"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Belent maksatdan ugur alýan beýik işler

«Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy, abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatdan ugur alyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Bu sözleriň ajaýyp zamanamyzyň beýik hakykatydygyny döwlet Baştutanymyzyň ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi hem aýdyň görkezdi.

Ho­şal­lyk mas­la­ha­ty

7-nji maý­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyn­dan 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da Ýe­ňiş gü­ni my­na­sy­bet­li uruş we­ta­ran­la­ry­na, şeý­le hem uruş­da we­pat bo­lan es­ger­le­riň ýan­ýol­daş­la­ry­na gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ryň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy my­na­sy­bet­li ho­şal­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­tiniň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň gura­ma­gyn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da edi­len çy­kyş­lar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da Ýeň­şiň ga­za­nyl­ma­gy­na türk­men hal­ky hem my­na­syp go­şant goş­dy. Müň­ler­çe wa­tan­da­şlary­myz beý­le­ki do­gan­lyk halk­la­ryň we­kil­le­ri bi­len egin-eg­ne be­rip, ýo­wuz duş­ma­na berk gaý­ta­wul ber­mek­de, azat­ly­gy, ba­ky er­kin­li­gi, mu­kad­des top­ra­gy go­ra­mak­da mert­li­giň, gah­ry­man­çy­ly­gyň nus­ga­sy­ny gör­kez­di. Ga­zap­ly uruş ýyl­la­ry­nyň jan­ly şa­ýat­la­ry bo­lup, ara­myz­da ýa­şap ýö­ren uruş we zäh­met we­te­ran­la­ry­nyň öwüt-ün­dew­le­ri ýaş­la­ry wa­tan­çy­lyk, gaý­duw­syz­lyk, eder­men­lik ýa­ly be­lent ah­lak hä­si­ýet­le­rin­de ter­bi­ýe­le­mek­de uly

Şöhratly geçmişiň hem şu günüň beýany

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda şeýle sözler bar: «Sen adamlaryň dilinden bir ömürde öwrenip bilmejek zatlaryňy kitapdan bir aýda öwrenip bilýärsiň». Ine, şu dürdäne jümleden görnüşi ýaly, adamlaryň durmuşynda kitabyň eýeleýän orny örän ýokarydyr. Özi-de, bu adamzadyň taryhynyň tutuş dowamynda dabaralanyp gelýän hakykatdyr. Merdana pederlerimiz hem şan-şöhrata beslenen taryhynyň ähli döwründe öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän edep-kadalaryň, pähim-paýhaslaryň üsti bilen terbiýeläpdirler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny okap çykanyňdan soňra, Milli Liderimiziň adamlaryň dilinden bir ömürde öwrenip bilmejek zatlaryňy kitapdan bir aýda öwrenip bilýändigiň barada aýdanlarynyň durmuşyň mizemejek hakykatydygyna kemsiz göz ýetirýärsiň. Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň çar künjeginde bir-birine ulaşdy we şol çäreleriň özi hem halkymyzyň kitaba goýýan sarpasynyň diňe tarypa mynasypdygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Talyp türgenimiziň ajaýyp üstünligi

Ýakynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde dzýudo boýunça geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşynda talyp türgenimiz şowly çykyş etdi. Bu ýaryşda 66 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Serdar Rahymow bäsdeşleriniň ählisinden üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldy. 20 ýaşly türgen altyn medala uzaýan ýolda mongoliýaly türgen Býambasuren Ulziibaýardan, kanadaly Žýulýen Fraskadordan, täjigistanly Mulorajab Halifaýewden, özbegistanly Bobur Wajiýewden we final tutluşygynda täjik türgeni Obid Jebowdan üstün çykdy. Serdaryň hasabynda ozal hem sebitleýin kubok ýaryşlarynda bir altyn, iki kümüş, açyk çempionatlarda bolsa iki kümüş medalyň bardygyny bellemek gerek.

Ka­ra­te­çi­le­ri­mi­ziň me­dal­la­ry

Türk­men tür­gen­le­ri Ür­genç­de ge­çi­ri­len «UZBEKISTAN OPEN 2024» ka­ra­te bo­ýun­ça il­kin­ji hal­ka­ra (WKF) ýa­ry­şyn­da dür­li de­re­je­li me­dal­la­ryň 23-si­ni ga­zan­dy­lar. Bäs­le­şi­ge Gyr­gy­zys­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Türk­me­nis­tan­dan we Öz­be­gis­tan­dan 293 ka­ra­te­çi (200 og­lan we 93 gyz) gat­naş­dy. Ýa­ryş ge­çi­ri­len ýur­da meý­dan­ça eýe­le­ri hök­mün­de aý­ry-aý­ry klub­lar we­kil­çi­lik et­di­ler. Tut­lu­şyk­la­ryň äh­li gör­nüş­le­rin­de il­deş­le­ri­miz 5 al­tyn, 5 kü­müş we 13 bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Türk­me­nis­ta­nyň to­pa­ry­ny bu ýa­ry­şa tä­lim­çi­ler Aý­dyň Ça­ry­ýew we Igor Ra­hy­mow taý­ýar­la­dy­lar.

