"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylygy-zurnaly@online.tm

Habarlar

Gadyrly okyjylar!

2023-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Edebiýat we sungat» gazetiniň elektron görnüşine abuna ýazylyşygy dowam edýär. Gazetiň elektron neşirine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasyndan we «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen, «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukja arkaly ýazylyp bolýandygyny ýatladýarys. «Edebiýat we sungat» gazetiniň elektron neşirine abuna ýazylmak bilen siz şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini hem okap bilersiňiz.

Milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy

Golaýda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen şan-şöhrata beslenýän ýylda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýünde baýramçylyk çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaýbaňlanan çäre hakyky baýramçylyk ruhuna beslendi. Baýramçylyk dabarasyna Dokma senagaty ministrliginiň paýtagtymyzda ýerleşýän edara-kärhanalarynda zähmet çekýän dokmaçylar, halyçylar gatnaşdylar. Dabarada tanymal şahyrlar hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli bu ýere ýygnananlary mähirli gutlap, bagtyýar döwrümizi wasp edýän goşgularyny okadylar, beýleki myhmanlar hem öz ýürek sözlerini aýtdylar. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem-de ýurdumyzyň belli aýdymçylary dabarany aýdym-sazlar bilen bezediler. Şeýle-de bu ýerde Diýarymyzda öndürilýän ýokary hilli matalardan taýýarlanan çaga eşikleriniň, ulular üçin lybaslaryň görkezilişi boldy.

Koreý dünýäsine syýahat

Koreý dili Ýer ýüzündäki iň sypaýy dilleriň biri hasaplanylýar. Gepleşikde ulanyljak sözler we olaryň goşulmalary söhbetdeşe bolan garaýşa, oňa goýulýan hormatyň derejesine görä üýtgäp durýar. Koreý dilinde işlik hemişe sözlemiň ahyrynda gelýär. Bu dilde sanlaryň iki görnüşi ulanylýar: gadymdan gelýän koreý sanlary we Hytaýdan geçen sanlar. Olaryň birinjisi, köplenç, 100e çenli, beýlekisi ýüzden aňyrsyny sanamakda ulanylýar. Ula hormat goýmak babatda koreýlerde gadymdan gelýän ýörelge bar: Gyzlar özünden uly ýigitlere ýüzlenenlerinde «Oppa» diýen sözi ulanaýmaly. Çaga kakasyna «Appa» diýip ýüzlenýär. Orta ýaşdaky äraýal birbirege ýüzlenenlerinde hökman «Ebo» (mähribanym) diýýärler. Dükanda ýada bazarda birekbirege «Sonnim» diýip ýüzlenilýär. Hormat bildirmegiň iň gowy usuly — sözleşilende «Sajannim» (hormatly hojaýyn) diýen sözleri ulanmakdyr.

Ýangyn howpsuzlygynyň hukuk esaslary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly içeri we daşary syýasatyna daýanýan ykdysady ösüşler, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilendir. Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmegi wajyp şertleriň biridir. Adamzat taryhynyň irki döwürlerinden başlap, adamlar ot diýen hadysa düşünmek, oňa erk etmek, ondan peýdalanmak ýaly tejribeleri özleşdirip, kämilleşdirip, onuň bilen baglanyşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny häzirki görnüşe  çenli getiripdirler.

«Ahal» çempionlyga barýar

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Ýo­ka­ry li­ga­syn­da 22-nji tap­gyr­da sa­na­wyň li­de­ri «Ahal» myh­man­çy­lyk­da «Ne­bit­çi­ni» 1-0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Kem-kem­den çem­pi­on­ly­ga bar­ýan «Aha­lyň» ýe­ke-täk go­lu­ny 57-nji mi­nut­da Di­dar Dur­dy­ýew ge­çir­di. «Al­tyn asyr» to­pa­ry hem myh­man­çy­lyk­da ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da «Ener­ge­tik­den» Ars­lan Sa­pa­ro­wyň (8) hem-de Ah­met Nur­me­do­wyň (17) gol­la­ry bi­len 2-0 üs­tün çyk­dy. Tap­gy­ryň iň esa­sy oý­nun­da 3-nji ýer ug­run­da gö­reş alyp bar­ýan 2 to­par – «Merw» bi­len «Kö­pet­dag» du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li we dart­gyn­ly ge­çen oýun­da «Merw» 3–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Du­şu­şy­gyň 3-nji mi­nu­tyn­da Ali­bek Ab­dy­rah­ma­no­w ha­sa­by aç­dy. Soň­ra «Kö­pet­dag» Şa­mäm­met Hy­dy­ro­wyň (21) hem-de Ýaz­gy­lyç Gur­ba­no­wyň (30) gol­la­ry bi­len 2-1 öňe saý­lan­dy. 61-nji mi­nut­da Ali­bek Ab­dy­rah­ma­now bel­le­nen pe­nal­ti­ni dürs urup, ha­sa­by deň­le­se, 72-nji mi­nut­da Oraz­ber­di My­ra­dow «Mer­we» ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy. Du­şu­şy­gyň soň­ky mi­nut­la­ryn­da «Kö­pet­dag­dan» Bag­ty­ýar Gür­ge­now 2-nji sa­ry kar­ty­ny alyp, meý­dan­ça­dan çy­ka­ryl­dy. «Aş­ga­bat» bi­len «Şa­ga­da­myň» ara­syn­da­ky oýun­da-da ýe­ňi­ji­ni ýe­ke-täk gol kes­git­läp, paý­tagt­ly­lar Mer­dan Mu­ha­do­wyň 58-nji mi­nut­da­ky pe­nal­ti­den ge­çi­ren go­ly esa­syn­da 1–0 ýe­ňiş ga­

185 mil­li­on ýo­lag­çy­ny ka­bul ed­er

Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da 2030-njy ýyl­da 120 mil­li­on, 2050-nji ýyl­da 185 mil­li­on ýo­lag­çy ka­bul edip bil­jek ägirt uly ho­wa men­zi­li­niň gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär. Pa­ty­şa Sal­man Hal­ka­ra Ae­ro­por­ty at­ly ho­wa men­zi­li 57 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny öz içi­ne alar. Bu ho­wa der­we­ze­si ýur­duň awia­si­ýa ýük gat­na­wyn­da tä­ze mer­kez bol­ma­gy­na müm­kin­çi­lik be­rer. Şeý­le hem tä­ze des­ga ýur­da gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­ny art­dy­rar. Ýurt 2030-njy ýy­la çen­li 100 mil­li­on ja­han­keş­dä­ni ka­bul et­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

Taryhda şu gün

1971-nji ýy­lyň 2-nji de­kab­ryn­da Arap ýa­rym ada­sy­nyň gün­do­gar bö­le­gin­de, Pars we Oman aý­la­gy­nyň ke­nar­la­ryn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň (BAE) fe­de­ral döw­le­ti dö­re­dil­ýär. BAE-niň ila­ty hä­zir­ki wagt­da 10 mil­li­on­dan gow­rak­dyr. Paý­tag­ty Abu-Da­bi bo­lan ýur­duň esa­sy iri şä­her­le­ri­niň bi­ri Du­baý­dyr.

6G-de Hy­taý öň­de

Na­za­ry­ýet ba­bat­da hä­zir­ki wagt­da bar bo­lan 5G ara­gat­na­şy­gyn­dan 1 müň es­se çalt bol­jak 6G teh­no­lo­gi­ýa­sy hem iş­le­nip taý­ýar­lan­ýar. In­ter­net ara­gat­na­şy­gy­nyň 2-nji, 3-nji we 4-nji nes­lin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da 5G-niň ýaý­baň­lan­ma­gy uzak do­wam et­di. Şeý­le-de bol­sa eý­ýäm 6G-ni kä­mil­leş­dir­mek üçin yl­my iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 6G teh­no­lo­gi­ýa­sy­na de­giş­li 38 müň tö­we­re­gi pa­tent ýüz­tut­ma­sy ha­sa­ba al­nyp­dyr. Bu pa­tent­le­riň 13 müň 449 sa­ny­sy hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry­na de­giş­li bo­lup, 35 gö­te­ri­me ga­bat gel­ýär. Pa­tent al­mak­da ikin­ji ýer­de ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry (18 gö­te­rim) bar. Go­laý­da Hy­ta­ýyň ZTE kom­pa­ni­ýa­sy aw­to­nom tor, san­ly go­şa tor, 6G to­run­da amal et­me­giň kuw­wa­ty, tiz­lik teh­no­lo­gi­ýa­sy ýa­ly ugur­lar­da 6G teh­no­lo­gi­ýa­sy­na de­giş­li bir­nä­çe bar­lag­la­ry ge­çir­di. Ýew­ro­pa­nyň «No­kia» we «Ericsson» kom­pa­ni­ýa­la­ry hem 6G sy­nag­la­ry­ny ge­çir­ýär.

