"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylygy-zurnaly@online.tm

Habarlar

Maşgalam — baş galam

Häzirki täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenan sarpasy belentde tutulýar. Türkmen zenanlarynyň döreden, iňňän inçeligi bilen tapawutlanýan, irginsiz yhlasy, çydamlylygy talap edýän türkmen halysy ýaly ençeme sungata öwrülen el işleri ýüzýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýär. Olar asyrlarboýy kämilleşdirilip, häzirki ösen tehnologiýalaryň döwründe milli buýsanjymyz hökmünde buýsanç bilen dünýä ýaýylýar. Çeper el hünäri halkymyzda öý-ojagyň ýaraşygy hasaplanýan zenanlaryň halallygynyň, zehininiň, erjelliginiň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň eziz käbesi Ogulabat eje bu babatda ajaýyp nusga hökmünde biz zenanlar üçin görüm-göreldedir. Mähriban Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde ähli gözellikleri perzendiniň kalbyna guýýan keramatyň enedigi hakynda aýdylýar. Bu ajaýyp eseriň «Sözden başlanýan ägirtlik» diýlip atlandyrylan bölüminde şeýle diýilýär: «Taryhyň dowamynda bina edilen türkmen döwletleriniň soltanlarynyň kuwwatly güýje eýe bolmagynda, olaryň pähimli netijä gelip bilmeklerinde hem eneleriň täsiriniň bolandygyna men ynanýaryn. Bular barasyndaky durmuş hakykatynyň hemmesi bize mälim däl bolmagy-da mümkin. Ýöne eneleriň öz perzendiniň kemally adam bolup ýetişmeginde uly orny eýeleýändigini welin, hiç kim inkär etmez». Gahryman Arkadagymyz maş

Älem enweri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagalla-yhlaslary bilen türkmen enelerine, mährem zenanlaryna goýulýan sylag-sarpa has belende göterildi. Ojaklaryň söýesi, ömürleriň örki, dillerimiziň senasy mähriban gelin-gyzlarymyz, eziz enelerimiz bagtly zamanamyzda azat-erkin döredip, işläp, gülüp-oýnap ýaşaýarlar, beýik ösüşleri nazarlaýan, röwşen ýolly ata Watanymyz Türkmenistana guwanyp, buýsanyp zähmet çekýärler, «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri il-ulsa peşgeş berip, mähriban zenanlarymyzyň mertebesini arşy belentliklere göteren Gahryman Arkadagymyza, Aýdan ary, Günden görkli gelin-gyzlarymyzyň, öý-ojaklarymyzyň söýesi eziz enelerimiziň hormat-sarpasyny ýetirýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlar ýaňlanýar. Hut şu pursat niredendir bir ýerden ene hüwdüsi eşidilýär:

Gaýyn-gelin ýaraşykdyr öýlere

Halkymyzyň ýaşynmak däbi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Türkmen gelinleriniň ýaşynmagy asyllylykdan, gaýynlaryna bolan hormat-sarpadan nyşan. Toý-märekede uz ýaşynyp, edaly hereketleri bilen görelde bolýan gelinleri göreniňde, buýsanjyň artýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly eserinde şeýle belleýär: «Halkymyzyň arasynda «Ýaşmak — ýaraşyk» diýen düşünje-de bar. Ol täze düşen gelniň gaýyn öýüniň maşgala agzalarynyň, hususan-da, ýanýoldaşyndan uly erkek dogan-garyndaşlarynyň arasynda mertebesini beýgeltmek maksady bilen döredilipdir. Ýaşmak ýerliksiz pikirleriň döremeginden ýaşynýanam, ýaşynylýanam halas edipdir we gürlemezlik kadasyna eýerýän gelniň dünýäsini syrly perde arkaly gorap saklapdyr. Türkmençilikde ýaşmak edalylygyň, näzikligiň, ýaşuly nesle bolan beýik hormat-sarpanyň aňladylmasy hasaplanýar». Maşgalada uly gelin özünden kiçi eltilerine görelde bolup, gaýynenesinden öwrenenlerini olara geçirýär. Adatça, körpe gelin düýp ojagyň eýesi bolýar. Gaýynene, gaýynata bilen bile ýaşap, olaryň hyzmatynda gezýär. Körpe gelniň borjy beýleki gelinleriňkiden artykdyr. Ojagyna yhlasly bolup, köpçülige saçak ýazyp, gaýynenesiniň yzyny dowam etdirmek, köplenç, körpe gelinleriň paýyna düşýär. Ol dynç günlerinde, baýramçylyklarda düýp goşa üýşýän dogan-garyndaşlary bilen mylakatly bolup, bu öýüň agzybirligini, gadyrly gatnaşyklaryny saklaýar. Onsoň bu öý

