Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Bag ekmek— sogap

Şu günler Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň zähmetkeşleri edara-kärhanalaryň we mekdepleriň, obalaryň töwereklerinde, uly ýol ugurlarynda agaç nahallaryny oturtmak, timarlamak bilen bir hatarda arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini güýçli depginlerde alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi netijesinde, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde pürli, miweli we saýaly agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdylyp, ösdürilip ýetişdirilýär. Bu asylly ýörelge indi durmuşymyza giňden ornaşdy. Çünki bag tebigatyň gözelligini artdyrmak bilen sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasylarynyň biri bolup, ynsan saglygy üçin gymmatly baýlykdyr.

Maksatlaýyn işlere giň gerim berilýär

Ýurdumyzda tebigaty goramak, baýlaşdyrmak Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda möhüm başlangyçlaryň başyny başlaýjy we durmuşa geçiriji hökmünde çykyş edýär. Tebigata aýawly çemeleşmek meselesi ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalary bilen hem berkidilýär. Ýakynda goraghanamyzda geçirilen ylmy-tehniki maslahatda geçen ýylda ýerine ýetirilen ylmy we gorag işleri baradaky maglumatlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Toplanan maglumatlar ýyl ýazgysy kitabyny taýýarlamak üçin esas bolup durýar. Goraghanamyzyň ylmy işgärleri gadymy Köýtendagyň ekologik ulgamyny dikeltmek we gorap saklamak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetik goruny hem-de sebitiň tebigatyny goramaklygyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak işlerini alyp barýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda goraghana zolaklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça möhüm işlere giň gerim berilýär. Biziň goraghanamyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi eziz Diýarymyzyň gaýtalanmajak tebigy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Täze başlanan ýylda hem maksatlaýyn işlere guramaçylykly girişdik.

Ekologiýa abadançylygy — sagdyn ýaşaýşyň kepili

Ata Watanymyzda daşky gurşawy goramakda, tebigy serişdeleri aýawly saklamakda we peýdalanmakda asylly ýörelgelere eýerilýär, dünýä we milli tejribelere daýanylýar. Irki döwürlerden bäri bag ekmek we arassa daşky gurşawy emele getirmek halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup gelýär. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda her ýylda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň çäklerinde millionlarça bag nahallarynyň ekilmegi ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň has-da baýlaşmagyna, daşky gurşawyň arassa bolmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar» diýip nygtap geçmegi bu meseläniň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini görkezýär. Ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar ýurdumyzda tebigaty goramak we ekologiýa howpsuzlygy boýunça kanunçylyk-hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki iş amala aşyrylan mahalynda ekologiýa howpsuzlygy babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenist

Di­ýa­ryň ho­wa gur­şa­wy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Tutuş adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty, Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde örän wajyplygy hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy bilen baglydyr. Bu günki gün adamzadyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri tutuş dünýäniň üns merkezinde saklanýar. Adam bilen biosferanyň özara baglanyşygy, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak häzirki döwrüň iň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu babatda dünýä möçberde ýagdaýlara düýpli täsirini ýetirýän howanyň üýtgemek meselesi öňe çykýar. Ýer ýüzünde howanyň üýtgemeginiň dünýä ykdysadyýetine we adamzadyň geljegine edýän täsirini soňky ýyllarda geçirilen barlaglar aýdyň görkezýär.

Ýaşaýşyň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz taryhy ölçegler boýunça uzak bolmadyk döwürde täzelenişiň hoşniýetli alamatlaryny jemleýän ösüş-özgerişlere beslendi. Durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, raýat jemgyýetiniň orny hem-de jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi has-da ýokarlandy. Her bir adamyň aýratynlykda we tutuş jemgyýetiň bitewülikde bähbitlerini kepillendirýän kanunlaryň döwrebaplaşdyrylmagy, parahatçylyk arkaly ösüşiň täze belentliklerine badalga berilmegi bilen, ýaş döwletimiz umumadamzat ösüşiniň ummanyna goşuldy. Milli demokratiýany kämilleşdirmek we giňeltmek ugrunda döwletli çözgütleriň kabul edilmegi bilen, eziz Diýarymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty dünýä derejesinde belende göterildi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli merjen paýtagtymyzda geçirilen Döwlet Maslahaty möhüm taryhy waka hökmünde eziz Diýarymyzyň ýyl ýazgysynda täze sahypany açdy. Ýokary guramaçylyk we ruhubelentlik derejesinde geçen bu şanly waka ata Watanymyzyň hukuk, demokratik, dünýewi esaslarynyň mizemezliginiň, türkmen halkynyň jebisliginiň aňlatmasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatyndaky taryhy çykyşynda obasenagat toplumyny ösdürmekde we azyk bolçulygyny üpjün etmekde guwandyryjy netijeleriň gazanylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda: «Daşky gurşawy arassa saklamak,