Wo­do­rod bi­len iş­le­ýän uçar mo­to­ry

«Rolls Royce» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­že­ner­le­ri dün­ýä­de il­kin­ji bo­lup uçar mo­to­ry­ny wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len iş­let­me­gi ba­şar­dy­lar. Bu sy­na­gyň awia­si­ýa pu­da­gy üçin örän äh­mi­ýet­li­di­gi bel­le­nil­ýär. Se­bä­bi, ho­wa gä­mi­le­riň gu­ry ýer­de ýö­re­ýän beý­le­ki ulag se­riş­de­le­ri­ne ga­ra­nyň­da daş­ky gur­şa­wa has köp zy­ýan­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Uçar he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri­ni ön­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa bu sy­na­gy­ny «AE 2100-A» at­ly uçar mo­to­ryn­da ama­la aşy­ryp­dyr. «Ea­sy­jet» awia­kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de al­nyp ba­ryl­ýan bu sy­nag­da wo­do­rod ýan­gyç­ly mo­tor ada­ty uça­ra otur­dy­lyp, ýer­dä­ki we ho­wa­da­ky sy­nag­lar bi­len do­wam et­di­ri­ler. Aras­sa ýan­gyç­ly uçar­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak­da «Air­bus» kom­pa­ni­ýa­sy hem iş alyp bar­ýar. Ýew­ro­pa­nyň uçar ön­dü­ri­ji­si 2035-nji ýy­la çen­li şeý­le ýo­lag­çy uça­ry­ny taý­ýar et­me­gi mak­sat edin­ýär.

In­ter­ne­te has bag­ly ýurt­lar

Ösen in­ter­ne­ti bo­lan ýurt­la­ryň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň öm­rü­niň üç­den bir bö­le­gi­ni on­laýn ýag­daý­da ge­çir­ýän­di­gi bel­li bol­dy. «NordVPN» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri 20 ýurt­da bar­lag iş­le­ri­ni ge­çi­ren­le­rin­den soň şeý­le ne­ti­jä gel­di­ler. Bar­lag ge­çi­ri­ji­le­riň pi­ki­ri­çe, in­ter­ne­te iň köp bag­ly bo­lan adam­lar Gon­kong­da ýa­şa­ýar. Olar öm­rü­niň 44 ýyl­dan gow­ra­gy­ny in­ter­ne­te sarp ed­ýän eken­ler. Öm­rü­niň 41 ýy­ly­ny on­laýn ge­çir­ýän bra­zi­li­ýa­ly­lar ikin­ji orun­da gel­ýär. 39 ýyl bi­len üçün­ji orun­da Mek­si­ka bar. Ko­re­ýa­ Res­pub­li­ka­sy­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň in­ter­net­de 34 ýy­ly­ny, taý­wan­ly­la­ryň 33 ýy­ly­ny, Ita­li­ýa­nyň we Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň 30 ýy­ly­ny, Is­pa­ni­ýa­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň 28 ýy­ly­ny, Fran­si­ýa­nyň we Awst­ra­li­ýa­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň bol­sa, 27 ýy­ly­ny in­ter­net­de ge­çir­ýän­di­gi anyk­la­nyl­dy. Pi­kir so­ra­ly­şyk­lar 20 ýurt­da ge­çi­ril­di. Sa­na­wyň soň­ky se­ti­rin­de öm­rü­niň 11 ýy­ly­ny in­ter­ne­te sarp edýän ýa­po­n­lar bar.

COP28 BAE-de ge­çi­ri­ler

BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 28-nji mas­la­ha­ty (COP28) gel­jek ýyl­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de ge­çi­ri­ler. BAE-niň wi­se-pre­zi­den­ti, Prem­ýer-mi­nist­ri, Du­ba­ýyň hä­ki­mi Şeýh Mo­ham­med bin Ra­şid Al Mak­tum bu mas­la­ha­tyň 2023-nji ýyl­da ýurt­da ge­çi­ril­jek iň mö­hüm wa­ka bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Go­laý­da Şeýh Mo­ham­me­d BAE-niň Hö­kü­me­ti­niň her ýyl­ky mas­la­ha­tyn­da çy­kyş edip, ýurt­da gel­jek ýyl COP28-i gu­ra­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­ne aý­ra­tyn ün­si çek­di. Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da BAE-niň se­na­gat we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar mi­nist­ri, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýö­ri­te we­ki­li Sul­tan bin Ah­med Al Ja­ber BAE-niň tu­tan­ýer­li­li­gi­niň, dün­ýä ýurt­la­ry bi­len pug­ta dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry­nyň hem-de ener­ge­ti­ka we dur­nuk­ly ösüş pu­dak­la­ryn­da wag­tyň sy­na­gyn­dan ge­çen tej­ri­be­si bi­len ber­ki­di­len ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­ler­de eýe­le­ýän prag­ma­tik ug­ru­nyň ýur­da 2023-nji ýyl­da COP28 mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mek ha­kyn­da hal­ka­ra yla­la­şy­gy­ny ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik be­ren­di­gi­ni bel­le­di.

Dört gün­lük iş hep­de­si he­mi­şe­lik gal­dy­ryl­dy

Şu ýyl Ang­li­ýa­da bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa­nyň gat­naş­ma­gyn­da sy­nag mak­sa­dy bi­len 4 gün­lük iş hep­de­si­ne ge­çi­lip­di. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň hem gol­daw ber­ýän sy­na­gy­na gat­na­şan kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri bu düz­gü­niň iş­gär­le­riň ön­jeý­li iş­le­me­gi üçin has amat­ly­dy­gy­ny bel­läp, he­mi­şe­lik gal­dyr­mak ka­ra­ry­na gel­di­ler. Ýurt­da je­mi 2600 iş­gä­ri bo­lan, dür­li ugur­lar­da iş alyp bar­ýan 100 tö­we­re­gi kom­pa­ni­ýa hep­de­lik 4 gün­lük işiň he­mi­şe­lik gal­dy­ryl­ma­gy­ny mü­wes­sa bil­di­ler. Kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri iş sa­ga­dy­ny azalt­maz­dan, iş gü­nü­niň azal­dyl­ma­gy­nyň iş­be­ri­ji üçin hem, iş­gär­ler üçin hem amat­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şeý­le düz­gü­ne ge­çen kär­ha­na­la­ryň ara­syn­da «Atom Bank» ma­li­ýe eda­ra­sy hem-de «Awin» hal­ka­ra mar­ke­ting kom­pa­ni­ýa­sy bar. Uzak ara­lyk­dan iş­le­mek ýa-da iş sa­ga­dy­ny azalt­mak düz­gü­ni pan­de­mi­ýa döw­rün­de ýo­la goý­lup­dy. Bu düz­gün dün­ýä­niň baş­ga ýurt­la­ryn­da hem ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

We­lo­si­ped­le­riň ýur­dy nä­dip nus­ga­lyk bol­dy?

Ni­der­land­lar dün­ýä­de we­lo­si­ped ula­ny­ly­şyn­da nus­ga­lyk ýurt­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Oba ho­ja­ly­gyn­da hem dün­ýä­de öň­de­li­gi eýe­le­ýän bu ýurt­da ila­tyň sa­nyn­dan has köp we­lo­si­ped bar. Ýurt­da adam­la­ryň dört­den bi­rin­den gow­ra­gy haý­sy­dyr bir ýe­re git­mek üçin ulag se­riş­de­si hök­mün­de we­lo­si­ped­den peý­da­lan­ýar. 7,5 ki­lo­metr­den gys­ga ara­ly­ga git­mek üçin adam­la­ryň üç­den bi­ri iki ti­gir­li ýe­ňil ula­ga mün­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Ni­der­land­lar­da ulu­la­ra, dür­li ýaş­da­ky ça­ga­la­ra, ze­nan­la­ra we er­kek­le­re ni­ýet­le­nen 23 mil­li­on tö­we­re­gi we­lo­si­ped bar. Eý­sem, bu ýurt­da we­lo­si­ped nä­dip gün­de­lik dur­mu­şyň bir bö­le­gi­ne öw­rül­di­kä?

Kim, ha­çan oýlap tapdy?

Poç­ta. Adam­zat dur­mu­şyn­da oý­la­nyp ta­py­lan iň esa­sy ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň bi­ri hem poç­ta­dyr. En­tek teh­no­lo­gik en­jam­la­ryň ýok ma­ha­ly bi­ri-bi­rin­den uzak­da ýa­şa­ýan ko­wum-ga­ryn­daş­lar hat alyş­mak ar­ka­ly ha­bar­laş­ýan eken­ler. Mu­nuň üçin bol­sa poç­ta­nyň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyp­dyr­lar. Şol dö­wür­ler­de poç­ta ara­gat­na­şy­gy hat gat­na­dy­jy adam, el­de­ki­leş­di­ri­len kep­de­ri­ler, itiň kä­bir gör­nü­şi, uý­gun­laş­dy­ry­lan at­lar, söw­da ýo­lun­da­ky ker­wen­ler ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ry­lyp­dyr. Bu­lar ýer­li ara­gat­na­şyk bo­lup, res­mi taý­dan poç­ta ul­ga­my has soň ýü­ze çyk­ýar. Ýaz­ma­ça res­mi­na­ma­la­ry hal­kyň içi­ne ýaý­rat­mak üçin res­mi­leş­di­ri­len ça­par hyz­ma­ty il­kin­ji ge­zek Mü­sür­de ýü­ze çyk­ýar. Mi­la­dy­dan öň­ki 2400-nji ýyl­lar­da fa­ra­on­lar ýur­duň çä­gi­ne ha­bar (tä­ze çy­kan per­man) iber­mek üçin ça­pa­ryň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyp­dyr­lar. Halk köp­çü­li­gi­ne ni­ýet­le­nen poç­ta hyz­ma­ty il­kin­ji ge­zek Eý­ran­da ýü­ze çyk­ýar. Mi­la­dy­dan öň­ki 550-nji ýyl­lar­da bu ýer­de adam­lar do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­na hat ýa­zyp, olar­dan gel­jek jo­gap ha­ty­ny al­mak müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bo­lup­dyr­lar. Şol ýyl­lar­da goň­şy döw­let­ler­de hem poç­ta­nyň pars ul­ga­my meş­hur bo­lup, ýö­ri­te ça­par­lar işe al­nyp, olar ýyn­dam at­lar bi­len üp­jün edi­lip­dir. Hat­la­ry alan ça­par

Gö­züň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň usullary

Göz ada­myň be­den ag­za­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, daş-tö­we­re­gi saý­gar­mak ar­ka­ly ka­bul edi­şi üp­jün ed­ýär. Adam­la­ryň kö­pü­si yl­my we dün­ýä­ni gö­rüş ar­ka­ly öw­ren­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da teh­no­lo­gik en­jam­la­ryň adam­zat jem­gy­ýe­ti­ne giň­den or­naş­ma­gy bi­len otu­ry­lyp iş­le­nil­ýän dur­muş ýö­rel­ge­si­ne uý­gun­la­şyl­dy. Bu, il­kin­ji no­bat­da, fi­zi­ki he­re­ket­siz­li­ge ge­ti­rip, ga­ly­ber­se-de göz bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ýü­ze çy­kar­ýar. Ýag­ny komp­ýu­te­riň öňün­de bir­nä­çe sa­gat­lap otur­mak göz üçin zy­ýan­ly bo­lup, gö­rüş ul­ga­my­nyň pe­sel­me­gi­ne ge­tir­ýär. Bi­ler­men­ler gö­züň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň bir­nä­çe usulyny sal­gy ber­ýär­ler. Olar şu­lar­dan yba­rat: Sag­dyn iý­mit­len­mek. Iý­mit sa­na­wyn­da mi­we­dir gök önüm­le­riň, esa­san hem, kä­şiriň bol­ma­gy gö­rüş üçin ju­da äh­mi­ýet­li­dir. Mun­dan baş­ga-da, A, E, C wi­ta­mi­ni­ni, sink, ome­ga-3 ýag kis­lo­ta­sy­ny özün­de sak­la­ýan (ýag­ly ba­lyk) önüm­le­ri iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär.

Stol fut­bo­ly

Çi­li­de «Taca-taca», Ar­gen­ti­na­da «Me­te­gol» diý­lip ta­nal­ýan meş­hur güý­men­je­le­riň bi­ri hem stol fut­bo­ly­dyr. Hal­ka­ra fut­bol as­so­sia­si­ýa­sy­na esas­lan­ýan bu oý­nuň mak­sa­dy ýaş­la­ryň fut­bo­la bo­lan söý­gü­si­ni art­dyr­mak hem-de wag­ty­ny peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri­ni üp­jün et­mek­dir. 1890-njy ýyl­lar­da Is­pa­ni­ýa­da hem-de Ýew­ro­pa­nyň kä­bir se­bit­le­rin­de stol fut­bo­ly üçin il­kin­ji ge­zek pa­tent­ler ber­lip baş­lan­ýar. Şeý­le-de bol­sa, sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan fut­bo­luň göz­ba­şy 1921-nji ýyl­dan, ýag­ny ang­li­ýa­ly Ha­rold Se­ar­les Torn­to­nyň «Stol fut­bo­ly­ny oý­na­mak üçin en­jam» at­ly pa­ten­ti al­ma­gy bi­len baş­lan­ýar. Bu en­ja­myň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­ne öýün­den çyk­man, sto­luň üs­tün­de söý­gü­li oý­nu­ny oý­na­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Iň go­wy sport myh­man­ha­na­sy

Is­pa­ni­ýa­nyň Mursiýa şäherindäki iň köp ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan «La Man­ga Club» myh­man­ha­na­sy Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­na­ryn­da ýer­le­şip, 560 gek­tar­dan gow­rak meý­da­ny eýe­le­ýär. Bu ýer sport bi­len meş­gul­lan­mak hem-de dynç al­mak üçin tä­miz ho­wa­ly ýer­le­riň bi­ri bo­lup, myh­man­ha­na­nyň daş-tö­we­re­gi­ni ar­ça to­kaý­la­ry we li­mon agaç­la­ry be­ze­ýär. Sport myh­man­ha­na­sy­nyň dü­zü­min­de 18 çu­kur­ly 3 golf meý­dan­ça­sy, 28 ten­nis kor­ty, 2 kri­ket meý­dan­ça­sy, ýa­pyk ho­wuz­ly fit­nes za­ly, 8 fut­bol meý­dan­ça­sy bar. Dynç al­ma­ga gel­ýän­ler, esa­san, ten­nis­dir golf oý­nap, fit­nes sa­pak­la­ry­na gat­nap ýa-da ho­wuz­da ýü­züp wag­ty­ny ge­çir­ýär­ler. Myh­man­ha­na­da tej­ri­be­li sport tälimçileri bi­len bi­le­lik­de iş­le­ýän Ten­nis aka­de­mi­ýa­sy we Golf aka­de­mi­ýa­sy bar. Şol se­bäp­li «La Man­ga Club» oý­nuň düz­gün­le­ri­ni öw­ren­mek we kä­mil­leş­dir­mek üçin iň go­wy ýer­le­riň bi­ri­dir. Myh­man­ha­na­da ýig­ri­mi­den gow­rak res­to­ran bo­lup, is­pan, ame­ri­kan, ital­ýan, mek­si­kan, gün­do­gar ta­gam­la­ry­ny da­dyp gör­mä­ge müm­kin­çi­lik bar. Gü­ni we deň­zi söý­ýän­ler Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky Kos­ta Ka­li­da­da dynç alyp, sportuň suw­da ge­çi­ril­ýän gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­la­nyp bil­ýär­ler. Şeý­le hem suw ulag­la­ry­ny ha­la­ýan­lar üçin ga­ýyk­ly we ýah­ta­ly ge­ze­lenç­le

As­ma ýol: döw­re­bap gat­naw se­riş­de­si

Dün­ýä­niň köp ýe­rin­de «ta­nap­ly aw­tou­lag» ady­ny alan as­ma ýol­lar il­ki­baş­da ge­ze­lenç mak­sat­ly gur­lan hem bol­sa, soň­ky ýyl­lar­da bar­ma­sy kyn ýer­ler­de ýo­lag­çy gat­na­wyn­da-da peý­da­la­nyl­ýar. Ýag­ny aw­tou­lag se­riş­dele­ri­niň bar­ma­ýan dag­lyk se­bit­le­rin­de ýo­ka­ryk çyk­mak we aşak düş­mek hyz­ma­ty­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. As­ma ýo­l ta­nap­lar­dan «ýa­py­şyp» he­re­ket ed­ýän, elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ka­bi­na­ly ul­gam­dyr. Bu ul­gam çalt he­re­ket ed­ýän­di­gi hem-de yg­ty­bar­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da si­zi dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­de gur­lan iň go­wy as­ma ýol­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýa­rys. «Zugs­pit­ze», Ger­ma­ni­ýa. Bu as­ma ýol Eib­see kö­lü­niň ke­na­ryn­dan Zugs­pit­ze da­gy­nyň de­pe­si­ne çen­li ara­lyk­da he­re­ket ed­ýär. Uzyn­ly­gy 3 müň 215 metr bo­lan ta­nap­ly aw­tou­lag

Gün pa­nel­le­ri­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dy­rar

Iň köp sarp edil­ýän bak­ja eki­ni bo­lan po­mi­dor­lar se­na­gat­da hem ula­nyl­ýar. Mun­dan ozal bu bak­ja eki­ni­niň top­ra­ga dü­şen­de çüý­re­ýän gap­la­ry ön­dür­mek­de peý­da­la­ny­lyp bi­lin­jek­di­gi anyk­la­nyp­dy. In­di bol­sa bu bak­ja eki­nin­den al­nan reňk se­riş­de­si­niň Gün pa­nel­le­ri­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Po­mi­dor pig­men­ti bo­lan «li­ko­pen pe­rows­kit»-iň pa­nel­le­riň çy­dam­ly­ly­gy­ny hem-de ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Adat­ça Gün pa­ne­li­niň ener­gi­ýa önüm­çi­li­gi­ne ýer­leş­ýän ýe­ri, ho­wa şert­le­ri we beý­le­ki te­bi­gy ha­dy­sa­lar tä­sir ed­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bu pa­nel­le­riň ön­jeý­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Hy­taý­ly bi­ler­men­ler bol­sa pos­la­ma­gyň öňü­ni al­ýan hä­si­ýe­ti bo­lan li­ko­pen­den peý­da­la­nyp­dyr­lar. Te­bi­gy an­ti­ok­si­dant bo­lan bu pig­ment pa­nel önüm­çi­li­gin­de peý­da­la­ny­lan­da Gün­den gel­ýän ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­riň zy­ýan­ly tä­si­rin­den go­ra­ýar. Ge­çi­ri­len sy­nag­lar­da li­ko­pe­niň elekt­rik aky­my­ny go­wu­lan­dy­ran­dy­gy, şeý­le­lik­de, onuň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dy­ran­dy­gy anyk­la­ndy. Bä­gül KA­KA­DUR­DY­ÝE­WA,

Dron ba­za­ry öser

Soň­ky ýyl­lar­da dür­li mak­sat­lar bi­len ula­nyl­ýan ulu­ly-ki­çi­li uç­ýan en­jam­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, kom­pa­ni­ýa­lar bu en­jam­la­ry has köp ön­dür­ýär. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ko­mis­si­ýa­sy­nyň Ulag­dan jo­gap­kär ag­za­sy Adi­na Wa­le­an gel­jek­de ha­ryt­la­ryň dron­lar ar­ka­ly da­şal­ma­gy­nyň has-da art­jak­dy­gy­ny we ýo­lag­çy gat­na­wyn­da hem peý­da­la­nyl­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­lar­da­ky dron hyz­mat­la­ry ba­za­ry­nyň 2030-njy ýy­la çen­li 14,5 mil­liard ýew­ro ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bu ba­ra­da Dron stra­te­gi­ýa­sy met­bu­gat ýyg­na­gyn­da mä­lim edil­di. Wa­le­an Ýew­ro­pa­da adam­syz ho­wa gä­mi ba­za­ry­ny has-da ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, dron­lar dag­lyk ýer­de göz­leg ha­las ediş iş­le­rin­de hem ne­ti­je­li ula­nyl­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, dron­ly hyz­mat­lar se­bit­de 145 müň tä­ze iş or­nu­ny dö­re­der.