Peýdaly maslahatlar

Sitrus miweleriniň şiresini (suwuny) has köp mukdarda almak, iň soňky damjasyna çenli ulanmak isleseňiz, ilki miwäni sowadyjyda salkyn ýerde, soňra-da mikrotolkunda 15 — 20 sekunt goýup, sykyp, suwuny almaly. * * *

Öý bikesi öwrense...

Etli tagam (kotlet) Gerekli önümler:

Beýik mukaddeslik

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, öýi ynsanyň özüni diňlemäge, köňül gözüniň aýan eden hakykaty hakynda özi bolup oýlanmaga mümkinçilik berýän ýerdir. Hut şonuň üçin hem il-halkymyz öý-ojagyň rahatlygyna hemişe sarpaly garaýar. Öýde seniň üçin iň mähribanlaryň, aladaňy edýän janköýerleriň bolmagy hem küýsegdir. Öýde mähir bar, söýgi bar, güýç-kuwwat bar. Öý-ojakda süňňüňe hem köňlüňe, kalbyňa hem ruhuňa ornaýan özboluşly ýylylyk bar. Ojagyň ýyly bolsa, bütin göwräňe, aňyňa, duýgyňa ýylylyk, nur çaýylýar. Ojak odunyň ýagtysy durmuşyňy ýagtyldýar. Bu ýagty ojakda mähriban, eziz perzentleriň dünýä inýär. Megerem, şu zatlar üçin hem ojak mukaddes saýylýandyr. Öz öýüňde duýýan mähir-muhabbetiňi başga hiç ýerde duýup bolmaýar. Şeýle-de öý-ojak adamyň şahsyýetiniň, medeniýetiniň, zähmetsöýerliginiň, edep-terbiýesiniň, pederlerimiziň döwletli ýol-ýörelgeleriniň ýüze çykýan, kemala gelýän ýeri hasaplanýar. Aslynda, öý-ojak diýlende, agzybir, döwletli maşgala, pikirdeş ýanýoldaş, bagtly ene-ata, edepli çagalar, mylaýym ene hüwdüsi, durmuşyň lezzetli pursatlary, ynsanyýetiň ruhy-ahlak gymmatlyklary, owadan çagalyk dünýäsi hakydaňa gelýär.

Nikalar öýüniň nurly kuýaşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde «Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirligini döretmek hakynda» Kararynyň ähmiýeti babatda habarçymyz Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirliginiň Aşgabat şäheriniň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri Täjigül Agöýliýewa bilen gürrüňdeş boldy. — Täjigül Gurbanowna, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň kanunçylyk namalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu Karary hem şeýle wajyp işler boýunça nobatdaky ädim hasaplamak bolar. Onuň netijesinde ýüze çykýan degişli kanunçylyk namalaryndaky üýtgetmeler we goşmaçalar babatda okyjylarymyza gürrüň beräýseňiz.

Maşgalam — baş galam

Maşgala ojagy türkmen halky üçin mukaddesligiň, milli ahlak, medeni, ruhy gymmatlyklaryň saklanýan we kämilleşdirilýän iň möhüm serişdesi hasaplanylýar. Maşgalada türkmen halkyny dünýä tanadan, watansöýüjilik, namysjaňlyk, lebzi halallyk, ýekesözlülik, rehimdarlyk, ejize howandarlyk ýaly ýokary adamkärçilik ahlak sypatlary ösüp gelýän ýaş nesilleriň kalbyna guýlandyr. «Maşgala» diýmek, munuň özi birek-birege kömek bermäge borçly hem-de biri-biriniň öňünde ahlak we hukuk taýdan jogapkärçilikleri bolan, şonuň ýaly-da bilelikde umumy hojalygy ýöredýän şahslaryň özara kanun esasynda nika bilen birleşmegidir, ýagny kiçi jemgyýet toparydyr. Maşgala jemgyýetiň tebigy we iň möhüm öýjügidir. Şonuň üçinem maşgala jemgyýet we döwlet tarapyndan goralýar.

