GARAGÖZÜŇ WEPADARLYGY

21 Oktýabr 2021
1213

Güýz aýynyň gelmegi bilen howa üýtgäpdi, duýdansyz ýagyş ýagyp, göz açyp ýumasy salymda obany suw-sil etdi. Şol günüň öň ýany bolsa uly halynyň erşi ýüwürdilipdi. Bägül haly dokaşmaga gelen daýzasynyň gyzy Almagüle uly jaý bilen berkidilen bassyrmanyň aşagyna ilerki kömekçi jaýdaky täze uly keçäni ýazmagy tabşyrdy. Şol wagt garaşylmadyk waka boldy. Bägül agaç sekiden aşak düşüp, ýaňy bir ädim ädenem şoldy welin, ýarym metr çemesi dik galyp, hyşşyldap duran uzyn kepjebaşy görüp, «Waý, ýylan bar!» diýip, çirkin gygyryp goýberdi. Edil daşky işigiň golaýynda öňki iki aýagyna ýassanyp ýatan Garagöz bu duýdansyz çykan sese ýerinden çalasyn galyp, uly gara ýylana tarap üýrüp, ýylan bilen çynlakaý garpyşyp başlady. Iki taraplaýyn söweş aldym-berdimlidi. Ýylanyň janhowluna agzyny giňden açyp, Garagöze tarap topulyşy aýylgançdy. Garagözem çemini tapyp, ýylanyň boýnuna agyz urmaga synanyşýardy. Bu ahwalaty görüp duran Bägül: «Eje, aý eje!» diýip, gygyrsa-da, içki jaýda aýakly maşynda köýnek tikip oturan ejesi bilen uly gyz dogany onuň sesini eşitmediler. Bägül duldegşir goňşulary Gurban daýysynyň öýüne tarap ylgady. Bägülüň, «Daýy, aý, Gurban daýy!» diýip, gygyrýan howsalaly sesine Gurban daýysy dessine daşary çykdy. Ýegeniniň öýlerine tarap elini uzadyp: «Garagöz, Garagöz ýylan bilen garpyşýar kömege ýetişiň!» diýip, daljygyp gepleýşini gören daýysy oňa sowuk suw içirip, köşeşdirdi. Asmanda aý dogup, töwerege kümüş şuglasyny saçandygy üçin daşary aý-aýdyňdy. Ähli hereketler aýyl-saýyl görnüp durdy. Gurban daýysy ogly Döwranyň adyny tutup gygyrdy, onuň sesine oglunyň ýanyndaky dostlaram ylgap geldiler. Daýysynyň: «Hany, oglanlar, ýörüň, Garagöze kömege ýetişeliň!» diýmegi bilen, wakanyň bolýan ýerine tarap ylgap gaýtdylar. Onýança, bu ala galmagala içerki otagdan ejesi dagylaram bassyrma ylgap çykdylar. Ejesi durky bilen ite ýüregi awaýan, ýylany eli bilen alaýjak bolup daşyndan elewreýän Bägüle ol ýerden uzagrakda durmagyny sargaýardy. Bu ahwalaty Garagözüň özem aňýan ýaly arasynda Bägüle tarap üýrýärdi. Bir tarapdan Garagöz, beýleki tarapdan Gurban daýysydyr oglanlaryň arasynda galan zäherli ýylanyň janhowluna gahar-gazaby ýetjek derejesine ýetipdi. Onuň golaýyna barsaň, çakjagy ikuçsuzdy.Şonuň üçin hüşgärligi elden bermeli däldi. Şol barmana ýylan bir tarapa kellesini sowdam welin, Garagöz çalasynlyk bilen onuň ýeňsesinden agyz urdy. Ýylan sypjak bolup urunýardy, emma Garagöz ony sypdyrarly däldi. Ýylan ysgyndan gaçdy. Ahyry bu aýgytly söweş öý-ojaga wepaly Garagözüň ýeňşi bilen tamamlandy. Bägül bu waka sowlandan soňra Garagözüň ýanyna baryp, onuň maňlaýyndan sypap, kellesini bagryna basdy-da: «Mähriban halasgärim, wepadar türkmen Alabaýym, bu gün sen hakyky merdanalygyňy görkezdiň. Bu darkaşda seni ýitireris öýdüp juda gorkdum» diýip, sojap-sojap aglaýardy hem Garagözüň başyny sypaýardy. Garagöz bolsa çep aýagyny Bägüliň kellesine goýup: «Sag bol» diýýän şekilde yşarat edýärdi. Dessine Garagözüň endamyndaky ýaralara melhem sürtüp, hasa bilen daňyp, suw, ýal berdiler. Ejesi tolgunyp: «Göz bilen gaşyň arasynda bu nähili ahwalat boldy, toba?!» diýdi. Soňra bu tolgundyryjy wakanyň sag-aman sowlanyna şükür edip, ýürekler köşeşer ýaly