"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Demokratik ýörelgeler dabaralanýar

Ozal habar berlişi ýaly, häzirki taryhy döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre boljak, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri giň gerimde dowam edýär. Bu saýlaw möwsümi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan syýasy çäräniň halkara derejede ykrar edilen kadalara laýyklykda, köppartiýalylyk, giň bäsdeşlik şertlerinde hem-de demokratik esaslarda amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Saýlaw çäreleriniň tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri ýerlerde welaýat, etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlaryny geçirdiler. Maslahatlaryň barşynda öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi, has takygy, saýlaw kanunçylygy, saýlawlarda hereket edýän saýlaw toparlarynyň ulgamy, welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de 25-nji ýanwarda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek möwsümi bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, we

Döwletlilik ýoly bilen

Magtymguly atamyzyň: «Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,//Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn» diýen, döwletli döwranymyza ak pata, uly ynam hem bagtyýarlyk arzuwy bolup ýaňlanýan, hiç bir döwürde-de gymmatyny, ähmiýetini ýitirmejek setirlerinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy özgertmeleriniň çeper beýany görünýär. Gülläp ösüş, döwletlilik, galkynyş, agzybirlik ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy gymmatlyklary çeper sözde açylýar. Olaryň wysalyny biz ýurdumyzyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginde, Gahryman Arkadagymyzyň onuň Başlygy wezipesine bellenilmeginde we türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmeginde, degişli Konstitusion kanunlaryň kabul edilmeginde görýäris. Batly depginler bilen ösýän ýurdumyzda döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgeleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Milli Liderimiziň goldawlarydyr başlangyçlary esasynda häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrmaga gönükdirilen taryhy özgertmeler durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de oňa giň ygtyýarlyklaryň, şol sanda Konstitusiýany hem-de konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek meseleleri boýunça tekliplere garamak we makullamak ygtyýarlyklarynyň b

Maksatly menzilleriň badalgasy

ýylyň dowamynda geçiriljek çärelerde öz beýanyny tapar 3-nji fewralda sanly ulgam arkaly ýylyň ilkinji aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda işlenip taýýarlanylan Meýilnamanyň mazmuny bilen tanşanyňda, ýaşlaryň gujur-gaýratyna bil baglanylýan bu ýylda onuň şygaryna mahsus giň gerimli çäreleriň dabaralandyryljakdygyna, jemgyýetçilik durmuşynyň islendik ugrunda ýaşlaryň mümkinçilikleriniň aýdyň şöhlelenjekdigine anyk göz ýetirmek bolýar. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň daşyna döwrümize hem döwletimize şan berjek beýik işlere goşant goşmak maksady bilen mäkäm jebisleşen türkmen ýaşlarynyň özlerine bildirilen uly ynamy haklap, ösüşleri herekete getiriji kuwwatly güýje öwrüljekdiklerine şek-şübhe ýokdur.

3-nji fewral — «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň döredilen güni

«7/24. tm», № 06 (141), 06.02.2023 2019-njy ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň döredilmegi ýurdumyzyň ýaşlarynyň we sport bilen meşgullanýan türgenleriniň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy.

Ýüreklerimiz buýsançdan doly

«7/24. tm», № 06 (141), 06.02.2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man

Maksatlary myrat tapýan ýaşlar

«7/24. tm», № 06 (141), 06.02.2023 Bu berkarar döwletde Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ha­kyn­da oý­la­na­nyň­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Be­ýik mak­sat­la­ra ýet­mek üçin her bir ýaş yn­san zäh­me­ti baý­dak edin­me­li­dir» di­ýen nu­ra­na söz­le­ri aňyň­da ýaň­lan­ýar.

Pu­da­ga­ra to­pa­ryň mej­li­si

3-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Pudagara toparyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen şu ýyl üçin öňde goýlan wezipeler mejlisiň gün tertibine girizilen esasy meseleler boldy. Mejlise gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň adam hukuklaryny üpjün etmek, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny berjaý etmek babatda işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň kanun çykaryjylyk ulgamynyň milli tejribeden we däplerden ugur alnyp, şeýle-de halkara tejribäni nazara almak esasynda, yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Bu ugurdaky işler konstitusion kadalary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk getirmek zerurlygy bilen baglylykda amala aşyrylýar.

Nädip ynjalyksyzlygy bes etmeli we ýaşap başlamaly

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). Deýl KARNEGI

Döw­let­li ilimiziň rowaç ýö­rel­ge­si

Türk­men hal­ky­nyň döw­let­li­lik diý­ýä­ni hem-de şon­dan ge­lip çyk­ýan döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si giň we çuň­ňur ma­na eýe. Ol ag­zy­bir­lik, dost­luk, zäh­met­sö­ýer­lik, myh­man­sö­ýer­lik ... ýa­ly yn­san ýa­şaý­şyn­da we dur­mu­şyn­da ze­rur hem-de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe dü­şün­je­le­ri özün­de jem­le­ýär. Bu­lar da­na we mer­da­na hal­ky­my­zyň päk ah­la­gy­ny has-da gö­zel­leş­dir­ýän, mil­li mer­te­be­si­ni beý­geld­ýän hä­si­ýet­ler­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, türk­me­niň dö­re­ýiş ta­ry­hy ga­dy­my­ýet­den göz­baş­ly döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si en­çe­me ýüz­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ata-ba­ba­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ri­lip, ma­ny-maz­mun taý­dan baý­laş­dy­ry­lyp, nus­ga­lyk de­re­jä ýe­ti­ri­lip, ah­lak gym­mat­ly­gy hök­mün­de ne­sil­den-nes­le ge­çi­ri­lip, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ýe­ti­ril­di. Bu ýö­rel­gä­niň kä­mil şah­sy­ýe­tiň ke­ma­la gel­me­gin­dä­ki ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti­ne, ze­rur­ly­gy­na we gym­ma­ty­na göz ýe­ti­re­niň­de, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň akyl-pa­ra­sa­ty­na, pä­him-paý­ha­sy­na haý­ran gal­ýar­syň hem-de ola­ryň ru­hu­nyň, ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­niň öňün­de baş eg­ýär­siň. Şeý­le hem bu aja­ýyp ýö­rel­ge ba­ra­da ýa­zy­lan, ma­ny-maz­mu­ny kal­by­myz­da orun alan, özi bol­sa eli­miz­den düş­me­ýän «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly tä­sin we tä­sir­li, gym­mat­ly ki­ta­by hal­ky­my­za ser­paý ed

Ýe­ri­ne ýe­tir­ilme­li düz­gün­ler

Ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edil­me­gi he­mi­şe esa­sy we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Şun­dan ugur alyp, Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Döw­let ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edil­me­gi üçin şu aşak­da­ky­la­ry ýat­lad­ýar. Il­kin­ji no­bat­da, öý­ler­de elekt­rik ul­ga­my­nyň gur­na­ly­şy­nyň, ula­nyl­yşy­nyň ta­la­ba­la­ýyk bol­ma­gy­ ga­za­nyl­ma­ly­dyr, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­riň daş­ky ör­tük­le­ri­niň to­ga gar­şy du­ruş de­re­je­si hü­när­men­le­re bar­la­dyl­ma­lydyr. Daş­ky ör­tü­gi za­ýa­la­nan, ula­nyş möh­let­le­ri ge­çen, kö­ne elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri ça­lyş­ma­ly. Elekt­rik ul­ga­my­na bir wag­tyň özün­de çen­de­na­şa köp elekt­rik sarp edi­ji en­jam­la­ryň bi­rik­di­ril­me­gi­ne ýol ber­me­li däl, çün­ki elekt­rik ul­ga­my­na ag­ram düş­me­gi bi­len dür­li ha­dy­sa­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy äh­ti­mal. Elekt­rik ge­çi­ri­ji­ler bi­ri-bi­ri bi­len bi­rik­di­ri­len­de, ýö­ri­te gy­sy­jy­lar bi­len bi­rik­di­ril­se ta­la­ba­la­ýyk bo­lup, sim­le­riň sü­tün­le­ri­niň gyz­ma­gy­nyň öňü­ni alyp, howp­suz­ly­gy üp­jün eder.

Pendi ýaýlasynyň pedagog perzendi (oçerk)

Ýagşy zatlaryň ýaza deňelmeginiň sebäbini düşündirip oturmagyň, megerem, zerurlygy ýok bolsa gerek. Togsan dolup, ýere ýyly gireninden soň, eýýäm, fewralyň soňky hepdesinde tebigat janlanyp ugraýar. Martyň 1-inden bolsa, bahar pasly başlanýar. Tutuş Zemin janlanyşa girýär. Ýere ýyly gireni bilen hemme ösümlik birden gögeribermeýär. Ir gögerýänleri-hä gögerýär, gögermedikleri-de uzak saklanybilmeýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýşi ýaly, älem-jahanyň reňki özgeriş tapyp, «Gögermedik giýalar gögerip rowan peýda» boluberýär. Şeýle ajaýyp pursatlarda Pendi ýaýlasyny synlap gördüňizmi?! Gören bolsaňyz, has gowy, görmedik bolsaňyz, hökman görüň! Çünki baharyň şol pursatlarynda türkmen sährasynyň, aýratyn hem Pendi ýaýlasynyň gözelliginden göwni-gözi ganan adam ýazyň hakyky keşbini görer. Ýazyň nämedigine düşüner. Diňe bir ýazyň hem däl, «Bahar, ýaz» goşundyly at dakylan adamlaryňam tebigatyna düşünmäge mümkinçilik taparlar.

Ýaşlar guramasynda

DABARALY MASLAHAT Düýn «Daşoguz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Buýsançly şygara beslenen şu ýylymyzyň taryhy wakalaryny giňden dabaralandyrmak maksady bilen, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: mukaddes ynama wepaly ýaşlar» ady bilen geçirilen maslahata TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň işgärleri, ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklary, dürli ugurlarda zähmet çekýän işjeň ýaşlar gatnaşdylar.

Pudagara toparyň mejlisi

Aşgabat, 3-nji fewral (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Pudagara toparyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen şu ýyl üçin öňde goýlan wezipeler mejlisiň gün tertibine girizilen esasy meseleler boldy. Mejlise gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň adam hukuklaryny üpjün etmek, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny berjaý etmek babatda işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň kanun çykaryjylyk ulgamynyň milli tejribeden we däplerden ugur alnyp, şeýle-de halkara tejribäni nazara almak esasynda yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Bu ugurdaky işler konstitusion kadalary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk getirmek zerurlygy bilen baglylykda amala aşyrylýar.

Watanyň geljegi

Golaýda öňdebaryjy jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi. Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Maslahatda Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we öňdengörüjiligi, pähim-paýhasy bilen döwletimizi täze ýeňişli sepgitlere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň onuň Başlygy wezipesine bellenilmegi uly syýasy wakalaryň biri boldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirýän «Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly şadyýan bäsleşiginiň düzgünnamasy

Bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň: «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýen sargytlaryndan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde ata Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, bilimlerini kämilleşdirmekden, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan we olary goldamakdan, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan, ozal «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolmadyk okuwçy gyzlar gatnaşyp bilerler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçiriljek «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşiginiň düzgünnamasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan her bir tutumly başlangyçlarynda halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesillerimiziň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlar dur. Hormatly Prezidentimiziň: «Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýen sözlerinden ruhlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşigini geçirýär. Bäsleşigiň şertleri:

Şahyryň döredijiliginde döwletlilik ýörelgeleri

Türkmeniň ruhy äleminde öçmejek yz goýan beýik akyldar, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkyň ruhunyň kuwwatly sütünidir. Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy, edebi dili halkyň gepleşik dili bilen birleşdiren, öňdengörüji şahyrdyr. Akyldar şahyryň döredijiligi döwrüniň ähli meselelerini öz içine alypdyr. Şahyryň döredijiliginde agzalmadyk tema, gozgalmadyk mesele ýokdur. Onuň şygyrlary tema taýdan umman ýaly giň, gymmaty babatda dür ýaly şöhle saçýandyr. Şu nukdaýnazardan, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini Jemşidiň jamyna deňäpdirler. Şahyryň döredijiliginde türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri bolan agzybirlik, myhmansöýerlik barada hem söz açylýar. Onuň öwüt-ündewleri, döwletlilik ýörelgeleri baradaky pikirleri Pyragynyň arzuwlan zamanasynda hem ähmiýetli bolmagynda galýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Agzybirlik», «Myhmansöýerlik» atly bölümlerinde milli ýörelgelerimiz hakda gymmatly maglumatlar berilýär. Nakyllaryň, tymsallaryň, rowaýatlaryň, Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleriniň üsti bilen agzybirlik, myhmansöýerlik barada ündelýär.

Iň beýik söýgüdir Watana söýgi

Ata Watan ähli mukaddeslikleriň gözbaşydyr. Asyrlarboýy halkymyz bereketli topragymyzyň her bir daban ýerini gözüniň göreji deý gorap, her bir gysym topragyna söýgüsini, wepasyny siňdiripdir. Pederlerimiz nesil terbiýesinde dogduk mekana wepalylyk, watansöýüjilik duýgularynyň kemala getirilmegini hemişe baş maksat edinipdirler. Belli ýazyjymyz Osman Ödäýewiň aýdyşy ýaly, Watan — biziň ähli ýaşaýşymyzyň beýik ruhy esasydyr, ata-babalarymyzdan bize galan ruhy mirasdyr. Watan söýgüsi bolsa atalarymyzdan galan beýik mähir mirasydyr. Türkmen halkynyň merdana şahsyýetleri özleriniň edermenligi, gaýduwsyzlygy, beýik watançylyk duýgulary, ynsanperwerligi bilen watançylygyň ägirt uly nusgasyny görkezipdirler. Oguz han, Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly türkmen serkerdeleriniň at-owazasy ýedi yklyma ýaýrap, halkymyzyň geçmiş taryhyny şan-şöhrata besläpdirler. Watany söýmek, ony goramak duýgusy, hakykatdan-da, halkyň bagtyýarlygynyň, asudalygynyň kepilidir. Watançylyk türkmen halkyna ene mähri, ata göreldesi bilen arkama-arka geçip gelýän belent duýgudyr. Adamda watançylyk duýgusynyň kämilleşmegi onuň ýaşaýşa bolan höwesini artdyrýar, geljege bolan ynamyny berkidýär, ene, ata, ojak, maşgala, perzent ýaly mukaddesliklere imrindirýär.

Kämil terbiýe — gymmatly miras

Edep-terbiýe, ahlaklylyk, ula sylag, kiçä hormat maşgaladan başlanýar. Emedekläp ýören bu günki körpeler — ertir ýurdumyzy dolandyrjak nesiller. Olaryň hormatly Prezidentimize, halkymyza, Watanymyza haýyrly adam bolup ýetişmekleri üçin maşgalanyň her bir agzasy jogapkärdir. Maşgala — çaganyň önüp-ösüp, kemala gelýän iň mukaddes ýeri. Çaganyň durmuş bilen ilkinji tanyşlygy, ömrüniň ahyryna çenli dowam etjek hüý-häsiýeti maşgalada kemala gelýär. Şonuň üçin ýaş çatynjalar perzentleriniň terbiýesine örän eserdeň we jogapkärli çemeleşmelidirler. Çaga gören endiklerini kiçilikden öwrenip başlaýar. Oglan kakasyna, gyz ejesine meňzemäge çalyşýar. Ata ata ýerinde, ene öz sylagynda bolanlygynda, maşgala kämildir. Är — öýüň goragy, aýal — diregidir. Her bir ata-ene perzendini kemala getirip, ylymly-bilimli, edep-terbiýeli edip ýetişdirmäge, soňra öýli-işikli edip, durmuş ýoluna goşmaga borçludyr. Perzent ata-enäniň dowamatydyr. Kämil bolmagyny isleseň, çaga haýyrly başarnyklary öwretmelidir.

«ARKADAGLY ÝAŞLAR» ATLY TÄZE ŽURNALYŇ ILKINJI SANY

«Arkadagly Ýaşlar» atly täze elektron žurnaly okyjylaryna gowuşdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar «Arkadagly Ýaşlar» atly žurnaly elektron görnüşde okyjylara ýetirildi. Žurnalyň «www.turkmenmetbugat.gov.tm» web saýty arkaly guramanyň VIII Gurultaýynyň geçirilýän günlerinde paýlaşylmagy ýaşlara sowgat boldy. Täze neşir «Arkadagdan Arkaly biz» atly giriş makalasy bilen başlanýar. Makalada hem nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň ýaşlarynyň bagtyýarlygyny, Arkadag Serdarly döwletimizi dabaralandyrýan ýylda žurnalyň ilkinji sanynyň okyjylara gowuşmagy redaksiýanyň agzybir döredijilik işgärleri üçin belent mertebedir. Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewanyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar!» atly şygrynyň ýerleşdirilmegi täze neşir şowly başlangyç boldy.