"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylygy-zurnaly@online.tm

Habarlar

Ýüreklerde bagtyýarlyk mukamy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda BMG-ä agza döwletler tarapyndan bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen döwletimiz hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyny belläp geçýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hünärmenleri hem dürli çäreleri, wagyz-nesihat duşuşyklaryny, dabaraly maslahatlary yzygiderli geçirýär. Her bir geçirilýän çärede eziz Watanymyzyň dünýä ýüzündäki belent abraý-mertebesi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek ugrunda alyp barýan işleri, ylalaşdyryjy merkez hökmünde ýurdumyzyň sebitde we dünýäde eýeleýän orny barada giňişleýin gürrüňler edilýär. Şol dabaralarda halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň ady alkyşlara beslenýär. Şeýle dabaralaryň biri ýaňy-ýakynda merjen şäherimizdäki «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezinde geçirildi. «Ýüreklerde Bitaraplyk mukamy» diýlip atlandyrylan bu baýramçylyk dabarasyny Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilelikde guradylar. Oňa paýtagtymyzdaky hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky sungat mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. Biz dabara özleriniň baýramçylyk sowgatlary bilen gelen myhmanlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolduk.

Dost-doganlygyň gözbaşy

2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde halkara bileleşigine agza 193 döwletiň goldamagy bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda ikinji gezek ýörite Kararnama kabul edildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi. Şeýle hem BMG-niň çäklerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň topary döredildi. Häzir oňa dünýäniň 19 döwleti girýär. Bu bolsa dünýäniň abatlygyny binýat edýän ösüş arkaly parahatçylyk, ynsanperwerlik, ynanyşmak, agzybirlik, dost-doganlyk, asudalyk, rowaçlyk ýaly düşünjeleriň ählisiniň-de gözbaşyny Bitaraplyk syýasatyndan alyp gaýdýandygyny şöhlelendirýär. Ýurdumyzda özeninde Bitaraplyk syýasaty duran giň gerimli maksatnamalar kabul edilip, olar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Durmuşymyza ornaşdyrylýan maksatnamalar ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem oňyn netijesini berýär. Munuň şeýledigini bilim ulgamyndaky halkara gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtly ussat mugallymlaryň bilim berýändiginde, şeýle-de, daşary ýurtly ýaşlaryň ýurdumyzyň ýokary hem ýörite okuw mekdeplerinde bilim alýandygynda hem görmek bolýar.

Baýramçylyk dabarasy

Halkara Bitaraplyk gününi giňden dabaralandyrmak häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem asylly maksada öwrülýär. Her bir ugurda gazanylýan üstünliklere utgaşyklylykda dabaraly maslahatlaryň, medeni çäreleriň ýokary derejede geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Şu jähtden golaýda Şabat etrabynyň Altynýol geňeşliginiň oba medeniýet öýünde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Bitarap, bagtyýar, şan-şöhratly Watanym» ady bilen geçirilen dabara ýaşuly nesliň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, medeniýet işgärleri, 4-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Dost-do­gan­ly­gyň ýö­rel­ge­si

Bu gün türk­men hal­ky­nyň toý­la­ry toý­la­ra, baý­ram­la­ry baý­ram­la­ra ulaş­ýar. Yn­ha, «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­myz­da hem Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­na 27 ýyl bol­ýar. Bu şan­ly se­ne türk­men hal­ky­nyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň şug­la­sy bo­lup, ta­ry­hy äh­mi­ýe­te eýe­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ba­ky bag­ty­ýar­lyk­da ýa­şa­ýan hal­ky­myz her bir baý­ra­my şat­lyk­ly, da­ba­ra­ly ýag­daý­da my­na­syp bel­läp geç­ýär. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­gi, aba­dan­çy­ly­gy, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy ýö­rel­ge edin­ýän Türk­me­nis­tan bar­ha be­lent sep­git­le­re eýe bol­ýar. Bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si be­len­de gö­te­ril­ýär. Yn­ha, 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 50-nji ses­si­ýa­syn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Şo­nuň ýa­ly-da, 2015-nji ýy­lyň iýun aýyn­da hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 69-njy ta­ry­hy mej­li­sin­de 193 döw­le­tiň ses ber­me­gin­de «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Bu bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň iki ge­zek Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň aý­dyň ýo­ly

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­my­zyň toý­la­ry toý­la­ra ulaş­ýar. Bu gün­ki gün­de ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­lyk to­ýu­na uly ru­hu­be­lent­lik bi­len bar­ýa­rys. Mu­nuň özi her bir yn­sa­nyň kal­by­ny jo­şa ge­tir­ýär, eziz Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik ösüş­le­ri­ne bo­lan buý­san­jy­my­zy go­şa­lan­dyr­ýar. Se­bä­bi bu şan­ly se­ne ýur­du­my­za ber­len bagt­dan paý­ly ser­paý­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz türk­me­niň toý-des­sur­la­ry­ny ulu­dan tu­tup, şat­lyk­ly-şow­hun­ly bel­le­mä­ge ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­myz­da ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de tä­ze bi­na­lar, dur­muş mak­sat­ly des­ga­lar gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Be­ýik iş­ler hor­mat­ly

Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň Ýer ýüzünde parahatçylygy ündeýän başlangyçlary älem-jahana dolýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem mähriban halkymyzyň, ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýäde dabaralandyrýan taryhy wakalara beslendi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýylynyň içinde dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşmeýilli gatnaşyklarynyň netijesinde, içeri we daşary syýasatda saýlap alan ýolunyň dogrudygyny hemmetaraplaýyn subut etdi.

Bitaraplygyň ýalkymy

Ynsanperwerligiň nyşany Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gysga taryhy döwürde Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeldýän we çuňlaşdyrýan, dünýäde hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde uly işleri alyp barýan, milli we umumadamzat bähbitlerini berjaý edip, baglaşylan halkara ylalaşyklaryna wepaly, öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän döwlet hökmünde uly abraýa eýe boldy.

Düzme bäsleşiginde zehinliler ýeňiji boldy

Sarahs etrabyndaky 1-nji orta mekdepde okuwçy ýaşlaryň arasynda düzme ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmen dili dersinde geçirilen düzme bäsleşigine etrapdaky orta mekdeplerden okuwçylar gatnaşdy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik ýaşlara zehin-başarnygyny açyp görkezmäge mümkinçilik berdi. Onuň netijesinde düzme ýazmakda aýratyn tapawutlanan zehinli okuwçylar kesgitlendi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan bäsleşikde 1-nji orta mekdebiň okuwçylaryy A.Guwanjowa birinji, A.Toýlyýewa ikinji, 14-nji orta mekdebiň okuwçysy H.Hoşgeldiýewa üçünji orna mynasyp boldular.

Parahatçylygy, dostlugy dabaralandyrýan taglymat

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ata Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi aýratyn möhüm waka bolup taryha girdi. Şondan 20 ýyl geçensoň, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň gaýtadan kabul edilmegi, şonuň ýaly-da 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer hem parahatçylyk söýüjilik syýasatyna berlen ýokary bahadyr. Bitaraplyk diýen düşünje türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Taryhyň islendik döwrüni alanyňda-da, halkymyzyň hoşniýetli ýörelgelere eýerendigine şaýat bolýarsyň. Bu ýörelgeler, däp-dessurlar bolsa Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzmek bilen, daşary syýasatymyzda öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze basgançaklara çykýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty dünýäde howpsuzlygy üpjün etmegiň ygtybarly guraly bolup hyzmat edýär. Bu bolsa döwletimiziň dünýädäki tutýan ornuny has hem berkidýär. Arkadagly Serdarymyzyň belläp geçişi ýaly, «Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy ählumumy we sebit derejesinde dabaralandyrýan döwletimiziň Ý

Baky Bitaraplyk bilen beýgelen Diýar

Parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak arkaly pugtalandyrylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ajaýyp ýörelgeleridir. Eziz Watanynyň asudalygyny gorap saklamakda edermenlik görkezen pederlerimiziň ýüze çykan dartgynly ýagdaýlary hemişe parahatçylykly ýol bilen çözmegiň tarapdary bolandyklary, sazyň, sözüň güýji bilen dawa-jenjelleriň öňüni almagy başarandyklary, Şükür bagşynyň ýat ýurda ýesir düşen doganyny dutaryna daýanyp, sazy bilen halas etmegi munuň özboluşly subutnamalarydyr. Şol esasdan, halkymyzyň Garaşsyz döwletli bolandan soň, oňyn bitaraplyk ýoluny saýlap almagy ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna daýanýan ýol-ýörelgeleriniň dowamat-dowamdygynyň alamatydyr. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzy beýik ýeňişlere ýetirip, asuda, bagtyýar durmuşyň kepiline öwrüldi. Baky Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň esasynda eziz Diýarymyzda uly işler bitirilip, şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan deňsiz-taýsyz üstünlikler gazanyldy. Eziz Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýetilen şeýle belent sepgitleriň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da baýlaşdyrylýandygy aýratyn buýsandyryjydyr. Bitaraplyk hukuk derejämizi alanymyzdan bäri geçen döwrüň içinde durmuşa geçirilen dünýä ähmiýetli işler ýurdumyzyň bitara

Bitaraplyk — bagtymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda geçýän 2022-nji ýylda belent mertebeli Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine galýan eziz Watanymyz hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllyk toýuna barýar. Agzybir halkymyz özüniň döwletlilik ýörelgesine eýerip, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna pugta jebisleşip, bu ajaýyp baýramçylygy uly zähmet üstünliklerine besleýär. Geçirilýän dabaralarda ýurdumyzyň gazananlaryna, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli halkara hyzmatdaşlygy öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz Aşgabat parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Aşgabadyň ajaýyp maslahat merkezlerinde, kaşaň myhmanhanalarynda dünýä syýasatynyň dürli meseleleri, howpsuzlyk, halkara söwda-ykdysady, ylym we bilim, medeni hem beýleki gatnaşyklar boýunça maslahatlar geçirilýär, möhüm çözgütler kabul edilýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna

PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ BAŞ ÝÖRELGESI Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk şanly toýy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzdan badalga alan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy pursatlarynyň üstüni ýetirýär. Bu şanly senäni giňden dabaralandyrmak häzirki günlerde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda halal hem tutanýerli zähmet çekýän bagtyýar adamlaryň baş maksadyna öwrülýär. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýeten sepgitleri we ýagty geljek üçin oňyn hem işjeň gatnaşyklaryň häzirki wagtda berk binýadyny goýmak babatdaky işler, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň geçen ýyllaryň dowamynda toplanan tejribesini dünýä ýaýratmakda alyp barýan giň gerimli tutumlary barada özara pikir alyşmak, joşgunly kalplaryň hyjuwyny paýlaşmak toýly günleriň iň bir asylly dessurlarynyň birine öwrülýär. Şu nukdaýnazardan, golaýda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy welaýatyň syýasy-jemgyýetçilik guramalary, welaýat kitaphanasy bilen bilelikde «Parahatçylyk söýüjiligiň baş ýörelgesi» atly şygar astynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Täçmyrat Rejepow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň baş hünärmeni Nurýagdy Galpakow, Türkmenistanyň Kärdeşle

Hoşniýetli Bitaraplyk ýörelgeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy nazarlaýan, ýurtlaryň hem-de halklaryň durnukly ösüşine ýardam bermäge gönükdirýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen goldanylýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň binýatlaýyn ýörelgeleri bolan parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine hem-de däp-dessurlaryna hormat goýmak Türkmenistanyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Arkadagly Serdarymyzyň ýöredýän parasatly daşary syýasaty ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň binýady bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda ýurdumyz bilen ysnyşykly gatnaşyklary amala aşyrmaga meýilli halkara guramalaryň we döwletleriň sany ýylsaýyn artýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň ýöredýän «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagyna goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň halkara derejesindäki hormat-sarpasyny, Milletler Bileleşigindäki ornuny barha belende göterýär.

Bitaraplyk — ählumumy parahatçylygy saklamak sunngaty

Türkmen Bitaraplygy sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy, asudalygy dabaralandyrýar. Muňa biz döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatyndan aýdyň göz ýetirýäris. Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň milli ýörelgesiniň ynsansöýüjilik, agzybirlik, dost-doganlyk gatnaşyklaryny Ýer ýüzünde şöhlelendirip, ony durmuşa ornaşdyrýar. Şonuň üçin-de häzirki döwürde dünýä döwletleri türkmen Bitaraplygynyň umumymilli gymmatlygyň, halkara jemgyýetçiligiň gazanan bahasyz baýlygyna öwrülendigini ykrar edýärler. Bu bolsa onuň mazmunynyň oňynlygyny açyp görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň 12-nji noýabrynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitinde: «Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada degişli resminamany kabul etdi. Bu bolsa ählumumy parahatçylygy saklamakda Bitaraplyk syýasatynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklady» diýip belleýşi ýaly, türkmen Bitaraplygy ählumumy parahatçylygy saklamak sungaty hökmünde dünýäde ykrar edildi.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara, joşgunly dabaralara beslenýär. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yzy goýup, dünýä halklarynyň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Türkmenistan döwletimiziň daşary ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz täze taryhy eýýamda özüniň ykdysady-durmuş özgertmeleri, öňe sürýän halkara ähmiýetli döwrebap taslamalary bilen dünýäde mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyz parahatçylygyň, asudalygyň we ösüşleriň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar we baý ýerasty hem-de ýerüsti resurslary, geografiki taýdan amatly ýerleşişi, durnukly ösýän jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy bilen, geljegi örän uly ýurt, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde barha özüne çekiji döwlete öwrülýär. Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda goňşy döwletler, şeýle hem ýer ýüzüniň dürli ýurtlary bilen parahatçylykly, h

Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde

Bitaraplyk — dünýäniň halklary we sebitleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan hem-de halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde Watanymyzyň abraýynyň has-da artmagyna getirdi. Ýer ýüzüniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklary ulgamyna we dünýäniň ykdysady gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýar. Milli bähbitlere hem-de dünýä bileleşiginiň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyk gelýän wajyp başlangyçlary öňe sürýär we amala aşyrýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklaryny, şertnamalaryny, konwensiýalaryny ykrar edýär. Şeýle hem halkara borçnamalaryny doly we dogry ýerine ýetirýän döwletimiz ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine ulanmaga gönükdirýär. Şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 19 döwleti bu Kararnama

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň ýo­ly

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de ata Wa­ta­ny­myz uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan be­ýik iş­le­ri­ni Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz üs­tün­lik­li do­wam ed­ýär. Bu gün­ki gün Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de oňyn baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýän, ne­ti­je­li çöz­güt­le­ri tek­lip ed­ýän döw­let, iri hal­ka­ra çä­re­le­riň, mas­la­hat­la­ryň, du­şu­şyk­la­ryň, fo­rum­la­ryň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi hök­mün­de ta­nal­ýar. Mu­ňa my­sal hök­mün­de «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my­ny, VI Ha­zar sam­mi­ti­ni, Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň ulag mi­nistr­le­ri­niň de­re­je­sin­dä­ki hal­ka­ra mas­la­ha­ty aý­dyp bo­lar. Bu çä­re­ler eziz Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­di.

Beýik maksatlar rowaçlanýar

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, halkara gatnaşyklarynda dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan eziz Watanymyzyň abraý-mertebesi barha belende galýar. Häzirki wagtda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň 1995-nji ýylda hem-de 2015-nji ýylda BMG-ä agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen iki gezek kabul edilmegi dünýä taryhynda uly syýasy üstünlikdir. Munuň özi döwletimiziň halkara gatnaşyklarda saýlap alan nusgalyk ýol-ýörelgeleriniň bütindünýä ykrarnamasydyr. Çünki Türkmenistan sebit we sebitara hyzmatdaşlykda umumadamzat ähmiýetli meselelere ünsi güýçlendirmek bilen, islendik meseläniň parahatçylyk, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Bitaraplyk — parahatçylyk hem asudalyk

Ata Watanymyz Türkmenistanyň ajaýyp gözelligini, asudalygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, abadan, eşretli durmuşyny synlaýarkaň, mukaddes Garaşsyzlygyň, baky Bitaraplygyň ykballary özgerdiji täsirleri seriňe dolýar. Şol pursat dünýä nusgalyk beýik işleri bilen abraý-mertebesi arşa göterilýän döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň özboluşly aýratynlygy ör-boýuna galýar. Türkmen bitaraplygy halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň daşary syýasatda rowaçlyga beslenmegidir. Bitaraplyk ýörelgeleri milli gymmatlyklarymyzda-da, däp-dessurlarymyzda-da, dünýäni haýrana goýýan medeni mirasymyzda-da beýanyny tapýar. Enelerimiziň tamdyra ýapýan çörekleriniň birini öz goňşusyna niýetleýşi, goňşy paýy, goňşokara gatnaşyklary, goňşy barada döredilen halk döredijiligi eserleri munuň subutnamalarydyr. Dost-doganlyk gatnaşyklaryna, parahatçylyk söýüjilige, agzybirlige berk eýeren pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň ajaýyp döwrümizde dowamat-dowamdygy bolsa örän buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga, giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanan öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesi belende galdy. Eziz Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döredijilikli dowam etdirilýär hem-de güneşli Diýarymyzyň dünýä bileleşigindäki orny barha pugtalanýar. Döwlet Baştutanymyz: “Dünýäde we

Watanymyzyň parahatçylyk ýörelgeleri

Bu günki gün Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň goşulyşýar hem-de ählumumy häsiýete eýe bolan halkara giň möçberli meseleleri çözmekde özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyz bu babatda hemişelik Bitaraplyk daşary syýasat ýörelgesine esaslanyp, dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär we giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşarnyksyz eýermek arkaly, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň örüsini has-da giňeldýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge işjeň girişen ýurdumyz, häzirki zaman şertlerinde bolsa halkara giňişligindäki ornuny üstünlikli pugtalandyrýar. Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen oňyn häsiýetli başlangyçlary bu abraýly gurama tarapyndan uly goldawa eýe bolýar we berkidilýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen, möhüm halkara meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýe bolan Kararnamalar hem doly subut edýär.