«BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ WASPY» ATLY HOŞALLYK MASLAHATY

20 Aprel 2022
580

2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Arkadag Prezidentimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy we ol ýerde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary  tarapyndan  Zaman atly taýçanak bilen bir günde dünýä inen  türkmen  alabaýyna at dakyp bermek Arkadag Prezidentimizden haýyş edildi. Arkadag Prezidentimiz täze doglan alabaýy synlap, alabaýlaryň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan behişdi ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Olar  türkmeniň sazlaşyk, gözellik,  maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkymyzyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini emele getirýär. 

  Arkadag Prezidentimiz ýakynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde maslahatlaşylyp kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa Eýýam diýip at goýdy. Arkadag   Prezidentimiz «Goý,   bu   alabaý   ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň  täze  eýýamynyň  batly gadamlarynyň, halkymyzyň belent ruhunyň nyşanyny özünde jemläp, edermenligiň, wepadarlygyň ajaýyp nusgasyny görkezsin!» diýip, ýagşy arzuwlar etdi.Şol taryhy waka mynasybetli 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi.