Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

DÜNÝÄ ÝAŇ SALAN NAGYŞLAR

2022-nji ýylyň 26–28-nji ýanwary aralygynda paýtagtymyzda «Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gym-matlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy amaly maslahat we onuň bilen ugurdaşlykda guralan sergi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Forumyň açylyş dabarasy milli taryhy-medeni mirasymyza, arheologik tapyndylara hem-de «tazy guýruk», «it ýatak», «güjük yzy» ýaly gadymy   göllere bagyşlanan wideoşekilleriň görkezilmegi bilen badalga aldy. Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň etnografik ekspozisiýalary, dürli döredijilik mekdepleriniň çeperçilik ugruny  aýdyňlygy bilen açyp görkezýän  küýzegärçilik sungatynyň nusgalaryny, kilimler, haly we haly önümlerini, zergärçilik şaý-sepleri öz içine alýan amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Guramaçylykly sergide Arkadag Prezidentimiziň kitaplaryna aýratyn orun berildi. Ýörite meýdançalarda saýlama türkmen alabaý itleriniň görkezilmegi çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Alabaýlaryň görkezme çykyşlarydabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olar öz türgenleriniň gulluk buýruklaryny ýerine ýetirmekde ajaýyp taýýarlyklaryny görkezdiler.

«BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ WASPY» ATLY HOŞALLYK MASLAHATY

2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Arkadag Prezidentimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy we ol ýerde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary  tarapyndan  Zaman atly taýçanak bilen bir günde dünýä inen  türkmen  alabaýyna at dakyp bermek Arkadag Prezidentimizden haýyş edildi. Arkadag Prezidentimiz täze doglan alabaýy synlap, alabaýlaryň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan behişdi ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Olar  türkmeniň sazlaşyk, gözellik,  maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkymyzyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini emele getirýär.    Arkadag Prezidentimiz ýakynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde maslahatlaşylyp kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa Eýýam diýip at goýdy. Arkadag   Prezidentimiz «Goý,   bu   alabaý   ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň  täze  eýýamynyň  batly gadamlarynyň, halkymyzyň belent ruhunyň nyşanyny özünde jemläp, edermenligiň, wepadarlygyň ajaýyp nusgasyny görkezsin!» diýip, ýagşy arzuw

Milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi

2021-nji «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde milli Liderimiziň Türkmenistanyň  Ministrler   Kabinetiniň we Döwlet  howpsuzlyk  Geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde türkmen alabaýynyň we onuň durmuşymyzda eýeleýän ornunyň ähmiýeti barada ýörite durup geçmek bilen, «Ata-babalarymyz bedewlerimizde öz arzuw isleglerinidir maksatlaryny, milli seçginiň ajaýyp netijesi bolan alabaýlarda    bolsa    bagtyýarlygyny görendigini, şoňa görä-de, halkymyzyň «It geldi – gut (bagt) geldi»  nakylyny   döredendigini  nygtamagy   ähli   halkymyzy buýsandyrdy. Çünki milli Liderimiziň hem belleýşi ýaly, türkmen alabaýlary halkymyzyň esasy ynsanlyk kadalaryny – batyrlygy, mertligi, wepalylygy we sabyrlylygy aňladýar.Şeýle-de  döwlet  Baştutanymyzyň adamyň dünýä inende, ony gurşap alan dürli närseleriň arasynda itleriň ynsanda hoşniýetli duýgulary döredendigi baradaky gadymy rowaýaty gürrüň bermegi, şeýle hem rowaýatlaryň tötänden döremeýändigine ünsi çekmegi, wepaly mert alabaýlaryň ynsanyň iň ýakyn dostuna öwrülmeginiň kökleriniň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyny aýan etdi. Mundan başga-da, milli Liderimiziň alabaýlaryň milli buýsanjymyzdygyny, baý mirasymyzyň aýrylmaz bölegidigini, ata-babalarymyzyň döreden milli baýlygydygyny, şoňa g

Türkmen aw tazysy

Hormatly Prezidentimiziň düýpli aladalarynyň netijesinde milli baýlyklarymyzy öwrenmekde halkara derejesinde durmuşa geçirilýän döwletli işleriň ähmiýetliligi ýokarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» eseri adamzadyň itşynaslyk babatda müňýyllyklar içre toplan gymmatly durmuş tejribesiniň pähim-paýhas känine has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär. Gadymyýetden şu güne ýetirilen milli gymmatlyklaryň esasyndaky durmuşyň wajyp ýörelgeleriniň özboluşly beýanyny özünde jemleýän bu kitapda türkmen tazysy barada iňňän gymmatly maglumatlar berlip, ol biziň milli awçylyk ýörelgelerimizi öwrenmekde juda gymmatly çeşmedir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly çuňňur mazmunly ylmy-pelsepewi kitabynyň 220-nji sahypasynda keremli topragymyzda aw tazysynyň sap ganly tohumyny döretmek üçin parasatly atalarymyzyň irginsiz yhlas-zehiniň siňdirendigini tekrarlap şeýle ýazýar: «Birnäçe asyrlaryň dowamynda türkmenler sakçy itleriň, ýagny goýun itleriň hem-de çalasyndan algyr aw tazylarynyň ajaýyp tohumlaryny kemala getiripdirler. Türkmen itleriniň asla gaýtalanmajak ajaýyplyklaryny türkmen arwanasy hem-de meşhur ahalteke atlary bilen ýaýdanman bir hatarda goýsa bolar». Biziň ýurdumyzda gadymy awçy tazylaryň tohumy edil türkmen alabaýynyň sap ganlylygynyň goralyşy ýaly aýratyn üns berlip saklanypdyr. Olaryň awçylyk, yz çalmak, çalasyn hereket etmek endiklerini kämilleş

Jeýtun medeniýetiniň itşynaslyk mirasy

Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli goldaw-hema ýaty bilen milletimiziň mertebesine deňelýän milli mirasymyz, şolaryň hatarynda umumadamzat medeniýetiniň ajaýyp nusgalarynyň biri bolan türkmen itşynaslyk sungatynyň taryhyny arheologiýa we etnografiýa taýdan çuň öwrenmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işiň barha rowaçlanmagy üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan esaslandyrylan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň edýän tagallalary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, biziň günlerimize ýönekeý depe görnüşine gelip ýeten ýadygärlikleriň galyndylary dabarasy daglar aşan uly şäherleriň, söwdanyň we medeniýetiň ösen iri merkezleriň taryhy yzlarydyr. Arheologlaryň, etnograflaryň belent diwarly binagärlikleriň galyndylarynda, gadymy diňlerde, üstünden müňýyllyklary geçiren kümmetlerde, galalarda hem-de olaryň töwereginde ýaýylyp gidýän köne ýaşaýyş mähellelerinde geçirýän ylmy gözlegleri netijesinde henize çenli mälim bolmadyk syrly maglumatlaryň ençemesi ýüze çykarylyp, olar taryhymyzyň şan-şöhratly sahypalarynyň ýazylmagyna ygtybarly esas bolýar. Şundan ugur alsak, arheologiýa tapyndylar, etnografiýa gymmatlyklar iňňäniň ujy ýaly kiçijik hem bolsa, ylmy taýdan ägirt  uly ähmiýete eýedir. Sebäbi, şol gymmatlyklar tutuş adamzadyň medeni ösüşini äşgär edýär. Şonuň bilen birlikde şol gymmatly tapyndylar dünýäniň taryhyny öwrenmekde mälim däl tä

GARAGÖZÜŇ WEPADARLYGY

Güýz aýynyň gelmegi bilen howa üýtgäpdi, duýdansyz ýagyş ýagyp, göz açyp ýumasy salymda obany suw-sil etdi. Şol günüň öň ýany bolsa uly halynyň erşi ýüwürdilipdi. Bägül haly dokaşmaga gelen daýzasynyň gyzy Almagüle uly jaý bilen berkidilen bassyrmanyň aşagyna ilerki kömekçi jaýdaky täze uly keçäni ýazmagy tabşyrdy. Şol wagt garaşylmadyk waka boldy. Bägül agaç sekiden aşak düşüp, ýaňy bir ädim ädenem şoldy welin, ýarym metr çemesi dik galyp, hyşşyldap duran uzyn kepjebaşy görüp, «Waý, ýylan bar!» diýip, çirkin gygyryp goýberdi. Edil daşky işigiň golaýynda öňki iki aýagyna ýassanyp ýatan Garagöz bu duýdansyz çykan sese ýerinden çalasyn galyp, uly gara ýylana tarap üýrüp, ýylan bilen çynlakaý garpyşyp başlady. Iki taraplaýyn söweş aldym-berdimlidi. Ýylanyň janhowluna agzyny giňden açyp, Garagöze tarap topulyşy aýylgançdy. Garagözem çemini tapyp, ýylanyň boýnuna agyz urmaga synanyşýardy. Bu ahwalaty görüp duran Bägül: «Eje, aý eje!» diýip, gygyrsa-da, içki jaýda aýakly maşynda köýnek tikip oturan ejesi bilen uly gyz dogany onuň sesini eşitmediler. Bägül duldegşir goňşulary Gurban daýysynyň öýüne tarap ylgady. Bägülüň, «Daýy, aý, Gurban daýy!» diýip, gygyrýan howsalaly sesine Gurban daýysy dessine daşary çykdy. Ýegeniniň öýlerine tarap elini uzadyp: «Garagöz, Garagöz ýylan bilen garpyşýar kömege ýetişiň!» diýip, daljygyp gepleýşini gören daýysy oňa sowuk suw içirip, köşeşdirdi. Asma

Kärine ussat halypa

Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmeniň wepaly alabaýydyr. Türkmeniň gapysyny onuň ahalteke bedewinden, arwana düýesinden, türkmen alabaýyndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Biz hem türkmen alabaýlary hakynda giňişleýin gürrüň etmegi, makalanyň sözbaşysynda aýdylyşy ýaly kärine ussat halypa, hususy itşynas Döwletmyrat Kürrükow bilen söhbetdeşligimizi taýýarlamagy makul bildik. – Döwletmyrat, söhbetdeşligimiziň başynda ýurdumyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işleri hakynda durup geçäýsek... – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde ata-babalarymyzyň bize miras goýan gymmatlyklary, dünýä medeniýetini ösdürmekde, ylmy esasda düýpli öwrenmekde we şu günki hem-de geljekki nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başlangyjy bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi türkmen itşynaslarynyň ýeten belent derejesini bu gün dünýä ýüzüne mälim edýär.Geçen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda türkmen alabaýlarynyň tohum ugurlary, olary saklamagyň, idetmegiň hemde itlere baş öwretmegiň inçe syrlary hakynda bilimleri, ylmy we halk tejri besini geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen 2020-nji ýylyň maý aýynda Türkmen alabaý itleri assosi

Buýsanjymyzyň çägi ýok

– Halkymyz bedew aty ýaly, alabaý itini hem iň ýakyn, wepaly dosty hasaplaýar. Men köp ýyllar bäri alabaýlary ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýärin. Türkmen alabaýlaryna höwes mende okuwçy wagtym döredi, şol wagtlar köp gatly ýaşaýyş jaýynda ýaşaýandygyma garamazdan, obadan alabaý güjüklerini alyp gelerdim, olar üçin ýörite ýatak ýasardym. Mendäki bu höwesi aňan kakam olary iýmitlendirmekde, gezdirmekde kömek bererdi. Indi meniň ogullarym – iň ýakyn kömekçilerim. Olar kesbimi dowam etdirmäge höwesli. Türkmen alabaýlarynyň baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň birnäçe itşynaslaryna hormatly atlaryň dakylmagy itşynaslaryň buýsançly başyny göge ýetirdi. Şolaryň hatarynda menem «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ada mynasyp boldum. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Türkmen itşynaslary hakynda taýsyz tagallalary edýän milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde mundane beýläk-de rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýärin.

Buýsanjymyzyň çägi ýok

– Türkmen alabaýlarynyň hormatyna baýramçylyk döredilip, onuň hem ilkinji gezek şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilmegi buýsançly wakadyr. Şu baýramçylyk günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Permanyna laýyklykda maňa «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyň eýesi bolmak bagty nesip etdi. Çekýän ujypsyzja zähmetimize ýokary baha berip, hormatly ady dakan milli Liderimize ähli itşynaslaryň adyndan köp sagbolsun aýdýarys. Men alabaýy çagalykdan bäri saklaýaryn, olary söýýärin. Häzir hem özümiň birnäçe alabaýlarym bar. Olar juda edermen, wepaly, düşbi hem çydamly jandarlardyr. Gahryman Arkadagymyzyň alabaýlar hakyndaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýän «Türkmen alabaýy» atly kitaby biz – itşynaslar üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr. Türkmeniň wepaly alabaýyny sarpalamak, gorap saklamak, geljek nesillere ýetirmek babatda biz – itşynaslara ähli mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

DÜZÜMLEÝIN DESGALARYŇ AÇYLYŞY

2021‑nji ýylyň 25-nji aprelinde ilkinji gezek bilelikde bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň çäklerinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň, şeýle hem, teleköpri arkaly beýleki düzümleýin desgalarynyň Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezleriň – açylyş dabaralary geçirildi.Täze desga Köpetdagyň eteginiň gözel künjekleriniň birinde guruldy, çünki bu ýeriň tebigaty şol maksatlar üçin amatly bolup durýar. Toplumyň çäginde dolandyryş binasy, işgärler üçin bina, barlag-goýberiş nokady, dynç almak üçin ýer göz öňünde tutulan. Şeýle hem it ýatagynyň hojalyk binalarynyň ikisi, her biri 20 orunlyk ithanalar, itleri naharlamak üçin kömekçi jaýlar, weterinar gullugynyň bölümleri we izolýator üçin bina guruldy. Bulardan başga-da, toplumda itleri gezdirmek, şeýle hem görkezme çykyşlary üçin 1 müň tomaşaçy orunlyk münberi bolan ýörite meýdança bina edildi. Onuň golaýynda türgenleşik meýdançasy bar, onda itlere baş öwretmek we tälim bermek üçin niýetlenen päsgelçilikler zolagy göz öňünde tutulan. Awtoulaglar üçin duralgalar, şol sanda itleri daşamak üçin ýöriteleşdirilen awtoulaglara niýetlenen duralgalar, tehniki we beýleki kömekçi desgalar bar. Toplumyň wezipesine itleriň howpsuzlygyny we oňaýly saklanylmagyny üpjün etmek, onuň gaçmak ýa-d

NAÝBAŞY GYMMATLYKLARYŇ MERKEZI

2021‑nji ýylyň 21-nji aprelinde paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleriň mynasyp dowamy boldy. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejesinde ösdürmek boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň taryhy gelip çykyşyny, şu günki günlere gelip ýetişini we milli aýratynlyklaryny ylmy esasda düýpli öwrenmek boýunça ähli şertler döredilýär. Türkmen alabaýy dostlugyň we wepalylygyň halkara nyşanyna öwrülýär. Ajaýyp, gözelligi boýunça kämil behişdi bedewlerimiz hem-de edermen alabaýlarymyz ähli döwürlerde türkmen halkynyň wepaly dostlary, buýsanjy we baýlygy hasaplanyp gelindi. Bu gün gadamy batly ahalteke bedewi hem-de gaýduwsyz alabaýlarymyz düýpli özgertmeler we ösüş ýolunda uly üstünlikleri gazanýan Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Täze merkezi binanyň birinji gatynda muzeý ýerleşdirilip

Garaşsyzlygyň ⅩⅩⅩ ýyllyk şanly toýuna

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesine esaslanýan, parahatsöýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň barha rowaçlanmagy netijesinde, yurdumyzyň ykdysady kuwwaty günsaýyn artyp, halkara abraý-mertebesi barha pugtalanýar. Indi Türkmenistan dünýä derejesinde depginli ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, hemişelik Bitaraplyk daşary syýasatyny ýöredýän döwlet hökmünde doly ykrar edildi. Ýurdumyzyň her bir güni toýdur-baýramlara şatlyk-şowhuna beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy ýurdumyzda giňden bellenilip, baýramçylyk mynasybetli açylyp ulanylmaga berilýän desgalaryň sany günsaýyn artýar. Garaşsyzlyk – bu biziň baş baýramymyz. Biz oňa buýsanç bilen mukaddes Garaşsyzlygymyz diýýäris.Ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmegidir, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydyr. Mukades Garaşsyzlyk baýramymyzyň göwün galkyndyryjy ýakymly howasy durmuşymyzy gurşap aldy. Bu günler bagtyýarlygyň gujagynda ýaýnaýan her bir raýatyň ýüregi Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşly sözlerden püre-pürdür. Garaşsyzlyk! Sen biziň ilimize egsilmez bagt bolup geldiň, kalbymyza buýsanç nuruny çaýdyň, güýjümize güýç goşup, ýüreklerimize ajaýyp, gaýtalanmajak owaz bolup dolduň! Bu baýram bagtyýarlyk döwründe döwletimizi gülledip ösdürmek we öňümi

SÖZDEN DIKILEN HEÝKEL

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabyna hem-de adybir goşgusyna ýürek sözi.Köneler täze dünýä inen iňňä bäbejigiň, ýap-ýaňy tamdyrdan çykan gyzgyn çöregiň, Nowruzy buşlap açylan now gülüň ysyny jennetiň ysyna deň görüpdirler. Bu aýdylanlara ýap-ýaňy çapdan çykan kitabyň ysynyň-da dahyllydygy barada oýlanýaryn, ynha, hormatly Prezidentimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitabynyň gatyny açyp oturyşyma.Bu duýgular, näme üçindir, maňa it ýylynyň – 2018-nji ýylyň bosagasynda paýtagtymyzda türkmen alabaýynyň – Wepalynyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşan pursatlarymy ýatlatdy. Alabaýyň heýkeli we alabaý baradaky kitap. Aslynda, olaryň ikisi-de bir zat ahyry. Bu kitap, hakykatdan-da, türkmeniň wepaly alabaýyna Sözden dikilen heýkel! Ylahy heýkel! Söz bolsa alyslara galýan ýeke-täk närse dälmi näme?! Elbetde, kitapda-da giňişleýin beýan edilişi ýaly, alabaý – türkmeniň asyrlaryň dowamynda hemra bolup gelen wepaly dosty, syrdaşy. Şeýle-de bolsa, ol barasynda milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” eseri ýaly şeýle köpgyraňly, şeýle derejeli kitabyň häzire çenli ýazylmandygyny aýdan ýagşy. Bu Söz – öňde-soňda hut türkmeniň dünýä ýetirmeli Sözi! Bu Söz – hut türkmen Lideriniň dünýä ýetirmeli Sözi! Bu Söz hem-ä tamdyrdan ýaňy çykan çörek deý täze Söz, hemem türkmen alabaýynyň müňlerçe  ýyllyk taryhyna barabar gadymy Söz! Kitapda ynsan ilki tüm Zemine gelende, onuň daşyny her

Altyndpe –itşynaslyk tejribeleriniň arheologiýa mirasy

Ýurdumyzda türkmen alabaýynyň taryhy yzlary hem-de milli itşynaslyk tejribeleriniň gözbaşlary barada gymmatly maglumatlary aýan edýän dürli döwürlere degişli tapyndylar örän köp ýüze çykaryldy. Olaryň arasynda Altyndepe ýadygärliginiň arheologiýa mirasy aýratyn ähmiýetlidir.Altyndepe ýadygärligi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynyň 3 km gündogarynda ýerleşýär. Ýadygärlik gadymy Mäne we Çäçe derýalarynyň arasynda ekerançylaryň we maldarlaryň gadymy obasynyň çäginde döredilipdir. Bu gadymy ýadygärlikde düýpli gazuw-agtaryş işlerini geçiren arheolog, akademik W.M.Masson «Altyndepe» atly ylmy monografiýasynda ýadygärligiň döreýşi we onda ýaşaýşyň dowam eden döwürlerinde gazanylan medeni galkynyşlar barada şeýle ýazýar: «Biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllygyň ikinji ýarymyndan başlap Mäne we Çäçe derýalarynyň kenarlary gadymy ekerançylar tarapyndan özleşdirilip başlanýar. Netijede, bu sebitde gadymyýetiň iri oturymly ekerançylyk merkezleri bolan Altyndepe hem-de Ýylgynlydepe ýadygärlikleri döreýär».Altyndepeden ýüze çykarylan arheologik tapyndylar diňe bir eziz Watanymyzyň köp müňýyllyk taryhyny däl,eýsem, tutuş Orta Aziýa sebitiniň şöhratly geçmişini öwrenmekde ylmy taýdan iňňän wajyp ähmiýete eýedir. Sebäbi Altyndepe tutuş sebitde bürünç metalynyň ilkini ulanylyp başlanan senetçilik merkezleriniň biridir. Adamzat nesli tarapyndan bürünç metalynyň ulanylyp başlanmagy bo

USSADYŇ IŞINDE ALABAÝYŇ KEŞBI

Şaýat bolşuňyz ýaly, türkmen alabaýy halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde sungatyň ähli görnüşinde öz beýanyny tapýar. Munuň aýdyň mysalyny bolsa heýkeltaraşlyk sungatynda göräýmeli. Türkmen alabaýynyň keşbi siňen heýkeller ýurdumyzyň belli-belli ýerleriniň bezegine öwrülip, halkymyzyň ruhy şatlygyny goşalandyrýar. Bu göreldeli işde özüniň çuň zehini, çyn zähmeti bilen gadyr tapan, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň adyny nygtap geçmek ýerlikli bolsa gerek. Ýöne biz aýny wagtynda öz işiniň ussady Saragt aganyň adyny diňe belläp geçmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň bilen söhbetdeş bolmagy-da göwnemakul hasapladyk. Saragt Babaýewiň dürli şahsyýetleriň, hadysalaryň, gymmatlyklaryň... keşpleri siňen ululy-kiçili heýkellerden ybarat ussahanasyna barmazdan öňinçä, onuň türkmen alabaýlaryna bagyş eden birnäçe işlerine syn etdik. Olarda nähilidir bir näadatylyk bar. Olaryň hikmeti, megerem,ussadyň ýatlamalarynda saklanandyr...Şeýle pikirlere güýmenip, bärden barsak, biziň maksadymyzy aňan ýaly, Saragt aga iş üstünde, aýratynam türkmen alabaýlaryna bagyşlanýan täze işiň üstünde gümra eken. Tüýs bagty gelen bolduk. Uzak hal-ahwal soraşmadan soň, söhbetdeşlige başladyk. Bu söhbetdeşligi ýazmakdan baş maksadymyzyň türkmen alabaýlarynyň keşbi siňen heýkeller hakyndadygyny aňan ussat gürrüňi şondan başlady. «Hawa, alabaýlar hakynda gürrüň edilmeli bolsa, meniň-ä, ilkinji nobatda,

MILLI MIRASY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA HALKARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÖSÜŞI

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri dünýä-de türkmen halkynyň taryhy-medeni milli mirasyny gorap saklamak we ýaýratmakdyr. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möhümleriniň biri täsin tohum bolan Türkmen alabaýynyň sanyny köpeltmekdir. 2020-nji ýylyň maý aýynda “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredildi, onuň esasy maksady bolsa milli seçip alyş usullaryny we iň gymmatly häsiýetleri gowulandyrmak üçin häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ulanyp, alabaýlaryň sanyny artdyrmak boýunça milli mekdebiň iň gowy däplerini dowam etdirmekdir. Türkmen alabaýlary beýleki köp tohumlardan tapawutlanýarlar. 2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Halkara “Türkmen alabaý itleri“ assosiasiýasynyň esaslandyryjylarynyň ýygnagy Aşgabatda onlaýn ýagdaýda geçirildi, men oňa Gruziýanyň Kinologiýa federasiýasynyň adyndan gatnaşdym. Bu çärä gatnaşmak we Halkara assosiasiýasynyň döredilmegi bilen gutlamak üçin berlen pursat üçin ýene-de bir gezek sag bolsun aýdasym gelýär. Gün tertibine «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny üýtgedip gurmak we onuň binýadynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek meselesi girdi. Şeýle hem çäräniň çäginde Halkara assosiasiýasynyň Tertipnamasynyň taslamasyna garaldy we tassyklandy, daşary ýurtly agzalary, ýerine ýeti

Wepaly

Gadym zamanlarda gum içindäki obalaryň birin- de ömrüni goýun yzynda geçiren çopan bar eken. Çagalykdan çopançylyga baş goşansoň, onuň hakyky ady ýatdan çykyp, ýaşuly-ýaşkiçi hemmeler oňa “Çopan aga” diýip ýüzlenipdirler. Sürini ýeke özi bakýanam bolsa, ol obada ýygy-ýygydan görner eken.Obadaşlarynyň ýasyna, toýuna gatnaşypdyr, ýöne uzak eglenmän, duýdansyz gelşi ýaly, duýdansyz hem sürüsiniň ýanyna gidipdir. Günleriň birinde obada uly toý tutulypdyr. Bagşynyň ýakynynda dünýäni unudyp aýdym diňläp oturan çopana gözi düşen degimsiziň biri ara böwşeňlik düşen badyna:– Çopan aga, “Çopana meýlis haram” diýýäler welin, obanyň bir ýerinde tüsse çyksa, ilki sen tapylaýýaň. Süriňi kime ynanyp gaýdýaň? Ýa mal bakýan diýip, bizi aldap ýörmüň? – diýip, ýoknasyzyny diýip goýberipdir. Ses gelen tarapa agraslyk bilen sereden çopan:– Men ilki-hä, käbirleri ýaly “Bu gün nireden garnymy doýrarkam?”diýip ýörenlerden däl. Ikinjidenem, meniň toýumy sowjak, ýasymy geçirjek, kyn günümde dogan ornunda durup biljek adamlar şu oturanlar. Sürini bolsa dostuma tabşyryp gaýtdym – diýipdir. Ýaňky adam ýene-de: -Bu zamanlarda bir süri goýny ynanar ýaly dostuň bolup biljekdigine men-ä ynanamok. Şol dostuň kimkä? Bizem bilip goýaýsak... –diýipdir. Çopan:– Ol meniň türkmen alabaý itim. Adyna-da Wepaly diýýäler, adyna mynasypdyr. Ynanmasaň, barlap göräý – diýen dessine hälki adam böküp ýerinden turupdyr we itiň

HALKARA FORUM

2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda paýtagtymyzda ýerleşýän “Arçabil“ myhmanhanasynda wideoaragatnaşyk arkaly Halkara “Türkmen alabaý itleri“ assosiasiýasynyň esaslandyryjylarynyň mejlisi geçirildi. «Arçabil»myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen foruma daşary ýurtly hünärmenleriň – ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilikguramalarynyň, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, şeýle-de wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ermenistandan, Belgiýadan, Belarusdan, Gruziýadan, Eýrandan, Hytaýdan, Russiýadan,Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Fransiýadan we beýleki yurtlardan kinologiýa federasiýalarynyň, assosiasiýalarynyň, klublarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny üýtgedip guramak we onuň binýadynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek bilen bagly meseleler girizildi. Hususan-da, bu assosiasiýanyň Tertipnamasynyň taslamasyna garaldy hem-de tassyklanyldy, onuň daşary ýurtly agzalary Ýerine ýetiriji komitetiň, gözegçilik-derňew toparynyň we ýolbaşçy düzüminiň agzalygyna saýlanyldy. Bulardan başga-da, assosiasiýanyň welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça bölümleri döredildi we onuň başlyklary saýlanyldy. Foruma ýygnananlaryň belleýşi ýaly, milli gymmatlyklary gorap saklamak we dünýä  ýaýmak h

Türkmen alabaýlaryny ýetişdirmegiň halk tejribesi

Halkymyzyň geçmiş taryhyna syn etseň, türkmen alabaý itlerini ýetişdirmegiň juda baý tejribesiniň kemala gelendigini görmek bolýar.Türkmen alabaý tohumyndan bolan itler öý sakçysy, goýun iti, emläk sakçysy, kerwen sakçysy etmek maksady bilen ýetişdirilipdir. Biz goýun itlerini ýetişdirmegiň halk tejribesi dogrusynda gürrüň etmekçi bolýarys. Goýun itleri Garagum çölünde mal bakýan çopanlaryň wepadar kömekçisi, sürüniň goşuň ynamdar sakçysy hökmünde juda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Şonuň üçinem türkmen alabaý itleriniň hemmesi goýun iti bolup bilmändir. Goýun itleri möjek bolsun ýa-da başga bir ýyrtyjy bolsun, tapawudy ýok, olar bilen darkaş gurup bilýän, daýaw, batyr itler bolupdyr. Şeýle itleri güjükliginden saýlap ýetişdiripdirler. Goýun itini ýetişdirmegiň başy mynasyp güjügi seçip almakdan ybarat bolupdyr. “Iti güjük wagty saýla” diýlip, halk pähiminde aýdylýar.     Goýun iti üçin güjük saýlananda itiň ilkinji gezek dogandaky güjükleri alynmandyr. Sebäbi itiň ilkinji gezek dogýan güjüklerini adamlar düwünji atlandyrypdyrlar. Düwünjileriň ejiz bolýanlygy üçin olardan goýun itini ýetişdirmek maksady bilen güjük tutulmandyr. Güjük dörtden köp güjük dogmadyk itlerden saýlanypdyr. Eger it bir gezekde dörtden köp dogan bolsa, onda ol hem goýun iti üçin ýaramsyz hasaplanypdyr. Goýun iti üçin üç güjük dogan itiň güjügini saýlamak has gowy görlüpdir.