çaý içip, Garagözüň öýe getirilişi, onuň bilen çagalyk ýyllarynyň geçişi baradaky bolan wakalary ýada saldylar. Bägüliň kakasy Garagözi güjüjekkä çopan goşuna gidende getiripdi. Çagalar bu güjüjegi görüp diýseň begendiler. Ol diýseň naşyjady, gara-alaja bir eýjejik reňki bardy. Çagalar güjüjege Garagöz diýip at dakdylar. Oňa suw bilen düýe süýdüniň içine un garyp günde üç wagtyna «ýal» nahar bulamasyny elinje bişirip idetdiler. Güjüjegiň idegi ýetik bolansoň gününi sanap ulaldy, haýbatly alabaýa öwrüldi. Hemişe çagalar bilen oýnap ýörensoň, Garagöze salamlaşmagy hem öwredipdirler. Bir günem şeýle bir waka bolupdy. Alty-ýedi ýaşlaryndaky Ýazgül Garagözi öýe salyp, daşyndan ýapyp, goňşy gyzlar bilen joralarynyň ýanyna oýnamaga gidipdir. Ejesi işden gelip gapyny açsa, öňünde bir enaýy naşyja bolup bökjekläp Garagöz durmuş. Ýazgülüň ejesi muňa haýran galypdyr. Garagöz öýüň içinde çagalaryň oýunjaklaryny hezil edip oýnapdyr, ähli zatlary diýen ýaly ýerinden üýtgedipdir. Ýazgül öýe gelende, ejesi ondan näme üçin Garagözi öýe salyp, daşyndan ýapyp gidendigini soranda: «Eje, men joralarymyň ýanyna goňşulara gitdim. Garagözem ýanym bile gitse owadanja eken diýip göz degmeginden hem-de azaşyp başga ýere gitmeginden gorkup, öýe salyp daşyndan ýapyp gitdim-dä» diýip, öz ýürejigindäki pikirini aýdypdy. Şonda ejesi: «Wah, çaga akylyňa döneýin, türkmen Alabaýynyň güjügi hiç wagt azaşmaýar, olar öz ýal iýýän öýüni nirede bolsalaram tapýarlar, bala, şonuň üçin Garagöz ýiter diýip gorkma. Nirä gitse-de ýene aýlanyp geler özi» diýip düşündiripdi. Suraý hem çagalykda oýnalýan ylgaw ýaryşynda Garagöz bilen bagly wakany ýatlady. Olar ylgaşmak üçin hatara düzülende, Garagöz hem göni hataryň bir tarapynda ykjamlanyp durardy. Ylgaw başlandan soň biraz öňe ozuberse «Garagöz, dur, menden öňe geçme!» diýseň, badyny gowşadar-da seň bilen deňaýak ylgar. Garaz, guýudan suw almaga gitjek bolsaň bile guýa gidip geler, mekdebe gitseňem senden galmaz. Ýöne bir täsin ýeri Garagöz mekdebe gidende, kä öňe geçip, kä yza galyp akyllyja gidýän bolsa, mekdepden gaýdylanda, çagalar bilen oýnama häsiýeti bardy. Bägül çagalykda jigisi Myrat bilen golaýlarynda ýaşaýan mamalary Hajarbibi ejelere gidende-de, onuň ýanynda birnäçe günläp bolýan wagtlarynda-da, Garagöz olaryň ýanynda bolup, kömek edýärdi. Garagözüň mähirli wepadarlyk häsiýetinden hemmeleriň göwnüniň hoş bolandygyny ejeleri hem uly buýsanç bilen ýatlap geçdi. Garagözem bu gürrüňleri diňläp, işigiň agzynda ýatyrdy, eýeleriniň özüne bolan çäksiz mährini duýup, olara guwanç bilen ünsli seredýärdi.Gijäň ýary boldy. Her kim düşegine geçip gyşardy. Ýöne daň atýança, hiç kimiň ynjalygy bolmady, duýdansyz bolan waka hemmäni biçak tolgundyrypdy.Ertesi ir säher bilen her kim öý işlerini edip, daýylarynyň gapysynda uludan tutulýan toýa howlugdylar. Toý pişmesi, gatlakly, çelpek bişirilip, hatara toý gazanlary atarylyp, aýdym-sazyň şadyýan şowhuny bilen toýy sowdular. Toýda esasy gürrüň Garagözüň wepadarlygy, batyrlygy barada boldy. Ol wakadan bäri aý aýlanyp, ýyllar geçdi. Ýöne häli-häzirelerm oba adamlary Garagöz bilen baglanyşykly bolan wakalary uly buýsanç bilen ýatlaýarlar.

Ogulbibi TUWAKBAÝEWA
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň hünärmeni.