"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ehinokokkoz keseliniň epidemiologiki aýratynlyklary

Maksat GELDINAZAROW, Aşyrmyrat HOJAMYRADOW, Gurbanjahan ALOWOWAArkadag şäheriniň we Ahal welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň esasy wezipeleri ýurdumyzy ýokanç we parazitar kesellerinden gorap saklamak we bu keselleriň döremezliginiň öňüni almak boýunça uly işler amala aşyrýar [1].

Arterial gipertenziýanyň şypahana bejergisi

Orazgylyç ORAZGYLYJOW, Kerim BABAÝEW, Agajan REJEBOWM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasy, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy, «Bagabat» şypahanasy Ýürek damar keselleri (ÝDK) – ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň köpüsinde ölümçiligiň esasy sebäbi bolmagynda galýar. ÝDK-nyň döremegine we progressirlemegine uly täsir edýän howply şertleriň biri arterial gipertenziýa (AG) bolup, ol häzirki döwürde örän wajyp lukmançylyk-durmuş meselesi bolmagynda galýar [20].

Ýürek transplantasiýasynyň soraglary

Rejepmyrat ALYÝEW Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy Ýürek damar kesellerinden (ÝDK) dünýäde köp sanly näsaglar ejir çekýärler, olaryň arasynda dowamly ýürek ýetmezçiligi (DÝÝ) sebäpli, ýygy-ýygydan hassahana şertlerinde bejergide bolýan näsaglaryň sany ýyl-ýyldan artýar [6, 14]. Ýürek transplantasiýasyndaky (ÝT) öňegidişlikleriň ähmiýeti, DÝÝ-ne sebäp bolýan ýürek keselleriniň giňden ýaýramagy we netijede tapgyrlaýyn bejergä mätäç DÝÝ-li näsaglaryň köpüsinde ÝT-niň soňky saýlama hirurgiki bejergisi bolup hyzmat edýändigi mälimdir. DÝÝ-niň häzirki zaman radikal hirurgik bejergisi bolsa ýüregiň transplantasiýasydyr.

Böwrek daş keseliniň toplumlaýyn bejergisinde mekgejöwen gulpagynyň ähmiýeti

Jeýhun ÝAZYÝEWM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň urologiýa okuwly fakultet hirurgiýa kafedrasy Böwrek daş keseli (BDK) – häzirkizaman urologiýanyň esasy meselesi bolmak bilen, urologik keselleriň arasynda duş gelýän ýygylygy boýunça piýelonefritden soň ikinji orunda durýar. Şeýle näsaglar urologik kesellileriň 30-50%-ni tutýar. BDK bilen keselleýjilik Ýer şarynyň hemme regionlarynda gabat gelip, ol erkeklerde, aýallarda we islendik ýaşdaky adamlarda, hatda çagalarda hem ýüze çykyp, adamlaryň, esasan, zähmete ukyply, ýagny 30-50 ýaş aralygynda has ýygy duş gelýär. BDK-nyň ýaýraýjylygy Ýer şarynyň ähli regionlarynda birmeňzeş däldir, sowuk howaly demirgazyk regionlarda seýregräk duş gelýär, tersine, yssy howaly regionlarda köp duş gelýär. Şeýle-de, BDK bilen keselleýjilik Aziýada 1-5%-e, Ýewropada 5-9%-e, Demirgazyk Amerikada 13%-e, Saud-Arabystanda 20%-e çenli duş gelýär [2, 5]. BDK bilen keselleýjiligiň ýylsaýyn artmagy bu patologiýanyň wajyplygyny has-da artdyrýar.

Garaşsyzlyk – mukaddeslik

1991-nji ýylyň güýzünde mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolup, sanlyja ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň dünýäde iň abraýly döwletleriň birine öwrülmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda hemişelik Bitaraplyk derejesi berlen ýurt hökmünde resmi taýdan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet hasaplanylmagy, ähli başlangyçlary biragyzdan goldanylýan sebit hökmünde Türkmenistanyň dünýäde iň abraýly döwletleriň birine öwrülmegi ýurt Garaşsyzlygymyzyň miweleridir. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň başarnygyny, mertebesini, döwleti dolandyrmakdaky nusgalyk işlerini älem-jahana ýaýdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini bu gün bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Bagtyýar halkymyz uly şatlyk-şowhun bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygyny uludan baýram edýär. Halkymyz agzybirlikde, jebislikde Garaşsyzlyk baýramyny täze zähmet üstünlikleri, bitirilen beýik işler bilen garşy alýar.