Ekologiýa abadançylygy döwrüň derwaýys meselesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär. Ekologiýa howpsuzlygy adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, ilkinji nobatda, arassa we sagdyn ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşawa bolan hukugynyň goraglylygy, döwlet syýasatynyň bu wezipeleri çözmäge gönükdirilmegi, ykdysady, dolandyryş-guramaçylyk çäreleriniň amala aşyrylyşy ýaly ugurlary öz içine alýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiýa abadançylygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn ýaşyl zolaklaryň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýandygyny aňladýar. Tebigatyň ýagdaýyna baha bermäge ýardam edýän daşky gurşawy kadalaşdyrmak we dolandyrmak ulgamy ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde wajyp bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan çäreleriň ulgamy durnukly ösüş konsepsiýasynyň maksatlary bilen sazlaşýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda her

Ýedi ölçe-de, bir kes

Her bir işde ölçegli bolup, rejäňi bilmek gowy endik. Durmuş eşretlerinden peýdalanmak babatda-da bu ýagdaý üýtgewsizdir. Adamzat jemgyýetiniň hemişe üns merkezinde durýan azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde ölçegli, oýlanyşykly sarp ediş aýratyn ähmiýetlidir. Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgelerine uýýan halkymyzda bir döwüm çörek hem mukaddeslige deňelýär. Azyk önümleriniň yrýa edilmezligi üçin ýönekeýje düzgünleri berjaý edip, hem özümize peýda getirip, hemem tebigaty goramaga goşant goşup bileris. Sebäbi dürli ekinleri ýetişdirmek, azyklyk harytlary taýýarlamak üçin ummasyz zähmet hem-de serişde sarp edilýär. Dükandan başlanýan ýol

Wajyp ekologiýa meseleleri

Dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýan meseleleriň biri-de ekologiýa meselesi bolup, ol jemgyýet bilen tebigatyň özara täsiri we tebigatyň baýlyklarynyň rejeli peýdalanylyşydyr. «Ekologiýa» adalgasy ilkinji gezek 1869-njy ýylda ylma girizilip, ol janly-jandarlaryň daşky gurşaw bilen arabaglanyşygyny öwrenýär. Mälim bolşy ýaly, janly-jandarlaryň daşky gurşaw bilen gatnaşygy adatdan daşary çylşyrymlydyr we jandarlaryň dürli topary üçin özboluşlydyr. Şonuň üçin häzirki zaman ekologiýasy dürli ugurlaryň: ösümlikleriň, haýwanlaryň, mikroorganizmleriň ekologiýasyny, gidrobiologiýany, aerobiologiýany öz içine alyp, çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyz üçin daşky gurşawyň ilatyň saglygyna edýän täsiri (tebigy hadysalar, klimatyň üýtgemegi we başgalar); Merkezi Köpetdagyň arça we Bathyz belentliginiň pisse tokaýlaryny abat saklamak; dag ýapgytlaryndan gaýdýan sil suwlarynyň ýygnanýan ýerlerinde kiçi göwrümli suw howdanlaryny gurmak; suw baýlyklaryny hapalanmakdan goramak; içimlik suwuň hilini gowulandyrmak; arçalaryň we pisseleriň ösdürilip ýetişdirilmegini ýola goýmak; gurulýan demir we awtomobil ýollaryny çäge syrgynlaryndan goramak; «Altyn asyr» Türkmen kölüniň Baş akabasyny we onuň şahalaryny süýşýän çägeleriň basmagyndan goramak hem-de beýlekiler wajyp ekologik meseleler bolup durýar. Şu we beýleki meseleleri dogry hem-de öz wagtynda çözmek boýunça netijeli işler durmuşa geç

Daşky gurşawyň sazlaşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek, bagy-bossanlyga öwürmek babatda döwlet derejesinde toplumlaýyn we netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyz her bir çykyşynda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologiýa degişli halkara ülňülerine laýyk gelýän kanunçylyk namalary kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, bar bolan kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleri alyp barmagy nygtap geçýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we tokaýlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan işleriniň biridir. Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilýän dürli görnüşli baglar tebigatymyzyň gözelligini has-da artdyryp, ekologiýa abadançylygyny gowulandyryp, raýatlarymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Daşky gurşawyň arassa bolmagy sagdyn ýaşaýyş jemgyýetini gurmagyň gözbaşydyr. Şonuň üçin daşky gurşawyň düzüm böleklerini özünde jemleýän toprak, howa, suw, daglar, ösümlik we haýwanat dünýäsi biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, adamzadyň ýaşaýşynda möhüm orun tutýar. Sagdyn ýaşaýyş jemgyýetini döretmekde tebigatyň ajaýyp baýlyklarynyň biri hem ösümlik dünýäsidir. Ösümlik dünýäsi daş-töweregimizi bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrüp, ynsanlara ruhy lezzet ber