Çagany — ýaşdan, edebi — başdan

Ýurdumyzda nurana ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň bilimini artdyrmagy, döredijilikli işlemegi, ukyp-başarnyklaryny görkezmegi, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin döwlet derejesinde giň mümkinçilikler döredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň maşgalada talabalaýyk terbiýelenip kemala gelmeginde döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň wajyp ähmiýeti bardyr. Şol nukdaýnazardan alnyp barylýan döwlet syýasaty çaganyň jemgyýetde nähili adam bolup ýetişjekdigini kepillendirýär. Şeýlelikde, «Döwlet — mekdep — maşgala» diýen «zynjyr» emele gelýär. Şeýle logikanyň mysalynda hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesliň diňe bir bilimli, ylymly bolup kemala gelmegi barada alada etmek bilen çäklenmän, eýsem, nesil terbiýesiniň ýokary derejede alnyp barylmalydygyna aýratyn üns berýär. Terbiýe hazynasy halk döredijilik eserlerinde, nakyllarda jemlenýär. Oňa milli aýratynlyk diýilýär. Şol milli aýratynlyklary geljekki nesillere sünnäläp ýetirmek üçin ençeme kitaplar ýazyldy, medeni maddy we maddy däl miras döredildi, öwrenildi. Halk döredijilik eserleri dilden-dile geçirildi. Olaryň esasynda gün-günden ösýän, kämilleşýän, ýaşulularyň gadyr-gymmatyny bilýän buýsançly, merdana nesiller kemala geldi. Elbetde, nesil terbiýesi – bu örän jogapkärli, çylşyrymly, yzygider dowam edýän işdir, hadysadyr. Ylmy çeşmelere ýüzlensek, terbiýäniň maşgalada başlanyp, jemgyýetde kemala

Güýz ýapraklaryndan şekiljikler

Eziz jigiler, tyllaýy güýz paslynyň dowam edýän günlerinde size žurnalymyzyň şu sanynda güýz ýapraklaryny ulanyp, kirpijigiň, belkajygyň we horazjygyň şekilini ýasamagy öwredýäris. Onda näme, geliň, gerekli esbaplarymyzy jemläp, şekilleri ýasamaga başlalyň. Ge­rek­li es­bap­lar:

Ke­lem­li çor­ba

Ge­rek­li önüm­ler: • 600 gram to­wuk eti;

Çaga çileden çykarylanda

Türkmen maşgalasynda ogul perzent dünýä inende: «Döwletiňiz artsyn, ýaşy uzyn bolsun!», gyz perzende bolsa: «Baýapsyňyz, bagtly gyz bolsun!» diýlip, dileg edilýär. Dünýä inen bäbege maşgalabaşy at dakýar. Halkyň arasynda çagaly öýde dileg edilse, ol görner-görünmez belalardan goraýar diýlen ynanç bar. Çaga dünýä inende, oňa «Pişme toýy» edilýär.

Gyz edebi — il edebi

Çuňňur aladanyň netijesi Ata-babalarymyz gyz maşgalanyň edep-ekramly, arassa ahlakly, asylly, eliniň işli bolmagyny üns merkezinde saklapdyrlar. Häzirki döwürde hem her bir ene-ata ýetişip gelýän gyz perzentleriniň gylyk-häsiýetlerinde ýaramaz endikleriň bolmazlygy hakynda uly alada edýär.

