"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylygy-zurnaly@online.tm

Habarlar

Şaly oragyna girişildi

Welaýatymyzyň şalyçy daýhanlary yhlasly zähmet çekip, her ýyl bu derwaýys ekiniň bol hasylyny kemala getirýärler. Olaryň häzirki dowam edýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu babatda alyp baran giň gerimli işleri hem ajaýyp netijeleri berdi. Şeýlelikde, ezber kärendeçiler özlerine berkidilen meýdanlarda ýetişdirilen bereketli hasyly ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmaga girişdiler. Belli bolşy ýaly, şu ýyl welaýatymyzda 8100 gektar meýdana şaly ekilip, onuň ideg çäreleri ýokary hilli amala aşyryldy. Bu işleriň göwnejaý ýerne ýetirilmegi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky hem-de  «27-nji oktýabr» daýhan birleşikleriniň kärendeçileriniň paýyna düşdi. Şonda olar, degişlilikde, 4750, 3350 gektar meýdanda bu ugurdaky zerur çäreleri öz wagtynda berjaý etmegiň hötdesinden geldiler.

Pagtaçylaryň armaçylary

Kaka etrabynyň «ak altyn» ussatlary pagta ýygymyny gyzgalaňly alyp barýarlar. Tehnikalara hyzmat ediş toparlarynyň, hasyly harmana daşaýjy tehnikalaryň we harmanhanalaryň sazlaşykly işleri pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Gysga wagtlyk arakesme wagtlarynda daýhan birleşikleriniň meýdan düşelgelerinde guralýan medeni-dynç alyş dabaralary pagtaçylary zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri pagta ýygymyna gatnaşyjylaryň arasynda höweslendiriş işlerini hem ýola goýdular. Olar tapawutlanyp zähmet çekýän kärendeçilere, ýygymçylara, kombaýnçylara, hasyly daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjilerine jemgyýetçilik guramalarynyň ýörite baýraklaryny gowşurýarlar.

Welaýatymyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Jogapkärli möwsümiň derwaýys işleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Şabat etrabynyň «Bossan» daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň yhlasly zähmetleriniň netijesinde bereketli «ak altyn» hasyly ýetişdirilip, şu günlerde ony ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Şu ýyl daýhan birleşigi boýunça jemi 1190 gektar meýdana gowaça ekilip, ondan 2893 tonna pagta hasylyny Watan harmanyna tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Gow­ru­lan ko­fe­niň im­por­ty ýokarlanýar

Dün­ýä­de iň meş­hur iç­gi­le­riň bi­ri gow­ru­lan ko­fe­dir. Ýer ýü­zün­de her gün mil­li­on­lar­ça adam ko­fe­ iç­ýär. Hut şu se­bäp­den, dün­ýä ba­za­ryn­da ýo­ka­ry hil­li gow­ru­lan ko­fä bo­lan is­leg art­ýar. Gow­ru­lan ko­fe­ni dün­ýä­de iň köp im­port edi­ji ýurt Fran­si­ýa­dyr. Ýurt­da, esa­sa­n, Efio­pi­ýa­nyň, Bra­zi­li­ýa­nyň we Ko­lum­bi­ýa­nyň gow­ru­lan ko­fe­si im­port edil­ýär.

Bereketli pellerde zähmet gaýnap joşýar

Etrabymyzyň «Bereket» daýhan birleşiginiň pagtaçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünliklere beslemegi maksat edinip, yhlasly zähmet çekýärler. Gymmatly hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak işinde aýry-aýry ýer eýeleri işjeňlik we ýokary başarnyk görkezýärler. Olaryň birnäçesi eýýäm birinji ýygymda hojalyk bilen pagta taýýarlamak barada baglaşan şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli berjaý etdi. Şeýle ussatlaryň biri-de Muhammet Batyrowdyr. Ol şu ýyl bir gektar meýdana gowaça ekip, bol hasyly ösdürip ýetişdirdi. Janypkeş daýhan borçnama laýyklykda Watanyň uly harmanyna 4,2 tonna pagta tabşyrmalydy. Onuň döwlet terezisinden geçiren hasyly eýýäm 4780 kilograma ýetdi. Ýagşymyrat Jumaýew, Jora Çaryýew, Şemşat Joraýewa ýaly ezber daýhanlar hem meýilnamalaryny üstünlikli berjaý edip, beýik Garaşsyzlyk baýramymyzy mynasyp sowgatly garşylaýarlar. Daýhan birleşiginde ýokarda atlary agzalan ussatlaryň göreldesine eýerýänleriň sany barha artýar. Hojalygyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy zähmet adamlaryny has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Guramada agzalaryň 2,1 müňden gowragy bolup, olaryň aglabasy kärendeçilerdir. Ýer eýeleri hormatly Prezidentimiziň özleri hakynda edýän ýadawsyz aladalaryndan ruhlanyp, maksada okgunly işleýärler.

