"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylygy-zurnaly@online.tm

Habarlar

Çeňklenen tabak

Beýik medeniýetleri döreden pederlerimiziň paýhasy siňen milli gymmatlyklarymyzyň hatarynda agaç ussalarynyň ýasaýan önümleri ähmiýetli orny eýeleýär. Türkmenabat şäherinde geçirilen «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň çäklerinde Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guralan senetçilik hem-de amaly-haşam sungatynyň sergisinde biziň ünsümiz Gündogar Türkmenistanda «çeňklenen tabak» diýlip, aýratyn tapawutlandyrylýan etnografik gymmatlykda eglendi. Şoňa görä-de, bu täsin aşhana gabynyň ýasalyş gurluşynyň aýratynlyklary hem-de onuň bilen bagly düşünjeler hakynda söhbet etmegi makul bildik. Mälim bolşy ýaly, gojaman Jeýhunyň kenarynda ýaşaýan agaç ussalary bu gadymy senedi sungat derejesinde kämilleşdirmegi başarypdyrlar. Asyrlaryň jümmüşinde bu ugurda neçjarlygyň baý tejribesi, hünär ussatlygy toplanyp, agaç önümlerini ýasamaga ýaramly agaçlar ýörite ösdürilip ýetişdirilipdir. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň II jildinde ak talyň ak öýleriň uklaryny, gara talyň gaýyk ýasamakda, sary talyň berkligine we agyr ýüki göterijilik aýratynlygyna görä, köpri gurmakda giňden ulanylandygyny belleýär. Tutdan hem-de erikden dutar, gyjak, bu sebitde aýratyn arzylanýan selbi taldan kersen, susak, elek, gapak, oklaw, ik, dokma gurnawlary üçin çarh, şeýle hem sandyk, kejebe, h

Maksatly menzilleriň maslahaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan öňdengörüjilikli durmuş-ykdysady strategiýasy hormatly Prezidentimiz tarapyndan ykdysady, durmuş we ekologiýa jähetden ösüş ýörelgelerine esaslanyp üstünlikli dowam etdirilýär. Maksatly ädilýän ädimler bolsa ýurdumyzy üstünliklerden üstünliklere atarýar. Agzybirlikli, maslahatly amala aşyrylýan işleriň her biri halkyň durmuş hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna gönükdirilýär. 23-nji noýabrda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi hem geljek ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanunyň esasy maddalaryny düýpli seljermäge we olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň möhüm wezipelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyldy. Maslahat, geňeş — ýaşaýyş-durmuş meseleleri babatda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren beýik pelsepesi. Çünki geňeşip amala aşyrylýan işiň şowlulyga beslenýändigi, maslahatly biçilen donuň göwnemakul bolýandygy halkymyzyň ruhy dünýäsinde beýanyny tapýan hakykat. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň geljek ýylyň Döwlet býujeti bilen baglanyşykly meseleleri ýurdumyzyň dürli gatlaklarynyň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmagynyň geljekki ösüşlerimize badalga berjekdigine ählimiz ýürekden ynanýarys.

Medeni habarlar

Köpöwüşginli zehin 30-njy noýabrda Ahal welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň halk artisti Magtymguly Myşşyýewiň ömri we döredijiligine bagyşlanan kitap sergisi açyldy. Onda kyssalary we ajaýyp aýdymlara öwrülen goşgulary, drama eserleridir radiooýunlary bilen giňden tanalan halypa ýazyjy, şahyr, dramaturg Magtymguly Myşşyýewiň dürli ýyllarda neşir edilen «Köpetdagda bahar», «Men sährany söýýärin», «Garagum bilen söhbet», «Başdarak», «Obadaşlar», «Aknuruň agtygy» ýaly kyssa we goşgular ýygyndylary sergilendi.

Gopuz

Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halkynyň aýdym-sazy türki dilli halklaryň sungatynyň aýrylmaz bir şahasy bolup durýar. Milli saz gurallarymyzyň biri-de gopuzdyr. Gopuz edil surnaý, kernaý, tebil ýaly örän gadymy saz gurallaryň biridir. Taryhy maglumatlara görä, gopuz dünýä halklarynyň arasynda iň köp ýaýran saz guralydyr. Dürli ýurtlarda mesgen tutan oguz taýpalarynyň sungatynda, ylaýta-da, halkymyzyň saz däplerinde gopuz erkek adamlaryň hem çalýan, owazyna goşup tans edýän saz guraly bolupdyr.