Jemgyýetiň esasy daýanjy

Bagtyýar durmuşyň binýady öz gözbaşyny agzybir, bagtly maşgaladan alyp gaýdýar. Çünki maşgala jemgyýetiň esasy daýanjydyr. Maşgala ata-eneden we çagalardan ybarat bolan hojalykdyr. Ol jemgyýetiň ilkinji özenidir. Jemgyýetiň geljekki işeňňir raýatlary bagtyýar maşgalada terbiýelenýär. Ahlak taýdan sap, ruhy taýdan belent, sagdyn maşgala döwletiň mizemez baýlygydyr. Maşgala ýaş nesle edep-terbiýe berip, durmuşa ugrukdyryp, jemgyýete goşýar, ruhy baýlyk, ahlak gymmatlyklaryny siňdirýär. Şeýlelikde, maşgala çaganyň ruhy ahlak keşbini kemala getirýän ilkinji terbiýe mekdebidir. Jemgyýet öz ilatynyň diňe bir saklanyp galmagyny  däl-de, eýsem, ruhy dowamatynyň dowam bolup, ömrüniň uzak bolmagyny, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn taýýarlykly we jogapkärli, ýaşaýan jemgyýetini ösdürmäge ukyply bolmagyny isleýär. Şonuň üçin hem adamzat jemgyýeti elmydama ösüşdedir. Bu ösüşleriň miwesi bolsa bagtyýar durmuşdyr. Maşgala — adamlaryň bir öýde, özbaşdak hojalykda ýaşaýan jemgyýetçilik umumylygynyň bir görnüşi bolmak bilen, ol örän ähmiýetli we iň möhüm jemgyýetçilik, ynsanperwerlik hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Halkymyzda maşgala mukaddeslik, ähmiýeti boýunça ýokary, iň hormatly, iň arzyly, eziz zat hökmünde garalýar. Maşgalada onuň agzybirligine zeper ýetirjek zatlar berk ýazgarylýar. «Maşgalam — baş galam», «Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl» ýaly nakyllardyr atalar sözleri hem du

Maşgala mukaddesligi — baky ýörelge

Pederlerimizden gelýän halal we päk ýolumyzy döwrebap dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň döredijilikli zähmet çekip, parahat, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýär. Şöhratly taryhymyzyň ähli döwürlerinde-de pederlerimiz ýaş nesli watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemegi özleriniň esasy wezipeleri hasaplapdyrlar. Häzirki döwürde bu ýörelge giň gerimde, üstünlikli dowam edilýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlar alada bilen gurşalyp, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, maksada okgunly, kämil adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol bir wagtyň özünde hem maşgala gymmatlyklary goralyp saklanýar, maşgala agzybirligi, maşgala sütüniniň berk bolmagy ugrunda dürli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Maşgalada çaga terbiýesi

Ata Watanymyzda ýaş nesle terbiýe bermek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz bu barada şeýle belleýär: “Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir”. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, däp-dessurlary bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler pederlerimiziň kämilleşdiren edep kadalarydyr, durmuş ýoludyr. Şonuň üçin hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri geljek nesillere geçirilýär, milli terbiýe ylmy esasda öwrenilýär hem-de ösdürilýär.

Perzendine mähir berer eneler

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «...gowy adam bolmagyň ýoly enä goýulýan hormatdan ýagtylanýar. Ene ýaradylyşda dowamatyň dowam etmeginiň başlangyjydyr» diýen parasatly sözler bar. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pelsepä ýugrulan şu hikmetli sözlerinden aňlaýşyma görä, eneleriň dünýäsi ynsan ömrüniň tükeniksiz çeşmesidir, ajaýyp, täsin bir duýgusydyr. Adyndan taglymynyň «ýüzi» görnüp duran bu kitapda ene dünýäsiniň mähir-muhabbeti hut durmuşdan alnan maglumatlar bilen açylyp görkezilýär. Çaga wagtymyz dädemiz mal yzynda gezýänligi üçin käteler 30 — 40 günläp öýe gara bermezdi. Biz ony zarlardyk, göresimiz gelerdi. Şonda ejem pahyr Bäbe gelnejemiň ulanan yrymyna eýerip, bize dädemiziň öýe gelende geýýän içi pagtaly güpbüsini ysgadyp, çaga ýüregimizi rahatlandyrardy.