«Ýaşyl gurluşygyň» ajaýyp nusgasy

Milli tebigaty goraýyş strategiýasy ykdysady pudakda, durmuş ulgamynda we ekologiýa babatda wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir. Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň ýurdumyzda iň kämil binagärlik çözgütlerine esaslanmak bilen birlikde, şähergurluşygynyň ekologiýa abadançylygy bilen sazlaşygynyň nusgalyk merkezine öwrüljekdigini ynamly aýtmak bolar. Bu günki günde Arkadagly Serdarymyzyň şäheriň gurluşygynyň «akylly» we «ýaşyl» gurluşyga esaslanmalydygy baradaky talaby milli binagärlikde giňden ornaşdyrylýar. Daşky gurşawa zyýansyz bolan gurluşyklar we tehnologiýalar häzirki wagtda dünýä binagärliginiň geljegi uly ugurlaryndan biridir. «Ekogurluşyk» ýa-da «ýaşyl gurluşyk» düşünjesi gurulýan desganyň işiniň daşky gurşawa we adam saglygyna edýän täsirini azaltmaga kömek edýän çäreleriň, tehnologiýalaryň, dizaýn we inženerçilik çözgütleriniň toplumyny öz içine alýar. Ýaşyl bina ekologiýa taýdan arassa materiallary, gaýtadan dikeldilýän energiýany we desgalaryň mümkin boldugyça amatly bolmagyny, mümkin boldugyça az energiýa sarp etmegi üçin ýörite dizaýna esaslanýar. Şeýle esasda gurlan desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny abatlamak hem adaty binalary bejermekden has arzan düşýär.

Arkadag şäherinde raýatlarymyza «JAC E-J7» elektromobilleri hyzmat eder

«Soňky döwürlerde «JAC» kompaniýasy ýeňil we ýük awtomobilleri bilen uly meşhurlyk gazandy. Kompaniýanyň awtomobilleri dünýäniň ähli künjegindäki müşderilerde uly islegden peýdalanýar. Kompaniýanyň esasy köp satylýan awtomobili hökmünde «JAC J7» tapawutlandyrylýar. Geçen ýyl bolsa bu awtomobiliň elektrikleşdirilen görnüşi tanyşdyryldy» diýip, jacmotors.com saýtyna salgylanyp, salamnews web-saýty habar berýär. «JAC E-J7» dolulygyna elektrikleşdirilen ulag bolup, ol ýokary hilli ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Ulag 193 at güýjüne eýe bolan hereketlendiriji bilen üpjün edilipdir. Elektromobil 0-dan 100 km-e çenli tizlige bary-ýogy 5,9 sekuntda ýetýär.

Tebigaty goramak — döwrüň möhüm meselesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak hem-de tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda ata Watanymyzda dünýäniň we sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Utgaşykly alnyp barylýan işleriň baş maksady geljekki nesiller baradaky aladada jemlenendir. Ýurdumyzda badalga berlen maksatnamalarda hem tebigatyň gözelliklerini, daşky gurşawy gorap saklamak meselelerine aýratyn orun berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent maksatlary nazarlaýan, abadan durmuşyň aýrylmaz bölegi bolan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýaşyl tokaý zolaklary emele geldi. Hazara görk berýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky seýilgähler, Garagumuň jümmüşinde döredilen, tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýän «Altyn asyr» Türkmen köli ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramak, arassa howa gurşawyny döretmek baradaky maksatdan ugur alýar. Şunuň bilen birlikde, Hazaryň ekologiýa ulgamyny we tebigy gurşawyny aýawly saklamak, onuň baýlygyny geljekki nesillere ýetirmek hem möhüm meseleleriň hatarynda durýar. Arkadagly Serdarymyz: «Ynsan öz ömrüniň bütin dowamynda tebigat bilen özara aýrylmaz sazlaşykda, gatnaşykda ýaş

