"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Saglygy goraýyşda halkara hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara guramalar bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, innowasion tehnologiýalar, lukmançylyk ulgamyndaky öňdebaryjy dünýä tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda ilatyň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine göterilmegi saglygy goraýyş işgärlerine halkymyza hyzmat edip, ak ýürekden zähmet çekmäge itergi berýär hem-de olaryň öňünde uly wezipeleri goýýar. Bu günki gün halkymyzyň rowaçlygy baradaky aladany esasy ugur edinýän Türkmenistan dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär.

Ynsan saglygynyň goragynda

8-9-njy dekabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirildi.  Iki gün dowam eden  forum şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça guraldy.     Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Saglyk — baş baýlyk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk getirmek boýunça giň göwrümli işlere, şol sanda döwrebap özgertmelere badalga berildi. Saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde durýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere laýyklykda häzirki zaman döwrebap we ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak bilen, saglygy dikeltmegiň hili gowulandyryldy. Lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatynda uly ösüşler gazanyldy. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak hem-de raýatlarymyzyň saglygyny goramak babatda ähli mümkinçilikler döredilendir. Innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamy döredildi.

Goşulyşmazlyk Hereketi we BSGG: ynsan saglygynyň goragynda

Türkmenistanda lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirilýär Aşgabat, 8-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty öz işine başlady. Iki günläp dowam edýän wekilçilikli forum şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça guralýar.

Gyş paslynda peýdaly önümler

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde bereketli topragymyzda ýetişýän gök-bakja önümler bilen iýmitlenmegiň saglygymyzy gorap saklamakda diýseň peýdalydygyny, olaryň dermanlyk häsiýetine eýedigini, dürli witaminlere baýdygyny, bedeni berkitmekde ähmiýetiniň uludygyny bellemek gerek. Şeýle gök-bakja önümleriniň biri kelem bolup, dermanlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Adamyň saglygy üçin peýdasy uly bolan kelemiň minerallara örän baýdygy ylmy taýdan tassyklandy. Esasan hem, ol C, K witaminlerine baýdyr.

Gymmatly baýlyk

Ýiti respirator keseliň döremegine getirýän wiruslar daş-töweregimizi hemişe gurşap alýar. Ol tiz özgermek ukybyna eýe bolansoň, bu kesel,  häzir bolmasaň, gaýta-gaýta degip bilýär. Wirus diýseň çalt ýaýraýar. Keselli adam üsgürende, asgyranda, gürleşende wirus howa ýaýraýar. Ýiti respirator keseli howa-damja ýoly bilen ýokuşýar. Ýiti respirator keseli ýüze çykanda bedeniň gyzgyny  ýokarlanyp, kelleagyry, bogunagyry döräp başlaýar. Ondan soň üsgülewük, bokurdak agyry peýda bolýar. Şeýle ýagdaý bir hepdä çenli dowam edýär.

Pasyla görä geýniň!

Sagdynlyk durmuşy gözelleşdirýär. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Elleri nahar iýmezden ozal we nahar iýlenden soň sabynlap ýuwmaly.

Häzirki zaman saglygy goraýşyň belent derejesi

Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda ýetilen sepgitler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýunynda ýurdumyzda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan şanly taryhy waka bolup geçdi.

Syrderýa buýurgyny

Häsiýeti. Dagetek derman ösümligi. Syrderýa buýurgyny — selmeler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15-40 sm köpýyllyk otjumak wekili. Gülýanynyň ýaprajyklary miwelemede ganatly. Ganaty miweden uzynrak, kese eglen ýa-da ýokaryk gönügen, ýöne miwä gysylmadyk. Ösümlik has ownuk tegelek ýa-da kütek 4 gyraňly şahajykly. Ol üçünji derejeli güýçi şahalanan.

Sowuklamada haýsy alamatlara üns bermeli?

Sowuklama burnuň nemli bardasynyň gaýnaglamasy, burnuň dykylmasy we beden temperaturasynyň ýokarlanmagy, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Rinit — gulak, burun, bokurdak agzalarynda we ýokary dem alyş ýollarynda ýygy duş gelýän keselleriň biri bolup, beýleki keseller bilen bilelikde ýa-da özbaşdak hem ýüze çykyp bilýär. Ol dürli ýaşdaky adamlarda, esasan-da, çagalarda köp ýüze çykýar. Köplenç, bu kesele duçar bolan näsaglar oňa biparh seredýärler ýa-da ýörite bejergä mätäç däl diýip ýalňyş pikir edýärler.

