Şikesden soňky ensefalopatiýalarda kognitiw bozulmalar
Kelleçanak beýni şikeslerine (KBŞ) kliniki newrologiýada iň bir wajyp meseleleriň biri hökmünde seredilýär. Döwrebap jemgyýetde onuň ýygylygy aşa köp bolup, uly şäherlerde 1000 ilata 8 adama barabar bolup durýar [1]. Maýyplyga getirýän esasy sebäpleriň arasynda neýroşikesler gan aýlanyş agzalarynyň kesellerinden soň ikinji orunda durup, ol 14,5%-26%-ni düzýär [5]. Geçirilen kelle beýni şikesiniň netijeleri diňe bir lukmançylyk däl, eýsem, sosial mesele hem bolup durýar. Edebiýat çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, agyr ýapyk KBŞ-ni geçirenleriň 68%-de kognitiw işjeňliginiň bozulmagy we 3-10%-de demensiýanyň ýüze çykýanlygy bellenilýär [2, 4]. Işiň maksady – dürli agyrlyk derejelerdäki şikesden soňky ýüze çykan ensefalopatiýalarda kognitiw bozulmalaryň kliniki aýratynlyklaryny öwrenmek.