Aýdymly, mukamly, şygyrly dünýä

28-30-njy noýabr aralygynda Aşgabatda «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal we maslahat geçirildi. * * *

Medeniýeti öwrenijileriň bäsleşigi

Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmekde we wagyz etmekde uly işler alnyp barylýar. Ýaşlarymyzy ylma-bilime, döredijilige höweslendirmek maksady bilen, orta we ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe ders bäsleşikleri geçirilýär. Ynha, 1-nji dekabrda şeýle bäsleşikleriň biri, ýagny hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Türkmenistanyň Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek işlerine laýyklykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Medeniýeti öwreniş» dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirildi. Ders bäsleşigine on iki sany ýokary okuw mekdebinden talyplar gatnaşyp, ýeňijiler belli edildi.

Medeniýet — agzybirligi berkidýän güýç

Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde halkara sungat festiwallarynyň, konsertleriň we sergileriň yzygiderli geçirilmegi Bitaraplyk ýörelgelerimiziň ähmiýetini dabaralandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda ýola goýlan medeniýet diplomatiýasy hormatly Prezidentimiziň paýhasly tagallalary bilen täze belent sepgitlere ýetýär. Bu sepgitler bolsa dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha berkidýär,  parahatçylygy we abadançylygy ykdysady hyzmatdaşlyk bilen  sazlaşykly ösdürýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 28-nji noýabrynda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde  açylan «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal we maslahat hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp waspy boldy.

Halklary ýakynlaşdyran sungat festiwaly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barha rowaçlanýar. Bu bolsa dost-doganlygy, parahatçylygy we abadançylygy has-da berkitmäge ýardam edýär. Aşgabatda geçirilen «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal we maslahatyň baş maksady hem şuňa gönükdirilendir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde halkara forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda «Türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan milli aýdym-saz sungatyny dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde, dünýä halklarynyň milli aýdym-saz sungaty bilen ýakyndan tanyşdyrmakda bu halkara festiwala we maslahata aýratyn orun degişlidir» diýlip bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagyndaky «Aýdym haýsy dilde ýerine ýetirilse-de, sungatyň güýji ýüreklerde dostluga, ynsanperwerlige, parahatçylyga söýgi döredýär» diýlen ganatly jümlede halkymyzyň bu sungata bolan gatnaşygy aýdyň şöhlelenýär.

Dostlukly döwletiň Medeniýet günleri

23-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasyndan soňra, Täjigistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyna halk aýdym-sazlary, dünýä we täjik nusgawy saz sungatynyň hazynasyndan eserler, estrada aýdymlary hem-de joşgunly tans çykyşlary girizildi. Tomaşaçylara «Täjigistan şu gün» atly wideofilm görkezildi, onda dostlukly ýurduň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şeýle-de syýahatçylyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, paýtagt şäher Duşenbäni mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, täjik halkynyň ruhy-taryhy mirasyny gorap saklamak we artdyrmak boýunça geçirilýän çäreler beýan edilýär.

«Dost-doganlyk mukamydyr sungatlaryň gönezligi»

Paýtagtymyzda 28 — 30-njy noýabr aralygynda geçirilen «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal we maslahat Azerbaýjandan, Türkiýeden, Tatarystandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Eýrandan, ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen aýdymçy-sazandalary, halk aýdym-saz toparlaryny bir ýere jemledi. Düýn «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala hem-de maslahata gatnaşyjy myhmanlar paýtagtymyzyň gözel ýerlerinde, seýilgählerde, muzeýlerde gezelençde boldular. Şeýle-de söwda merkezlerine baryp gördüler. Düýn halkara festiwalyň we maslahatyň ýapylyş dabarasy hem geçirildi. Onda festiwala gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy. Dabarada bu medeni foruma gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenmesi kabul edildi. Örän üstünlikli hem-de şowly geçirilen halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen utgaşdy. Tutumly festiwal Gahryman Arkadagymyzyň:

Döredijilik duşuşygy we ussatlyk sapaklary

«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala gatnaşyjy myhmanlar 29-njy noýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda bolup, türkmen kärdeşleri bilen duşuşdylar hem-de ussatlyk sapaklaryny geçirdiler. Olaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Eýrandan hem Türkiýeden gelen sazandalar bar. Myhmanlar ýörite sazçylyk mekdep-internatynda türkmen saz gurallary bilen ýakyndan tanyşdylar, şeýle hem özleriniň milli saz gurallary, olaryň çalnyşy dogrusynda gürrüň berdiler. Dürli ýurtlardan gelen sungat ussatlary bilen bolan duşuşyk özboluşly döredijilik baýramyna, dostluk aýdyşygyna öwrüldi. Meselem, özbegistanly myhmanlar türkmen aýdymyny ýerine ýetirseler, mekdebiň okuwçylary olara özbek sazlaryny çalyp berdiler.

