Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Türkmenistanyň iň gadymy wagon abatlaýjy kärhanasy döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanyň iň gadymy wagon abatlaýyş zawody bolan Gyzylarbat şäheriniň demir ýol wagonlaryny abatlaýjy zawody döwrebaplaşdyrylar. Öz taryhyny 1881-nji ýyldan alyp gaýdýan bu zawod Türkmenistanyň taryhynda demir ýol tehnikalaryny abatlamaga ýöriteleşen ilkinji wagon abatlaýyş zawody hasaplanýar. Gyzylarbadyň wagon abatlaýyş zawody Türkmenistanyň taryhynda demir ýol hojalygyna degişli ilkinji kärhanadyr. Baryp-ha, XIX asyryň ahyrynda ruslar tarapyndan döredilen wagon abatlaýyş zawody indi türkmen we rus demir ýol hünärmenleriniň gatnaşmagynda täzeden döwrebaplaşdyrylar. Zawody döwrebaplaşdyrmak işine Russiýanyň «RŽD Interneşnl» kompaniýasy gatnaşar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň «RŽD Interneşnl» kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Stolýarow Aşgabat şäherinde 19-20-nji ýanwarda geçirilen Türkmen-rus işewürlik forumynyň dowamynda mälim etdi.

Türkmen-gyrgyz ulaglar arkaly söwda dolanyşygy geçen ýylyň 11 aýy boýunça 160,2% ýokarlandy

Gyrgyzystanyň Türkmenistan bilen ulaglar arkaly daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 79,6 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 160,2 göterim ýokarlandy. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli statistika komiteti geçen hepde çap eden hasabatynda mälim etdi. 2021-nji ýylyň birinji on bir aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 30,59 million ABŞ dollaryndan gowrak bolupdy.

Rus kompaniýasy Türkmenistandan deňiz arkaly ýükleri daşamaga gyzyklanma bildirýär

Russiýanyň «Sowfraht» ulag we logistika kompaniýasy ýakynda Hazar deňzinde Türkmenistan bilen Russiýanyň portlarynyň arasynda yzygiderli ýük daşamak işine gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Munuň üçin kompaniýa ýük daşaýyş ulgamlarynyň operatory hökmünde hereket etmek üçin ähli zerur çeşmelere we mümkinçiliklere eýe.

Özbegistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjana uly mukdarda awtoulag ätiýaçlyk şaýlaryny iberdi

Özbegistandan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjana ýüzden gowrak 40 futlyk konteýnerleri iberdi. Awtoulag ätiýaçlyk şaýlary ýüklenen konteýnerler Azerbaýjanyň «AZERMASH SP» LLС kompaniýasy üçin niýetlenendir diýip, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berýär. Awtoulag pudagynda ulanylýan ätiýaçlyk şaýlary «UzAVTO MOTORS» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan iberildi. Portdan ýük daşamalaryny amala aşyrmak bolsa, «Türkmenistanyň Ulag logistika merkezi» PJ tarapyndan amala aşyryldy.

Eks­por­ta gol­daw ber­me­giň mil­li tej­ri­be­si

Dünýä ykdysadyýetinde globallaşmak prosesleriniň dowam edýän häzirki şertlerinde milli eksport edijilere goldaw bermek we olaryň dünýä bazarlaryndaky ornuny berkitmek meselesiniň derwaýyslygy has-da artýar. Özüniň mazmuny boýunça eksporta döwlet goldawyny bermek milli kärhanalaryň halkara bazarlaryndaky bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we milli işewürligiň daşarky bazarlara çykmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu goldaw öz gezeginde, milli girdejiniň artmagyna, telekeçiligiň ösmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiligine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Yhlasly iş — ýokary hil

