"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylygy-zurnaly@online.tm

Habarlar

Sarygülüň otunyň ruhy dartgynlykda rahatlandyryjy täsirini öwrenmek

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyna uly üns berilýär we netijeli işler alnyp barylýar. «Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilmegi onuň aýdyň mysalydyr. Bütin dünýäde häzirlki wagtda psihiki keselleriň we olaryň döremegine getirýän sebäpleriň, howp faktorlaryň garşysyna göreşmek we ol keselleriň öňüni almak lukmançylykda wajyp soraglaryň biri bolmagynda galýar [3]. Ylmy maglumatlara görä, psihiki bozulmalar ýyl-ýyldan artýar, olardan sussupeslik (depressiýa), howsalaly geçýän bozulmalar has köpelýär. Öz wagtynda anyklanylmadyk psihiki bozulmalar ýürek gan-damar, howply täze döreme, süýjüli diabet ýaly dowamly ýokanç däl keselleriň döremegine sebäp bolýar. Köpsanly dowamly geçýän kesellerde sussupeslik, köplenç, esasy keseller bilen utgaşyp gelýär. Adamyň beden we ruhy saglygy onuň ýaşaýşynyň hilini kesgitleýär. Depressiýa we howsala – lukmançylygyň düýpli meseleleri bolup, olary ýüze çykarmak we garşysyna göreşmek döwrüň (ХХI asyryň) wajyp meselesi bolmagynda galýar. Ylmy maglumatlara görä, psihiki bozulmalarda ýüze çykýan depressiýalaryň ortaça üçden bir bölegi sintetiki dermanlar bilen bejergä oňyn jogap bermeýär [5, 6]. Şeýle-de, trisikliki antidepressantlary kabul edýän näsaglarda islenilmeýän holinergiki täsirler köp ýüze çykýar, olara mysal

Aşgazanyň epitelial däl täze döremeleriniň anyklanylyşynyň we bejergisiniň netijeleri

Aşgazanyň epitelial däl täze döremeleri (AEDTD) – aşgazanyň seýrek duşýan howply çiş keseli bolup, aşgazanyň täze döremeleriniň 3-4%-ni, iýmit siňdiriş ulgamynyň çişleriniň 1%-ni tutýar [1]. Bu kesel epitelial çişlerinden has az duş gelip, bedeniň ähli agzalarynda duşup bilýär. Gyzylödek we aşgazan mezenhimal däl çişleriniň iň köp duş gelýän görnişi gastro-intestinal stromal tumor(GIST) we leýomiýomadyr [2, 3]. Epitelial däl howply täze döremeler aşgazanda (60-70%), inçe içegede (25-35%), ýogyn we göni içegede (5%) duş gelýär. Çişler, esasanam, aşgazanyň nemasty, myşsa, seroz gatlagyndan, nerw, gan-limfa damarlaryndan emele gelýär. Bu keselleriň irki döwürleri köp ýagdaýlarda alamatsyz geçýär. Keseliň kliniki ýüze çykmasy çişiň ýerleşýän ýerine we ölçegine bagly bolýar. Çişiň ölçegleri uly bolup, aşgazanyň boşlugyna ösende, gan akmak ýaly kliniki alamatlar peýda bolýar. Çiş uly ölçegde bolup, aşgazanyň distal bölüminde emele gelse, çiş aşgazanyň distal bölümini ýapyp, iýmitiň geçmezligi ýaly alamatlar ýüze çykýar. Bu çişler, köplenç, aşgazanyň uly egriminde, öňki ýa-da yzky diwarlarynda we antral bölüminde duş gelýär. AEDTD-y 1983-nji ýylda M.T.Mazur we H.B.Klark tarapyndan keselleriň klassifikasiýasyna girizilýär [5, 6]. Häzirki wagtda AEDTD-nyň esasy bejergisi hirurgiki usul bolmagynda galýar [4, 7, 8]. Işiň maksady – aşgazanyň epitelial däl täze döremeleriniň anyklaýyş

Injik süňkleriň açyk döwükleriniň toplumlaýyn bejergisi

Injik süňkleriniň açyk döwükleri uzak möhletli bejergini talap edýändigi we olaryň 2%-i näsaglary maýyplyga getirýänligi üçin trawmatologiýanyň we ortopediýanyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar [3, 5, 9, 10]. Bu patologiýa, esasan, diafiziň orta we orta aşaky böleklerinde, ýol-ulag hadysalaryň netijesinde gabat gelip, köplenç, açyk döwüklerde emele gelen ýara toprak we beýleki del jisimler bilen hapalanýar. Ýumşak dokumalar süňkden aýrylyp, süňkleriň gan üpjünçiligi bozulanda alawlama süňk kanalyna ýaýrap, osteomiýelit we soňlugy bilen nekrozlaşan sekwestrleri emele getirip, süňküň uly ýetmezçilikleriniň (defektleriň) döremegine sebäp bolýar. Şikesleriň 30%-i injik süňkleriň döwüklerine degişlidir. Olaryň 2%-i uly meýdanly açyk döwükler bolup, iriňli gaýraüzülmelere getirýärler. Injik süňkleriniň gaýraüzülen döwükleri näsaglaryň maýyplygyna getirýän sebäpleriň biridir [2, 6, 7]. Iriňlän açyk döwükleriň bejergi möhleti uzaga çekýär we ol, köplenç, süňk regenerasiýasyna ýaramaz täsir edip, süňkleriň haýal bitmekligine ýa-da ýalan bognuň döremegine sebäp bolýar [1, 2, 4, 8, 10].

Damarlaryň ateroskleroz zeperlenmelerinde sitokinleriň orny

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsan saglygyny döwlet syýasatynyň esasy sütünleriniň birine öwren hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talabyna laýyk ösdürilýär, ýokary lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalar, anyklaýyş merkezleri halkymyza hyzmat edýär, çünki saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak täze tehnologiýalary amaly lukmançylyga ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydyr [1]. Häzirki wagtda dünýäniň ilatynyň keselçiliginiň we ölümçiligniň esasy sebäbi ýürek-damar keselleri (ÝDK) bolmagynda galýar. ÝDK-nyň düzüminde uly ýaşly ilatyň ölümçiliginiň baş sebäbi bolan ýüregiň işemiýa keseli (ÝIK) aýratyn orun tutýar [2]. Şeýle bolsa-da, keseliň patogeneziniň esasynda ýatýan ateroskleroz (AS) hadysasynyň döremeginiň sebäpleri häzirki wagta çenli doly anyklanylman galýar. Hususan-da, keseliň döremeginde holesteriniň (HS) orny doly tassyklanylmadyk, sebäbi AS hadysasy HS kadaly ýa-da ondan hem pes derejede saklanýan näsaglarda hem ýüze çykýar [3]. Arterial gipertoniýa, süýjüli diabet, çilimkeşlik, semizlik, gipodinamiýa we nesil yzarlaýjylyk ýaly töwekgelçilik şertleri bilen AS-yň döremeginiň diňe 50% halatlaryny baglanyşdyrmak bolýar [4].

Kraniospinal we talamus döremelerinde hirurgiki bejergi

Kelleçanagyň içinden boýunoňurga geçýän we kelle beýnisiniň talamus bölüminiň döremeleri amaly lukmançylykda seýrek duş gelýändigi we hirurgiki bejergisiniň örän çylşyrymlydygy bilen tapawutlanýar [4]. Hirurgiki bejergide patologiki ojaga barlyşyň ýetirýän şikesini azaltmaklyk üçin, mikroneýrohirurgiýada kelle beýnisiniň we oňurga ýiliginiň gurluşyndaky tebigy yşlary, gasynlary, likwor giňişlikleri giňden ulanylýar [2]. Mikroneýrohirurgiýanyň girizilmegi we ösdürilmegi geçen döwürde zerurlyk hasap edilen kelleçanagyň giňişleýin trepanasiýasy, beýniniň gaty gabygynyň aýratyn uly kesilip açylmagy, beýni ülüşleriniň dowamly traksiýasy (süýşürilip, gysylyp saklanylmagy) we beýleki usullary ulanmakdan saklanmaga ýardam etdi. Neýrohirurgiýada operatiw mümkinçilikleriň giňeldilmegi öň elýeterli bolmadyk kraniospinal ulgamyň anatomiki bölümlerinde ýokary derejeli çylşyrymlylykdaky hirurgiki bejergileri üstünlikli geçirmeklige şert döretdi [1, 6]. Döwrebap neýromonitoring üpjünçiligi hirurgiki bejergi geçirilýän döwründe, esasan hem, kelle beýnisiniň sütün bölüminde «fiziologiki mümkinçilik» düşünjesi «howply ýagdaýy» görkezijiler bilen bir hatarda bolup, diňe bir hil däl-de, mukdar bahany hem kesgitleýär [3, 5]. Biz öz tejribämizde seýrek duş gelýän kliniki wakalarymyzy beýan etmegi makul bildik.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Ýakynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammiti geçirildi. Duşuşykda bu düzümde Türkmenistanyň başlyklyk eden ýylynda bitirilen işlere seredilip, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, geljek üçin wezipeleri kesgitlemek babatda ýakyndan pikir alşylyp, möhüm resminamalar kabul edildi. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşup, oňa girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär we bu guramanyň ýokary derejeli duşuşyklaryna işjeň gatnaşyp, möhüm başlangyçlary, teklipleri öňe sürýär. Bu başlangyçlar, teklipler halkara derejesinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şonuň netijesinde bolsa, ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Berkararlygyň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň her bir ýyly taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen girýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesini baýram edýär. Garaşsyzlygymyz barada Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: «Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr». Bu günki gün mähriban halkymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Uly hyjuw bilen zähmet çekip, ýurdumyzyň ösmegine öz mynasyp goşandyny goşýar. Eziz Watanymyz ösüşleriň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, agzybirligiň, özboluşly gözelligiň mekanydyr.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany

Eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy giňden bellenip geçilýär. Paýtagtymyzda bu baýramçylyk mynasybetli «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly halkara maslahat geçirildi. Bu maslahat lukmançylyk diplomatiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, giňeltmek hem-de özara tejribe alyşmak babatda uly ähmiýete eýe bolar.

Immun modulirleýjileriň türgenleriň ganyndaky leýkositleriň funksional işjeňligine ýetirýän täsiriniň deňeşdirme seljermesi

Halkyň saglygyny berkitmek, çydamly, fiziki we ruhy taýdan taplanan ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek türkmen lukmançylyk ylmynyň we milli sportuň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sportuň ösdürilmegi türkmen döwletiniň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini hormatly Prezidentimiz belläp geçýär. Häzirki wagtda sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýär we sportuň berk binýatly ösen ulgamy döredildi [1]. Ýokary derejeli döwrebap sporty aňrybaş agyr, kähalatlarda bolsa aňryçäk psiho-emosional we fiziki ýüklenmeleri ýeňip geçme zerurlyklaryny türgenleriň öňünde goýýar. Ylmy edebiýatlara seljerme berlende, sportuň görnüşine garamazdan, ýokary netijeli türgenleriň immun ulgamynyň funksional işjeňliginiň peselendigine, azda - kände ýüze çykýan immun ýetmezçiligine getirýändigine şaýatlyk edýär [3, 5-7].

Molekulýar-genetiki usul bilen gyrgyn keseliniň döredijisini sekwenirlemek

Gyrgyn – bu tebigy ojakly, aýratyn howply bakterial ýokançly zoonoz keseldir. Gyrgyn keseliniň (Yersinia Pestis) tebigy ojaklary Afrika, Amerika, Aziýa we Ýewropa sebitlerinde bellige alnandyr. Ýewraziýa sebitiniň çäklerinde, Sibirde, Kawkazda, Hazar deňziniň sebitlerinde, Merkezi Aziýada gyrgyn keseliniň awtonom ojaklarynyň 42 sanysy hasaba alnan. Türkmenistanda 5 sany gyrgynyň awtonom tebigy ojagy hasaba alnandyr: Garagum, Köpetdag, Gyzylgum, Üstýurt, Mangyşlak. Şolardan Garagum awtonom tebigy ojagynda häzirki wagt güýçli antropurgiki üýtgeşmeler amala aşyrylýar. Onuň netijesinde, gemrijileriň arealy kiçelýär, adamlar bilen gemrijileriň arasynda ýakyn galtaşyklar ýygy-ýygydan bolup geçýär. Gyrgyn keselini tebigy şertlerde göteriji hökmünde 235-den hem köpräk ownuk gemrijileriň, geçiriji hökmünde bolsa büreleriň 120 görnüşi şu güne çenli bellige alnan. Epizootologiki asuda döwürde enzootiki meýdanlarda keseliň öňüni alyş çäreleriniň ähmiýeti has ulalýar [1, 2, 7]. Sekwenirleme (latynça «sequentum» – yzygiderlilik) DNK-nyň molekulalaryndaky beloklaryň (polipeptidleriň) ýa-da nukleotidleriň yzygiderligini anyklamaga ýardam berýän usullaryň umumy adydyr. Olaryň hemmesi şeýle gurnalan: başda DNK-nyň köp sanly uly bolmadyk bölejik ýerleri taýýarlanylýar (DNK-nyň molekulasy birnäçe esse köpeldilýär we olar duş gelen ýerlerinden «kesilýär»), soňra her bölek aýratynlykda okalýa