Şekillerde gözel tebigatyň waspy

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň döredijilik sergisi guraldy. Sergi 85 ýaşy arka atan halypa suratkeşiň uzak ýyllaryň dowamynda zehin siňdirip döreden eserleriniň 200-den gowragyny özünde jemledi. Olaryň arasynda Diýarymyzyň gözel tebigatyny wasp edýän peýzaž eserleri, bereketli topragymyzyň datly nygmatlaryny şekillendirýän natýurmortlar, täsirli çekilen adam keşpleri, durmuşdan alnan gyzykly pursatlar suratkeşiň ýokary ussatlygyndan habar berýär. Döredijilikli zähmet çekýän Annadurdy Almämmedow milli şekillendiriş sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşdy. Ussat suratkeş Diýarymyzyň gazanýan ösüşlerinden, ýetilýän belent sepgitlerden ruhlanyp, täze eserleri yzygiderli döredýär. Ol döwrebap şekillendiriş sungatymyzyň zehinli suratkeşleriniň ençemesiniň halypasydyr. Annadurdy Almämmedow uzak ýyllardan bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallymçylyk etmek bilen, suratkeşleriň täze neslini kemala getirmekde yhlasyny gaýgyrmaýar. Halypanyň döredijiligi sungat işgärleri üçin nusga alarlyk görelde mekdebidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halypa suratkeşiň eserlerinden guralan bu sergi türkmen şekillendiriş sungatynyň umumy ösüş ýoluna göz ýetirmäge hem mümkinçilik döretdi.

Nepis sungata söýgi döredilýär

Golaýda etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrap merkezindäki orta mekdepleriň ýokary synplarynda okaýan gyzlaryň gatnaşmaklarynda guran wagyz-nesihat çärämiz terbiýeçilik ähmiýeti bilen tapawutlanyp, oňa gatnaşanlarda ýakymly duýgulary galdyrdy. «Halyçylyk sungatymyz — biziň genji-hazynamyz» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler ene-mamalarymyzdan biziň bagtyýar zamanamyza özüniň gadyr-gymmatyny ýitirmän gelen halyçylyk sungatymyz, bu gün bütin dünýä meşhur bolan türkmen halylarymyza salynýan göller, olaryň aýratynlyklary, häzirki ýeten ösüşleri hakynda gyzykly gürrüňleri berdiler.

Aýdym-saz sungaty — dostluk köprüsi

Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmegi döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi hasaplaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen dostana medeni hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär. Muňa ata Watanymyzda dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, parahatçylygy we abadançylygy has-da pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan halkara sungat festiwallarynyň we konsertleriň yzygiderli geçirilmegi aýdyň mysaldyr. Paýtagtymyzda geçirilen «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal we maslahat hem eziz Diýarymyzda diňe bir milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek bilen çäklenilmän, eýsem, dünýä medeniýetiniň gazananlarynyň hem içgin öwrenilýändigini we özleşdirilýändigini aýdyň görkezdi.

Aýdym-saz sungaty dünýä ýaň salýar

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň we maslahatyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan bu dabara gatnaşmak üçin halkara guramalaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary we wekilleri, aýdymçylar, sazandalar — milli saz gurallarynda ýerine ýetirijiler, alymlardyr hünärmenler, şol sanda saz, sungat we medeniýeti öwrenijiler, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Tatarystanyň (Russiýa Federasiýasy), Türkiýäniň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, medeniýet işgärleri Aşgabada geldiler.

Zenan kalbynyň owazy

Golaýda paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» myhmanhanasynyň toý zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň hem-de Aşgabat şäher Zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk toýy mynasybetli çeper elli tikinçi zenanlaryň arasynda «Zenan kalbyndan dörän nepislik nusga bolup galsyn ilden illere» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Berkarar Diýarymyzyň pajarlap ösüşlerine uly goşant goşýan, ellerinden dür dökülýän zenanlarymyz waspy dünýä ýaň salan gadymy milli nagyşlaryň inçe syrlaryny nesilden-nesle geçirip, hünärlerini kämilleşdirip, bu ugurdaky işleri has-da baýlaşdyrýarlar. Dabarada bäsleşige gatnaşyjy çeper elli gelin-gyzlaryň on barmagynyň hünärleri, täze döwrüň ruhuna bap gelýän keşdeleri, täze nagyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bäsleşikde çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň zenanlarynyň hyjuwly işlemekleri, hünär öwrenmekleri babatda döredilen giň mümkinçilikler, halkymyzyň bu ugurdaky gymmatlyklary dogrusynda buýsanç bilen bellediler.