Diýarymyzyň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alynýan «gara altynyňdyr» «mawy ýangyjyň» möçberini durnukly artdyrmak bu binýatlyk pudagyň baş wezipesi bolup durýar. Ol Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda hem esasy şert bolup durýar. Onda tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak, olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp, senagat taýdan özleşdirmek we durmuşa geçirmek öňe sürülýär. Uglewodorod çig mallaryna baý ýataklaryň onlarçasynda döwrebap iş alyp barýan önümçilik düzümleriniň işiniň netijeliligini gazanmakda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Balkanabatdaky abatlaýyş-mehaniki zawodynda hem tutanýerli zähmet çekilýär. Bu ýerde iň bir jogapkärli hünärleriň otuza golaýyna başarjaň erk edýän işçidir hünärmenler konserniň önümçilik düzümlerinden gelýän sargytlary öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirýärler. Kärhananyň tokarlarynyň, frezerleriniň, dürli usulda kebşirleýjileriniň, ýonujylarynyň, iş gurallardyr ätiýaçlyk şaýlaryny ýasaýjylarynyň, metallary hem-de erginleri guýujylarynyň, demirçi ussalarynyň, ýylmaýjylarynyň... ýerine ýetirýän işleriniň her biri ýokary hil talaplaryna doly laýyk gelýär. Kärhananyň bölümlerindäki abatlaýyş enjamlarynyň 150-ä golaýy

Ýangyç guýujy beket ulanmaga berildi

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasy Murgap etrabynyň merkezine ýanaşyk ýerde, etrabyň köp ilatly obalaryna gidýän uly ýoluň gyrasynda 186-njy awtoulaglara ýangyç guýýan, durky düýpli täzelenen bekedi ulanmaga berdi. Täze beketde sürüjiler öz awtoulaglaryna benziniň A-80, A-92, A-95, ECO-93 görnüşlerini, şeýle hem dizel ýangyjyny guýup bilýärler. Her gije-gündizde 650 sany awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen beketde ýangyç guýujy kämil tehnologiýaly enjamlar ornaşdyrylypdyr. Bu ýerde sürüjiler tölegleri nagt hem-de nagt däl görnüşinde amala aşyryp bilýärler.

«Altyn bürgüdiň» önümleriniň örüsi giňelýär

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň häzirki ýeten derejesi guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyzyň dünýä bazarlarynda biziň ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmekde telekeçilerimiz has möhüm orny eýeleýärler. Önüm öndürijileriň aglabasy diňe bir içerki bazarda öňdebaryjy orunlary eýelemek bilen çäklenmän, eýsem, dürli görnüşli önümleri başga döwletlere-de eksport edýärler hem-de önümleri ýerlemek üçin täze bazarlary işjeň ýagdaýda gözleýärler. Şolaryň birisi hem «Altyn bürgüt» hususy kärhanasydyr. Artykmaç öndürilen önümleri daşary ýurtlara eksporta ibermegiň ýa-da öz-özüňi zerur bolan harytlar bilen üpjün etmegiň amatly taraplaryna hususy kärhananyň hünärmenleri geçen ýyllaryň tejribelerinde has oňat düşünip ugradylar. Olar hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda her welaýatyň öz-özüni gök, bakja önümleri we miweler bilen üpjün etmelidigi baradaky sargytlaryny hem üstünlikli ýerine ýetirmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Himiýa pudagyndaky üstünlikler

Himiýa senagaty ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu senagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, ýerli çig mal serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemekde we olardan dünýä bazarlarynda ýokary islege eýe bolan önümleri öndürmekde giň mümkinçilikler döredildi. Munuň özi öndürilýän ýokary hilli himiýa önümleriniň durnukly artýan möçberlerini üpjün edýär. Geçen ýylyň jemleri boýunça welaýatymyzyň himiýaçylary tarapyndan öndürilen önümleriň anyk görkezijileri muny aýdyň görkezýär. Şol döwürde ýoduň 763 tonna golaýy öndürilip, 102,3 göterim zähmet üstünligi gazanyldy. Bu gymmatly çig malyň 254 tonnadan gowragynyň döwlete degişli bolmadyk ulgam tarapyndan öndürilendigini bellemek gerek. Geçen ýylda tehniki uglerod öndürmekde hem 102,3 göterim ösüş gazanylyp, bu himiýa önüminiň 875 tonna golaýy çykaryldy. Öndürilen natriý sulfatynyň umumy möçberi bolsa 1010 tonna barabar boldy hem-de ösüşiň depgini 100,2 göterim ýokarlandy. Mineral dökünler babatda zähmet görkezijisi 1 million 38 müň tonna golaýlap, ösüşiň depgini 104,9 göterime deň boldy.