Tebigaty goramagyň hukuk binýady

Adamzat siwilizasiýasynyň kämil derejede ösýän döwründe, adam bilen tebigatyň gatnaşygy, tebigaty goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ýaly meseleler adamzadyň möhüm aladalaryna öwrülýär. Bu meseleleri çözmäge ekologik bilim we terbiýe örän uly täsirini ýetirýär. Ekologik bilim we terbiýe bolsa, adamyň ekologiýa baradaky pikirleniş medeniýetini ýokarlandyrýar. Daş-töweregi gurşap alan maddy dünýä — tebigat, adamzat ýaşaýşynyň iň möhüm şertidir. Ol adamyň durmuşy üçin çig malyň, energiýanyň, iýmit önümleriniň, suwuň, howanyň we beýleki maddy baýlyklaryň çeşmesidir. Şoňa görä-de, hojalyk işleriniň gidişinde adamzat jemgyýeti tebigata hemişe täsir edip durýar, ony özüniň bähbitlerine laýyklykda özgerdýär. Ekologiýa — organizmleriň we olaryň emele getirýän tebigy toparlanmalarynyň daşky gurşaw bilen (şol sanda beýleki organizmler we tebigy toparlanmalar bilen) özara gatnaşyklaryny öwrenýän ylmy pudak bolmak bilen, onuň durmuşdaky ähmiýeti örän uludyr.

Ekoabadançylygyň daýanjy

Tokaýlar tebigatyň ekologiki deňagramlylygyny saklamakda esasy orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, tokaýlary dikeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine, ýagny, ählihalk işine öwrüldi. Biz güýzki bag ekişlik möwsüminde amala aşyrylan çäreler barada Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylmy işgäri Aziza Furkatžanowa bilen söhbetdeş bolduk. Ol şonda şeýle gürrüň berdi: — Ýurdumyzda tokaýlaryň üç görnüşi duş gelýär. Dag tokaýlyklary — arça, badam, çöl tokaýlyklary — sazak, sözen, çerkez, gandym, kenarýaka tokaýlyklary — toraňňy hem-de emeli tokaýlar.

Tebigatyň abadançylygy ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Tutuş adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty, öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi döwletimiziň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda: «Daşky gurşawy arassa saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olary rejeli peýdalanmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip bellemegi ýurdumyzda tokaýlaryň köpeldilmeginiň ýaşaýşyň esasy serişdesi bolan howanyň arassa bolmagyny üpjün etmegiň, ykdysady ösüşiň, tebigatyň biodürlüligini gorap saklamagyň we baýlaşdyrmagyň möhüm şertidigini aňladýar. Çünki daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde örän wajyplygy hem-de tutuş ynsanyýeti tolgundyrýandygy bilen baglydyr.

Gijeki älemgoşar

Her ýyl demirgazyk yşyklaryny synlamak üçin Finlandiýa döwletine müňlerçe syýahatçy barýar. Emma muňa garamazdan, demirgazyk yşyklary gaty seýrek görünýär. Şonuň üçin hem käbir syýahatçylara ony görmek başartmaýar. Demirgazyk giňişliginde olara «demirgazyk yşyklary» diýilse, günorta bölekdäki görünýänler «günorta yşyklary» diýlip atlandyrylýar. Demirgazyk bölekde köp duş gelýändigi sebäpli alymlar olary, esasan, «demirgazyk yşyklary» diýip atlandyrýarlar. Demirgazyk yşyklary Ýeriň magnitli bölegi bilen Güneşden gelýän köp mukdardaky şöhläniň galtaşmagy esasynda emele gelýän tebigy hadysadyr. Rimde «Awrora borealis» diýlip atlandyrylýan bu yşyklar rim mifologiýasyndaky şapak taňrysy Awroranyň ady bilen baglanyşyklydyr. Maglumatlarda demirgazyk yşyklarynyň diňe gyş paslynda ýüze çykýandygy görkezilýär. Emma soňky wagtlarda alymlar olary ýylyň her paslynda görüp bolýandygyny belleýärler. Gyş paslynda howanyň, köplenç, bulutsyz bolup, beýleki wagtlara garanyňda gijäniň uzyn bolýandygy sebäpli olaryň görünmek ähtimallygy ýokarydyr. Demirgazyk yşyklaryny görmek her kişini gyzyklandyryp biler. Sebäbi olar dürli reňklerden emele gelen älemgoşary ýatladýar. Olaryň kä 10 minut, käte bütin gije görünýändigi bellenilýär. Bu Gün şöhlesiniň mukdaryna bagly bolýar.