Şirin aýdym-mukamlar köňülleriň owazy

Şu gün, ýagny 30-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara  festiwalyň we maslahatyň ýapylyş dabarasy boldy. Bu halkara  festiwalyň we maslahatyň milli sungatymyzy, medeniýetimizi ösdürmekde uly ähmiýeti bardyr. Aýdym-saz sungatyny geljek nesillere ýetirmek, halk döredijiliginiň egsilmez çeşmesiniň köp öwüşginliligini, halklaryň taryhyny, milliligini dostluk ýörelgeleri esasynda utgaşdyrmak maksady bilen geçirilen bu halkara forumda halk sungatynyň çeşmeleriniň umumylygy açyk-aýdyň duýuldy. Gadymy saz gurallarynda ýaňlanan şirin mukamlar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Doganlyk ýurtlaryň sungat ussatlarynyň wekilleri bilen birlikde türkmen sazandalarynyň hem-de döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen  maslahat, dostluk konserti, döredijilik duşuşygy sungaty söýýän ýürekleri nurana duýgulara besledi.

Şan-şöhraty Arşa galýar Watanyň

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy barha golaýlap gelýär. Her bir toý-baýrama mynasyp sowgatly barmak halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri. Ine, Kerki etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň döredijilik topary hem ilhalar sahna eserlerini döretmek bilen şanly senä mynasyp sowgatly barýar. Teatryň režissýory Törekul Çöliýew döredijilik üstünlikleri dogrusynda söhbet açyp, şeýle gürrüň berdi: — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berlenine 27 ýyl dolýar. Biz hem şanly senäni sowgatly garşylaýarys. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň tomsunda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan halk teatrlarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Toparymyz şol bäsleşige Myrat Adalakowyň taýýarlan «Baýlyk» atly spektakly bilen gatnaşyp, birinji orny eýeledi. Ynha, indi bolsa «Döwletli döwran» atly ýedi perdeli drama eserini täzeden işläp, Halkara Bitaraplyk baýramymyza sowgat taýýarladyk. Bu spektaklyň edebi esasyny Şöhrat Maşaripow ýazdy. Spektaklyň baş gahrymany Aşyr aganyň keşbini Astangeldi Jomartow, onuň ýanýoldaşy — Akjagül ejäniň keşbini bolsa Tamara Ergeşowa janlandyrýar. Bulardan başga-da sahna ussatlarymyz Nurýagdy Baýramow, Aýna Penjiýewa, Myrat Adalakow dagy özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirip, spektaklyň şowly çykmagyna önjeýli goşant

Türkmenistan — dost-doganlyk mekany, belentden ýaňlanýar dostluk mukamy

Sungat — serhetsiz dünýä. Bu biserhet barlygyň başlangyjy parahatçylykdan, asudalykdan, agzybirlikden, dost-doganlykdan, abadançylykdan gözbaş alýar. Şu nukdaýnazardan-da, türkmenler gylyjy bilen söweşmäge däl, gylyçdan ýiti gazma dutary bilen dostlaşmaga ymtylan halk. Muňa taryh gözli şaýat. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Meniň üçin Şükür bagşynyň keşbi filosofiki jähetden örän köptaraply bolup görünýär. Ýöne men şu keşpde jemlenen we ony çeper ýordumyň hem-de döwrüň çäklerinden has uzaklara alyp çykýan ideýanyň ählumumy ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Bu ideýa — sungatyň parahatçylygy döretmek wezipesi hem-de, umuman, parahatçylygy döretmek sungaty baradaky pikirdir» diýip belleýär. Hakykatdan-da, ýady ýakyna, dosty dogana öwürýän sungat Ýer ýüzüniň parahatçylygyny pugtalandyrýar. Munuň şeýledigini paýtagtymyzda geçirilen «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly we maslahaty hem aýdyňlygy bilen subut edýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň we maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara fest

Milli gymmatlyklarymyz — medeni çyragymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda halkymyzyň medeni baýlyklarynyň gadymy nusgalaryny halkyň arasyndan ýygnamak, ylmy seljerme geçirmek hem-de baýlaşdyrmak ugrunda möhüm medeni maksatnamalar amala aşyrylýar. Aýratyn hem türkmen halkynyň medeni baýlygynyň esasyny düzýän gymmatlyklaryň möhüm bölegini emele getiren we durmuşyň ähli basgançaklarynda diýen ýaly öz beýanyny tapan, milli mirasymyz köpasyrlyk durmuş tejribeleriniň netijesinde dörändir. Dürli taryhçy alymlaryň baha bermegine görä geçmişde, şu toprakda emele gelen medeniýetleriň taryhy ençeme müňýyllyklara uzalyp gidýär. Ýitip giden medeniýetleriň galyndylaryna ähli ýerde, dag eteklerinde, gurap giden derýalaryň ugrunda, gowaklarda hem duşmak bolýar. Adam zähmetiniň yzlary, zähmet gurallary, durmuş esbaplary we daşdan, keramikadan, demirden, şol sanda bürünçden, kümüşden, altyndan ýasalan gymmatlyklar hakyky sungat eserleri görnüşinde saklanyp galypdyr.