"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylygy-zurnaly@online.tm

Habarlar

Bagyr ehinokokkozynyň hirurgiýasynda galyndy boşlugynyň antiparazitar işlenilmegi

Bagryň ehinokokkozy parazitar keseliň endemiki ojaklaryna degişli ýurtlarda möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Operatiw bejergiden soň, keseliň gaýtalanmagy 22,3-31,3% aralykda ýüze çykýar. Bagyr ehinokokkozynyň hirurgiki bejergisinde kistanyň fibroz kapsulasynyň meselesi kesgitlenilmedik jedelli soragylaryň biri bolup durýar [3, 8, 10-12]. Ylmy maglumatlarda ehinokokkyň ösüşiniň giçki döwürlerinde fibroz kapsulanyň gurluş düzüminiň üýtgemegi hem-de onuň tohum düwünçekleri üçin öz böwet häsiýetini ýitirýänligi bellenilýär. Bu nukdaýnazardan käbir hirurg-gepatologlar tarapyndan operasiýanyň radikal häsiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, fibroz kapsulanyň kesilip aýrylmagy esaslandyrylýar. Ýöne kistanyň diwarynyň bagryň magistral gan damar-öt ýollaryna ýakyn ýerleşen halatynda fibroz kapsulany total ýa-da subtotal aýrylmagyny ýerine ýetirmek mümkinçiligi düýpli çäklenýär. Köplenç, ehinokokkektomiýa interoperasion döwürde kistanyň diwaryny açmak, onuň hitin bardasyny we skolekslary aýyrmak bilen ýerine ýetirilýär [3, 10-12].

Diş-äň anomaliýaly çagalarda agyz boşlugynyň ýagdaýyna kliniki baha bermek

Diş-äň anomaliýalar (DÄA) häzirki zaman çagalar stomatologiýasynyň iň bir çylşyrymly meselesi bolup, BSGG -nyň ileri tutýan ugurlarynyň hataryna girýär [5]. Ylmy barlaglar ortodontiýa bilen parodontologiýanyň arasynda göni baglanyşygyň barlygyny görkezýär [3, 4, 8-11]. Türkmen alymlarynyň we daşary ýurtly alymlaryň ylmy işlerinde bellenilişi ýaly 38-50% ýagdaýda DÄA bolan çagalarda üznüksiz kataral gingiwitiň (ÜKG) alamatlarynyň bejergiden öň hem ýüze çykarylandygyny belleýärler [1, 6-8, 10-12]. Öz gezeginde ÜKG-iň irki döwürlerinde ýüze çykarylmagy we parodontal dokumanyň sagdynlygyny gazanmak täsirli ortodontiki bejerginiň netijeliginiň esasy faktorlarynyň biri bolup durýär [2, 9, 11]. Şeýle hem çagalarda ÜKG-iň patogeneziniň aýratynlygyny gaýnaglama hadysanyň ösüp barýan, funksional we morfologiki taýdan kemala gelmedik ýaş parodont dokumada döremegi, ujypsyz zeperleýji faktorlara duýgurlygynyň ýokary bolmagy bilen baglaşyklydygyny bellemek gerekdir [6, 9, 12]. Işiň maksady – diş-äň anomaliýaly çagalarda üznüksiz kataral gingiwiti irki döwründe anyklamak üçin agyz boşlugynyň arassaçylyk barlagynyň netijelerine, parodontal görkezijilerine kliniki baha bermek.

Türkmen selmeleginiň ýapraklarynyň jöwheriniň antibakterial täsirini kesgitlemek

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, ilatyň saglygyny goramakda döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda raýatlary we bejeriş edaralaryny derman serişdeleri bilen doly derejede üpjün etmek hemişe iň möhüm wezipeleriň biridir. Häzirki döwürde amaly lukmançylykda Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümlikleri düýpli öwrenmek, olaryň çig mallaryndan täze derman serişdelerini taýýarlamak we rejeli peýdalanmak meselelerine düýpli seredilýär. Ýokarda aýdylanlara esaslanyp, türkmen selmeleginiň ýapraklaryndan taýýarlanan jöwheri bilen mikrobiologiki barlaglar geçirildi [3, 6]. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki neşirleriniň III jiltinde türkmen selmeleginiň (lat: mandragora turcomanica) biologiki häsiýetnamasy hemmetaraplaýyn beýan edilen. Türkmen selmelegi itüzümler maşgalasynyň, selmelekler urugynyň, boýy 20-40 sm ýetýän, ýapraklary rozetka görnüşinde, aşaky ýapraklarynyň uzynlygy 80 sm ýetýän, ýokarky ýapraklary gysgarak, olaryň diametri 160 sm ýetýän, baldaksyz, köpýyllyk ösümlikdir. Mandragora wajyp häsiýetleri özünde jemleýär: köpýyllylyk, sowuga çydamlylyk we dowamly wegetasion döwrüniň bolmagy. Şonuň üçin mandragorany seleksion iş üçin ulanýarlar. Ösümlik deňiz beýikliginden 800-1200 m-de, palçykly, daşly, günorta dag etekler

Süýjüli diabetiň 2-nji tipiniň utgaşmagynda ýüregiň işemiýa keselini bejermekde emel usullarynyň aýratynlyklary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär, häzirki zaman lukmançylyk şertleri döredilen hassahanalar, şypahanalar, anyklaýyş merkezleri halkymyza hyzmat edýär [1]. Bütin dünýäde ilatyň ölümçiliginiň esasy sebäbi ýüregiň işemiýa keseli (ÝIK) bolmagynda galýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, bu keselden ölümçilik ähli ölümçiligiň, takmynan, 25%-ni tutýar [2].

Halk bähbitli beýik işler

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda halkyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de olary aradan aýyrmak, arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek boýunça giň göwrümli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde N.F.Gamalei adyndaky Epidemiologiýa we mikrobiologiýa milli barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy we degişli şahadatnamany berdi.