Halkara Bäsleşigiň II tapgyry geçirildi

11 Noýabr 2022
135

Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen        we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen    alabaýlary özleriniň aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýar hem-de tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramçylygy mynasybetli türkmen alabaýlarynyň arasynda halkara bäsleşikler, tapgyrlaýyn esasda geçirilýär.

   Oktýabr aýynyň 26-na Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşan 70-e golaý alabaýdan duýgurlygy, düşbüligi, daşky görnüşi, hüşgärligi şeýle hem bellenen päsgelçiliklerden birkemsiz geçip tapawutlananlaryň 20-si gatnaşdy. Halkara bäsleşige badalga berilmezden ozal, oňa gatnaşýan türkmen alabaýlary gözden geçirilip, weterinar lukmanlar tarapyndan saglyk ýagdaýlary barlanyp, olara kepilnamalar hem-de ýörite san belgileri berildi. Şol belgiler bilen hem türkmen alabaýlary bäsleşik meýdançasyna çykdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, türkmen alabaýlary tomaşaçylaryň öňünden geçip, öňde duran dürli päsgelçiliklerden — geçmekleri boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Eminleriň gelen gutarnykly netijeleri halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş etjek türkmen alabaýlaryň 10 sanysy belli bolar.