"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylygy-zurnaly@online.tm

Habarlar

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm sahypasy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27 — 29-njy noýabrda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary we onuň dowamynda geçirilen gepleşikler dostlukly döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlarynyň täze tapgyryny çekmekde, milli işewürligi ilerletmekde uly ähmiýete eýe boldy. Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda saparda bolan wekiliýet agzalarynyň käbiriniň bu döwletli sapar hakyndaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklanyp, olaryň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Guwançmyrat AGAÝEW,Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy:

Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: gadyrly gatnaşyklary berkitmegiň täze gözýetimleri

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda arap dünýäsiniň ýurtlary bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly, netijeli häsiýetini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 21-22-nji noýabrynda bu dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji resmi sapary bolsa türkmen-emirlikler gatnaşyklaryna degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmagyň, hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleridir ugurlaryny anyklaşdyrmagyň ýolunda täze sahypany açdy. Abu-Dabi duşuşygy: mümkinçilikler – ösüşiň bähbidine

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: parlament gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýoly bilen

Hormatly Arkadagymyz Koreýa Respublikasynda resmi saparda boldy Türkmenistanda iri önümçilik toplumlaryny gurmak boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27 — 29-njy noýabrda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary hem türkmen-koreý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berjek möhüm waka boldy.

Hoşniýetli ýörelgelere eýerip

Ýakyn-u-alys ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, dünýä halklarynyň bähbidini nazarlaýan hyzmatdaşlygy ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan asylly ýörelgeleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelge has-da uly many-mazmuna eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de hormatly Arkadagymyzyň diňe soňky aýlarda dostlukly ýurtlara amala aşyran saparlarynda hem-de ýurdumyzda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar hem bu hakykatyň aýdyň beýanydyr. 30-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygy hem halklarymyzyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da berkemegini şertlendiren ajaýyp wakalaryň biri boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz hormatly myhmanyň ýurdumyzda geçirilýän köp sanly baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýandygyny we iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Türkmen-türk parlamentara hyzmatdaşlygy ilerledilýär

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde dürli derejelerde geçirilen netijeli gepleşiklerdir gazanylan ylalaşyklar ýyl-ýyldan täze mazmun bilen üsti ýetirilýän özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine iki tarapyň hem uly gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek tassyklady. 18-nji noýabrda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen geçiren duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysynyň Aşgabada saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň mejlisi

Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, geçen mejlislerde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde ýerine ýetirmek, sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygyň geljekki täze ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi.  Mejlisi açmak bilen, toparlaryň başlyklary birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik esasda ýola goýulýan türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda bar bolan uly mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmaga çalyşýarlar. Mejlise gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türkmen-awstriýa döwletara gatnaşyklaryň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. 

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministrini kabul etdi

Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Eýranda Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine uly ähmiýet berilýär.

“Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman bilen mähirli salamlaşyp, Gahryman Arkadagymyz Neda Bergeriň Türkmenistanda uly hormata eýedigini aýtdy. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz onuň ýurdumyzda geçirilýän köp sanly baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýandygyny we iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şuller-Götzburgdan ynanç hatyny kabul etdi. Mejlisiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda dostlukly we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň mejlisi

Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, geçen mejlislerde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde ýerine ýetirmek, sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygyň geljekki täze ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi. Mejlisi açmak bilen, toparlaryň başlyklary birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik esasda ýola goýulýan türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda bar bolan uly mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmaga çalyşýarlar. Mejlise gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türkmen-awstriýa döwletara gatnaşyklaryň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Köpugurly hyzmatdaşlyk — ösüşiň bähbidine

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki sepgidine we geljekki ösüş ugurlaryna, söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerine, iki dostlukly ýurduň ykdysadyýetleriniň dürli pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan nobatdaky forum giňden ösdürilýän özara gatnaşyklarda täze ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 18-nji noýabrynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, bu döwletiň işewür düzümleriniň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bilelikdäki taslamalarynyň, şol sanda gurluşyk, syýahatçylyk, söwda, marketing we ulag hyzmatlarynda dürli pudaklar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary getirmek taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi babatda oňyn tejribe toplanandygyny belledi.

Parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady berkden tutulyp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ugurlarda ösüşleriň belent sepgitlerine ýetýär. Ata Watanymyzyň berkararlygy hem-de halkymyzyň abadançylygy barada gije-gündiz taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işler günsaýyn döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini barha belentliklere göterýär. Ýurdumyzda syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler bilen bir hatarda, parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunda öz beýanyny tapýar we parlament diplomatiýasy ösüşlere beslenýär. Türkmenistanyň kanun çykaryjy häkimiýeti Milli Geňeşiň Halk Maslahatyndan hem-de Mejlisinden ybarat bolup, iki palata hem agzybirlikde, jebislikde, milli kanunçylygymyzyň has-da kämilleşmegini nazarlap, öz işlerini üstünlikli alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdarymyz şu ýylyň 14-n

Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabat, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemlän Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilelikde guradylar.  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli ýolbaşçylaryň foruma taýýarlyk görlüşi babatdaky habaryny diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şol gatnaşyklaryň okgunly ösmegi taraplaryň köpugurly, uzak möhletli esasda hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandyklaryny tassyklaýar. Netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň aýdyň görkezijisidir. Awstriýanyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýan uly işewür toparlarynyň wekilleri bilen köpýyllyk ysnyşykly gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýewropanyň bu ýurdy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli gural hökmünde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň möhüm ornuny belledi hem-de Aşgabatda geçiriljek işewürlik maslahatynyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugurlary kesgitlenildi

Seul, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy, şeýle-de işewürler maslahatyna gatnaşdy we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ir bilen Gahryman Arkadagymyzyň awtoulag kerweni Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň “Ýonsan” köşgüne tarap ugrady.

Türkmenistanyň ulag-logistikasy Ýewraziýa yklymynyň üstaşyr düzüminiň möhüm bölegidir

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň barşynda BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen gepleşiklerde ulag-logistika ulgamynyň hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Bu babatda iki ýurduň port düzümlerini ulanmak arkaly, utgaşykly ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler bar. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ulanmaga berildi. Häzirki wagtda bu port öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan halkara derejedäki köpugurly terminaldyr. Onuň kuwwaty, hususan-da, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Hindi ummanynyň deňiz ugurlary boýunça gatnawlary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça yklymda iň iri ulag halkasy bolmak mümkinçiligine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy portunyň we BAE-niň portlarynyň logistik baglanyşygynyň örän uly geljegi bar.

Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabat, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemlän Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilelikde guradylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli ýolbaşçylaryň foruma taýýarlyk görlüşi babatdaky habaryny diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şol gatnaşyklaryň okgunly ösmegi taraplaryň köpugurly, uzak möhletli esasda hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandyklaryny tassyklaýar. Netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň aýdyň görkezijisidir. Awstriýanyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýan uly işewür toparlarynyň wekilleri bilen köpýyllyk ysnyşykly gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýewropanyň bu ýurdy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli gural hökmünde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň möhüm ornuny belledi hem-de Aşgabatda geçiriljek işewürlik maslahatynyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Parlament diplomatiýasynyň täze ugry

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Koreýa Respublikasyna ugrady. Saparyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti, bu ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşyklar hem-de däp bolan döwletara hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjek beýleki çäreler meýilleşdirildi. 28-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo bilen duşuşdy.

Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň täze taryhy tapgyry

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Koreýa Respublikasyna ugrady. Gahryman Arkadagymyzyň uçary Seul şäheriniň «Seoul Air Base» halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistan — Koreýa parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal-Gon we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Dost­luk­ly gat­na­şyk­lar pug­ta­lan­dy­ryl­ýar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Ga­raş­syz ýur­du­myz he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na esas­lan­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýar. Dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ozaldan habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyrýan resmi sapary iki dostlukly döwletiň parlament gatnaşyklaryny barha işjeňleşdirmek bilen, täze sepgitlere ýetirýär. Şu gün, ýagny, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 29-njy noýabrynda Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok-Ýol bilen duşuşyp, özara bähbitli hem-de umumadamzat ähmiýetli işleriň iňňän wajyp ugurlary hakynda gepleşikleri geçirdi.