Talyplaryň arasynda metaboliki sindromyň duş geliş ýygylygy

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda öz wagtynda anyklaýyş, netijeli öňüni alyş we bejeriş çäreleriniň hasabyna ýürek gan-damar keselleri bilen bagly keselçiligi, maýyplygy azaltmaga aýratyn orun berilýär [1]. Arterial gipertenziýanyň, abdominal semizligiň, dislipidemiýanyň we çetki dokumalaryň insuline rezistentligi netijesinde ýüze çykýan uglewod çalşygynyň bozulmagynyň utgaşmagyny metaboliki sindrom özünde jemleýär. Bu meseleler kliniki tejribede ýyl-ýyldan has uly wajyplyga eýe bolýar, bu bolsa birbada birnäçe sebäpler bilen düşündirilýär [2, 3]. Bir tarapdan, dürli awtorlaryň maglumatlaryna görä, häzirki döwürde metaboliki sindromyň ýygylygy ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň ilatynyň arasynda 20-35%-e ýetýär [4, 6, 7]. Beýleki tarapdan, bu sindrom ateroskleroz bilen baglanyşykly ýürek-damar keselleriniň we olardan bolýan ölümçiligiň we maýyplygyň has ýokary görkezijileri bilen häsiýetlendirilýän gaýraüzülmeleriniň howp faktorlarynyň utgaşmalaryny özünde jemleýär [11, 12, 14]. Soňky onýyllyklaryň dowamynda talyp ýaşlaryň arasynda hem semizligiň depgini has ýokarlandy [8-13]. Häzirki wagtda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hünärmenleri semizlik keselini biziň döwrümiziň täze dowamly «epidemiýasy»diýip ykrar etdiler. Metabolik sindrom az hereketli ýaşaýyş durmuş ýörelgeleriniň we bütin dünýäde giň gerim bilen ýaýraýan semizligiň esasynda döreýän

Pes agramda doglan bäbekleriň ýürek-damar ulgamynyň gipoksiki bozulmalarynyň bejergisini kämilleşdirmek

Pes agramda doglan bäbeklerde düwünçegiň dowamly gipoksiýasyndan soňky döreýän ýürek-damar ulgamynyň funksional bozulmalarynyň meseleleri häzirki zaman amaly neonatologiýanyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Bu ýagdaý bäbekleriň bu toparynda ýüregiň funksional bozulmalarynyň ýygylygynyň ýokarlanmaga ymtylýandygy, olaryň irki neonatal uýgunlaşma hadysalarynyň, perinatal keselleriň geçişine oňaýsyz täsirini ýetirýändigi bilen şertlenendir. Dowamly gipoksiýa geçiren bäbekleriň 40-70%-de ýürek-damar ulgamynyň funksional bozulmalary anyklanýar [4]. Düwünçegiň gipoksiýasy kardiomiositleriň mitohondriýalarynda makroergiki birleşmeleriň emele gelmesiniň peselmeginiň hasabyna olarda energetiki çalşygyň bozulmasyna getirýär [3]. Dowamly gipoksiýa, metaboliki asidoz tranzitor işemiýanyň döremegine itergi berýär, olar bolsa bäbek dünýä inenden soň, miokardyň işjeňligini bozýan esasy sebäpleriň biri hasaplanýar [1]. Maglumatlar pes agramda doglan bäbeklerde ýürek-damar ulgamynyň gipoksiki bozulmalarynyň sebäplerini öwrenmegiň, irki döwürlerinde anyklamagyň, netijeli bejeriş usullaryny işläp düzmegiň meselelerini häzirki zaman amaly neonatologiýanyň wajyp soraglarynyň biri bolup durýandygyny görkezýär. Işiň maksady – pes agramda doglan

Toksikodermiýanyň toplumlaýyn bejergisinde gidrokolonoterapiýanyň ähmiýeti

Häzirki wagtda toksikodermiýa adamlaryň populýasiýasynyň, takmynan, 6%-de duş gelip, deri keselleriniň umumy gurluşynda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär [2, 5]. Içege endotoksemiýanyň güýçli çeşmesi bolup, toksikodermiýanyň soňraky ösmeginde we progressirlemeginde awtosensibilizasiýanyň emele gelmeginiň kesgitleýji faktorydyr [3, 4, 6, 7]. Bedeni dezintoksikasiýa etmegiň täsirli usullaryndan biri hem gidrokolonoterapiýadyr. Bu usul dürli keselleriň bejergisinde giňden ulanylýar, ýöne toksikodermiýanyň bejergisinde bu usulyň ulanylyşy barada maglumat azsanlydyr.