Daşky gurşawyň gözelligi

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramakda ekologiýa syýasaty mynasyp orun tutýar. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolan serişdeleriň galyndysyz peýdalanylmagyny gazanmak esasy wezipe hökmünde kesgitlenýär. Baş maksat hökmünde jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda hemmetaraplaýyn durnukly ýaşyl ösüş konsepsiýasy çykyş edýär. Ösüşiň ekologiýa böleginiň esasy wezipeleri bolsa, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy ekologiýa ulgamlaryny, biologik we landşaft dürlüligini saklap galmak, ýerleriň ýaramazlaşmagyny mümkin bolan derejede peseltmek, ilaty tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň zyýanly täsirlerinden goramagyň degerli ulgamyny döretmek, daşky gurşawyň hilini gowulandyrmak arkaly ekoulgamlaryň ýaşaýşa ukyplylygyny ýokarlandyrmak, hojalyk işiniň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny berjaý etmegiň ykdysady esasynyň höweslendiriji ulgamyny döretmek we ekologiýa auditi ulgamyny ösdürmek bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda tebigaty goramak, daşky gurşawyň ekologiýa taýdan arassalygyny saklamak ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylyp, Milli tokaý m

Tebigaty goramak mukaddes borçdur

Tebigatda ähli zadyň öz orny, ýerine ýetirýän hyzmaty bar. Daş-töweregimizi gurşap, ýaşaýyş-durmuşymyzy, obalardyr şäherçelerimizi, şäherlerimizi bezeýän ýaşyl baglar, goýny gözelliklerden doly, haýbatly gara daglar, suwunda dürli balyklar ýüzüp, üstünde guşlar uçýan deňiz-derýalar, ösümlik hem haýwanat dünýäsi... — ähli zat goraga mätäç. Tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsinden aýawly peýdalanmak, onuň baýlygyny gorap, gözelliklerini geljekki nesillere hem miras goýmak üçin ata-babalarymyz uly alada edipdirler. Suwa, ýere, baglara, haýwanat dünýäsine çemeleşilende, örän seresap bolmalydygy, aýawly garamalydygy barada yrym-ynançlary, adat-ýörelgeleri döredipdirler. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy arassa saklamaga, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge we olary netijeli peýdalanmaga, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Gök zolaklary döretmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşmek babatdaky bütindünýä işine ägirt uly goşantdyr. Berkarar döwletimizde her ýyl ýaz we güýz pasyllarynda ählihalk bag ekmek çäresiniň geçirilmegi he

Zeminiň zynaty

Gözelligiň göwher gaşyna, Aziýanyň merjenine deňelýän mähriban paýtagtymyz Aşgabat bu gün diňe dünýäniň has ösen we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň arasyndaky ornuny pugtalandyrman, eýsem, Ýer ýüzüniň ekologiýa taýdan iň arassa şäherleriniň birine hem öwrülýär. Aşgabadyň şaýollarydyr köçeleriniň ugrunda döredilen ýaşyl zolaklaryň, gür bagly seýilgähleriň ýylyň islendik paslynda gök öwsüp oturmagy şäherimizde arassa howa gurşawynyň döredilmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary bilen alnyp barylýan gözel paýtagtymyzy mundan beýläk hem kämilleşdirmek we abadanlaşdyrmak işleri bilen bir hatarda, onuň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmeklige hem uly üns berilýär. Ak şäherimizi arassa howa gurşawy bilen üpjün etmekde örän uly ähmiýete eýe bolan sapaly seýilgählerimiz paýtagtymyzyň özboluşly binagärliginiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ähli amatly şertler döredilen şeýle ajaýyp seýilgählerde medeniýetli, tebigatyň özboluşly gözelligini synlap, dynç almak bolsa adamyň döredijilikli we üstünlikli işlemegi üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. 

Köýtendag — hazynalar mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ekologiýanyň abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly meseläni döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürmek bilen, tebigy gözelliklerimiziň goralyp saklanylmagy we baýlaşdyrylmagy barada yzygiderli alada edýär. Munuň şeýledigini ýakynda Türkmenabat şäherinde geçirilen: «Köýtendag türkmen tebigatynyň täsinliklere baý bolan ajaýyp künjegidir» atly maslahat hem anyk subut edýär. «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygar astynda geçirilen bu maslahat Köýtendagyň ekoulgamyny goramak we baýlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek baradaky meselelere bagyşlandy. Men bu maslahat barada welaýat «Türkmen gündogary» gazetinde çap edilen makalany okap tanyş boldum we juda begendim. Çünki men talyp, özümem ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdebiniň biologiýa fakultetinde okaýaryn. Şeýle bolansoň tebigat mowzugy maňa juda ýakyn we eziz Diýarmyzyň ajaýyp tebigatyny öwrenmek, gorap saklamak we baýlaşdyrmak bilen baglanyşykly her bir ädim meniň üçin uly mekdep. Üstesine-de, özüm hem bu ugurdan ylmy iş bilen meşgullanýaryn.