Arkadagly ýaşlaryň şowly çykyşy

Sportuň giňden ýaýran görnüşlerini has-da ösdürmek, sagdyn, ruhubelent ýaşlary ýetişdirmek we güýçli türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hem sportuň dürli görnüşleri boýunça sport ýaryşlary yzygiderli guralyp gelinýär. Geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiada şeýle bäsleşikleriň esasylarynyň biridir. Nobatdaky XIII Spartakiadanyň çäklerinde paýtagtymyzyň dürli sport meýdançalarynda sportuň 13 görnüşi boýunça bäsleşikler örän gyzykly hem çekeleşikli alnyp baryldy. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary 1-nji orna mynasyp bolup, ussatlyk görkezmegi başardylar.

Behişdi be­dew­le­re buý­sanç

Hal­ky­my­zyň uçar ga­na­ty­na de­ňel­ýän ahal­te­ke be­dew­le­ri­miz asyr­lar­bo­ýy toý-baý­ram­la­ry­my­zyň be­ze­gi­dir. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ze go­ýul­ýan hor­mat-sar­pa­nyň has-da be­len­de gö­te­ri­len­di­gi­ne «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da giň­den bel­le­ni­lip ge­çi­len Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň dün­ýä ýaň sa­lan da­ba­ra­la­ry­nyň my­sa­lyn­da ýe­ne bir ýo­la aý­dyň göz ýe­tir­dik. Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­lar bol­sa be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň döw­let de­re­je­sin­de uly üns-ala­da bi­len gur­şa­lan­dy­gy­nyň, ola­ra söý­gi-buý­san­jyň eg­sil­mez­di­gi­niň gü­wä­si­ne öw­rül­di di­ýip buý­sanç bi­len aý­dyp bi­le­ris. Ta­ry­ha al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan çä­re­le­riň do­wa­myn­da Arkadagly Gahryman Serdarymyza at­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek ba­ra­da­ky ala­da­la­ry­na çäk­siz ho­şal­ly­gyň ny­şa­ny hök­mün­de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň adyn­dan aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Kä­ri­zek

Tennis kortlarynda

Golaýda «Aşgabat» köpugurly stadionynda tennis boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. 14 we 18 ýaşdaky tennisçileriň arasynda guralan ýaryşa ýaş türgenleriň 150-si gatnaşdy. Netijede gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ilima Guseýnowa ýaş aýratynlyklaryň ikisi boýunça ýeňiş gazandy. Kiçi ýaş toparynyň finalynda ol paýtagtyň 87-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewadan üstün çykdy, uly toparda bolsa iki setiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki çempiony, 50-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aişa Bikbulatowany ýeňdi.

Welaýatyň açyk birinjiligi

Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Balkanabat şäheriniň 1-nji sport mekdebinde 2010 – 2013-nji, 2012 – 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça welaýatyň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşda ýurdumyzyň sport mekdepleriniň türgenleri dürli agram derejelrinde bäsleşdiler. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň topary hem bu bäsleşikde üstünlikli çykyş etdi.

Sport mekdeplerinde

Ýakynda Murgap etrabynyň 1-nji sport mekdebinde futbol boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa etrabyň ezber türgenlerinden düzülen toparlar gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde 1-nji sport mekdebiň türgenleri üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlary eýelediler. 18-nji orta mekdebiň topary 2-nji, 5-nji orta mekdebiň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy. Nurmuhammet RAHYMOW,

Bagtyýar durmuşyň binýady

Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Sport diplomatiýasy — parahatçylygyň dialogy» atly hepdelik meýilnamasy esasynda hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda «Sport we sagdynlyk — bagtyýar durmuşa binýat» atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu gün Türkmenistan sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryna ygrarlylyk, ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi we wagyz edilmegi, ýurdumyzda häzirki zaman sport düzümleriniň kemala getirilmegi, beden taýdan berk nesliň terbiýelenmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär.

