Buýsanjymyzyň çägi ýok

20 Oktýabr 2021
794

– Halkymyz bedew aty ýaly, alabaý itini hem iň ýakyn, wepaly dosty hasaplaýar. Men köp ýyllar bäri alabaýlary ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýärin. Türkmen alabaýlaryna höwes mende okuwçy wagtym döredi, şol wagtlar köp gatly ýaşaýyş jaýynda ýaşaýandygyma garamazdan, obadan alabaý güjüklerini alyp gelerdim, olar üçin ýörite ýatak ýasardym. Mendäki bu höwesi aňan kakam olary iýmitlendirmekde, gezdirmekde kömek bererdi. Indi meniň ogullarym – iň ýakyn kömekçilerim. Olar kesbimi dowam etdirmäge höwesli. Türkmen alabaýlarynyň baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň birnäçe itşynaslaryna hormatly atlaryň dakylmagy itşynaslaryň buýsançly başyny göge ýetirdi. Şolaryň hatarynda menem «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ada mynasyp boldum. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Türkmen itşynaslary hakynda taýsyz tagallalary edýän milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde mundane beýläk-de rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýärin.

Haldurdy GOÇOW
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan itşynasy, hususy itşynas: