Türkmen aw tazysy

21 Oktýabr 2021
2423

Hormatly Prezidentimiziň düýpli aladalarynyň netijesinde milli baýlyklarymyzy öwrenmekde halkara derejesinde durmuşa geçirilýän döwletli işleriň ähmiýetliligi ýokarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» eseri adamzadyň itşynaslyk babatda müňýyllyklar içre toplan gymmatly durmuş tejribesiniň pähim-paýhas känine has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär. Gadymyýetden şu güne ýetirilen milli gymmatlyklaryň esasyndaky durmuşyň wajyp ýörelgeleriniň
özboluşly beýanyny özünde jemleýän bu kitapda türkmen tazysy barada iňňän gymmatly maglumatlar berlip, ol biziň milli awçylyk ýörelgelerimizi öwrenmekde juda gymmatly çeşmedir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly
çuňňur mazmunly ylmy-pelsepewi kitabynyň 220-nji sahypasynda keremli topragymyzda aw tazysynyň sap ganly tohumyny döretmek üçin parasatly atalarymyzyň irginsiz yhlas-zehiniň siňdirendigini tekrarlap şeýle ýazýar: «Birnäçe asyrlaryň dowamynda türkmenler sakçy itleriň, ýagny goýun itleriň hem-de çalasyndan algyr aw tazylarynyň ajaýyp tohumlaryny kemala getiripdirler. Türkmen itleriniň asla gaýtalanmajak ajaýyplyklaryny türkmen arwanasy hem-de meşhur ahalteke atlary bilen ýaýdanman bir hatarda goýsa bolar». Biziň ýurdumyzda gadymy awçy tazylaryň tohumy edil türkmen alabaýynyň sap ganlylygynyň goralyşy ýaly aýratyn üns berlip saklanypdyr. Olaryň awçylyk, yz çalmak, çalasyn hereket etmek endiklerini kämilleşdirmek boýunça türgenleşik işleriniň toplumy amala aşyrylypdyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz dana paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» atly eseriniň 181-nji sahypasynda bu barada şeýle ýazylýar: «Türkmenler özleriniň ahalteke atlaryny başga tohum atlar bilen çaknyşdyrmakdan goraýyşlary ýaly, öz alabaýlaryny hem başga tohum itler bilen çaknyşdyrmakdan goraýarlar. Hut şonuň üçin häzirki wagtda özleriniň ilkinji başlangyç görnüşini saklaýan itleriň iki tohumy – türkmen alabaýy we aleut laýkasy (awçylyk we aw üçin peýdalanylýan demirgazyk iti) bar».Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan arheologiýa we etnografiýa gözlegleriniň netijesinde türkmen awçy tazylarynyň taryhyna we özboluşly aýratynlyklaryna degişli örän wajyp maglumatlar ýüze çykarylýar. Tazynyň taryhyna we milli itşynaslygymyza degişli maglumatlar taryhçy Ö. Gündogdyýewiň «Tazy we alabaý» atly kitapçasynda hem şeýle ýazylýar: «Eýýäm antik eýýamynda Türkmenistanda häzirki türkmen tazysy ýaly itiň peýda bolandygy hakynda uly ähtimallyk ynamy bilen gürrüň etmek bolar. Hut şol wagt atly ägirt uly gabaw awlary hakyndaky ilkinji maglumatlar hem ýüze çykyp başlaýar. Gäwürgala şäherjiginden tapylan sadalaşdyrylan görnüşi aw itleriniň gyzylymtyl – goňur şekiljikleri bu netijäni tassyklaýar». Tazy eýesine örän wepaly, salykatly we hoşamaýdyr. Ol eýesiniň berýän buýruklaryny birkemsiz ýerine ýetirmegiň hötdesinden ussatlarça gelmegi başarýar. Çepiksizje we näzik bedenli itiň adaty bolmadyk gahrymançylygy görkezip bilmek ukyby haýran galdyryjydyr. Ol zerur halatynda öz eýesini döşüni gerip goraýar. Kinologlaryň tassyklaýşy ýaly,tazylaryň nerw ulgamynyň gurluşy örän berk bolup, özüni parahat we paýhasly alyp barýar. Bu barada halk nakylynda «Gawun sopusy-mazy, it sopusy-tazy» diýilýär. Ýyndam tazylar awçylygyň ajaýyp sypatlaryny özünde jemleýär. Ol awuň yzyndan kowujylygy we yz boýunça yz çalyjylygy ussatlyk bilen başarýar. Tejribeli itşynaslar tazynyň ys alyjylygyny we awy tapmak başarnygyny ösdürmek üçin ýörite maşklary geçiripdirler. Munuň üçin agşam garaňky düşensoň, irden alagaraňkyda tazyny iýmitlendiripdirler. Ol eýesiniň garaňky jaýda goýan naharyny ysyrganyp, tapmaly bolupdyr. Sähra ýerlerinde bolsa iýmiti towşanyň ýa-da sülgüniň gizlenýän ot-çöpleriniň arasyndan gözlemeli bolupdyr. Şeýdilende tazy sähra ot-çöpleriniň arasyndaky gymylda esawan bolmagy özüne endik edýär, bu ugurda ukyp-başarjaňlygyny artdyrýar. Tazy armany-ýadamany bilmeýär. Ol uzak wagtlap suwsuz we iýmitsiz oňmaga ukyplydyr. Bu babatda ol adatdan daşary güýje eýedir. Ol awuny kowanda aklyňy haýran galdyryjy derejedäki ylgaýşy, böküşi, dürli kynçylykly ýerlerden böwsüp geçişi aýratyn bellenilmäge degişlidir.Tazyny aw pursatynda synlamak gaýtalanmajak lezzeti eçilýär. Mälim bolşy ýaly, tazy diýlende, awçylygyň kämil däp-dessurlary, has takygy, tazy we elguş bilen aw etmegiň baý tejribesi göz öňüňde janlanýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda şeýle nakyllar bar: «Tazy awda synalar, ýigit-ýowda», «Tazy ýüwrügini tilki söýmez», «Tazysyz awa giden öýe towşansyz geler». XI asyrda ýasap geçen Beýik Seljuklar zamanasynyň belli alymlaryň bir bolan Unsur Keý Kowus özüniň «Kowusnama» atly eserinde elguş bilen tazy ulanylýan awçylygy paýhasly adamlaryň pişesi hasaplap şeýle ýazýar: «Oglum, bilip goýgun, at münmek, aw etmek, çowgan (at üstündäki milli oýun-polo) oýnamak asylly ärlere, aýratyn hem ýaşlara mahsusdyr, emma her kişiniň öz wagty, çeni-çaky, tertibi bolmalydyr, her gün awa çykman, hepde-de iki gün çykgyn. ...Ýanyň bilen algyr laçyn, şahyn, bars, tazy alyp gitgin. Hem awyň oňar, hemem gorky-ünjiň bolmaz». Parasatly pederlerimiz tazyny terbiýelemegiň, oňa aw etmegi öwretmegiň, şeýle hem aw edilende jandarlary goramagyň, tebigatyň baýlyklaryny tygşytly peýdalanmagyň baý tejribelerini döredipdirler. Aw pursadynda laçyn bilen tazynyň bir-birine düşünişip, bir maksada okdurylyşy iňňän täsir galdyrýar. Awçylar kämahal olara awy kowalamak üçin buýrugyň berilmeginiň hökman hem däldigini belleýärler. Awçylyk adamzadyň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän kesbidir. Bu gadymy kesp ýaşlarda başarjaňlygy, ruhubelentligi, çalasynlygy, tebigata söýgini terbiýeleýär. «Bermezek Taňrydan – irmezek awçy» diýlişi ýaly, awçylyk ýadawsyzlygy, sabyrlylygy talap edýär. Gadymy awçylyk ynançlaryna görä: «Tazy eỳesiniñ öñüne düşüp awlaga tarap gitse, aw şowly bolỳar» – diỳip ynanypdyrlar. Tazynyň tutan awyny halallamak üçin awçy birnäçe dessury ýerine ýetirmeli bolupdyr. Ilkinji awlanan üç haýwany tazynyň agzyndan diri alypdyr. Soňra sadaka hökmünde haýwanyň bokurdagyny sähelçe dilip, gan çykarypdyr. Şonuň bilen birlikde ol geljekki awlanjak haýwanlary «arassalanan» hasaplapdyr. Görnüşi ýaly, türkmen tazysy biziň milli itşynaslyk sungatymyzda aýratyn orun tutup, ony terbiýelemegiň baý tejribeleri asyrlar aşyp gelipdir. Bagtyýarlyk döwrümizde türkmen tazysynyň gadymy tohumyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Perman HALMYRADOW
Türkmen döwlet energetika institutynyň mugallymy.