"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylygy-zurnaly@online.tm

Habarlar

Saýlawçylaryň ses bermegi dowam edýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 9-a çenli saýlawçylaryň 25,24% ses berdi. saylav.gov.tm saýtynda habar berlişi ýaly, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 25,03%, Balkan welaýatynda 27,40%, Daşoguz welaýatynda 25,68%, Lebap welaýatynda 24,37%, Mary welaýatynda 24,64%, Aşgabat şäherinde 25,78% ses berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermek başlandy

Şu gün irden sagat 7-de saýlaw uçastoklarynyň 2577-sinde ses bermek başlandy we ol agşam sagat 19-da tamamlanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň jemi 3435950-si hasaba alyndy diýip, merkezi saýlaw toparynyň resmi internet saýtynda habar berildi. Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 454507-si, Balkan welaýatynda 286058-si, Daşoguz welaýatynda 729082-si, Lebap welaýatynda 709396-sy, Mary welaýatynda 804768-si, Aşgabat şäherinde 452139-sy hasaba alyndy.

Saýlaw uçastoklarynda «akylly» zyýansyzlandyryş geçelgeleri gurnaldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar gününde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan saýlaw uçastoklarynda «akylly» zyýansyzlandyryş geçelgeleri gurnaldy. Ýeri gelende bellesek, saýlaw uçaktoklarynda şeýle «akylly» enjamlaryň 300-den gowragy goýuldy we munuň özi saýlawlara gatnaşýanlary ýokanç keselleriň ýaýramagyndan goramagy üpjün eder. Enjamlar saýlawlaryň geçirilýän binalarynyň girelgesinde oturdyldy. Zyýansyzlandyryş geçelgeleri içinde arkaýyn hereket edip bolýan aşa ýuka metal korpusly ötük görnüşinde ýasalypdyr. Aslynda, bu ötük galtaşmazdan, bedeniň gyzgynyny kesgitleýän ulgam, bedeni we gorag örtüginiň bardygyny ýüze çykarýan, ýüzüň suratyny we şekilini saklamak üçin duýgur hem-de takyk funksiýaly iki gözli fotoenjam bilen enjamlaşdyrylypdyr. Enjama ýakynlaşan adamyň gyzgyny ölçelýär. Görkeziji kanagatlandyryjy bolsa geçelge awtomatik usulda işläp başlaýar. Adam geçelgeden geçýär, ol ýerde bäş sekundyň dowamynda gündelik ulanmak üçin niýetlenen kümüş ionly uniwersal antiseptik serişde derini we geýimleri dezinfeksiýa edýär. Geçelgede ulanylýan serişde yz galdyrmaýar, derini guratmaýar we çalt siňýär.

Saýlaw uçastoklarynyň 2577-si saýlawçylar üçin gapylaryny açdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegi geçirmek üçin ýurdumyz boýunça saýlaw uçastoklarynyň jemi 2577-si, şol sanda Ahalda 364, Balkanda 272, Daşoguzda 523, Lebapda 559, Maryda 549, Aşgabat şäherinde 310 saýlaw uçastogy döredildi. 12-nji martda irden sagat 07:00-da saýlaw uçastoklary saýlaw hukukly raýatlar üçin gapylaryny giňden açdy. Şeýle-de daşary ýurtlarda bolýan raýatlarymyzyň saýlawlara gatnaşmak hukugyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň teklipnamasy esasynda döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyňdyr konsullyk edaralarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 41-si döredildi.

Halkymyz öňe barýar Arkadag bilen

2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň erk-isleginiň beýany bolup, ol hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň üstünlikleri bilen gönüden-göni baglanyşykly giň gerimli işlerini, ýurdumyzda ösüşlere beslenip, amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri hem-de parahatçylygy, jebisligi, ynanyşmagy giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. «Ata Watanymyz döredijiligiň we üstünlikleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar» diýýän hormatly Prezidentimiziň döredijilik bilen meşgullanmagy we her bir täze eseri bagtyýar halkymyzyň ruhy dünýäsine röwşenlik çaýýar. Uly zähmetiň we kämil yhlasyň siňdirilmegi netijesinde binýat bolýan eserlerde öňe sürülýän pikir-garaýyşlar döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugry we bagtyýar nesiller üçin ýolgörkeziji bolup durýar.