Geljegi nazarlaýan özgertmeler

Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şol sebäpden, maýa goýum işjeňliginiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýum serişdelerini giňden çekmekdir. Bu işleriň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, köptaraply işewür gatnaşyklarynyň çägini yzygiderli giňeltmek üçin zerur şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine maýa goýmagyň ähmiýetini dabaralandyrýar hem-de maýa goýujylaryň ynamyny artdyrýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde maýa goýumlaryny artdyrmagyň ýollarynyň kämilleşmegi jemi içerki önümiň ösüşine uly täsirini ýetirýär. Bu görkeziji netijeli häsiýete eýe bolup, ýurdumyzyň hojalyk subýektlerine goýlan maýa goýumlaryň netijesinde şol subýektleriň önümçiliginiň ýokarlanmagyna getirýär.

Türkmenbaşy halkara deňiz porty arkaly özbek maşyngurluşyk tehnikalary üstaşyr Azerbaýjana daşalýar

Özbegistanyň «Uz AWTO MOTORS» paýdarlar jemgyýetiniň öndüren awtomobil tehnikalary we şaýlary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjana üstaşyr daşalýar. Maşyngurluşyk şaýlary we tehnikalary her biri 40 futluk 101 sany konteýnerde ýük gämileri arkaly Azerbaýjanyň Alýat deňiz portuna eltilýär. Bu barada SalamNews.com habar berýär. Azerbaýjanyň «AZERMAŞ SP» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň sargydy bilen Özbegistanda öndürilen maşyngurluşyk tehnikalary ýurdumyzyň çäginden Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan üstaşyr geçirilýär.

Russiýadan 130 müň tonna ýük Türkmenistanyň demir ýollary arkaly Günorta iberildi

Geçen 2022-nji ýylda Russiýa Federasiýasyndan 600 müň tonnadan gowrak ýük «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesi arkaly iberildi. Şonuň 130 müň tonnasy halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly – Gazagystanyň we Türkmenistanyň demir ýollary arkaly Günorta iberildi. Bu barada «Interfax» habarlar agentligi mälim edýär. Geçen ýylda «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň 3 şahasy – gündogar, deňiz we günbatar ugurlary arkaly umumy ýükleriň geçirilişi 36,3 göterim ýokarlandy. Halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýol düzümlerini özara birleşdirýär. Bu demir ýol şahasy arkaly geçen ýylyň dowamynda Russiýadan daşalan ýükleriň möçberi 2021-nji ýyldakydan 2 esse artdy.

Türkmen-özbek ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $926,3 milliona deň boldy

Özbegistanyň Türkmenistan bilen ulaglar arkaly daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 926,3 million ABŞ dollaryna deň bolup, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2,7 göterim ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň anna güni çap eden hasabatynda maglumat berildi. Geçen ýylyň on iki aýynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 731,5 million ABŞ dollaryna barabar bolup, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3 göterim artdy. Şol bir wagtyň özünde ýurduň Türkmenistana eksporty 1,5 göterim ýokarlanyp, 194,8 million ABŞ dollaryna deň boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girdi.

