"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylygy-zurnaly@online.tm

Habarlar

Gündogar sebitiň kuwwatly desgasy

Amyderýanyň sag kenary soňky döwürde çalt depginlerde ösýär. Hojambaz etrabyndaky «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde nebitdir gazyň täze-täze gorlarynyň üsti açylyp, bu ýerde gazy arassalaýjy we gysyjy desgalar gurulsa, Köýtendag etrabynda dag magdanlaryny gaýtadan işleýän hem-de magdan däl daşlardan gurluşyk pudagy üçin zerur bolan önümleri öndürýän senagat kärhanalary işe girizildi. Elbetde, bu pudagyň mundan beýläkki ösüşini gazanmak üçin, onuň elektrik energiýasy bilen kadaly üpjünçiligi gazanyldy. Şu maksat bilen derýanyň sag kenarynda, Köýtendag etrabynyň çäginde täze, kuwwatly elektrik stansiýasy gysga wagtda gurlup, 2016-njy ýylyň iýulynda işe girizildi. “Watan” diýlip atlandyrylan, ýyllyk kuwwaty 254 megawatt bolan döwlet elektrik stansiýasy okgunly ösýän Lebap welaýatyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ol diňe bir sag kenara däl, eýsem, çep kenardaky ilatly ýerlere, kärhanalara, desgalara hem öz öndürýän elektrik toguny iberip başlady. Sebäbi çep we sag kenardaky asma elektrik ulgamynyň halkalaýyn usulda birleşdirilip, bitewi ulgama öwrülmegi iki kenarda hem elektrik energiýasynyň üznüksiz ýagdaýda bolmagyny üpjün etdi. Bu elektrik stansiýasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de ýurdumyzyň gündogar sebitinde gurlan we gurulýan senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatynyň artmagy üçin zerur şertle

Durmuş syýasatynda ynsanperwer ýörelgeler

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 23-nji noýabrda geçirilen mejlisinde Gahryman Arkadagymyz adamlar hakynda alada etmek üçin bizde ähli mümkinçilikleriň bardygyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň netijesinde munuň üçin serişdeleriň hem ýeterlikdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylyň Döwlet býujetinde zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak baradaky soraga ýene-de bir gezek seretmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygy, iş orunlary, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligi, beýleki meseleler babatda öňe sürlen teklipler ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarlar esasynda durmuş ugurly döwlet syýasatyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüş babatda dünýäniň ýokary depgin

«Döwlet diňe halky bilen döwletdir!»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ösüşiň milli, pudaklaýyn we sebit maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Munuň üçin ýurdumyz boýunça makroykdysady görkezijiler yzygiderli seljerilýär, geljek döwür üçin anyk maksatnamalar düzülýär. Bu işler Döwlet býujeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 23-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň tutuşlygyna «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanmagy bolsa bu hukuk resminamasynyň kabul edilmeginden ozal, býujetiň esasy maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermegiň we olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň zerurlygy bilen şertlendirilendir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen ýurdumyzda býujet işini kämilleşdirmek boýunça döwlet topary döredildi. Mundan başga-da, Türkmenistanda 2022 — 2028-nji ýyllar aralygynda býujet ulgamynda özgertmeleri geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Şol resminamalaryň esasynda ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny — 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak boýunça kesgitli çäreler geçirildi. Ýöne ony taýýarlamak boýunça ýeterlik işler geçirildimi? Mi

Obalarda döwrüň kaşaň keşbi bar

Gojaman Amyderýanyň kenaryny etekläp oturan gadymy obalarymyzyň hersi özüniň özboluşly aýratynlygy bilen meşhurdyr. Olaryň käbiri beýik şahsyýetleri bilen tanalsa, ýene-de biri tebigy ýadygärlikleri, beýleki biri bolsa baý taryhy bilen bellidir. Ýöne islendik obanyň hem, ilkinji nobatda, öz zähmet adamlary bilen adygýandygyny-da aýtmak gerek. Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň obalary-da ynsan zähmetiniň netijesinde gözel görke gelýär. Geňeşligiň döwrüň belent ruhuna beslenen obalarynyň hersiniň soňky ýyllarda özgeren durmuşy barada aýratyn söhbet edere-de näçe diýseň gürrüň bar. Obalaryň tekiz we giň köçelerinden ýöräp barşyňa oba durmuşynyň gözellikleri ünsüňi özüne çekýär. Hojalyklaryň her biriniň döwletlilikden, rysgal-bereketden, agzybirlikden, bagtdan paýlydyklaryny aňmak kyn däl. Oba durmuşynyň göze gelüwliligi, abadançylygy bilen gyzyklanyp, biz Geňeşligiň arçyny Jora Bazarow bilen gürrüňdeş bolduk. Ol:

Aladamyz ýerine düşýär

Biziň pagta egriji kärhanamyz iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilikleriň biridir. Ol Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek, özümizde öndürilýän çig mallary gaýtadan işläp, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek ugrunda edýän aladalarynyň netijesinde ulanylmaga berlipdi. Onda dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň önümi bolan enjamlaryň oturdylmagy bu meseläniň oňyn çözülmegine şert döretdi. Meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegi, taýýar önümiň ulanyjylara bökdençsiz iberilip durulmagy munuň şeýlediginiň subutnamasydyr. Olar geçen on bir aýynyň meýilnamasyny hem artygy bilen ýerine ýetirdiler. Netijede geçen döwürde 7229 tonna ýakyn ýüplük öndürildi. Kärhanamyzyň ýokary hilli ýüplükleri diňe bir içerki ulanyjylara däl, eýsem, daşary ýurtlara hem eksport edilýär. Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri indi köp ýyldan bäri fabrigimiziň önümi bolan ýüplükleri uly isleg bilen satyn alýarlar. Kärhanamyzda 590-a golaý adam işleýär. Olaryň 330-dan gowragy bolsa zenanlardyr. Şeýle bolansoň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň iş meýilnamasynda olaryň zähmet we durmuş hukuklaryny goraýan çäreleri aýratyn göz öňünde tutýarys. Fabrigimizde işler üç iş çalşygynda alnyp barylýar. Her iş çalşygynda işgärler bir gezek gyzgyn nahar, çaý, süýt önümleri bilen mugt üpjün edilýär. Işgärleri işe getirmek we işden ö

Bol suwuň aladasy

Gözbaşyny Amyderýanyň bol suwundan alýan Garagum derýasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň obadyr şäherleriniň ýaşaýjylaryny, ekerançylyk meýdanlaryny, bag-bakjalaryny we başga-da derwaýys ýerlerini suw bilen üpjün edýär. Onuň ugrundan ýerleşýän bu ulgamyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri we zähmetsöýer işçileri giň göwrümli suwuň akymyna, kenarlaryň abatlygyna berk gözegçilik edýärler. Şeýle hem olar hananyň ýalpaklan ýerlerinde läbik sorujylar arkaly gazuw işlerini berjaý edýärler. Kenarlaryň ýanaşyk ýerlerini bagy-bossanlyga öwürýärler. Derýa ulgamynyň işjeň adamlary gerekli tehnikalary daşary ýurtlardan alyp berýändigi üçin Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyş sözlerini aýdýarlar. Bu gurama Garagum derýasynyň akym ugrunyň gazuw işlerini alyp barmakda abraýly işleýän kärhanalaryň biridir. Oňa tejribeli ýolbaşçy Atajan Ilamanow başlyklyk edýär. Kärhananyň hünärmenleri hem-de işçileri özlerine ynanylan işleri artygy bilen ýerine ýetirýärler. Olar läbik sorujylaryň hemişe gurat işlemegini gazanýarlar. Bu tehnikalar ýag-ýangyç, şeýle hem gerekli enjamlar bilen iş üstünde üpjün edilýär.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Goraglylygyň kepili Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge we çaltlandyrmaga gönükdirilen ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde döwlet we hususy telekeçiler ysnyşykly iş alyp barýarlar.

Tebigy gaz — baýlygymyz

Jogapkärli möwsümiň talaby Ajap eýýamymyzda tebigy gazyň eşreti halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Ýöne tebigy gazdan howpsuz we tygşytly peýdalanmak hemişe derwaýys meseleligine galýar.

Türkmenistan we Günorta Koreýa ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürer

29-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Halkara söwda assosiasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar, aýratyn-da, ulag-logistika ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Azerbaýjan Türkmenistanyň üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerine ýardam berýär

Azerbaýjanyň Alýat deňiz portunda Türkmenistandan we onuň deňiz portundan iberilýän ýükler üçin aýratyn ýer bölünip berildi. Bu barada ýurduň Prezidenti Ilham Aliýew«Ählumumy merkezi geçelge: howpsuzlyk we ykdysadyýet» atly halkara maslahatdaky çykyşynda belledi diýip «Azertaj» habar berýär. Neşiriň ýazyşy ýaly, uglewodorod ulag ýollary Hazar sebitiniň ähli ýurtlarynyň has-da ýakynlaşmagyna we strategik hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer. 

Ygtybarly we howpsuz üpjün edilýär

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar, ýurdumyzyň ähli mümkinçilikleri halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Ilaty durmuş taýdan goramagyň döwlet usullary Türkmenistanyň her bir raýatyna tebigy baýlyklardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň esasy alyp barýan işi ýurdumyzyň ilatyny, edara-kärhanalaryny we beýleki sarp edijilerini tebigy we suwuklandyrylan gaz bilen howpsuz hem-de ygtybarly üpjün etmek bolup durýar.

Hem gymmatly, hem islegli baýlyk

Türkmenistan ýoduň gorlary boýunça dünýäde öňdäki döwletleriň hatarynda tanalýar, Garaşsyz döwletimiziň sebitde ilkinji, tutuş dünýäde bolsa, dördünji bolup, öz halkyny ýodlaşdyrylan nahar duzy bilen üpjün eden ýurtdugyny hem aýtmak gerek. Mukaddeslige deňelýän bu önümi talabalaýyk ýodlaşdyrmakda zerur bolan çig mal hem öz Diýarymyzdan alynýar. Önümçilige daşky gurşawy hapalamak derejesi pes bolan, şonuň ýaly-da serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, himiýa pudagyny ösdürmegiň ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga, oba hojalygyny durnukly ösdürmäge, şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen ugurlaryny kemala getirmek «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň esasy wezipeleridir. Häzirki wagtda welaýatda ýod önümçiligi boýunça üç sany kärhana bolup, olar — «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» we «Bereket» ýod zawodlary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetiniň ýod zawodydyr. Olaryň önümhanalarynda häzirki zaman tehnologiýalary esasynda taýýarlanylýan tehniki ýoduň agramly bölegi dünýä bazarlaryna eksport edilýär. Mendeleýewiň periodik tablisasynyň VII toparyndaky himiki element, galogenleriň biri bolan ýody 1811-nji ýylda fransuz himigi Bernar Kurtua açypdyr. Ol deňiz suw otlarynyň külüniň esasy şor erginini konsentrirlenen kükürt kislotasy bilen gyzd

Transhazar halkara ulag geçelgesinden daşalýan ýükleriň alty esse ýokarlanmagyna garaşylýar

Şu ýyl Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi boýunça geçýän ýükleriň mukdarynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende alty esse ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu barada Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň anna güni Gazagystanyň Aktau şäherinde Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň Daşary işler we ulag ministrleriniň arasyndaky geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň açylyş dabarasynda aýdanlaryna salgylanyp, “Anadolu” agentligi habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýeden Kawkaz sebitine uzap gidip, Hazar deňzinden we Merkezi Aziýadan geçip, Hytaýa baryp ýetýän Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi gadymy ýüpek ýoluny dikeltmek tagallalarynyň iň wajyp bölekleriniň biridir.

«Akylly» şäher — döwrebap ýaşaýyş

Eziz Diýarymyzda gurlup ulanmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly dürli binalaryň dünýä ülňülerine laýyk bolmagyna, gurluşyklarda ekologik howpsuzlygyň berjaý edilmegine berk talap bildirilýär. Olarda häzirki zamanyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak esasy şertleriň biri bolup durýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda alnyp barylýan iri gurluşyklar bilen yzygiderli tanşyp durmagy, özüniň gymmatly maslahatlaryny bermegi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Ine, ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna nobatdaky iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda täze şäherde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak barada aýratyn durlup geçildi. Şunda sanly ulgamyň, «akylly» şäher kadalarynyň ulanylmagynyň ähmiýetiniň, ilkinji nobatda, göz öňünde tutulmalydygy bellenildi. Hormatly Arkadagymyz täze şäherde ýaşajak raýatlaryň ýaşaýyş ýeri boýunça hasaba alnyşynyň elektron görnüşde bolmagyny üpjün etmegiň üstünde toplumlaýyn işlemelidigini aýtdy.

Birža söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyzystandan we BAE-den gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy we awiakerosini satyn aldylar. Şeýle-de, Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplügi satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 21 million 250 müň 230 dollaryna deň boldy.