Halkyň Arkadagly zamanasy

Eziz Diýarymyz 2022-nji ýyla — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyna uly şatlyk-şowhun, beýik maksatlar bilen gadam basdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkyň bagtyýar durmuşyny, abadançylygyny üpjün etmek baş wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş maksatly beýik işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri bilen gazanylýan ösüşler halkymyzyň kalbynda uly buýsanç döredýär. Şonuň üçin «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly beýik ösüşleriň, belent üstünlikleriň, bagtyýarlygyň ýyly bolup geldi.

Beýik maksatly Diýarym

«Meniň ähli aladam halkym bolar» diýip, halkymyzyň röwşen geljegi üçin tutumly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyz agzybir halkymyza ajaýyp zamanany peşgeş berdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, milli ykdysadyýetimizde uly öňegidişlikler, belent üstünlikler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiz mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylyna gysgaça baha berip, şeýle diýdi: «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda biz mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçdik. Garaşsyzlyk biziň gazanan beýik üstünliklerimiziň binýadydyr. Geçen 30 ýylyň içinde ýurdumyzda örän köp işler bitirildi, taryhy taýdan şu gysga döwürde biz ägirt uly üstünlikleri gazandyk». Dünýä jemgyýetçiligi mähriban Watanymyzy dünýäde parahatçylygy üpjün etmek ugrunda giň möçberli işleri amala aşyrýan, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan ylalaşdyryjy döwlet hökmünde ykrar etdi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasaty netijesinde, Watanymyzyň halkara abraý-mertebesi belent derejelere ýetdi. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli durmuş, syýasy we ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirip, dünýäniň ösen ýurduna öwrüldi. Hut şonuň üçin hem syýasy taýdan durnukly, ykdysady we durmuş t

Parahatçylygyň, watansöýüjiligiň beýany

Milli Liderimiz dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagy, halkara hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, şeýle hem parahatçylyk arkaly ösüşiň, ösüş arkaly hem parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berýär, bu babatda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi, iri taslamalaryň amala aşyrylmagy barada taýsyz tagalla edýär, derwaýys başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda häzirki jemgyýetimiziň esaslanýan ýörelgeleri öz özeninde ruhy asudalygy jemläp, birek-birege ynamly, mähirli, ruhubelent gatnaşyklary dabaralandyrmak, ösdürmek hem dünýä ýaýmak taglymatyndan gözbaş alýar. Adamzat jemgyýetiniň ösüşi, nesilleriň abadançylygy parahat durmuşyň üpjün edilmegi, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagy bilen aýrylmaz baglydyr. Parahatçylyk ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, agzybirlige sarpa goýmak, birek-birege ýardam bermek biziň milli ýörelgelerimizden gözbaş alýar. Bu taglymatyň gymmatly ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň täze döreden «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Goşguda parahat durmuşda ýaşamagyň gadyr-gymmaty baradaky öwüt-ündewler, her bir adamy asuda durmuşyň gadyryny bilmäge, ýagşy niýetlere ýugrulan belent maksatlara ýetmäge çagyryş bar. Arkadagymyzyň ynanyşmak medeniýetiniň çuň mazmunly ideýala

COVID-19 ýokanjyna garşy waksinasiýanyň netijeliligi

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady güýçlenýär, halkymyza berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň gerimi giňeldilýär we hili ýokarlanýar. Saglygy goraýyş babatynda geçirilýän syýsatyň netijesinde, ýurdumyzda epidemiologiki abadançylyk üpjün edilýär. Türkmenistanda koronawirus ýokanjynyň ýaýran ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň çäklerinde bu ýokanjyň öňüni almakdaky çäreler ulgamlaýyn esasda dowam edýär. Ýurdumyzda bu babatda toplanan oňyn tejribe dünýäde we iri halkara guramalar tarapyndan makullanýar, tejribeler alyşmakda işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ikilenji immunodepressiýa alamatlary SARS-CoV-2 ýokanjynyň patogenezine mahsus bolup, ol wirusa garşy interferonlaryň sinteziniň we alawlama faktorlarynyň esasylarynyň biri bolan NLRP3-inflammasomanyň giç işjeňleşmegi bilen şertlenýär. Onuň sebäbi CoV öz düzüminde ýörite alawlamany we immunodepresiýany emele getirýän köpsanly beloklaryň toplumyny saklaýar. Interferonyň sinteziniň giç işjeňleşmegi wirusyň replikasiýasynyň çaltlaşmagyna getirýär. Netijede, SARS-CoV-2-ni aýdyň immunopatologiki alamatly ýokançlara degişli edip bolar [4].

Bäbekleriň nekrotiki enterokolitinde irki dikeldiş-bejergi usullaryny kämilleşdirmek

Enäniň we çaganyň saglygyny goramak Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, saglygy goraýyş ulgamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Alym, lukman Arkadag Prezidentimiz tarapyndan 2015-nji ýylyň 20-nji iýulynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Eneleriň sagdyn bolmagyny, çagalaryň ruhy we beden taýdan kämil bolmagyny gazanmak merkeziň esasy wezipesi bolup durýar. Bäbeklerde enäniň saglyk ýagdaýyna, göwreliligiň, dogumyň geçişine baglylykda döreýän, ýygylygy, gaýra üzülmeleri, bejergisiniň çylşyrymlylygy boýunça nekrotiki enterokolit özboluşly agyr ýagdaýdyr [5, 8, 11-13].

Rewmatoid artritli näsaglarda arterial basyşyň gije-gündizki monitorirlemesiniň ähmiýeti

Soňky ýyllarda rewmatoid artritde (RA) ýürek-damar ulgamynyň zeperlenme meseleleri rewmatologlaryň ünsüni özüne çekýär. RA ýürek-damar gaýra üzülmeleriniň garaşly bolmadyk faktory bolmak bilen, köplenç ýagdaýda arterial gipertoniýa (AG) bilen baglanyşýar. AG-yň patogenezinde we durnuklylygyny ýitirmeginde, bir tarapdan, alawlamanyň orny, beýleki tarapdan bolsa, döwrebap we ýokary netijeli biologik gen-inžener serişdeleriň (BGIS) işlenip düzülmegi, şeýle-de, antirewmatik serişdeleriň aglabasynyň, ilkinji nobatda, alawlama garşy steroid däl serişdeleriň (AGSDS) hem-de glýukokortikoidleriň progipertenziw netijeleri bilen baglylykda RA-ly näsaglaryň ýaşaýyş dowamlylygynyň uzalmagy RA-nyň we AG-yň komorbidlik meseleleriniň wajyplygyny has-da ýokarlandyrýar [2, 4, 7, 8].

Ýürek işemiýa keselli näsaglarda töwekgelçilik şertleri

Ýürek işemiýa keseliniň (ÝIK) geçişiniň aýratynlyklaryny öwrenmek, öňüni alyş çärelerini, anyklaýyş, bejeriş usullaryny kämilleşdirmek wajyp mesele bolup durýar [1]. Meseläniň wajyplygy keseliň köp duş gelýändigi, onuň uzak dowam edýändigi we agyr kliniki ýüze çykmalary hem-de näsaglarda maýypçylygyň köpelýändigi bilen kesgitlenilýär [2, 3]. Bu mesele Türkmenistanda hem dünýäniň ähli ýurtlarynda bolşy ýaly häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň we amaly lukmançylygyň esasy meseleriniň biri bolup durýar. Ýürek-damar keselleri (ÝDK) bütin dünýäde ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň 40 ýaşdan ýokary erkek we aýal adamlarynyň maýypçylygynyň we ölümçiliginiň esasy düzüm bölegini tutýar. Şeýle ýagdaýyň Ýewropada hem dowam edýändigini 2005-nji ýylyň sentýabrynda Ýewropa kongresinde hem bellenilip geçildi. Kongresde ÝDK-den aýallaryň ölümçiligininiň erkeklerden öňe geçendigi bellenildi (aýallarda 55%, erkeklerde 43%) [3]. Bu ýagdaý Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda hem şeýle bolmagynda galýar [4, 5].

Gyrgynyň guradylan janly waksinasynyň kliniki barlaglary

Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi ýurdumyzyň çäklerine aýratyn howply ýokanç keselleriň getirilmezliginden we onuň ýaýramazlygyndan gorap saklamak we bu keselleriň döremezliginiň öňüni almak boýunça işleri amala aşyrýar. Gyrgynyň guradylan janly waksinasy gyrgyn ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymy geçirmek üçin ulanylýar we bir ýyla çenli ýöriteleşdirilen immuniteti emele getirýär. Waksina Y.pestisiň tipiki we atipiki görnüşli bakteriýalaryndan gorap, mikroorganizmiň diwarlarynda ýerleşýän ähli antigenlerine garşy işjeň immuniteti emele getirip, ölümden halas edýär [3, 8]. Deri astyna, deri içine, deri üstüne we ingalýasion usullar bilen sanjym (waksinasiýa) edip bolýar [3, 4]. Enzootiki çäklerde ýaşaýan 2 ýaşdan ulularda we laborator şertlerde gyrgyn ýokanjy bilen işleýän adamlarda deri üstüne skarifikasiýa usuly bilen sanjym amala aşyrylýar, ol ygtybarly we amatly hasaplanýar [6]. Geçen 90 ýylda millionlarça adamlara gyrgyna garşy sanjym geçirilen, olarda hiç-hili gaýra üzülmeler ýüze çykarylmady. [3, 7].

Süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň HER-2 pozitiw görnüşiniň innowasion bejeriş usullary

Soňky ýyllarda ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň ählisinde süýt mäzleriniň howply täze döremeleri bilen bagly bolan keselleýjilik we ölümçilik yzygiderli ösýär. Süýt mäzleriniň howply täze döremeleri (SMHTD) aýallarda täze döremeleriň arasynda Russiýa, Ýewropa we Amerika ýurtlarynda birinji ýerde durýar we onuň udel agramy 20%-e deňdir [1, 2, 9, 14]. 2012-nji ýylda dünýäde 1,67 mln näsag SMHTD-i bilen hasaba alyndy, bu bolsa aýallarda her ýylda anyklanýan HTD-iň 25%-ni düzýär. Häzirki döwürde SMHTD bilen 6,4 mln näsag 5 ýyl we ondan köp wagt hasapda we gözegçilikde durýar. A.Kaprininanyň berýän maglumatlary boýunça SMHTD-den bolan keselleýjilik 20% we ölümçilik 14% ýokarlandy [3, 5, 7, 13].

Neýrohirurgiki operasiýalarynda intraoperasion neýromonitoringi girizmek

Intraoperasion neýromonitoring (IONM) hirurgiki amallaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we hirurgiki kömegiň derejesini hil taýdan ýokarlandyrmak üçin ýöriteleşdirilen häzirki zaman tehnologiýasydyr. Tehnologiýanyň maksady, içki şikesleriň we ýatrogen zeperlenmeleriň ýüze çykma howpuny peseltme bilen nerw ulgamyny goramak bolup durýandyr. Neýromonitoring ugyr görkeziji hökmünde çykyş edip, operasiýany geçirýän hirurgiki topara ýetmezçilik ýa-da ysmaz ähtimallygyny azaltmak üçin nerw ulgamynyň işleýşi barada maglumat berýär. IONM opersiýadan soňky gaýra üzülmeleriň döremeginiň howpuny peseltmek üçin hirurgiki operasiýa wagtynda merkezi nerw ulgamynyň zeperlenmesiniň öňüni almak mümkinçiligine uly ýardam berýär.

Bagryň iriňlän ehinokokkozynyň döş kapasasynyň sag tarapynda deriniň aşagyna ýarylmagy

Bagryň iriňlän ehinokokk kistasynyň ýarylan görnüşi 1-7% ýygylykda duş gelýär [1, 4, 5]. Bagryň ehinokokk kistasy plewral boşluga ýarylyp, iriňli plewrit, bronha ýarylyp, bagyr-bronhial ötli hini, garyn boşluga ýarylyp, ötli peritonit ýaly gaýra üzülmelerini emele getirýär. Keseliň gaýra üzülen görnüşlerini anyklamak çylşyrymlaşýar we bejerginiň netijeliligi peselýär [2, 3, 5, 6]. Seljerilen edebiýat çeşmelerinde bagryň VII-VIII segmentleriniň iriňlän ehinokokk kistasynyň döş kapasasynyň sag gapdal diwarynyň VII-VIII gapyrgaarany deşip, derisiniň aşagyna ýarylan görnüşiniň anyklanyşynyň we operatiw bejergisiniň aýratynlyklary barada ýazylan ylmy maglumatlara duş gelmedik.

Bitaraplygyň ýalkymy

Hormatly Prezidentimiziň belent üstünliklere beslenýän dost-doganlyga ýugrulan daşary syýasatynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygy onuň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde häsiýetlendirilýär. Halkymyzyň kalbynda iň bir mukaddes düşünjeleriň biri hökmünde orun alan baky Bitaraplyk ýörelgesi ösüşiň, özgerişiň täze mazmunyny emele getirýär. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly we parasatly daşary syýasaty sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagyna, ähli halklaryň hoşniýetli gatnaşyklaryny has-da jebisleşdirmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, ýurdumyz hoşniýetli Bitaraplyk syýasatymyzy dünýä ýaýmak bilen, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmagyň, çylşyrymly meseleleri ylalaşykly çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdunda

«Adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr» diýýän mähriban Arkadagymyz milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkidýär. Muňa Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň, Magtymguly etrabynda 50 orunlyk hassahananyň gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň öň ýanyndaky günlerde häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu täze desgalaryň açylyş dabaralary halkymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Bu günki möhüm wakalar milli Liderimiziň halkymyzyň saglygy baradaky ägirt uly aladasynyň aýdyň subutnamasydyr, milletiň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.Munuň netijesinde, ilatymyz halkara ölçeglere laýyk ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen elýeterli üpjün edilýär. Türkmenbaşy şäherinde ulanylmaga berlen 100 orunlyk täze ýokanç keseller hassahanasy epidemiologik abadançylygyny üpjün etmek, dürli howply ýokanç keselleriň öňüni almak we netijeli bejermek boýunça Türkmenistanda geçirilýän işleriň nobatdaky mysalydyr.

Eziz Watanymyzyň abadançylygy ugrunda

Halkymyzyň saglygy hakyndaky alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň hem-de ägirt uly taslamalaryň ählisiniň özenini düzýär. Bu bolsa ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam we onuň sagdyn ýaşaýşy hakyndaky aladalaryň çäksizdigini äşgär edýär. Ýakynda BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebitleýin direktory Dorit Nitsanyň ýolbaşçylygynda wekilçilikli topar ýurdumyzda iş saparynda boldy. BSGG-niň toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda birnäçe duşuşyklar geçirildi. Ýurdumyzyň degişli ministrliklerinde we ugurdaş edaralarynda gurnalan iş duşuşyklarynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary esasynda işlenip taýýarlanylýan meýilnamalara laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamyna degişli birnäçe ugurlar boýunça tanyşdyryş çäreleri geçirildi. Duşuşyklarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, temmäkä garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak, howanyň adam saglygyna ýetirip biljek oňaýsyz täsirinden goramak, jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler barada bellenildi hem-de «Bitewi saglygy goraýyş» konsepsiýasyny ulanmak baradaky teklipler, milli saglygy goraýşyň ilkinji ulgamynyň işini kämilleşdirmek, onuň maglumat binýadyny we «sanly lukmançylygy» ösdür

Dowamly leýkozlarda trombositleriň morfofunksional häsiýetleriniň toplumlaýyn derňewi

Periferik ganyň trombositleri (TS) süňk ýiliginiň poliploid megakariositleriniň önümi bolup durýarlar. Olarda periferiki bölek – gialomer we däneleri saklaýan merkezi bölek – granulomer tapawutlandyrylýar. Adatça, gialomer bazofil (gök), granulomer – oksifil (gülgüne gyzyl) reňke eýe bolýarlar [6]. TS-iň funksional işjeňligini gönüden-göni olaryň granulomeri (däneleri) bilen baglanyşdyrýarlar hem-de granulomer näçe dykyz boldugyça, şonça-da onuň düzüminde däneleriň köplügi barada aýtsaň bolýar [2]. Ilkibaşda trombositleriň esasy wezipesi damar – trombositar gemostaza gatnaşmak hasap edilýärdi [1]. Soňky wagtlarda bolsa, olaryň dokuma reparasiýasyny (dikeldilmegini) inisirlemäge, ýerli gaýnaglama we immun hadysalary sazlamaga gatnaşýandygyna [11-13], şeýle-de, olaryň gan kesellerde, şol sanda hem hroniki leýkozlarda ýüze çykýan morfofunksional aýratynlyklaryna uly üns berlip başlandy [8]. Leýkozlar leýkositar ösüntginiň howply täze döremeleriniň bir topary bolmak bilen, olar süňk ýiligini, gan akymynda aýlanýan leýkositleri hem-de dalak we limfa düwünleri ýaly aýratyn organlary zeperleýär. Dowamly limfoleýkozyň (DLL) substraty ýetişen B-öýjük morfologiýaly we anomal uzak ýaşaýyş dowamlykly neoplastik limfositler bolup durýar. Keseliň möwjemeginde patologik gan emele geliş anemiýanyň, neýtropeniýanyň, trombositopeniýanyň we immunoglobulinleriň öndürilmeginiň peselmegine alyp bar