"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylygy-zurnaly@online.tm

Habarlar

2022-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilen noýabr aýynyň dürli çäreleri, köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri we forumlar Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň barha pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň 1 — 3-nji noýabrda Russiýa Federasiýasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde dostlukly döwletleriň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ähli ugurlarda bilelikdäki işi işjeňleşdirmäge çalyşýandyklary tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma Birleşen Arap Emirlikleriniň milli baýramy — Döwletiň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hatynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ýola goýlan hem-de häzirki wagtda netijeli we durnukly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklara ýokary baha bermek bilen, onuň ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň noýabr aýynda bu gözel ýurda amala aşyran saparyny örän ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtap, onuň dowamynda geçirilen gepleşikleriň, gol çekilen resminamalaryň uly toplumynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we pugtalandyrmaga uly itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Agzybirlik — döwrüň ajap namasy

Hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä ýaň salýan şirin mukamynyň astynda Garaşsyz Diýarymyz dünýäniň öňdebaryjy, ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryndan barha uly orun alýar. Halkymyzyň rowaçlygyny, ata Watanymyzyň abadançylygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi bilen baglanyşykly işleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Depginleriň bir pursatlyk-da peselmeýändigine ýurdumyzyň durmuşynda günüň-gününe bolup geçýän wakalara nazar aýlanyňda-da buýsanç bilen göz ýetirse bolýar. 25-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň innowasion ösüşi bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garady. Nebithimiýa senagatynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny kanunçylyk taýdan goldamak, obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler, türkmen elektrik energiýasynyň möçberiniň artdyrylmagy hem-de onuň eksport ugurlarynyň giňeldilmegi, «ýaşyl» energetikanyň ösdürilmegi, ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, Ahal welaýatynda birnäçe desgalaryň ulanmaga berilmegine taýýarlyk mejlisde garalan meseleleriň hatarynda bol

«Dialog — parahatçylygyň kepili»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary hem dostlukly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Koreýa Respublikasynda resmi saparynyň çäklerinde 27-nji noýabrda dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo bilen duşuşygynda Gahryman Arkadagymyz parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmek we ony ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýän anyk wezipeleri çözmäge gönükdirmek, ýaşlar parlamentara hyzmatdaşlygynyň usullaryny döretmek we netijeli ulanmak, türkmen we koreý zenan parlamentarileriniň özara hyzmatdaşlyk usulyny işläp taýýarlamak, azyk howpsuzlygy, ekologiýa, elýeterli lukmançylyk we bilim ýaly ugurlarda esasy wezipeleri çözmek bilen baglanyşykly teklipleri dostlukly ýurduň wekilleri tarapyndan uly goldawa mynasyp boldy. Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy meşhur türkmen şahyrlarynyň we filosoflarynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşandygyny aýdyp, şahyr, akyldar Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsiniň baýdygyn

Uzak ýoluň söhbedi

Ömrüni Türkmenistanyň diplomatik gullugyna bagyşlan bu halypa diplomat bilen ozaldan gaýybana tanyşlygym bolsa-da, onuň bilen ilkinji didarlaşmagym 2012-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde boldy. Şol gün agşamara Bakuwa uçmalydym. Ol ýerde Türkmenistanyň Medeniýet günlerine bagyşlanan çärelere gatnaşmalydym. Bu çärä gatnaşýan Aýratyn tabşyryklar boýunça ilçi Sapar Berdinyýazow bilen şol gün başlanan ilkinji ýoldaşlygymyz soňra halypa-şägirt gatnaşyklaryna ulaşyp gitdi. Halypa diplomat, ömür saly togsanyň onlugyndan gäden S.Berdinyýazowyň zähmet terjimehaly diplomatik gulluk bilen baglydyr. Ol on ýedi ýyldan gowrak (1995 — 2012) Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup zähmet çekdi. Pakistanda ilkinji gezek bolanda S.Berdinyýazow Karaçide gurlan iri metallurgiýa kombinatynyň gurluşygyny syýasy-diplomatik taýdan goldamaga gatnaşdy.

Ählumumy parahatçylygyň rowaçlanmagy

Şöhraty äleme dolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli ulgamlarynda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilen tutumlaryň netijesinde gazanylýan ösüşler döwletimiziň şanyna şan goşýar. Ýurtda agzybirligi we asudalygy pugtalandyrmak, daşary ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak we yzygiderli ösdürmek berkarar döwletimizde alnyp barylýan döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Ata Watanymyzy ösdürmek, halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmak hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Halkymyzyň saýlap alan demokratik ýoly türkmeniň goňşusy bilen duz-çörekli gatnaşýan halkdygyny hem-de agzybirligi, asudalygy eziz görýän milletdigini aýdyň görkezýär. «Açyk gapylar» syýasatynyň dabaralanýan ýurdy bolan Türkmenistan döwletimiz halkara bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen syýasaty öňe sürýär. Abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ata Watanymyz sebitiň we dünýäniň ähli ýurtlary bilen parahatçylykly hem-de dostlukly gatnaşyklary saklaýar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Halkyň Arkadagly zaman

Milli kanunçylyk kämilleşdirilýär

Türkmen halkyna bagtyýarlygyň ýaran bolan täze taryhy eýýamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri hem-de il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary kanunçylyk taýdan goldap, olaryň hukuk esaslaryny berkitmek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Milli kanunçylygymyz Türkmenistanyň Esasy Kanunyna daýanmak bilen, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, jemgyýetimiziň has-da jebisleşmeginde ygtybarly esas bolup çykyş edýär. Elbetde, türkmen jemgyýetinde gazanylýan ösüşler milli kanunçylygyň kämilleşmegi esasynda amala aşyrylýar. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işlerde halkara tejribeler içgin öwrenilýär hem-de olaryň iň ygtybarly ugurlary ornaşdyrylýar. Munuň özi täze taryhy eýýamda kanunçylyk ulgamyny döwrebap kämilleşdirmegiň, olary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda baýlaşdyrmagyň döwlet işiniň esasy ugurlarynyň biridigini doly tassyklaýar.