Maşyngurluşyk önümleriniň eksporty ABŞ-nyň 20,5 milliard dollaryndan geçdi

2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkiýäniň maşyngurluşyk pudagynyň önümleriniň eksporty ABŞ-nyň 20,5 milliard dollaryndan geçdi. Bu barada Türkiýäniň Maşyn we enjamlar eksportçylary birleşigi (MAIB) habar berýär. «MAİB»-niň maglumatlaryna laýyklykda, 2022-nji ýylyň on aýynda maşyngurluşyk önümleriniň eksportynyň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,7 göterim ýokarlanyp, ABŞ-nyň 20,5 milliard dollaryna barabar boldy.

San­ly ul­ga­m ösdürilýär

Hä­zir­ki dö­wür­de ylym-bi­lim ýo­ka­ry tiz­lik bi­len ös­ýär, iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Şo­nuň üçin hem adam­zat jem­gy­ýe­tin­de ylym-bi­li­miň uly or­ny bar­dyr. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz­da ylym we bi­lim döw­le­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­ny hem-de müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­ýan esa­sy se­riş­de, jem­gy­ýe­tiň he­re­ket­len­di­ri­ji güý­ji bo­lup dur­ýar. Çün­ki ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ra dü­şün­ýän kä­mil hü­när­men­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek­de bi­lim ul­ga­my­nyň mö­hüm or­ny bar­dyr. Dün­ýä­de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­nyň we san­ly ul­ga­myň ös­ýän za­ma­na­syn­da ýur­du­myz­da hem san­ly ul­ga­my ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry hök­mün­de kes­git­le­nip, bu ba­bat­da oňat ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­na san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak iş­le­ri güýç­li dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýar. San­ly ul­ga­myň yk­dy­sa­dy­ýe­te or­naş­dy­ryl­ma­gy, mag­lu­mat­la­ry top­la­ma­gyň we sel­jer­me­giň tä­ze, döw­re­bap usul­la­ry­nyň hem-de gu­ral­la­ry­nyň dö­re­me­gi mag­lu­mat­la­ryň al­şyl­ma­gy­na, zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär we in­no­wa­sion çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek­de çe­ýe­li­gi üp­jün ed­ýär.

Bir aýda türkmen-eýran serhediniň üstünden geçýän ýük ulaglarynyň möçberi 3 esse artdy

Türkmen ýük awtoulaglary pandemiýa sebäpli üçýyllyk arakesmeden soň, Sarahs-Sarahs serhet geçelgesinde Eýran bilen serhediň üstünden hereketi täzeden ýola goýdular. Bu hereket bolsa artýar, munuň özi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňelýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem Türkmenistan öz çäklerinden geçýän eýran ýükleriniň bir tonna-kilometri üçin 1,5 dollar möçberdäki pajy aýyrdy. Bu hem ýük akymlarynyň artmagyna ýardam etdi diýip, Iran Front Page (IFP News) täzelikler saýty habar berýär.

Raýatlaryň durmuş goraglylygy baş aladadyr

23-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. DÖWLET BÝUJETI YKDYSADY ÖSÜŞE ÝARDAM ETMELIDIR

Gurmak ― ösüşlere goşant goşmak

Ýurdumyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna deňeşdirmäge gönükdirilen işleriň gerimi barha giňelýär. Bu il-ýurt bähbitli işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze belentliklere göterilýär. Ösüşleri çaltlandyrmak maksady bilen täze desgalary gurmak işleriniň depgini yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle möhüm işde «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň agzybir işgärleri tutanýerlilik görkezýärler. Olar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda has netijeli zähmet çekýärler. Şanly ýylyň geçen döwründe müdirligiň işgärleri möhüm taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegine netijeli gatnaşdylar. Olaryň arasynda uzynlygy 125 kilometre barabar bolan Üçajy gaz käninden «Lebap» döwlet elektrik stansiýasyna çekilen ýokary basyşly gaz geçirijisi hem bar. Bu işiň üstünlikli tamamlanmagy kuwwatly desgany tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmäge hem-de elektrik energiýasynyň öndürilişini düýpli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Häzirki günlerde bolsa Gazojak şäherindäki suwuklandyrylan gazy kabul edip, demirýol we awtomobil çeleklerine ýükläp ugradýan desganyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Bulardan başga-da Naýyp gaz käninde gaz guýularyny özleşdirmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Möhüm işlerde müdirligiň Baýramgeldi Bazarbaýew, Gurbanýaz Gurbanpoladow, Tahyr Koçyýew tarapyndan ýolba