Döwletli maslahat ösüşleriň binýady

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ruhubelent halkymyzyň her güni rowaçlyklara beslenip, toýlarymyz toýa ulaşýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däplere, halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine eýerilip guralan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem muňa şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe berkarar Watanymyzyň özbaşdak ösüş ýoluna düşen ýyllarynda gazanylan üstünliklere, ýetilen sepgitlere baha berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Onda seredilen meseleler we kabul edilen çözgütler taryhy ähmiýetliligi bilen uly goldaw tapdy. Maslahatda ýurdumyzyň ösüşleri hakynda giňişleýin beýan edildi we geljek ýyllarda amala aşyrylmaly işler dogrusynda durlup geçildi, möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Saglygym — baş baýlygym

Eziz Diýarymyzda 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden baýram edilýär. Bu günki gün halkymyzyň rowaçlygy baradaky aladany esasy ugur edinýän Türkmenistan dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär.

But süňküniň kellejiginiň aseptiki nekrozy

Atageldi GERMANOW Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Görüş nerwiniň intrakranial bölüminiň inwolýusion üýtgemeleriniň deňeşdirme morfologiýasy

Aýjemal ORAZALYÝEWA, Gurban PIRLIÝEW, Aman GELDIÝEW, Jahan LAMANOWA, Merdan SÜLEÝMANOW M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasy, Halkara okuw-ylmy merkezi

Bagryň kistalarynyň tapawutlandyrylyş aýratynlyklary

Nazar GARRYÝEW, Gylyçdurdy GURBANBERDIÝEW, Serdar MÄMMETÝAZOW S.A.Nyýazow adyndaky BMBM, M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň hirurgiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy

Dürli derejeli dewiasiýaly daş taraplaýyn göz çaşylygynyň hirurgik bejerilişine tapawutlandyrylan çemeleşme

Aýgözel GUDRATULLAÝEWA Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi

Çagalarda miopiýanyň gaýra üzülen akymynyň prediktorlaryny anyklamakda ýokary tehnologiýaly usullaryň ähmiýeti

Gurban KARANOW, Güljamal EZIZOWA, Suraý ABDYÝEWA, Maýsa NAZGYLYJOWA, Aýlar PENAÝEWA M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň göz keselleri kafedrasy, Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi

Dowamly böwrek ýetmezçilikli näsaglarda meýilleşdirilen gemodializ üçin hemişelik gan damar girelgesi

Sapargeldi MÄTNEPESOW, Nurmyrat ÇONANOW, Mubarak MURATOWA, Mekan REJEPOW M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň gospital hirurgiýasy kafedrasy, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana

Injiriň şiresiniň antibakterial işjeňligini kesgitlemek

Nargözel MYRATNAZAROWA, Muhammetguly ATAGARAÝEW, Gülnar MYRATGELDIÝEWA, Irina WYSOTINA M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň farmakologiýa kafedrasy, Halkara okuw-ylmy merkezi

Aortanyň koarktasiýasynyň endowaskulýar bejergisiniň netijeliligi

Sona ANNANIÝAZOWA, Bahram KADYROW, Bahargül ŞYHNAZAROWA, Parahat GAÝYPJANOW Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezi

Arkadagyň serpaýy

Ýurdumyzda bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň ХV jildi halkymyza gowuşdy. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işinde türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa barada söhbet acylyp, dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Bu ylmy işde ýerli dermanlyk otlaryň birnäçe görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygymyzy ösdürmek bilen pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döretdi.

Kitap — ruhy hazyna

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň çap edilmegi mynasyp sowgat boldy. Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlanan neşirde döwrebap şäheriň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlaryň, täze binalaryň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar bilen utgaşdyrylmagy aýratyn özüne çekijidir. Bu kitap ýurdumyzyň ösüşleriniň taryhy senenamalarynyň ýene-de bir sahypasy bolup, ähli raýatlarymyz, şol sanda ýaş nesillerimiz üçin gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik arhitektorçylyk paýhasynyň dürdäneleri siňen bu ajaýyp eseriň üç dilde çap edilmegi halkymyzyň Arkadagymyza bolan buýsanjyny dünýä ýaýýar. Kitapda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen ata Watanymyzyň milli binagärliginiň ajaýyp nusgasy Arkadag şäherinde «akylly» tehnologiýalaryň ähli mümkinçilikleri ornaşdyrylan ýaşaýyş-durmuş we gulluk maksatly döwrebap desgalar, görnükli şahsyýetleriň hormaty, röwşen geljegimiz barada berilýän täsirli maglumatlar ýurdumyzyň barha artýan ykdysady we medeni kuwwaty barada buýsançly duýgulary döredýär.

