ykdysady, medeni taýdan ösen, syýasy taýdan durnukly Watanymyzyň binagärlik sungatynyň hem aýrylmaz bölegidir.

Aşgabadyň taryhyna ser salyp

Aşgabadyň gadymyýete uzaýan nusgalyk taryhy bar. Edebiýatlarda we dürli döwürlerde çap edilen makalalarda Aşgabadyň döreýşi barada gymmatly maglumatlar berilýär. Ýagny belli alymlar E.Teýle, A.A.Roslýakow, A.A.Maruşşenko, Z.Freýkin, W.B.Žmuýdan, A.Babaýew, S.G.Agajanow dagylar Aşgabadyň taryhyny anyklamaga özleriniň saldamly goşantlaryny goşdular. Bular barada belli merhum alym Ö.Gündogdyýew «Aşgabat keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda belläp geçýär. Aşgabat şäheriniň 1881-nji ýylda düýbi tutulandygy hakyndaky maglumatlar ilkinji gezek A.Babaýewiň we M.Şneýeriň 1930-njy ýylda «Turkmenowedeniýe» žurnalynyň XI sanynda çap eden makalasynda ýatlanyp geçilýär. Şeýle-de, 1999-njy ýylda neşir edilen «Turkmenistan segodnýa i zawtra» atly salgynamada hem Aşgabadyň 1881-nji ýylda düýbüniň tutulandygy ýatlanylýar. Ynha, ýene bir mysala ýüzleneliň: «1881-nji ýylda düýbi tutulan şähere oňa ýanaşyk obanyň — Aşgabadyň ady dakylypdyr». Aşgabadyň bu geçmişi barada Gahryman Arkadagymyz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda hem gyzykly maglumatlar arkaly taryhy çeşmeleriň üstüni ýetirýär.

Änew dünýä ýaň salýar

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu gadymy künjegiň taryhy şöhratynyň ýaňadan dabaralanýandygynyň güwäsi boldy. Pederlerimiz bize nusgalyk medeniýeti miras galdyrypdyr. Dünýäniň maddy we ruhy gymmatlyklarynyň sanawyna giren ajaýyp halylarymyz, bedewlerimiz we gymmat şaý-seplerimiz bilen birlikde, dünýäniň iň gadymy ýaşaýyş ojaklarynyň merkezi bolan ýurdumyzda birnäçe gadymy medeniýetler hem gülläp ösüpdir. Olar Altyndepe medeniýeti, Jeýtun medeniýeti, Änew medeniýeti, Kelteminar medeniýetidir.

Hasyl bolan arzuw

Geçen ýylyň baharynda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň merkezindäki Medeniýet öýünde açylan taryhy muzeý oňa myhman bolan her bir adamyň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerdäki dürli döwürlere degişli muzeý gymmatlyklaryny synladygyňça, synlasyň gelýär. Hatarlap goýlan küýzelerdir gap-gaçlar, dokalan nepis türkmen halylarynyň gadymy nusgalarynyň bölekleri, hojalykda we durmuşda ulanylan öý goşlary, zähmet gurallary, ilat tarapyndan getirilip tabşyrylan gymmatlyklar, Goňurdepe ýadygärlikler toplumynyň, «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň, welaýatyň, şeýle-de ýurdumyzyň beýleki ýadygärlikleriniň çäklerinden tapylan tapyndylar halkymyzyň milli mirasynyň örän baýdygyndan habar berýär. Bu taryhy muzeýi döretmek pikiri Garagum etrabynyň Ýagty ýol geňeşliginiň ýaşaýjysy Altymuhammet Bähbidowda çagalyk döwründe döreýär. Ýaňy 1-nji synpa okuwa baranda, mugallymlarynyň biri ondan: «Alty, geljekde sen kim boljak?» diýip sorapdyr. Onuň: «Mugallym, men küýze tapýançy boljak» diýen jogabyna mugallymy hezil edip gülüpdir-de: «Hä, Alty, diýmek, sen arheolog bolmakçy-da?» diýip, bu hünäriň aýratynlyklaryny düşündiripdir. Sona mugallymyň bu aýdanlaryny Altymuhammet berk ýadynda saklapdyr.

Täze taryhy döwrüň milli mirasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza belent sarpa goýulýar. Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek boýunça alnyp barylýan işleriň hatarynda akyldar şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanan «Magtymguly Pyragy» ensiklopediýasy möhüm ähmiýete eýedir. Şahyryň edebi mirasy, ýaşan döwrüniň syýasy-durmuş ýagdaýy, esaslandyran edebi-döredijilik mekdebi, türkmen diliniň, edebiýatynyň kämilleşmegindäki orny, edebi mirasynyň işlenilişi we şahyryň döredijiligini öwrenýän alymlar hakynda söhbet açýan ensiklopediýa ynsanperwerligiň beýik waspçysynyň Watan, halk baradaky parasatly pikir-garaýyşlarynyň möhüm ugurlaryny özünde jemleýär. Magtymgulynyň döredijiligini ençeme ýyldan bäri öwrenip gelýän alymlar «Magtymgulynyň şygyrlarynyň düşündirişli sözlüginiň» üstünde hem işleýärler. Ozalky bar bolan tejribelerden tapawutlylykda bu sözlükde Magtymgulynyň şygyrlarynda gabat gelýän sözleriň her biriniň diňe bir manysy däl, eýsem, dürli manylarda gabat gelýändigine ünsi gönükdirmek arkaly şahyryň şygyrlaryndaky haýsydyr bir rowaýaty ýatladýan, tapmaça häsiýetli setirlere aýratynlykda düşündiriş bermek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary akyldaryň doglan gününiň uludan belleniljek günlerine taýýarlygyň

Halkymyzyň ebedi mirasy

(Zarisowka) Ine, muňa gudrat diýmän, näme diýersiň?! Halkyň dilinde: «Gudrat görseň, daglara bar!» diýen ganatly jümle bar. Emma gudratyň diňe bir daglarda däl, muzeýlerde hem bardygyny aýtsak, öte geçdigimiz bolmasa gerek. «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň «Daşmetjit» halk hünärleriniň muzeýiniň baý miras gaznasy bilen tanyş bolmagymyz hem munuň şeýledigini has aýdyňlaşdyrdy. «Kerwensaraý» ýadygärliginden ýüze çykarylan soňky tapyndylar ünsümizi has hem özüne çekdi.

Arkadag şäherinde meşhur şahsyýetler

 «7/24. tm», № 01 (136), 02.01.2022       GIRIŞ