"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylygy-zurnaly@online.tm

Habarlar

Täze bina — toý sowgady

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşliginde täze saglyk öýüniň açylmagy oba ýaşaýjylary üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi. Welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan gurlan bu saglygy goraýyş binasynda oba ilatyna köpugurly lukmançylyk hyzmatyny etmek üçin ähli şertler döredildi. Saglyk öýünde sanjym, hasaba alyş, barlaghana we beýleki lukmançylyk otaglary, dermanhana, naharhana ýerleşýär. Bu ýerde ýatymlaýyn bejergi almak üçin hem ýörite otaglar bar. Täze binanyň degre-daşyny bezeg agaçlary gurşap alýar. Etrabyň çäginde tutýan meýdany hem ilatynyň sany boýunça iň ulusy hasaplanylýan Gölýer obasynyň bagtyýar ilatynyň, saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen açylyş dabarasy aýdym-sazlara beslendi. Göwünleri ganatlandyran dabarada ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak, il saglygyny goramak ugrunda uly tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdyldy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL BÄSLEŞIGIŇ WELAÝAT TAPGYRY GEÇIRILDI

Erkanalyk bagty

Döwlet syýasatynyň baş maksady ösüp gelýän ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemekden, ýaşlary ylmy işlere çekmekden, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmakdan, Watanymyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Häzirki taryhy pursatlarda Garaşsyzlygymyz, onuň gözbaşlary hem esaslary barada ýatlamak ýakymly. Dogrusy, bu mukaddeslik barada hemişe pikir etmeli, oňa hemişe guwanmaly we ol hakyndaky päkize duýgy-düşünjeleri hemişe aňyňda hem ýüregiňde göterip gezmeli. Sebäbi biziň özbaşdak millet, özbaşdak döwletli halk hökmündäki her bir üstünligimiziň, ýeňişlerimiziň, gazanýan abraý-mertebämiziň gözbaşynda Garaşsyzlygymyz durandyr.

Ahal ýaýlasyndaky «akylly» şäheriň gurluşygy

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy we bu ýerde ozal maslahatlaşylan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýerde bina edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, onuň bezeg aýratynlyklary, reňk öwüşginleri bilen tanyşdy. Şol ýerden uzakda bolmadyk ýerde bina edilen çagalar bagy bilen tanyşlygynyň barşynda käbir şekil taslamalaryny gözden geçirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy olarda döredilýän reňk öwüşginleriniň sazlaşygynyň üpjün edilmeginiň möhümdigini aýtdy. Şeýle-de binanyň töwereginde çagalaryň çägäniň üstünde oýun bilen güýmenmeklerine niýetlenen ýörite ýerlere üns çekilip, bu ýerde Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenaryndaky çägäni ulanmagyň örän maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Soňra hormatly Arkadagymyz nobatdaky ýörite gurnalan ýerdäki käbir ýol belgileriniň ýanynda saklandy we olary synlap, belgileriň reňk aýratynlyklary saýlanyp alnanda, olaryň howanyň dürli täsirlerine döz gelýän häsiýetli öwüşginlerini saýlap almagyň möhümdigini belledi. Awtomobil ulag ýollarynyň ugurlarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän ýol görkeziji belgiler awtoulag ýollaryndaky hereketleri düzgünleşdirmekde we

Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 1-nji sentýabrynda – Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýy Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolan möhüm waka hökmünde häzirki zaman taryhymyzyň şanly sene ýazgysyna girdi. Gurultaýa hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy, onda çuňňur many-mazmuna, parasatly öwüt-ündewlere ýugrulan ajaýyp çykyş bilen ýaşlara ýüzlenmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşine gol cekmegi ýurdumyzda ýaş nesiller barada edilýän aladanyň iňňän uludygyny we giň möçberlidigini ýene bir gezek subut etdi. Bu strategik resminama ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlaryny we ýörelgelerini kesgitlemek bilen, ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşyny, oňaýly iş, ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Kanuna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, ony rejelemek, kämilleşdirmek baradaky başlangyjyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini uly guwanç we buýsanç bilen aýtmak isleýäris. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda özleri barada edilýän aladalary aňryýany bilen duýýan ýaşlarymyz ata Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly nesiller bolup ýetişmek hem-de ýu