Ruhubelentlige beslendi

4-nji maýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII Uniwersiadanyň we Spartakiadanyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, türgenleriň arasynda hem, işjeň dynç alşy söýýänleriň arasynda hem her ýyl şeýle ýaryşlary geçirmek başlangyjy bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge, milletiň saglygyna ägirt uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza degişlidir. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly şygar astynda başlangyç, umumybilim berýän orta, hünärment we ýokary okuw mekdepleriň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň toparlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurt möçberinde her ýyl geçirilýän umumymilli ýaryşlar köpçülikleýin sporty ösdürmekde täze joşgun döretdi. Geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu ýaryşlar talyplar sportunyň hem täze derejä çykmagynda uly ähmiýete eýedir.

Magtymgulynyň döredijiliginde saglyk taglymaty

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär. Halkymyzyň edep-terbiýe ulgamyndaky päkize ýaşamak babatyndaky edim-gylymlary hem saglyk hakyndaky aladalardan gözbaş alýar» diýip belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň aglaba bölegi adamzat saglygy hakyndaky taglymatdan gözbaş alýar. Dana akyldarymyz Magtymgulynyň döredijiligi ýaşlary döwrebap terbiýelemekde, olary halal zähmet çekmäge gönükdirmekde, adam saglygyna zyýanly endiklerden daşda saklamakda, ynsanperwer, sagdyn nesil, ygrarlylyk häsiýetli şahsyýetler edip ýetişdirmekde bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr.Ata-babalarymyz ýaşamak bagtynyň esasy üç sütüniniň biriniň saglykdygyny aýratyn nygtapdyrlar. Bu hakynda beýik Pyragy atamyz «Il ýagşy» diýen şygrynda şeýle setirleri getirýär:

Sagdynlyga uzaýan menziller

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize has giňden ornaşdyrmak, sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, welosiped sportuny ösdürmek babatda hem ýurdumyzda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan beýik işleriniň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsi bolup dabaralanýar. Ýurdumyzda geçirilýän şanly baýramçylyklarda, esasan hem, Bütindünýä saglyk gününde we Bütindünýä welosiped gününde köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmegiň asylly däbe öwrülendiginiň özi sportuň bu görnüşini ösdürmekde we onuň jemgyýetimizde giňden ýaýbaňlanmagyny gazanmakda nusgalyk tutumlaryň amala aşyrylýandygynyň güwäsidir.

Arzuwlary wysal bolan akyldar

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň giň gerimde geçirilmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler üpjün edildi. Şu günler dünýäniň çar künjeginde ýaýbaňlanýan dabaraly çäreler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Bu çäreler Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň, bagtyýar halkymyzyň öz beýik akyldaryna söýgi-buýsanjynyň egsilmezdigini görkezýär. Türkmen halkynyň berkarar döwletli bolmagynyň, il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň küýseginde gezen söz ussadynyň arzuwlan, köp garaşan eýýamy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşamak, amala aşyrylýan beýik işlere şaýat bolmak we goşant goşmak bagtynyň miýesser edýändigi üçin hem biz özümizi bagtyýar adamlar saýmalydyrys. Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty ajaýyp zamanamyzda dünýä dolýar. Beýik şahyryň bu gün Ýer ýüzüniň halklarynyň dillerine terjime edilen ajaýyp şygyrlarynda durmuşyň ähli ugurlaryna degişli öwüt-nesihatlar beýan edilýär. Saglygy, sagdyn durmuşy wagyz edýän, zyýanly endikleri paş edýän goşgulary miras galdyran dana Pyragynyň döredijiliginiň içinden watansöýüjilik, halal ýaşamak, ýagşylyk, edep-ekramlylyk ýaly belent adamkärçilik häsi

Sportuň hem bedenterbiýäniň sazlaşygy

Şu günler işjeň ýagdaýda dowam edýän «Sport diplomatiýasy – parahatçylygyň dialogy» atly hepdeligiň maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde «Arkadagly zamanada Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki sport abraýyny has-da belende götermäge ukyply ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär» atly bedenterbiýe-sport hem sagaldyş çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Ähmiýetli çäreleriň giň toplumy Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilýändiginiň beýanyna öwrüldi. Mekdebiň girelgesindäki giň meýdançada ýerine ýetirilen köpçülikleýin maşklar röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş türgenleriň sagdynlyga ymtylyşyny görkezse, sportuň görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlar olaryň kämillik ýolundadygyny aýan etdi. Bu ýerde ýaşlar agyrlyk daşlaryny götermek boýunça bäsleşdiler. Tanap çekmek boýunça guralan ýaryşda mekdebiň toparlarynyň ýeňşe höwesi hem ynamy aýdyň şöhlelendi. Bu ýerde sportuň göreş görnüşleriniň hem ençemesi boýunça ýaryşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu bäsleşikler güýçli pälwanlary ýüze çykardy.

Bag­ty­ýar­ly­gyň göz­ba­şy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da jem­gy­ýe­ti­mi­ziň sag­dyn­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň äh­li ul­gam­la­ry gur­şap al­ma­gy, mil­li spor­tu­my­zyň tä­ze be­lent­lik­le­re gö­te­ril­me­gi üçin äh­li şert-müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni bel­le­mek diý­seň ýa­kym­ly­dyr. Hä­zir­ki wagt­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry hem-de nus­ga­lyk gö­rel­de­le­ri ne­ti­je­sin­de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri ar­ka­ly sag­ly­gy­ňy pug­ta­lan­dyr­mak Di­ýa­ry­myz­da umu­my­mil­li ýö­rel­gä, öz­bo­luş­ly güý­je öw­rül­di di­ýip buý­sanç bi­len aý­dyp bi­le­ris. Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da ama­la aşyr­ýan be­ýik iş­le­ri we ba­dal­ga ber­ýän be­lent tu­tum­la­ry Di­ýa­ry­myz­da ge­çi­ril­me­gi asyl­ly dä­be öw­rü­len köp­çü­lik­le­ýin me­de­ni-sport çä­re­le­rin­de has-da aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Şan­ly se­ne­ler, baý­ram­çy­lyk­lar my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan şeý­le çä­re­le­riň, esa­san hem, Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nün­de we Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nün­de gu­ral­ýan çä­re­le­

Sport – üs­tün­lik­le­re ça­gy­ryş

Ýur­du­myz­da «Döw­let adam üçin­dir!», «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen baş şy­gar­la­ry­myz­dan ugur alyp, ýaş­la­ry­my­zyň dür­li ugur­lar­da ga­zan­ýan ýurt we hal­ka­ra de­re­je­ler­dä­ki üs­tün­lik­le­ri­niň do­wam­ly­ly­gy­ny ga­zan­mak üçin bi­möç­ber iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da türk­me­nis­tan­ly ýaş tür­gen­ler iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ýar­lar, ata Wa­ta­ny­my­zyň ýa­şyl tu­gu­ny as­man­da par­lad­ýar­lar. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň be­den­ter­bi­ýä we spor­ta bar­ha hö­wes­len­ýän­di­gi­ni, ola­ryň spor­ta bo­lan hö­we­si­niň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny görkezýär. Paý­tag­ty­myz­da döwlet Baştutanymyzyň gat­naş­ma­gyn­da köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň ge­çi­ri­len­di­gi­ni, şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça şol gün paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, al­tyn me­dal­la­ry ga­za­nan tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy­nyň ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­le­mek aý­ra­tyn gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Dog­ru­dan-da, ýur­du­myz­da spor­ty ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Äh­li se­bit­ler­de ze­rur en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len hä­zir­ki za­man sport-sa­gal­dyş we at­çy­l

Ýeň­şe bar­ýan ýol

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän me­ka­ny­na öw­rül­di. Şol ýa­ryş­lar­da öz il­de­şi­ňi gö­re­niň­de, sport oý­nu­nyň haý­sy gör­nü­şi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ba­şyn­dan ahy­ry­na çen­li to­ma­şa edip, ne­ti­jä sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­syň. Ýe­ňiş mün­ber­le­rin­de türk­men tür­gen­le­ri­ni, ola­ra me­dal gow­şu­ryl­ýanyny, Döw­let se­na­my­zyň as­tyn­da ýa­şyl Tu­gu­my­zyň be­len­de ga­lyp bar­ýa­ny­ny gö­re­niň­de öz ýa­nyň­daň, «Be­re­kel­la» diý­ýär­siň. Ine, şeý­le tür­gen­le­riň bi­ri hem Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ins­ti­tu­ty­nyň hu­kuk fa­kul­te­ti­niň be­den taý­ýar­ly­gy ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my Nur­ber­di­han Oraz­mäm­me­dow­dyr. Ol ýa­kyn­da ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len sam­bo bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­tyn­da 90+ kg ag­ram de­re­je­sin­de ýur­du­my­zyň çem­pio­ny bol­dy.

Futbol täzelikleri

Wi­deo­du­şu­şyk fut­bo­ly ös­dür­mek­de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy giň ge­rim­de alyp bar­mak ba­ra­da­ky me­se­le­le­ri özün­de jem­le­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da dia­lo­gy yzy­gi­der­li alyp bar­mak, tä­lim­çi­lik ug­run­da tej­ri­be alyş­mak, ça­ga­lar fut­bo­ly­ny ös­dür­mek, şeý­le-de, iki ýur­duň fut­bol gu­ra­ma­la­ry­nyň ara­syn­da me­ýil­na­ma­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­mak ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.