Soraň, jogap berýäris

Ýürek näme üçin haýal urýar? «Men 60 ýaşymda. Käte pulsum peselip, ysgyndan gaçýaryn, ukym tutýar. Pulsuň peselmegine näme sebäp bolýar?».

Gök önümler näme üçin peýdaly?

Gündelik iýmitlenişde gök önümleriň yzygiderli ulanylmagy adamyň sagdyn ýaşamagyny gazanmakda, onuň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ýöne diňe bir ir-iýmişdir miweler, gök we bakja önümleri bilen iýmitlenilmegi hem bedene uly zyýan ýetirip bilýär. Ilki bilen gök önümleriň peýdaly häsiýetine seredip geçeliň. • Gök önümler aşgazan-içege ulgamyny işjeňleşdirýär. Düzümindäki alma, limon organiki turşulary, efir ýaglary ys alyş we tagam duýuş reseptorlaryna täsir edip, aşgazan şiresiniň bölünip çykmagyna itergi berýär. Aşgazan şiresi bolsa diňe bir gök önümleriň däl-de, eýsem, siňmegi kyn bolan etli, hamyrly naharlaryň hem özleşmegini tizleşdirýär.

Ýaş türgenleriň iýmitlenmeginiň aýratynlygy

Sagdyn we dogry iýmitlenmek diňe bir madda çalşygyny sazlaman, eýsem, ýetginjegiň bedeniniň dürli kesellere garşy durnuklylygyna, işjeňligine uly täsir edip, onuň fiziki we psihiki taýdan ösüşine hem ýardam edýär. Sagdyn iýmitlenmek soňky döwürlerde bütin dünýäde esasy orny eýeleýär.

Süýjükeseli bejerip bolýandyr

Habarçymyz Narjan Ilmyradowanyň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň alym kätibi, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Begenç Annaýew bilen söhbetdeşliginde giňden ýaýran kesel — süýjüli diabet bilen baglanyşykly meseleler barada söz açylýar. — Hakykatdan-da, süýjüli diabet tutuş Ýer yklymynda giňden ýaýran keselleriň biri bolup, ol has howply keselleriň sanawynda 4-nji orny eýeleýär. Gynansak-da, jahanda bu kesele duçar bolan syrkawlaryň sany her ýylda artýar.

Dümewiň öňüni almak boýunça maslahatlar

Çagalaryň arasynda dem alyş ýollarynyň wirusly ýokanjynyň we dümewüň öňüni alyş çäreleri gündelik durmuş, iýmitlenme, arassaçylyk we beýleki umumy düzgünleri berjaý etmek bilen baglydyr. bu düzgünleriň berjaý edilmegi bolsa, çaganyň immunitetiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Gündelik durmuş şertleri

Immuniteti nädip berkitmeli?

Immunitet näme? Bu bedeniň daşky gurşawdaky dürli kesel döredijilere (bakteriýalara, wiruslara, kömelejiklere) garşy göreşmek ukybydyr. Immun ulgamy ýokarda beýan edilenlere garşy göreşmeklik bilen birlikde, çaga bedeniniň kesellemezligine, kesellän ýagdaýynda hem onuň ýeňil, çalt geçmegine ýardam edýär. Ene-atalarda, köplenç halatda, çagalarynyň saglygyny berkitmek bilen baglylykda, «immuniteti nähili ýokarlandyrmaly?» diýen sorag döreýär. Ýokary immunitet diňe möwsümleýin kesellerden, sowuklamalardan goramak bilen çäklenmän, adamyň umumy sagdynlygynyň kepili bolup durýar. Maglumatlara görä, immunitet ýaşaýyş-durmuş şertlerine hem baglydyr.

Gan basyşy bedene nähili täsir edýär?

Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň 2-nji miokardyň infarkty ylmy-kliniki bölüminiň müdiri Maýsa Gurbanowa habarçymyz Narjan Kasymowa bilen söhbetdeşlikde arterial gan basyşynyň kadadan üýtgemegi we munuň sebäpleri, bu hadysanyň beden agzalarynyň işine täsiri, onuň öňüni almagyň ugur-ýollary barada gürrüň berýär. — Arterial gan basyşynyň kadadakydan üýtgemeginiň bedeniň işine nähili täsir edýändigine düşünmek üçin ilki bilen arterial gan basyşynyň nämedigine düşünmeli. Arterial gan basyşy gan akymynyň ýürekden iteklenilýän we damarlara hem-de olar arkaly iýmitlenýän kelle beýnisine, ýürege, böwreklere «basýan», agram salýan güýjüniň görkezijisi bolup durýar. Beden agzalarynyň işi ganaýlanyş ulgamy arkaly, bu ulgamyň işi bolsa ganyň üznüksiz hereketi arkaly amala aşyrylýar. Ganyň hereketine ganaýlanyş ulgamynyň agzalary bolup durýan ýüregiň we gan damarlarynyň işi itergi berýär. Ýüregiň myşsasy (miokard) ýygrylanda, gan belli bir basyş astynda ýürekden esasy gan damaryna (aorta) we öýken arteriýalaryna çykarylýar. Basyş ganyň mundan beýläkki hereketine hem täsir edýär. Gan belli bir basyş astynda uly we kiçi ganaýlanyş ulgamlary boýunça hereket edip, ähli beden agzalaryny kislorod hem-de ýaşaýyş üçin derwaýys beýleki maddalar bilen üpjün edýär.

«Bagabat» şypahanasy

Halkyň saglygy barada yzygiderli uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen 2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda açylyp ulanylmaga berlen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat jülgesindäki «Bagabat» şypahanasy gysga döwrüň içinde ýurdumyzda arzylanýan şypahanalaryň birine öwrüldi. Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany durmuşa geçirmek babatynda-da ýurdumyzyň gözel tebigatly künjeklerinde ýerleşýän şypahanalaryň ähmiýeti uludyr. Çünki tebigy esasly saglygy dikeldiş hem-de berkidiş çäreleri ynsan saglygy üçin örän ýaramlydyr. Şu babatda, «Bagabat» şypahanasyna gelýänler halkyň saglygyny goramak barada edýän taýsyz tagallalary üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize uly hoşallyklaryny beýan edýärler. şypahananyň ajaýyp tebigy gurşawy, binalarynyň kaşaňlygy, bu ýerde ynsanlaryň saglygyny dikeltmek, berkitmek üçin döredilen döwrebap şertler gelenleriň göwnüne ýaraýar. Bu şypahana bir gelen: «Ýene gelsem» diýýär. Şypahananyň saglygy dikeldiş bölümleri

Limon

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bellenilişi ýaly, adamyň saglygyny goramakda limonyň belli bahasy ýokdur. Onuň bedene oňyn täsiri düzüminde ýaşaýyş üçin wajyp maddalaryň köp görnüşiniň saklanýandygy bilen düşündirilýär. Limonyň peýdaly täsir edýän ýagdaýlarynyň käbirine seredip geçeliň.

Siziň baýramçylyk saçagyňyza

Täze ýyl gijesinde baýramçylyk saçagy giňden ýazylyp, işdäaçarlar, tüssä kakadylan et we balyk önümleri, kremli, şekerli şirinlikler goýulýar. Elbetde, toý-baýramçylyk saçaklarynyň başynda öwrenişilen tagamlary iýmekden saklanmak aňsat däl. Ýöne iň bolmanda etli, maýonezli, ýagly gaýmakly işdäaçarlary, duzly, sirkeli gök önümleri, şekerli, kremli nygmatlary azaldyp, olaryň bedene zyýanly täsirini peseldýän, aşgazan-içege ýollarynda siňmegini ýeňilleşdirýän, ganda glýukozanyň, «erbet» holesteriniň köp mukdarda toplanmagynyň öňüni almaga ýardam edýän tagamlary iýmeli. Şeýle tagamlary taýýarlamagyň usullaryny okyjylaryň dykgatyna ýetirýäris. «Üçem» işdäaçary