BÄSLEŞIGIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY

11 Noýabr 2022
275

   Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan itşynaslygyň şöhratly milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Türkmenleriň wepaly dostlaryna bagyşlanan esasy baýramçylyk çäreleriniň hatarynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşik aýratyn orny eýeleýär.

 Bu köpöwüşginli bäsleşigiň maksady türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamak, dünýäde wagyz etmek bilen baglanyşykly işleriň ylmy esasda kämilleşdirilmegine, milletiň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen itleriň bu tohumyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilendir. Bäsleşige gatnaşyjylaryň 20-sinden jemleýji tapgyra 10-sy gatnaşmaga hukuk gazandy. Şu gün olar «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyna mynasyp bolmak ugrunda bäsleşdiler.