Rowaçlygyň binýady, parahatçylygyň ilçisi

Parahatçylygyň ilçisi, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy, ýeňişlere ruhlandyrýan güýç. Bular sport babatda aýdylýan ajaýyp jümlelerdir. Her bir adam üçin uly ähmiýete eýe bolan sport tutuş jemgyýetiň durmuşyna-da güýçli täsirini ýetirýär. Bu günki gün sport halkara gatnaşyklarynyň hem möhüm bölegine öwrülip, parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Sport jemgyýeti jebisleşdirýän güýç hökmünde-de uly ähmiýete eýedir. Biz bu hakykata 2017-nji ýylda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, «Amul ― Hazar 2018» halkara awtorallisi ýaly iri ýaryşlar geçirilende-de, 2021-nji ýylda Tokioda guralan tomusky Olimpiýa oýunlarynda ildeşimiz ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji olimpiýa medalyny gazananda-da, türgenlerimiz abraýly ýaryşlardan medallar çemeni bilen dolanyp gelenlerinde-de şaýat bolduk. Şol ýaryşlardaky üstünliklere hem-de ýeňişlere halkymyz göýä bir bitewi maşgala ýaly begendi hem buýsandy.

Suwy arassalaýjy toplum

Düýn Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Arçman geňeşliginiň çäginde lagym suwuny arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýuna barýan günlerimize gabatlanan täze desganyň açylyş dabarasy aýdym-saza beslendi. Toý bagy kesilenden soň, dabara gatnaşyjylar dili senaly ýaşulularyň baş bolmagynda lagym suwuny ýokary talaplara laýyklykda arassalamak üçin göz öňünde tutulan şertler bilen tanyşdylar. Bir gije-gündizde lagym suwunyň 20 müň kub metrini arassalamaga mümkinçiligi bolan desga 4,2 gektarda ýerleşip, özboluşly toplumy emele getirýär. Onuň çäginde gurlan edara, hlor öndürme, filtrleri dolandyryş, palçygyň suwuny aýryjy, suw arassalaýjy, barlaghana, kompressor, transformator, arassalanan suw binalaryny, hlor bilen garyşdyrma rezerwuary, ýuwuş suwunyň nasos bekedi, ussahana, ammar ýaly desgalaryň gurluşygynda ýokary talaplar göz öňünde tutulypdyr. Ol ýerde howalandyryş, palçygy goýaltma, suwy durlatma howuzlary, şeýle-de palçygy guratma meýdançasy gurlupdyr.

Parlament diplomatiýasy: hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täsirli guraly

ÖSÜŞIŇ NURANA ÝOLY BILEN Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda döwletimiziň halkara giňişlikde abraýy barha dabaralanýar. Biziň ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda, şeýle hem döwletara gatnaşyklarda dostlukly hyzmatdaşlygy berkitmek babatda halkara ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýär. Bu günki gün sebitiň, dünýäniň ýurtlary ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ata Watanymyza dürli ugurlar boýunça uly gyzyklanmalaryny bildirýärler. Dünýäniň ýurtlarynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň bähbidine netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşini berkitmäge gönükdirilen daşary syýasy ýörelgeleri hem-de parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek we ýokary derejelere çykarmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren beýik başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň parahatçylygy döredijiligiň we dostlugyň merkezine öwrülendigini buýsançly aýtmak bolýar.

Şygryýet äleminiň öçmejek nury

Magtymguly etrap merkezindäki Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň hem-de «Watan», «Edebiýat we sungat» gazetleriniň redaksiýalarynyň guramaklarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Şygryýet äleminiň öçmejek nury» atly maslahat geçirildi. «Şygryýet äleminde öçmejek yz goýan we dürdäne şygyrlary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren şahyryň eserleri asyrlar geçse-de, öz ähmiýetini ýitirenok. Bu gün olar dünýä halklarynyň dillerinde söýlüp okalýar. Çuňňur pähim-paýhasa ýugrulyp, köňüllerde ýer eden şygyrlar merdana halkymyzyň ýüreginde aýdym bolup ýaňlanýar. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda türkmen nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenip geçiler. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan şol ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi dünýäde ykrar edilen söz ussadyna goýulýan belent hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr» diýip, maslahatda çykyş edenler aýratyn buýsanç bilen nygtadylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän tutumlar barada gürrüň etdiler hem-de «Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Serdarymyzyň başynyň dik, ömrün

Gülki paýlan sahnalar

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik toparynyň welaýatymyzda birnäçe günläp myhmançylykda bolup, “Geliň, gülşeliň!” atly aýdym-sazly, şüweleňli sahnalary tomaşaçylara hödürlemegi sungat muşdaklarynda ýakymly täsirleri galdyrdy. Balkanabat şäherindäki welaýat döwlet drama teatryna köp sanly tomaşaçylary ýygnan döredijilik toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletmyrat Hanmämmedow bilen bolan özara söhbetdeşligimiz döredijilik saparynyň maksady baradaky gürrüňden başlandy. Sahna ussadynyň gürrüň bermegine görä, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleriniň welaýatymyzda bolmagynyň esasy maksady teatr sungatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan üstünliklerini, şeýle-de halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmekde döredilýän giň mümkinçilikleriň oňyn netijelerini halk köpçüligine ýetirmekden, bagtyýar raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almagyna mynasyp goşant goşmakdan ybarat bolup durýar. — Döredijilik toparymyzyň Balkanabat, Türkmenbaşy we Bereket şäherlerinde görkezen aýdym-sazly, degişme sahnalarynyň tomaşaçylarynyň ýeterlik bolmagy azabymyzyň ýerine düşendigini görkezen bolsa gerek. Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Çommyýewanyň, ýaş artistler Begli Orazmuhammedowyň, Akmyrat Annamyradowyň, Jennet Horasanlyýewanyň durmuşda duş gelýän gülküli pursatlary beýan edýän ç

Ýaşlar barada alada

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň mejlisler zalynda toplumyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda çäre geçirildi. Onda çykyş edenler «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen baglanyşykly buýsançly söhbet etdiler. «Bu Kanunyň kabul edilmegi ýaşlaryň hukugyny berkitmek hem-de kepillendirmek üçin edilýän aladalaryň uludygynyň subutnamasy boldy. Ol ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, bedew batly ösüşlerimize mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek baradaky maksatlardan ugur alýar» diýip, çykyş edenler nygtadylar. Ýaşlara uly ynam bildirýän, olaryň ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşmagy üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Buýsanyň siz bu Watana

Buýsanyň siz bu Watana,Buýsanmaga hakyňyz bar.Bolsun mydam şu topragyBagyş eden Hakyňyz ýar. Buýsanyň siz bu Watana,Keramatdyr, keremlidir.Geçmişine göz aýlasaň,Ärli, pirli, erenlidir.

Päk zähmetden bagt tapan zenandy

Daýhan birleşiginiň ilkagşam başlan ýygnagy ýary gijä çenli dowam etdi. Daýhan birleşiginiň başlygy Kömekgeldi Rejepow: — Ýoldaş Soltanow, siz gök-bakja ekinlerini ekmek üçin taýýarlap goýan 15 gektar ýerimize topar ýolbaşçysyny tapdy-ňyzmy? — diýende, agronom bada-bat Togta Mollaýewanyň adyny tutdy.

Adamyň içindäki iki möjek

(Tymsal) Bir zamanlar goja agtygyna durmuş hakykatyny şeýle beýan edipdir:

Ykdysady ösüşleriň täsirli guraly

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny goýan, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty güýçlenýär we halkymyzyň ýaşaýyş derejesi günsaýyn ýokarlanýar. Sanly ulgamyň yzygiderli we maksatnamalaýyn ornaşdyrylyp, maglumatlar tehnologiýalarynyň esasy orunlary eýeläp ugramagy ykdysady ösüşlere oňyn täsirini ýetirýär. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda geçen ýyllarda düýpli işler durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, degişli ugurlara öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleri hem çalt depginlerde ýerine ýetirilýär. Şol bir wagtyň özünde internet ulgamynyň raýatlara elýeterli bolmagy üçin ähli şertleri döredýän telekommunikasiýalaryň köpugurly ulgamy üstünlikli hereket edýär. Ýurdumyzyň raýatlary islendik pudakda sanly ulgamdan netijeli peýdalanyp, önümlerini satuwa çykaryp ýa-da ýerleşdirip bilýärler, wagyz-ündew işlerini alyp barýarlar.

