"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Asman giňişliginde «Arkadag» ýyldyzy şöhle saçýar

Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Milli Liderimiz bilen birlikde bu ajaýyp şäheriň barha meşhurlygy artýar, çawy dünýä dolýar. Her güni taryhy wakalara beslenýän ajaýyp Watanymyzda ýene-de bir ýatdan çykmajak waka şaýat bolmagymyz biz — ylym-bilim işgärleriniň göwün guşuny asmana göterdi. Ýagny «Kosmos-Ýer» jemgyýeti tarapyndan älem giňişliginde täze asman jisiminiň hasaba alynmagy we ol jisime hem bitiren ägirt uly il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri üçin Milli Liderimiziň hormatyna «Arkadag» adynyň dakylmagy dünýä alymlar jemgyýetçiligi tarapyndan ýurdumyza goýulýan hormat-sarpanyň örän çäksizdigini äşgär etdi.

Innawasion ösüşleri nazarlap

Diýarymyzda ylmy ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim syýasatynda yzygiderli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi kämil nesil terbiýesiniň özenini düzýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran Karary bilen ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlarynyň 6-sy tassyklandy hem-de bu ulgamy ösdürmäge, onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen kanunlaryňdyr döwlet maksatnamalarynyň birnäçesi kabul edildi. Ylmy we ylmy-pedagogik işgärleri taýýarlamak, olaryň hünärini yzygiderli kämilleşdirmek innowasion ulgamy ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir.

Halkaraçy talyplar «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldular

9-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetinde bilim alýan talyp ýaşlar «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldular. Tomusky tanyşlyk hem-de önümçilik tejribeliklerini geçýän talyplar gazetiň döredijilik, maket, dizaýn işleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Şeýle-de redaksiýanyň degişli işgärleri talyplara gazete ýerleşdirilýän materiallaryň mazmun hem-de grammatik taýdan düzedilişi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar nazaryýetde alan bilimlerini tanyşlykdyr önümçilik tejribeleriniň üsti bilen has-da berkitýärler. Olar öz okaýan ugurlary boýunça ýurdumyzyň pudaklaýyn we dolandyryş edaralarynda, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky tejribeliklerini geçýärler.

«Döwrüň belent ruhy bilen, öňe barýar bagtly ýaşlar»

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda okaýan, dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlarymyzyň 107-si ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldular Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Biz ýaş alymlarymyzyň ylmy açyşlaryny, innowasion tejribelerini, ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglaryny döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmekde örän möhüm hasaplaýarys.

Haşal otlar we olara garşy göreş çäreleri

Şu günler ýurdumyzyň oba hojalygynyň ekerançylyk pudagynda gyzgalaňly döwür dowam edýär. Ekin meýdanlarynda gowaçalary ösdürip ýetişdirmek boýunça işler ýokary derejede alnyp barylýar. Şeýle işleriň biri hem gowaçalaryň ösüşine zyýan berýän haşal otlara garşy göreş çäreleridir. Haşal otlar ekinlerden öň gögerýärler we toprakdaky iýmiti we suwy peýdalanyp, hasyllylygy kemeldýärler. Haşal otlaryň ýaýran meýdanlarynda topragy bejermek, hasyly ýygnamak üçin geçirilýän işler kynlaşýar. Mysal üçin, çaýyr, gamyş ýaly köki ýüzde ýatýan köpýyllyk otlar gögeren meýdanlarda kultiwasiýa işlerini geçirmek kynlaşýar. Maşyn bilen ýygylan gowaça meýdanlarynda itüzüm ýaly miwesi we ýapragy köp bolan hem-de düzüminde suw saklaýan otlar gögerýän bolsa, pagta ýygylanda agregatlary yzly-yzyna ýuwup, arassalap durmaly bolýar.

Ylymly nesil - ynamly nesil

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Dün­ýä her bir yn­sa­nyň özün­den baş­lan­ýar. Özü­ňe dü­şün­mek, ýö­re­jek ýol­la­ry­ňy, et­jek iş­le­ri­ňi aýyl-sa­ýyl et­mek, ýol­la­ryň dü­zü­ni saý­la­mak üçin yn­san ba­la­sy uzak asyr­la­ryň do­wa­myn­da elin­den ki­ta­by­ny dü­şür­mez­den, ir­gin­siz göz­leg­de bo­lup­dyr. Edi­len yl­my açyş­lar, ýa­zy­lan eser­le­riň äh­li­si yn­sa­nyň özü­ne ni­ýet­le­nen­dir. Mu­nuň özi Ýu­sup Ba­la­sa­gun­ly­nyň «Ylym bi­li­mi bil­mek­dir. Ylym özüň bil­mek­dir» di­ýen dür­dä­ne söz­le­ri­niň gys­ga­ça tym­sa­ly.

BAGTDAN PAÝLY, ÝEŇIŞDEN SERPAÝLY ÝAŞLAR

12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda her ýylda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilýän ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan Şahadatnamalary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, mekdep okuwçylary şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdylar. Şu ýyl ylmy bäsleşige ýaşlaryň 1 müň 670 sanysy gatnaşyp, özleriniň ylmy-barlag işleriniň ähmiýetlidigini subut eden ýaşlaryň 107-si has tapawutlanyp, bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda 2024-nji ýylyň 11-14-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan Federal Uniwersitetinde (KFU) guralan Halkara ylmy ýaşlar maslahatynyň çäginde geçirilen bäsleşigiň hem-de hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykd

Ylym we innowasion işjeňlik

Türkmenistan beýik özgertmeler ýoly bilen öňe ynamly ädim ädip, çalt depginde ösýän döwletleriň hataryna goşulýar. Ýurdumyzyň ykdysady syýasaty erkin ykdysadyýeti, bazaryň we döwlet kadalaşdyrmasynyň düzümleriniň sazlaşygyny, oba hojalygynyň, senagatyň döwrebaplaşdyrylmagyny, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegini maksat edinýär. Şunuň bilen birlikde, intellektual ulgama — bilime, ylma, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmegiň maksatnamalaýyn çäreleri birnäçe ugurlary öz içine alýar. Olara ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, innowasion ykdysadyýetiň kemala getirilmegi, senagatlaşdyrma syýasaty, maliýe durnuklylygy, işjeň maýa goýum syýasaty, durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmak arkaly, milletiň intellektual mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak ýaly ugurlar degişlidir. Agzalan strategik ugurlar esasynda innowasion ykdysadyýetiň döredilmegi bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn çäreler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň ylym we bilim ulgamyndaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi üpjün etmek, ylmy işgärleri taýýarlamak, düýpli hem-de ylmy-amaly barlaglary geçirmek, halkara hyzmatdaşlygy işjeň alyp barmak ýurdumyzyň ýokary

Döwrebap mümkinçilikleriň ähmiýeti

Ylmy barlaglara we işläp taýýarlamalara, tehnologik we guramaçylyk innowasiýalara gönükdirilýän maýa goýumlaryň ýyl-ýyldan artdyrylmagy, olary ulanmagyň esasynda ýokary ykdysady netijeleriň gazanylmagy innowasiýa işiniň ösdürilmegi üçin zerur şertleri döredýär. 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu merkez bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmegi, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmagy, sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplaryny, wideo we audio okuw materiallaryny, elektron okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlamaga ýardam bermegi, maglumat we innowasiýa tehnologiýalary babatdaky işleri utgaşyklylykda alyp barmagy hem-de bilim maksatnamalary boýunça işleri ýokary derejede guramagy maksat edinýär. Innowasiýa maglumat merkezini döretmekdäki işlerde sanly ulgam boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň, ýagny Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Singapur ýaly ýurtlaryň tejribesinden ugur alyndy.

Meş­hur alym

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Or­ta asyr Gün­do­gar aly­my, Luk­man He­kim ta­hal­lu­sy­ny alan Ibn Si­na­nyň luk­man­çy­lyk yl­my we tej­ri­be­si ba­bat­da go­ýan aja­ýyp mi­ra­sy bü­tin dün­ýä­de meş­hur­ly­ga eýe­dir. Beý­le­ki dö­wür­deş­le­ri we egin­deş­le­ri Abu Reý­han Bi­ru­ni, Omar Haý­ýam, Al Ho­rez­mi, Al-Fa­ra­by ýa­ly, Ibn Si­na hem yl­myň ju­da köp ugur­la­ry bo­ýun­ça ýa­zan yl­my iş­le­ri bi­len özü­ne en­sik­lo­pe­di­ýa­çy alym diý­di­rip­dir.

