Döredijilik işi bilen sportuň baglanyşygy
Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Saragt Babaýew öndürijilikli işleýän heýkeltaraş hökmünde tanalýar. Ýedi onlugy arka atan halypa heýkeltaraş bilen bu saparky gürrüňdeşligimiz onuň döredijilik işi barasynda däl-de, saglygyň girewi bolan sport, sagdyn durmuş ýörelgesi hakynda boldy. — Halypa, her gezek ussahanaňyza gelenimizde, täze-täze eserleriňiz bilen gyzyklanýardyk welin, bu gün gürrüňimizi ussahanaňyzda duran welosipedden başlaýsak diýýärin. Bu döredijiligiň sportdan üzňe däldiginiň güwäsimi?!