Parahatçylykly ösüş — Türkmenistanyň dünýäde giňden oňlanýan teklibi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly tagallalary esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty parahatçylykly ösüşiň täzeden-täze şanly wakalary bilen baýlaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 27—29-njy noýabrynda Koreýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň baý mazmunly wakalary hem iki dostlukly döwletiň tejribeli hyzmatdaşlygyny täze belentliklere çykaran netijeleri bilen halkymyzy egsilmez buýsanja besledi.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Bagtyýar durmuşyň gymmaty Bitaraplyk hem-de parahatçylyk düşünjeleri biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda bu gymmatlyklar aýratyn ähmiýete eýedir, çünki romandaky wakalar agyr uruş ýyllaryny öz içine alýar. Bu döwürde bolsa asuda, parahat durmuşyň gadyr-gymmaty has uludyr. Kitapda wakalaryň çeper suratlandyrylmagy bilen birlikde, onda Mälikguly aganyň şygyrlarynyň getirilmegi bellenmäge mynasypdyr. «Uruş bolmasyn!» atly goşgusyndaky:

Maksatlarymyz myrat tapýar

Gadymyýetde bir ulamadan: «Dünýäniň parahatçylygyny pugtalandyrmagyň syry nämede?» diýip soranlarynda, ol pikirlenmezden: «Parahatçylyk diňe bagtyýar çagalygyň höküm süren ýerinde dörär» diýip jogap beripdir. Elbetde, «Maňa ýaşlaryňyzy görkeziň! Men hem size geljegiňiziň nähili boljakdygyny aýdyp bereýin» diýýän dana hakyndaky tymsalam köpimize nätanyş bolmasa gerek. Bu zatlara aýdyňlygy bilen akyl ýetiren pähimli pederlerimiz ähli döwürlerde-de nesil baradaky aladany döwrüň iň möhüm meselesi hasaplapdyrlar. Paýhasly pederlerimiziň pähimlerine eýerýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar baradaky alada alyp barýan döwlet syýasatymyzyň iň ileri tutulýan ugry. Döwletimizde ýaşlaryň hukuklary hem ygtybarly goralyp, olara okajak mekdebini, okuwyň dilini, ugruny we görnüşini saýlap almaga doly hukuk berilýär. Olaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly zerur işler hem durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleri giňeldilip, olara goldaw bermek, häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 23-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde garalan meseleler hem aýdyňlygy bilen subut edýär.

Ajaýyplygyň nusgasy sen, Aşgabat!

«Merkezi Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen paýtagtymyzyň barha täzelenýän keşbinde arhitekturanyň iň soňky gazananlary bilen merdana halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhynda döreden umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen, millilige siňdirilen binalara seredeniňde, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň depginini, halkymyzyň baý taryhy we medeni däplerini özünde jemleýän keşbini görmek bolýar. Binagärligiň täze nusgasyny özünde jemlän paýtagtymyzda janyňa şypa, köňlüňe joşgun berýän gözellik jemlenendir. Soňky ýyllarda aýdyň geljegiň nury bolan Aşgabat şäherimiziň tanalmaz derejede özgeren keşbi Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan berkarar döwletimizi özgertmegiň toplumlaýyn çemeleşmesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şäherde gurlan, binagärlik sungatynyň dürdänesine öwrülen we millilige siňen gaýtalanmajak gözelligi bilen göreni haýran edýän birnäçe desgalar Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 

Türk­men-eý­ran hyz­mat­daş­ly­gy ös­dü­ril­ýär

30-njy no­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ener­ge­ti­ka mi­nist­ri Ali Ak­bar Meh­ra­bia­ny ka­bul et­di Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi hem-de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Se­ýed Eb­ra­him Rai­si­niň aý­dan mä­hir­li söz­le­ri­ni we tu­tuş türk­men hal­ky­na aba­dan­çy­lyk, ro­waç­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Eý­ran­da Türk­me­nis­tan bi­len hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de ber­ki­dil­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary

30-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi. Myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Habarlar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GUTLAG IBERDI Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannise we ýurduň ähli halkyna Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar

Türkmenistanyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde, noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň tertibine hem-de dialogyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň döredilmeginiň diňe bir medeni mirasy gorap saklamak, ony ýaş nesillere geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň başlangyjy bolman, eýsem, zenanlaryň telekeçiliginiň ösdürilmegine-de itergi berjekdigi nygtaldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň sanly ulgam arkaly çykyş eden wekilleri sebitiň zenanlarynyň arasynda tejribe alyşmak, el işi sungatyny we senetçiligi ösdürmek işinde bu jemgyýetiň döredilmeginiň ähmiýetini bellediler. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministrini kabul etdi

Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi.

Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şuller-Götzburgdan ynanç hatyny kabul etdi.  Mejlisiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda dostlukly we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi. 

“Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.  Myhman bilen mähirli salamlaşyp, Gahryman Arkadagymyz Neda Bergeriň Türkmenistanda uly hormata eýedigini aýtdy. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz onuň ýurdumyzda geçirilýän köp sanly baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýandygyny we iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministrini kabul etdi

30-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Eýranda Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine uly ähmiýet berilýär.