Täzelikler

Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynda ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan gurluşyk önümleriniň öndürilişi barha artdyrylýar. Bu ýerde şu ýylyň geçen döwründe gurluşyk önümleriniň 19 million 500 müň manatlykdan gowragy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Has takygy, bu döwürde keramiki kerpijiň 3 million 100 müňüsi, gurluşyk üçin betonyň 13 müň kub metre golaýy, harytlyk betonyň 4 müň kub metrden gowragy öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli artykdyr.

Gündogar sebitde ýene-de bir täze bazar

Bazarlar önüm bolçulygy bilen islendik ýurduň ykdysady kuwwatyny, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini görkezýän ölçeg bolup hyzmat edýärler. Olaryň döwrebaplygy we göze gelüwli keşbi hem şol ölçegiň üstüni ýetirýär. Häzirki wagtda Türkmenabat şäheriniň owadan ýerleriniň birinde ýerleşýän Merkezi daýhan bazarynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan gurluşyk işleri hem şondan ugur alýar.

Düýpli özgertmeleriň esasy çeşmesi

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen biziň ýurdumyzda ýeterlik derejede berk maýa goýum mümkinçilikleri bolan kuwwatly ykdysadyýet döredildi. Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň esasy maksady ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, maýa goýujylar üçin üznüksiz önümçiligi giňeltmäge we maýa goýumlarynyň netijeliligi üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary doly derejede özgerýär, täze-täze önümçilikler işe girizilýär, zawod-fabrikler, medeni we durmuş maksatly binalar gurulýar. Ýurdumyzyň jemi içerki önümine goýulýan maýa goýumlarynyň möçberiniň gatnaşygy hem yzygiderli artýar. Maýa goýumlarynyň ösüş derejeleriniň her ýyldaky artyşy 15-20 göterime barabar bolýar. Netijede ylmyň iň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna, täze-täze önümçilikleri işe girizmäge, dünýä ülňülerine laýyk gelýän we bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän kämil ykdysady düzüm döreýär. Gaýtadan işleýän kärhanalara goýulýan maýa goýumlaryň möçberleriniň artmagy güneşli Diýarymyzyň çig mal öndüriji ýurtdan gaýtadan işleýän, taýýar önümleri öndürýän ýurda öwrülmegini üpjün etdi.

Döwrüň galkynan ýaşlary

Bu gün türkmen ýaşlary berkarar Watanda, arzyly günleriň gujagynda bagtyýar ýaşaýarlar. Çünki halkymyzyň nurana ertirini, röwşen geljegini berkarar etjek ýaşlaryň durmuşyny has-da gözelleşdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Özleri üçin edilýän tagallalara türkmen ýaşlary hem mynasyp iş bilen jogap berýärler. Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri kemala getirmek, ýaşlaryň dünýä dillerini çuňňur öwrenmeklerini, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşikleri-de ýaşlaryň durmuşyna aýratyn ýalkym saçýar. Bu işler ylym öwrenmäge, hünär edinmäge, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmaga höwesek ýaşlaryň sanyny görnetin artdyrýar. Biz bu guwandyryjy hakykaty «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýaşlarymyzyň gazanan üstünliklerinde hem görýäris. Ýaňy-ýakynda döwletimiziň durmuşynyň dürli ugurlarynda işjeňligi bilen tapawutlanýan türkmen ýaşlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy. Bu gezekki baýrak eýeleriniň sanynyň geçen ýyllardakylardan köpdügi hem ýokarda aýdanlarymyzy tassyklaýar. Şol sanda biziň welaýatymyzyň ýaşlarynyň hem 6-sy bu bagtdan paýly boldular. Bu beýik ýeňiş olaryň geljekki üstünliklerine badalga bolar. Bilşimiz ýaly, döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ulanmak döwrüň esasy talaby. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Täzelikler

Gyzlara el hünärlerini öwretmek ene-mamalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän asylly ýörelgesidir. Halkymyzda hünär bereket başy hasaplanylýar. Şundan ugur alnyp Saýat etrabynyň «Balsaýat» toý mekanynda geçirilen çäre hem el hünärini öwrenmeklige, ony ýaş neslimize miras galdyrmaklyga bagyşlandy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklaryndaky «Hünär bereket getirer» ady bilen geçirilen bu çärä kümüş saçly enelerimiz, mekdep okuwçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we öý hojalykçy işjeň zenanlar gatnaşdylar.