Bu binalar — Arkadagyň paýhasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler türkmen halkyny buýsandyrýar. Milli Liderimiziň gurmak, döretmek sungatynyň netijesi bolan Arkadag şäherimiz türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady kuwwatyny nobatdaky gezek açyk äşgär etdi. Beýik ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň durmuşynda taryhy wakalaryň biri hem täze, döwrebap şäheriň açylyş dabarasydyr. Bu döwlet ähmiýetli şäheriň döwrebap infrastrukturasy milletiň ruhy dünýäsininiň, medeni gymmatlyklarynyň, döredijilik ukyplarynyň we ýurdumyzyň ýeten sepgitleriniň sazlaşygyny özünde jemleýär. Arkadag şäheri ýurdumyzyň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwrüldi. Gurlan binalaryň daşky gözelligi bilen bir hatarda olaryň howpsuzlygyna, amatlylygyna, ekologiki ýagdaýlaryna aýratyn üns berildi. Bu ýerde adamlaryň zähmet çekmegi, döwrebap dynç almagy, ýaşamagy, bilim almagy babatda ähli şertler döredilen. Arkadag şäheri türkmeniň nurana niýetleriniň, geljege bolan ajaýyp ynam-arzuwlarynyň hasyl bolýan säheri bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurlan bu täze şäher ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň ajaýyp nyşanydyr. Arkadag şäheri ýurdumyzyň iň gadymy, gözel künjekleriniň birinde gurlup, täze binagärlik

Reproduktiw ýaşdaky aýallaryň ýumurtgalyklarynyň patologiýalarynyň ýygylygy

Häzirki zaman ginekologiýasynyň iň derwaýys meseleleriniň biri, ýumurtgalyklaryň howply täze döremelerden öňki ýagdaýlary we howply däl täze döremelerini reproduktiw ýaşyndaky aýallarda öz wagtynda anyklamakdyr [2]. Keseliň başlangyç döwürlerinde alamatsyz geçýändigini we doly anyklaýyş algoritimleriniň ýoklugyny göz öňünde tutsak, köplenç, bu patologik ýagdaýlar irki döwürde ýüze çykarylmaýar we bejergi agza aýyrmak operasiýalary arkaly amala aşyrylýar, bu bolsa diňe bir lukmançylyk meselesi bolman, eýsem, sosial ähmiýetli mesele bolup durýar [4, 5, 8, 11]. Häzirki wagtda ginekologik keselleriň düzüminde reproduktiw bozulmalaryň öňüni almak we azaltmak maksady bilen alymlar tarapyndan iň amatly usullaryň işlenip düzülmegi işjeň alnyp barylýar [3, 7]. Ýumurtgalyklaryň täze döremeleriniň morfologiki alamatlarynyň giň gerimini we bu patologiýanyň, köplenç, oňaýsyz netijeliligini göz öňünde tutup, kesel kesgitlemesini irki döwürlerde takyklamak, bolaýjak gaýra üzülmeleriň töwekgelçiligini we keseliň geçişiniň dinamikasyny çaklamak zerurlygy möhüm mesele bolup galýar. Ýumurtgalyklaryň keselleriniň ýygylygy we giňden ýaýranlygy häzirki zaman lukmançylygynyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Ýumurtgalyklaryň täze döremeleri özleriniň morfologiki gurluşy we gistogenezi boýunça köpdürli bolýarlar, bu bolsa olaryň soňky kiliniki akymyny we bolaýjak netijelerini kesgitleýär [9, 14].

Sportuň görnüşine baglylykda türgenleriň ýürek gan-damar ulgamynyň funksional ýagdaýy

Häzirki döwürde ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak we ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygyny uzaltmak bilen bir hatarda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan saglyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şonuň üçin ýokary derejeli sport üstünlikleri gazanmak maksatly türgenleri taýýarlamagyň hiline ylmy taýdan çemeleşme meselesine sport fiziologiýasynda we sport lukmançylygynda uly üns berilýär. Türgenleşme hadysasyna türgen bedeninde döreýän uýgunlaşma jogaby sport ussatlygynyň gazanylmagyna we onuň kämilleşmegine ýardam berýär [7]. Fiziki ýüklenmelere garşy döreýän hem-de sportuň dürli görnüşlerinde öz fiziologiki gymmatlylygy we netijeliligi bilen tapawutlanýan uýgunlaşmagyň umumy strategiýasy bedeniň uýgunlaşma jogabyna gatnaşýan ulgamlaryň funksional ýagdaýyna, olaryň çylşyrymlylygyna we ösüş derejesine baglylykda emele gelýär [3].