Mukaddes ojagyň synmaz sütüni

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda ähli taraplaýyn ösüşini üpjün etmek babatynda alnyp barylýan işler uly üstünliklere eýe bolýar. Jemgyýetimiziň esasy sütüni bolan maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, eneligi we çagalygy goramaga, sagdyn nesli kemala getirmäge berilýän ünsüň örän ýokarydygyna şaýatlyk edýän wakalar hem döwrümiziň bezegidir. «Zenan mähek daşydyr» diýlen pähime eýeren pederlerimiz zenanlara uly hormat goýup, olaryň jemgyýetde tutýan ornuna örän ýokary baha beripdirler. Munuň ajaýyp eýýamda täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyna hemmämiz şaýat.

Mugallymçylykdan kemal tapan maşgala

Halkymyzda «Guýma gursak bolmasa, dürtme gursak neýlesin» diýen jaýdar aýtgy bar. Ynsan haýsy kärde bolsa-da, tapawudy ýok, ozaly bilen öz saýlap alan hünärini ýürekden söýüp, yhlasly işlemegi başarmaly. Aslynda, hünäre bolan ukyp, zehin-başarnyk her bir adamyň gursagyna guýulýandyr diýsek, öte geçmesek gerek. Hawa, Gurbangeldi Harmanowyň agzybir maşgalasy hem guýmagursak zehinleri özünde jemleýär. Gurbangeldi aganyň döwletli maşgalasyny Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda «mugallymlaryň maşgalasy» diýip tanaýarlar, sebäbi maşgalanyň ähli agzalary bir käriň eýesi, ýagny mugallym. Mugallym Gurbangeldi Harmanow 1966-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlap, harby gulluga gidýär. Watan öňündäki mukaddes gulluk borjuny ýerine ýetirip gelenden soň, gözel paýtagtymyzdaky Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili fakultetine okuwa girýär. Ony 1992-nji ýylda üstünlikli tamamlap, mugallymçylyk kärini ele alyp, öz dogduk mekany bolan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda ýerleşýän 40-njy orta mekdepde rus dili mugallymy bolup işe başlaýar. Işine yhlasly girişen ýaş mugallymy mekdebiň işgärler düzümi gyzgyn garşylaýar. Özüniň parasatlylygy, başarjaňlygy, açykgöwünliligi bilen öz kärdeşleriniň arasynda hormata mynasyp bolup başlaýar. Ussatlyk bilen ösüp gelýän ýaş nesillere terbiýe berşi, göýä ynsanyň

Asylly terbiýe

Türkmen halky nesil terýbiýesine aýratyn ähmiýet berip, bu babatda asylly ýörelgäni kemala getiripdir. Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin paýhasly sözleri olaryň aňlaryna guýupdyrlar. Elbetde, nesil terbiýesinde halk döredijilik eserleriniň hem, paýhasly sözleriň hem aýratyn orny bardyr. Şonuň ýaly hem milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna guýmak, olaryň saz sungatyndan, çeper edebiýatdan habarly bolmaklaryny üpjün etmek milli terbiýäniň bir ugry bolupdyr. Şonuň üçin hem türkmen maşgalasynda dutar, gyjak ýaly saz gurallary saklanyp, ýaş nesillere görüm-görelde bolupdyr. Perzendiň päk ahlakly, watançy ynsan bolup ýetişmegi onuň maşgalada we jemgyýetde alan terbiýesine baglydyr. Onuň maşgalada milli gymmatlyklary görüp ulalmagy, öý-ojakda türkmen halysyna, dutar-gyjagyna söýgi döremegi watansöýüjiliginiň ösmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaşlarymyzy milli ruhda terbiýelemäge, döwrebap bilim bermäge döredilýän mümkinçilikler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda täze we giň many-mazmuna eýe bolýar. Ylym-bilime, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, maşgala gymmatlyklarymyza uly üns bermek asylly ýörelgelerimize öwrüldi. Bu günki günde şeýle asylly ýörelgelerimizi dowam etdirmekde, ösdürmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem nesilleri milli ruhda terbiýelemekde uly işler durmuşa geçirilýär.