Ylym­lar gü­ni

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ylym – dur­muş­da ýo­lu­ňa ýag­ty saç­ýan çy­rag­dyr. Oka­mak, ylym öw­ren­mek hiç ha­çan yn­sa­na zy­ýan et­me­ýär. Yl­myň di­ňe bir pu­da­gyn­dan ha­bar­ly bol­mak hem ýe­tik däl­dir. Äh­li ylym­lar­dan ýe­ter­lik dü­şün­jäň bol­ma­gy, olar bi­len bag­ly iş­ler­den ba­şyň çyk­ma­gy so­wat­ly­lyk­dan ny­şan­dyr.

Ylym — bagtyň çyragydyr

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirýär. Iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Ýurdumyzda ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen her ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşigi geçirilýär. Bäsleşikde nanotehnologiýalar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýa, kompýuter tehnologiýalary, döwrebap lukmançylyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiligi, innowasion sanly ykdysadyýet ýaly ulgamlara aýratyn üns berilýär. Men hem bu bäsleşige «Türkmenistanda ýaşyl wodorodyň önümçiligini gurnamagyň ylmy esaslandyrmasy» atly işim bilen gatnaşyp, baýrakly orna mynasyp boldum.

Beýik ösüşleriň sakasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, halk hojalygyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistany ösen ylmyň we iň täze tehnologiýalaryň ýurduna öwürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere bilim we terbiýe bermek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak işjeň häsiýete eýe bolýar. Bedew batly ösüşler bilen öňe barýan, abraý-mertebesi belende göterilýän ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler dünýäniň ösen ýurtlarynyň bilim ulgamynda gazanylan oňyn tejribelere hem-de milli ýörelgelerimize laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna, ylmyň iň soňky gazananlarynyň, onuň kämil tehnologiýalarynyň okuw işine işjeň ornaşdyrmagyna, şeýlelikde, ylym-bilim ulgamynda okuw işini ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleriniň dowam etdirilmegine itergi berýär.

Rowaçlygyň sakasy

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmäge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýratyn uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, ähli ulgamlara ylmyň täze gazananlaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmakda, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmakda ýetilýän belent sepgitler Watanymyzyň kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda uly ähmiýete eýedir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem türkmen ylmyny ähli taraplaýyn ösdürmegiň ugurlarynyň beýan edilýändigini bellemek gerek. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Dünýäniň ylmy-tehniki gazananlaryny durmuşymyza ornaşdyryp, döredijilikli oýlap tapyşlary bilen tapawutlanýan ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli çäreleri amala aşyrýarys. Çünki ýaşaýşy gözelleşdirmek üçin köpçülige peýdaly täze zatlary oýlap tapmak — bu türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir» diýip belleýär. Ine, döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan şeýle giň gerimli çärelerem ýaş nesliň barha kämilleşmegini üpjün edýär. Ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazary bilimlerini kämilleşdirmegine, sanly tehnologiýalary özleşdirmegine, täze ylmy taglymatlary we tehnologik tejribeleri öwrenmegine ýarda

Oba hojalygy pudagynda döwrebap özgertmeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebap ösdürmek ugrunda uly özgertmeler amala aşyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem oba hojalygyny özgertmegiň toplumlaýyn maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler oba özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, azyk garaşsyzlygymyzy berkitmäge, döwletimiziň halkara abraýyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Ylym we tehnologiýa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek babatda edilýän tagallalar barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen sözleri hem beýik maksatlaryň binýadynyň ylym-bilim almak arkaly berkeýändiginiň ajaýyp beýanydyr. Türkmenistanda sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak üçin bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli kämilleşdirilýär. Sanly bilim gurşawynyň netijeli hereket etmegi üçin bilim edaralary internete birikdirilip, degişli serwerler, kompýuterler, interaktiw tagtalar, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, programmalar we beýleki enjamlar bilen üpjün edilýär. Bu infrastrukturany yzygiderli kämilleşdirmek wezipesi milli bilim syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlara degişlidir.