Çagalaryň ýaşyna baglylykda atopiki keselleriň kliniki-etiologiki aýratynlyklary

Hemme dowamly kesellerde bolşy ýaly, çaganyň ýaşynyň ulalmagy bilen atopiki keseliň (AK) kliniki alamatlary we agyrlyk derejesi üýtgeýär. Şeýle hem ýaşyň ulalmagy bilen AK-ny emele getirýän allergenleriň we beýleki faktorlaryň spektri üýtgeýär [1, 3]. Allergiýaly çagalaryň arasynda AK-nyň emele gelmeginde atopiki (IgE-garaşly) mehanizmi bolan näsaglaryň sany artýar we olarda keseliň geçişi öz aýratynlygy bilen tapawutlanýar [2, 4]. AK-nyň ähli allergiki keselleriň 60-70%-ni düzüp, nesil yzarlamalaryna, sebitiň howasyna we geografiki aýratynlyklaryna, iýmitlenişiň häsiýetine, ýaşaýan ýerine baglylykda emele gelýändigini köp awtorlar belläp geçýär [5, 6]. Işiň maksady – çagalaryň ýaşyna görä atopiki keselleriň kliniki-etiologiki aýratynlyklaryny öwrenmek.

Buýan köküniň gury ekstraktynyň esasynda täze derman serişdesini işläp taýýarlamak

Häzirki wagtda derman ösümliklerinden alynýan derman serişdeleri has köp ulanylýar. Şeýle derman serişdeleriniň bejeriji täsiri köptaraplylygy we ýaramaz täsiriniň pesligi bilen tapawutlanýar. Köp sanly kliniki barlaglaryň netijelerine görä, süýji buýandan alynýan derman serişdeleri ýokary netijeliligi ýüze çykarýar hem-de onuň çig malyndan biologiki işjeň maddalara örän baý bolan goýy we gury ekstraktlar alynýar. Süýji buýandan alynýan derman serişdeleri, ösümlik çig mallaryndan alynýan derman serişdeleriniň arasynda esasy orunlaryň birini tutýar, dürli täsirleri ýüze çykarýar we diňe bir biziň ýurdumyzda bolman, eýsem, daşary ýurtlarda hem dürli nozologiýalarda, ýagny dem alyş ýollarynyň, aşgazan-içege ýollarynyň, ýürek-damar ulgamynyň, peşew-jyns ýollarynyň kesellerinde, wiruslara garşy serişde hökmünde AIDS kesellerinde giňden ulanylýar [1, 4, 5, 7, 8].               

Aşaky bölegiň bronhyndaky del jisimiň endoskopiki usul bilen aýrylmagy

Traheýada we bronhda del jisimi anyklamak we bu näsaglary bejermek torakal hirurgiýanyň möhüm meselesi bolmagynda galýar [1, 2, 4, 7]. Organiki ýa-da organiki däl del jisimleriň aspirasiýasy uly ýaşlylara garanyňda, çagalarda has ýygy duş gelýär. Köp ýagdaýlarda dem alyş ýollaryna düşen del jisim bronhda (65%), traheýada (22%) we bogazda (13%) ýerleşýär. Del jisimleriň dem alyş ýollarynyň aspirasiýasynda duýdansyz güýçli üsgülewük, bogulma ýa-da sesiň gyrylmagy, stridor dem alyş, gitdigiçe güýçlenýän demgysma we umumy ýagdaýyň ýaramazlaşmagy ýüze çykýar. Dem alyş ýollaryndaky uly del jisimler agyr ýagdaýlara, mehaniki asfiksiýa, hatda ölüme hem sebäp bolup biler. Adamyň janyna howp salýan ýagdaýlarda gyssagly lukmançylyk kömegi talap edilýär [2, 4-6]. Dem alyş ýollarynda del jisimleri anyklamakda we bejermekde anamnez, kliniki ýüze çykmalar, öýkenleriň rentgen barlagy, kompýuter tomografiýasy we bronhoskopiýa barlaglary möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Traheýabronhial ýollarynda del jisimleri aýyrmak üçin gaty we maýyşgak fibrobronhoskopiýa ulanylýar [1, 3, 5]. Uly del jisimleriň bronhdan endoskopiki usul bilen aýrylmagy çylşyrymly operasiýa bolup durýar, nädogry hereketler bolan ýagdaýynda del jisimiň çuňluga iteklenmegine we ýatrogen bozulmalara sezewar bolmagy mümkindir [5, 7, 8].

