Iň beýik söýgüdir Watana söýgi
Ata Watan ähli mukaddeslikleriň gözbaşydyr. Asyrlarboýy halkymyz bereketli topragymyzyň her bir daban ýerini gözüniň göreji deý gorap, her bir gysym topragyna söýgüsini, wepasyny siňdiripdir. Pederlerimiz nesil terbiýesinde dogduk mekana wepalylyk, watansöýüjilik duýgularynyň kemala getirilmegini hemişe baş maksat edinipdirler. Belli ýazyjymyz Osman Ödäýewiň aýdyşy ýaly, Watan — biziň ähli ýaşaýşymyzyň beýik ruhy esasydyr, ata-babalarymyzdan bize galan ruhy mirasdyr. Watan söýgüsi bolsa atalarymyzdan galan beýik mähir mirasydyr. Türkmen halkynyň merdana şahsyýetleri özleriniň edermenligi, gaýduwsyzlygy, beýik watançylyk duýgulary, ynsanperwerligi bilen watançylygyň ägirt uly nusgasyny görkezipdirler. Oguz han, Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly türkmen serkerdeleriniň at-owazasy ýedi yklyma ýaýrap, halkymyzyň geçmiş taryhyny şan-şöhrata besläpdirler. Watany söýmek, ony goramak duýgusy, hakykatdan-da, halkyň bagtyýarlygynyň, asudalygynyň kepilidir. Watançylyk türkmen halkyna ene mähri, ata göreldesi bilen arkama-arka geçip gelýän belent duýgudyr. Adamda watançylyk duýgusynyň kämilleşmegi onuň ýaşaýşa bolan höwesini artdyrýar, geljege bolan ynamyny berkidýär, ene, ata, ojak, maşgala, perzent ýaly mukaddesliklere imrindirýär.