Ylymly il ozar

Beýik işler, depginli ösüşler ylmyň we bilimiň güýji, oýlap tapyşlaryň, ýokary tehnologiýalaryň üstünlikleri bilen amala aşyrylýar. Döwrümiziň ylmy-tehniki gazananlary, bilim hem-de innowasiýalar milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak arkaly ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmegiň, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni, ylmy giňişliginde Garaşsyz Watanymyzyň ornuny pugtalandyrmagyň kepili bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde jemgyýetiň ösüşini ylym we täze tehnologiýalar bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Şu nukdaýnazardan, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda alnyp barylýan işleri ylmy çözgütler esasynda has-da ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Alym Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşlarynda, geçirýän mejlislerinde ýurdumyzda ylym ulgamyny, ýokary tehnologiýalary ösdürmek bilen bagly anyk wezipeleri kesgitleýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümindäki ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ylym bilen meşgullanýanlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi, olaryň durmuş goraglylygynyň ýokarlandyrylmagy bu ugurda edilýän tagallalardan nyşandyr.

Ylym, hünär we innowasiýa

Häzirki döwürde ylym adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň wajyp şertleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Eger XX asyryň başynda ylym bilen önümçiligiň birleşigi industrial jemgyýetiň sütüni bolan bolsa, onda şol asyryň aýagynda, XXI asyryň başynda bu birleşigiň täze döwri badalga aldy. Indi adamzadyň industriallykdan soňky maglumat ösüş döwri açyldy. Bu ýerde maglumat we innowasiýalar eýeçiligiň ileri tutulýan obýektine öwrülýärler. Şonuň üçin her bir döwlet, şol sanda biziň döwletimiz hem ylma, ylmy işi guramaga, ylmy işgärleri ýetişdirmäge aýratyn üns berýär. Bu işiň täsiri bilen ýurdumyzda ösüşiň täze nusgasy kemala gelýär. Bu döwür ylym-bilimiň, maglumat-tehnologik mümkinçilikleriň düýpgöter täze derejä çykýan döwrüdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetinde berkeýän täzeçillik ruhy adamyň, ilki bilen, ýaşlaryň işjeňleşmegine, hereketleriniň kämilleşmegine itergi berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: «Men ýaşlarymyzyň öz ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglaryny döwletimiziň ylmy-tehnologik binýadyny berkitmäge gönükdirjekdiklerine berk ynanýaryn. Biz bagtyýar ýaşlarymyzyň öz Watanynyň at-abraýyny we şan-şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine döredijilik dünýäsinde uly üstünlikleri gazanmaklary üçin mundan beýläk-de ähli zerur tagallalary ederis» diýip, geljegiň

Ylymly ýaşlaryň ynamly ädimleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Ýaş nesil baradaky alada — eziz Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary bu alada mynasyp jogap hökmünde, Diýarymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, onuň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende galmagyna saldamly goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga hem-de ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde, ylma-bilime höwesini artdyrmakda durmuşa geçirilýän işleriň esasy daýanjy bolup durýar.

Söz sizden, ýaş alymlar!

Bägül AMANOWA,Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 5-nji ýyl talyby: — Biz ýaşlaryň arzuw-islegleriniň hasyl bolýan döwründe ýaşaýarys. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşikde ýeňiji bolanymda, muňa has-da aýdyň göz ýetirdim. Bäsleşikde «Türkmenleriň keçe nagyşlaryndaky jandarlaryň şekilleri — etnografik gymmatlyk hökmünde» atly ylmy işim bilen ýeňiş gazandym. Bu temany saýlap almak bilen, baý mazmunly taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy, milli gymmatlyklarymyzy çuňňur öwrenmegi hem-de ylmy işimiň üsti bilen olary dünýä ýaýmagy maksat edindim. Bizi maksatly menzillere ýetirýän, ukyp-başarnygymyzy kämilleşdirmegimize giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.