Hakyky polisitemiýaly näsaglarda ýürek işemiýa keseliniň geçişi

Ýürek işemiýa keseli (ÝIK) häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp meseleleriniň biri bolup, onuň wagtynda we dogry anyklanylmagynyň, bejergi meýilnamasynyň kesgitlenilmeginiň orny örän uludyr. Gan keselleri, şol sanda hakyky polisitemiýa (HP) ÝIK-niň seýrek duş gelýän, ýöne ähmiýetli sebäpleriniň biri bolup durýar [1]. Daşary ýurt registrleriniň maglumatlaryna laýyklykda, HP bilen ilkinji keselçilik 100 müň adama 0,4-2,8 ýagdaýlarda duş gelýär. Köplenç, keseliň esasy ýüze çykmasy 50-70 ýaşlarda bellenilýär, emma oňa garamazdan, dürli ýaşdaky adamlarda, şol sanda ýaşlarda we çagalarda ýüze çykyp biler [2]. Keseliň geçişinde iki sindromy tapawutlandyrýarlar: gan emele gelmäniň üç ösüntgisiniň giperplaziýasy bilen şertlenen miýeloproliferatiw sindromy we aýlanýan eritrositleriň göwrüminiň köpelmegi bilen häsiýetlenýän pletoriki sindrom (pletora – grekçe doluganlylyk). Ol bolsa öz gezeginde gematokritiň ýokarlanmagyna, ganyň reologiki häsiýetleriniň üýtgemegine – ganyň şepbeşikliginiň ýokarlanmagyna, stazyň ýüze çykmagyna getirýär. Bu hadysalar bolsa, trombotiki gaýraüzülmeleriň ýüze çykmak howpuny ýokarlandyrýar, käbir halatlarda olar keseliň ilkinji ýüze çykmasy bolup, käbir halatlarda bolsa ölüme getirip biler [3].

Arkadagyň peşgeşi

Eziz Diýarymyzda halkyň saglygyny berkitmek ugrunda zähmet çekýän saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň ХIII tomunyň neşir edilmegi halkymyzy has-da buýsandyrdy. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň ХIII tomunda tebigatymyzdaky endemik ösümlik görnüşleriniň halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýan, saglygy goraýyş ulgamynda ulanylmadyk we öwrenilmedik 120 sany ösümliklere aýratyn ähmiýet berlip, olaryň şypaly häsiýetleri açyp görkezilýär. Kitabyň esasy maksady lukmançylyk ulgamynyň işgärlerine, dermanlyk çig mallary taýýarlaýanlara we ýygnaýjylara dermanlyk ösümlikler barada öz bilimleriniň üstüni ýetirmek, olaryň gurluşy, bitýän ýerleri, ýaýraýşy, himiki düzümi, ösüş şertleri, lukmançylyk tejribesinde peýdalanylyşy, şeyle-de, ýygnamaklygyň möhleti, usullary, saklamaklygyň düzgünleri, ekologik ähmiýetliligi baradaky maglumatlary giňeltmekden ybaratdyr.

Täze belentliklere badalga

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde beýik işler amala aşyrylýar. Keselleriň öňüni almakda hem-de bejermekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edilýär. Saglygy goraýşyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli pugtalandyrylýar. Ulgamy düýpli özgertmäge gönükdirilen kanunlar we kadalaşdyryjy namalar işlenip düzülýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän iri saglyk desgalary gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanmagy, şeýle hem «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde wajyp ähmiýete eýedir.

Ösüşlere barýan ak ýol

Eziz Diýarymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Ilatyň saglygyny goramak ýurdumyzda möhüm ähmiýet berilýän ugurlaryň biri bolup, eneleriň we çagalaryň saglygyna hem-de iýmitlenişine degişli meselelere möhüm orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda,  birnäçe maksatnamalar kabul edildi we üstünlikli durmuşa geçirildi. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi durmuşyň gülleri bolan çagalar hakynda edilýän işlerden nyşandyr.