Milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi

20 Aprel 2022
497

2021-nji «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde milli Liderimiziň Türkmenistanyň  Ministrler   Kabinetiniň we Döwlet  howpsuzlyk  Geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde türkmen alabaýynyň we onuň durmuşymyzda eýeleýän ornunyň ähmiýeti barada ýörite durup geçmek bilen, «Ata-babalarymyz bedewlerimizde öz arzuw isleglerinidir maksatlaryny, milli seçginiň ajaýyp netijesi bolan alabaýlarda    bolsa    bagtyýarlygyny görendigini, şoňa görä-de, halkymyzyň «It geldi – gut (bagt) geldi»  nakylyny   döredendigini  nygtamagy   ähli   halkymyzy buýsandyrdy. Çünki milli Liderimiziň hem belleýşi ýaly, türkmen alabaýlary halkymyzyň esasy ynsanlyk kadalaryny – batyrlygy, mertligi, wepalylygy we sabyrlylygy aňladýar.Şeýle-de  döwlet  Baştutanymyzyň adamyň dünýä inende, ony gurşap alan dürli närseleriň arasynda itleriň ynsanda hoşniýetli duýgulary döredendigi baradaky gadymy rowaýaty gürrüň bermegi, şeýle hem rowaýatlaryň tötänden döremeýändigine ünsi çekmegi, wepaly mert alabaýlaryň ynsanyň iň ýakyn dostuna öwrülmeginiň kökleriniň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyny aýan etdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiziň alabaýlaryň milli buýsanjymyzdygyny, baý mirasymyzyň aýrylmaz bölegidigini, ata-babalarymyzyň döreden milli baýlygydygyny, şoňa görä-de, alabaýy gorap saklamagyň, asyl bolşunda geljek nesillerimize ýetirmegiň biziň mukaddes borjumyzdygyny aýratyn nygtap hem-de halkymyzyň isleg-arzuwyny we haýyşyny göz öňünde tutup, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň gününi bellemek baradaky Permana gol çekmegi ähli itşynaslary buýsandyran waka boldy.