Möwsüm talabalaýyk alnyp barylýar

Şu günler dowam edýän pagta ýygymy möwsümine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goraýyş bölüminiň işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar. Olar etraplarymyzdaky daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarynda saparlarda bolup, işiň tehniki talaplara laýyklykda alnyp barlyşyna gözegçilik edýärler. Ýakynda şeýle gözegçilik işleri Saýat etrabynyň çäginde hem geçirildi. Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda bolanymyzda, pagta ýygymyna gatnaşýan 14 sany kombaýnyň ählisiniň tehniki talaplary doly ödeýändigine şaýat bolduk. Mehanizatorlar bilen ýörite düşündiriş işleri geçirilip, olar ýörite iş lybaslary bilen doly üpjün edilipdir. Kärhananyň Garabekewül bölüminde 13, Sakar bölüminde bolsa 12 kombaýn möhüm oba hojalyk möwsümine gatnaşýar.

Sungat ussatlary «ak altynly» pellerde

Dänew etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesiniň we etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda pagtaçylaryň günortan arakesmesinde «Ak altynyň ussatlary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara gatnaşan sungat işgärleri özleriniň täsirli aýdymdyr sazlary bilen kärendeçileriň we mehanizatorlaryň armasyny ýetirdiler. Bu ýerde guralan sergide bolsa gelin-gyzlaryň nepis el işleriniň dürli görnüşi görkezildi.

Dogumyndan dag döredýär

— Işjanly kärendeçi-pagtaçy barada ýazmakçymy?! Onda «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Aýjahan Nuryýewa tüýs mynasyp. Sebäbi ol «Dogumyndan dag döredýär» diýilýänlerden. Dogumlylygy, işjanlylygy bilen özüni tanadyp bildi — diýip, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy Tawus Beknazarowa Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Artyk obasynyň golaýynda ýerleşýän «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygyna tarap ýola düşenimizde, pagtaçy zenanyň tarypyny ýetirdi. Melhem howaly meýdanlarda ýaýylyp ýatan sähralykdaky göm-gök öwüsýän gowaçalar, ak gara çalymdaş, patrak kimin seçelenýän ak hanalar gözüňi dokundyrýar. Biz ol ýere baranymyzda, Gün mazaly gyzyp, pagtaçylar guşluk çaýyna çykan ekenler.

Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär

Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk toplumynda jogapkärli möwsüm — pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Özleri barada edilýän aladalardan ruhlanýan welaýatymyzyň pagtaçylary yhlas siňdirilip, ösdürilip ýetişdirilen gowaçanyň bitginli hasylyny öz wagtynda we isripsiz ýygnamak üçin, depgini günsaýyn ýokarlandyrýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Bereket etrabynda hem gowaçanyň bereketli hasyly ýetişdirildi. Şu günler kemala getirilen hasyly ýitgisiz ýygnamakda ähli tagallalar edilýär. Möwsüme gatnaşýanlar pagtanyň her bir hanasynyň isripsiz ýygnalyp alynmagy üçin gujur--gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Bu jogapkärli möwsümiň dowamynda pagta ýygymyna gatnaşyjylar ählitaraplaýyn alada bilen gurşalýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri hem pagtaçylaryň arasynda ýygy-ýygydan bolup, pagta ýygymyna gatnaşýanlary sowgatlar bilen höweslendirip, armasyny ýetirip durýarlar.

Welaýatymyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Joşguna beslenýän günler Boldumsaz etrabynyň pagtaçy daýhanlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bereketli «ak altyn» hasylyny kemala getirmek ugrunda 20,5 müň gektar meýdanda yhlasly zähmet çekip, gowaçalaryň kadaly gögerişini, ösüşini üpjün etdiler. Munuň özi öz wagtynda gül-gunça, ýetişen köreklere basyrynan bitgin düýpleriň ak hanalara bürenip, pagta ýygymyna bellenilen möhletlerde girişilmegine mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, olar häzirki günlerde bu babatdaky gaýragoýulmasyz çäreleriň depginini barha güýçlendirýärler.

Oba hojalygy: özgertmeler, ösüşler

Garaşsyzlyk alyp galkynan ýurdum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistan döwletimiz halk hojalygynyň ähli ugurlarynda uly ösüşlere beslenýär. Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, bagtly geljege sary ynamly gadam urýar. Ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, amala aşyrylýan beýik işler, dabarasy dünýä dolýan wakalar taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Şeýle şanly seneleriň biri hem Garaşsyzlyk baýramynyň 32 ýyllyk toýunyň toýlanylmagydyr.

Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär

Sarahs etrabynyň pagtaçylary ýetişdirilen hasyly ýitgisiz, öz wagtynda ýygnap almak hyjuwy bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde gündelik ýyglyp, harmanhanalara gelip gowuşýan “ak altynyň” tonnalary barha artýar. Pagtaçy kärendeçilerdir mehanizatorlaryň, ulag sürüjileriniň aglabasy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalary bolup durýar. Şoňa görä-de, olary zähmet üstünligine ruhlandyrmak we armalaryny ýetirmek işine aýratyn üns berýäris. Möwsümiň ilkinji günlerinden bäri zähmetiň gyzgalaňly alnyp barylýan ýerlerinde, meýdan düşelgelerinde bolup, pagtaçylaryň armasyny ýetirýäris, hasyly öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almagyň möhümdigi barada gürrüň berýäris.

Hojalygyň zähmet üstünligi

Kaka etrabynyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygy pagtaçylykda welaýatymyzda ilkinjileriň biri bolup, ajaýyp zähmet üstünligini gazandy. Öňdebaryjy daýhan hojalygynyň zähmetsöýer daýhanlary gowaça ýetişdiren 50 gektar meýdandan hasylyň 103 tonnasyna barabaryny ýygnap, bu babatdaky şertnamalaýyn borçnamasyny 111 göterimden geçirip berjaý etdiler. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Aýjahan Nuryýewanyň aýtmagyna görä, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýokary hasyl almak üçin topraga turuwbaşdan yhlas edildi. Ekiniň ähli ideg we bejergi işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirildi. Ýygyma hem taýýarlykly girişilip, bu jogapkärli işde ýüwrük elli ýygymçylaryň onlarçasy ýakyndan ýardama geldi. Agzybirlikli çekilen zähmetiň netijesinde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda arzyly sepgide ýetildi.

Arzyly sepgit ugrunda

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetişdiren gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap, arzyly pellehana ýetmegi belent maksat tutunan pagtaçy kärendeçileriň biri-de Ýusup Gurdowdyr. Ol Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginde zähmet çekmek bilen, 4 gektar kärende ýerinden «ak altynyň» 9 tonnadan gowragyny almagy borçlanýar. Gürrüňi edilýän ýaş kärendeçi indi 5 ýyldan bäri toprak bilen iş salşyp, gowaçanyň göwün göteriji hasylyny ýetişdirip gelýär. Şu şanly ýylymyzda hem ol ekiniň ideg işlerine örän jogapkärli çemeleşdi, topraga yhlas-azabyny gaýgyrmady. Yhlasyna görä-de, onuň gowaça meýdanlary berekedini bolluk bilen eçildi.

Ýokary hasylly bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň ylmy esaslary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň oba hojalygyny düýpli özgertmek, bugdaýyň tohumçylygyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän sortlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň Karary bilen bugdaýyň naýbaşy, saýlantgy we ýokary arkaly tohumlaryny öndürmäge ýöriteleşdirilen saýlantgy tohumçylyk hojalyklarynyň döredilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda bugdaýyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, öndürilişini artdyrmakda we hilini gowulandyrmakda ekerançylyk çäreleri bilen bir hatarda, onuň tohumçylygyny ylmy esasda ýokary derejede alyp barmagyň ähmiýeti hem örän uludyr.

«Ak altynym» – bagtdan paýym

Geçen hepdäniň anna gününde — 15-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynyň «ak altyn» ussatlary hem ak patrak ýaly açylan gowaça meýdanlaryndan pagta ýygymyna badalga aldylar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen sähetli gün guramaçylykly başlanan hasyl ýygymy günsaýyn güýjeýär. Biz hem bu möwsümleýin oba hojalyk çäresiniň başlanmagy mynasybetli guralan dabara gatnaşyp, pagtaçy daýhanlaryň birnäçesiniň zähmet üstünlikleriniň şaýady bolduk:

Bagbanlykdan döwlet tapan

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýuny eziz Watanymyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ol gün gözel paýtagtymyzdan uzak bolmadyk ýerde, gadymy Arkaç düzlüginde gojaman Köpetdagyň eteginde ak mermere bürenip oturan milli öwüşginli ymaratdyr binalar bilen gurşalan Arkadag şäheriniň birinji tapgyry gurlup, ulanylmaga berildi. Şäheriň açylyş dabarasyndan galan täsirler baradaky söhbetler häli-häzire çenli ildeşlerimiziň dilinden düşenok. Bizem agzybir halkymyzyň kalplaryny şatlyga besleýän şeýle günlerde, täze dörän şäheriň gözelligine görk goşýan, salkyn saýalary bilen jana şypa berýän baglary ösdürip ýetişdirip, bu şäheriň gür baglyga bürenmegine asylly goşant goşan bagban hakynda söz açmakçy. Bu bagbana Oraznepes Öwezgeldiýew diýýärler. Ol Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynyň ýaşaýjysy bolmak bilen, baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde baý iş tejribe toplanlaryň biri.

Arahis pissesiniň täze sorty

Häzirki döwürde ilat azyk önümleriniň diňe bir beden saglygyna ýetirýän peýdasyna üns bermän, eýsem, onuň daşky gurşawa edýän täsiri bilen hem gyzyklanýar. Olaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin amerikaly seçgiçi alymlar arahis pissesiniň täze görnüşini döretdiler. Arahis pissesiniň täze «TifCB7» sorty (TPRF) 10 ýyllyk synag tejribesi esasynda döredildi. Pissäniň bu görnüşiniň täze sorty ösüş döwründe ýüze çykýan kesellere durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde, bu ekiniň ösüş döwründe fungisidleriň ulanylmagy tygşytlanyp, onuň daşky gurşawa zyýanly täsiri azaldylýar.

«Bally çelek»

Çogdam gülli proteýa gyrymsy agaç bolup, onuň ýogyn baldaklary, ýalpyldawuk, gara ýaşyl reňkli ýapraklary bar. Bu gülüň boýunyň uzynlygy ýaşaýan sebitleriniň klimat şertlerine baglylykda 35 santimetrden 2 metre çenli üýtgäp bilýär. Proteýa Afrikanyň sebitlerinde duş gelmek bolýar. Onuň üçin gurak klimatly zolak zerur hasaplanýar. Proteýa ösümligine çygly klimat zolaklarynda-da köpýyllyk otjumak ösümlik görnüşinde hem duş gelmek bolýar. Proteýa beýleki gülleriň arasynda özüniň gül toplumy bilen tapawutlanýar. Proteýanyň gül toplumy 6 – 9 sany ownuk gül toplumlaryndan ybarat bolup, onuň diametri 12 – 30 santimetr aralygynda bolýar. Onuň gül toplumynda gül ýapraklarynyň reňki akdan goýy gülgünä çenli üýtgäp bilýär. Proteýanyň uly gül toplumynyň ýakymly ysy bolýar. Onuň gül toplumynda örän köp şire bölüp çykarýan nektar ýerleşýär. Bu bolsa onuň dürli mör-möjekleri özüne çekip, tozanlanmagyna kömek edýär. Proteýanyň gül toplumynda nektaryň köpdügi üçin bu güle başgaça «bally çelek» hem diýilýär.

Antarktidada garpyz ösdürilip ýetişdirildi

Russiýa Federasiýasynyň Antarktidadaky «Wostok» stansiýasynyň alymlary tarapyndan garpyz ösdürilip ýetişdirildi. Bu ýerde garpyzyň çalt bişýän iki sany görnüşinden sekiz sany garpyz alyndy. «Wostok» stansiýasyndaky Arktika we Antarktida ylmy-barlag institutynyň alymlarynyň bellemeklerine görä, bakja ekini ösdürilip ýetişdirilende tozanlandyrmagyň emeli usulyndan peýdalanylypdyr. Ekiniň ösmegi üçin amatsyz şertlerde, ýagny, pes atmosfera basyşynda hem-de kislorod ýetmezçiliginde uýgunlaşmagyň usullaryny we bu ýagdaýlaryň ösümlikleriň tagamyna täsirini synag etmek üçin garpyzyň çalt ösýän çigitleri ekildi. Garpyzlaryň ösmegi üçin ýörite toplum döredilip, zerur bolan şertler — topragyň ornuny tutujy, iýmitlendiriji dökünler, yşyklandyryş bilen üpjün edildi. Tozanlandyrma işi geçirilip, ilkinji hasyl alyndy. Garpyzlaryň iň ulusynyň agramy 1 kilograma, diametri bolsa 13 santimetre deň boldy.