Russiýa we Türkmenistan Hazaryň ugry boýunça awtomobil ýoluny gurmagy maslahatlaşýar

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Russiýa bilen Türkmenistanyň Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynda awtomobil ýoluny gurmak taslamasyny durmuşa geçirip biljekdigi barada aýtdy. «Halkara ulag ýollarynyň emele gelmegine aýratyn ähmiýet berýäris we biziň bu babatdaky wezipämiz türkmen kärdeşlerimiziň çemeleşmelerine doly laýyk gelýär. Bilelikde «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üstünde işleýäris we kämilleşdirýäris. Bu bolsa işewürlik üçin gurluşyk infrastrukturasy, hyzmatlar we söwda-logistika merkezleri, deňiz portlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly giň mümkinçilikleri açar» - diýip, RF-niň Hökümetiniň Başlygy Aşgabatda geçirilen Rus-türkmen işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda belledi.

Gaýtadan işleýän senagatyň ösüşleri

Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan möhüm wezipelerine laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan milli önümlerimizi öndürmek babatda ägirt uly taslamalar amala aşyrylýar. Bu taslamalary durmuşa geçirmekde gaýtadan işleýän senagat üçin çig malyň öz ýurdumyzda öndürilýändigini aýratyn bellemelidir. Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän, ýyllyk önümçilik kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamidi öndürmäge niýetlenen «Garabogazkarbamid» zawodynda öndürilýän himiki döküniň aglaba bölegi daşary ýurtly sarp edijilere iberilýär. Doly awtomatlaşdyrylan tertipde işleýän bu zawodyň sebitde deňi-taýy ýokdur. Onda Daniýanyň, Italiýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň we ABŞ-nyň häzirki zaman önümçilik tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. Zawodda öndürilen önümiň tiz wagtda iberilmegine bu ýerde gurlan ýörite gämi duralgasy giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 13-si hasa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na BAE-den, Ow­ga­nys­tan­dan, Azer­baý­jan­dan ge­len te­le­ke­çi­ler Türk­men­ba­şy­daky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len gid­rou­sul­da aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len dür­li öl­çeg­li or­ta öwüş­gin­li bo­ýa­lan sü­tük­li önüm­le­ri sa­tyn al­dy­lar. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 49 mil­li­on 582 müň dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

«Ama­zon» dün­ýä­niň iň gym­mat ba­ha­ly söw­da bel­gi­si­ne öw­rül­di

Dün­ýä­niň iň iri in­ter­net dü­kan­la­ry­nyň bi­ri «Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy «Brand Fi­nans Glo­bal 500»-iň sa­na­wyn­da dün­ýä­niň iň gym­mat ba­ha­ly söw­da bel­gi­si diý­lip yg­lan edil­di. «Brand Fi­nance Glo­bal»-yň mag­lu­ma­ty­na la­ýyk­lyk­da, 2022-nji ýy­lyň de­giş­li döw­rün­den bä­ri, ABŞ-nyň 51 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­ba­r ýit­gi çe­ken­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, «Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­niň iň gym­mat ba­ha­ly öň­ki söw­da bel­gi­si «App­le» kom­pa­ni­ýa­syn­dan oz­ma­gy ba­şar­dy.

Rowaçlyga barýan ýollar

Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine çäksiz goşant goşýan ulag-logistika ulgamynyň kämilleşdirilmegine milli we halkara derejede uly üns berilýär. Bu ulgamda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hem-de demir ýollary döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek hem-de giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ulag ulgamynda alnyp barylýan işler ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam etmek bilen, parahatçylygy pugtalandyrmaga, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge hem uly goşant goşýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ösdürmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» ulag ulg

Energetika — ykdysadyýetiň möhüm ugry

Elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini we eksportyny artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ony ulanmak arkaly senagat önümçiligi kärhanalarynyň gurulmagy pudagy ösdürmek strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlendi. Alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak üçin gysga wagtyň içinde iri taslamalar amala aşyryldy. Täze kuwwatly elektrik beketleri gurlup ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň çäklerinden müňlerçe kilometr uzap gidýän elektrik geçirijileriň birnäçesi täzelendi. Täze energetika enjamlary oturdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi dünýä we sebit energetika ulgamynda ägirt uly ähmiýete eýedir. Özümizde sebitde we dünýäde deňi-taýy bolmadyk senagat kärhanalary hereket edýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ЕСO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Owganystanly telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar.