Maşgala abadançylygynyň berk binýady
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýaş raýatlaryň, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmaga, jemgyýetiň ilkinji we möhüm düzüm bölegi hasaplanýan maşgalany hemmetaraplaýyn goldamaga örän uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň üçin döwletimizde kämil hukuk binýady döredildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar. Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň özara razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyrlar. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar. Kämillik ýaşyna ýeten çagalar ata-eneleri barada alada etmäge, olara kömek bermäge borçludyrlar. Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip kesgitlenendir. Munuň özi döwletimiz tarapyndan maşgala, onuň abadançylygyna we bagtyýarlygyna, ony hemmetaraplaýyn goldamaga, ýaşlaryň